Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak boýunça milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar.
Bu babatda adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişli bolan häzirki zaman şertlerinde Diýarymyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge hem-de Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Halk hojalygyny sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda ýurdumyzda innowasion özgertmeleriň geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebap ösmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanda alnyp barylýan sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli berkidilýär. Bu ugurda möhüm döwlet resminamalary kabul edilýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy doly güwä geçýär.
Mälim bolşy ýaly, maksatnamada jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornuny artdyrmak, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Onda döwlet dolandyryşyny we hyzmatlary doly sanlylaşdyrmak, «Elektron hökümeti» döretmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek, sanly serişdeleriň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bar. Munuň özi ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwletine öwürmäge we halkymyzyň durmuş şertlerini hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.
Begençmuhammet REMEZANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.