Habarlar
Sanly ulgamyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ýakyn geljegiň bu ugurdaky anyk wezipelerini kesgitledi.

Ýeri gelende bellesek, ilatyň sanly aragatnaşyk ulgamynyň Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanylan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralar hem-de degişli beýleki döwlet edaralary tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Gurbandurdy ANNAÝEW,

Mary welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21159

19.02.2021
Sanly ulgamyň kanuny esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly amal edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagynyň degişlidigi barada görkezilendir.

Söwda işiniň onlaýn tertipde alnyp barylmagy hem-de alyjylar üçin internet-dükanlarynyň döredilmegi haryt dolanyşygynyň sazlaşyklylygyny we üznüksizligini üpjün etmäge, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin hyrydarlygy öwrenmäge, hyzmatlaryň edilişini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Soňky wagtda internet-dükanlaryň we olardan peýdalanyjylaryň sany barha artýar. Muny internet tory elýeterli bolan islendik ýerde we islendik wagtda harytlary deňeşdirip, erkin saýlamak we sargyt etmek mümkinçiligi bilen düşündirmek bolar. Elektron söwda satyjynyň we alyjynyň arasynda göni aragatnaşygyň bolmagyny üpjün edýär, wagt we nyrh taýdan amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ulanyjylaryň internet toruna birikdirilmegi satyjylara öz harytlaryny mahabatlandyrmagy we ýaýratmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ulanyjylaryň internet toruna birikdirilmegi elektron usulda mahabat maglumatlaryny dessine ýaýratmak, satyjylaryň mahabatlandyrýan harydyna bolan gyzyklanmany artdyrmak hem-de ony bazarlarda öňe ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanda mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny we mahabaty öndürmegiň we ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklar bolsa 2016-njy ýylyň martynda kabul edilen «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirýär.

Tehnologiýalardan we internetden peýdalanmak arkaly döreýän şeýle amatlyklar milli ykdysadyýetiň özüne çekijiliginiň we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda hasaplaşyklaryň dürli görnüşleri, şol sanda telefon, internet ulgamlarynyň üsti bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Görkezilen usullar milli kanunçylykda söwdanyň amala aşyrylýan görnüşi hökmünde kesgitlenip, «uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwda» ýa-da «harydy uzaklykdan satmagyň (distansion) usulyna» degişli edilýär. Bu usulyň esasy aýratynlygy, sarp edijiniň haryt ýa-da onuň nusgasy bilen gönüden-göni tanyşmagyna mümkinçiliginiň ýokdugyndan, ýagny kataloglar, kitapçalar, fotosuratlar, aragatnaşyk serişdeleri ýa-da başga usullar arkaly saýlanylýandygyndan ybarat. Şoňa görä-de, jemgyýetiň sanly gurşawa bolan ynamynyň artmagyny gazanmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek wajyp wezipeleriň biri hökmünde öňe çykýar.

Ýurdumyzda bölek söwdany elektron görnüşde alyp barmagyň çäklerinde bu günki günde internet ulgamynda dürli görnüşli harytlar onlaýn görnüşde, eltip bermek hyzmaty bilen birlikde hödürlenilýär, hyzmatlaryň elektron bazary giňeýär. Milli söwda we hyzmatlar ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalarynyň we innowasiýa çözgütleriniň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde, söwda kärhanalarynyň esasy iş ugurlary awtomatlaşdyrylýar, harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligi ýokarlanýar. Şunda esasy maksat bolsa, elektron söwda ulgamynyň jemi içerki önümdäki paýyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» söwda we hyzmatlar ulgamyny sanlylaşdyrmak işiniň esasy ugurlary görkezilýär. Oňa laýyklykda, ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan öndürilen önümleriň (harytlaryň, hyzmatlaryň, işleriň) hili, bahasy, ýokumlylygy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterliligini döwrebap ýola goýmak, şeýle hem söwda işiniň subýektiniň ählumumy internet torunda harytlary saýlamaga we satyn almaga mümkinçilik berýän maglumatlar goruny (internet-dükanlary) döretmek wezipe edip goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň ösüşlerine laýyk gelýän, kämil kanunlar bilen berkidilen milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan strategik işler, kesgitlenen meýilnamalaýyn wezipeler elektron söwda ulgamynyň döwrebap geljegini üpjün etmäge ýardam eder.

Jennet ARAZOWA,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20992

18.02.2021
Sanly ykdysadyýetiň esasy

Häzirki wagtda bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar.

Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaýyn binýat pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem sanly bilimi ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar.

Uniwersitetimizde ösen döwletleriň innowasion tehnologiýa enjamlary okatmagyň dürli ugurlaryny göz öňünde tutup giňden ornaşdyrylandyr. Şol tehnologiýalardan peýdalanyp, talyplaryň okaýan ugurlaryna garamazdan, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça sanly dolandyryş ulgamyndan peýdalanmak arkaly bilim berilýär. Bulardan başga-da, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, talyplara bu ugurdan bilim berýän mugallymlar üçin sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça ýörite okuw maksatnama düzülip, okuwlar guraldy.

Okuwlaryň şeýle esasda guralmagy diňe bir taraply täsiri döretmän, mugallymlaryň bilim binýadynyň has-da berkemegine, gözýetimleriniň giňemegine-de oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi talyplara berilýän bilimiň hiliniň has-da ýokarlanmagyna getirýär. Bulardan başga-da, uniwersitetiň Maglumat tehnologiýalar merkezinde döredilen mugallymlaryň bilim portalynyň üsti bilen talyplaryň biliminiň aralyk jemlemesi elektron testleme görnüşinde geçirilýär.

Sanly bilim we ösen innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly uniwersitetiň talyplary dürli döwletlerde geçirilýän internet olimpiadalaryna gatnaşyp, oňat netije gazanýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň internet ulgamyndan halkymyzyň giňden peýdalanmagyna döredip berýän şertleriniň aýdyň netijesidir. Şeýle-de ösen innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanyp, talyplar öz saýlap alan hünärlerine degişli dürli taslamalary taýýarlap, taslama, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, degerli netijeleri gazanýarlar.

Ýurdumyzda bilimiň, ylmyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaç alsyn!

Aşyrmuhammet RAHMANBERDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20722

15.02.2021
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda

Hormatly Prezidentimiz 6-njy fewralda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan bu ulgamyň ösüş depginini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere baha berip, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri hem kesgitledi. Milli ykdysadyýetimiziň tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçýändigini nazara alyp, inžener-tehniki we ulag-aragatnaşyk ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, degişli ugurlar boýunça okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara IT kompaniýalarynyň taslamalaryna işjeň gatnaşmak bilen bagly meseleler bolsa Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe sürüldi. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, olary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmekde, okuw işine innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlarynyň öňdebaryjy usullarynyň bilim işinde yzygiderli peýdalanylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegini, ýaş alymlaryň sanynyň artmagyny kepillendirýär.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly tabşyryklaryna laýyklykda, ylmyň hem bilimiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak, talyplardyr aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmek bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş alymlar merkezleriniň, elektron kitaphanalaryň, döwrebap tejribehanalaryň alyp barýan işleri netijesinde, talyplar nazaryýetde alan bilimlerini taslamalary işläp düzmek arkaly berkidýärler.

Ýokary okuw mekdebimizde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýän IT meýdançasynyň döredilmegi hem bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmedir. Täze döredilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binýadynda hünärmenlerdir mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, talyplaryň täze tehnologiýalar boýunça bilim derejesini artdyrmak, ylym, bilim babatda tejribe alyşmak hem-de täze programma üpjünçiligi ulgamynda okuwlary geçmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiziň iş maslahatynyň dowamynda bu ugurdaky işleriň gerimini giňeldip, ýaş alymlaryň oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak, dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri we abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary bermegi institutymyzyň mugallymlaryny hem-de talyp ýaşlaryny täze ylmy gözlegleri alyp barmaga iterdi. Ýaş alymlaryň innowasiýa babatdaky täzelikleri we oýlap tapyşlary ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine mynasyp goşantdyr.

Aganepes AKUMMEDOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20535

12.02.2021
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Parasatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we olary yzygiderli ösdürmek hem-de kämilleşdirmek arkaly giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bu ugurda kabul edilen Konsepsiýalarda we maksatnamada hem milli ykdysadyýetimize sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň, maksady, wezipeleri we olary amala aşyrmagyň ugurlary, şeýle-de ösen maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň häzirki ýagdaýy aýdyň beýan edilýär.

Döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, edara-kärhanalaryny we guramalaryny sanlylaşdyrmagyň baş maksady täze döwrebap sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly sanlylaşdyrylmagy gazanmakdan, obalary we şäherleri sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda hem sanly ulgamy ösdürmek babatynda täze döwrebap ugurlaryň birnäçesi açyldy. Olar «Sanly ykdysadyýet», «Sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy», «Ykdysady kibernetika» hem-de «Söwda we logistikada sanly tehnologiýalar» ýaly ugurlardyr. Ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy hem-de geljekde öz işlerine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Institutymyzyň çäginde sanly bilim portalynyň döredilmegi we oňa professor-mugallymlaryň okadýan okuw dersleriniň maglumatlarynyň ýüklenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly serişdeleriň ornaşdyrylmagy, döwrebap sanly bilim portalynyň herekete girizilmegi professor-mugallymlaryň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy. Sanly bilimiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna hem-de sanly ulgama uýgunlaşmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, talyp ýaşlara okamaga, döretmäge we işlemäge döredip berýän giň mümkinçilikleri hem-de taýsyz goldawlary üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Amanmyrat AŞYROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20589

12.02.2021
Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň döwrebap kämilleşdirilmegi, ylmyň iň täze gazananlaryna daýanýan sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hili we elýeterliligi ýokarlanýar. Daşary ýurtly alymlaryň bellemegine görä, sanly ykdysadyýetde bazarlaryň netijeli ösmegi ýokary tehnologiýalaryň bolmagy bilen esaslandyrylýar. Şunda ilki bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmekde amatly gurşawy döretmek üçin guramalaryň üýtgedilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy (sanly bazarlaryň we sanly önümçiligiň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy, sanly ulgamda degişli ukyp-başarnyklara eýe bolan hünärmenleriň taýýarlanmagy we beýlekiler) hem-de degişli tehniki infrastrukturanyň döredilmegi (maglumat geçiriji ulgamlar, maglumat işleýji merkezler, programma hyzmatlary we beýlekiler) zerur bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly şäheri, sanly öýleri, «Ýaşyl ykdysadyýetiň» nusgalary bolan sanly seýilgähleri gurmak işlerine badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasyny işjeň durmuşa geçirmek, şeýle hem sanly ulgam babatda ilatyň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklary hem bu ugurda edilýän ägirt uly aladanyň miwesidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, bilim ulgamy bilen bir wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, raýatlarymyzyň durmuşyny sanlylaşdyrmak hem-de ýurtda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda uly ösüşler gazanyldy, şol bir wagtda ilatyň sowatlylygyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, bilim ojagynda ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu işleriň ählisi halkymyzyň şu günki we ertirki abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyny beýan edýär.

Ýagmyr BEKIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20455

11.02.2021
Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm ugry

Ählumumy ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýän ýurdumyzda durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmek üçin döwrebap işler toplumlaýyn ýola goýuldy. Eziz Diýarymyzy döwrebap ösdürýän Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak arkaly belent sepgitlere ýetmegi möhüm wezipe edip goýdy. Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalara daýanyp ösýän dünýä hojalygynda sanly özgertmelere bagly bolmadyk pudaklar azalýar. Döwrebap tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň giňişleýin peýdalanylýan döwründe sanly ykdysadyýet hem-de maglumat jemgyýeti birleşip, täze durmuş-ykdysady ulgamyny emele getirýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Ol ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň giň mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksady hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” esaslanýar. Munuň özi ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdan, ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmeleri ylmy-tehniki hem-de intellektual taýdan goldamakdan, ylmy we innowasiýa işlerini has netijeli guramakdan ybaratdyr. Toplumlaýyn alnyp barylýan işler ýurdumyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga şert döredýär. Şonuň bilen birlikde, içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, döwrebap tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady hem-de durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler döwlet strategiýasynyň özeninde adamyň we ony goramagyň, goldamagyň durýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hem-de internetden peýdalanmagyň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna elektron hyzmatlar barha ösdürilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösüşini hem-de bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şerti bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa baglylykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ukyply hünärmenleri ýetişdirmek, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan goşmaça bilimleri girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, girdejileriň täze çeşmelerini gözlemek, giňeltmek şeýle hem hyzmatlaryň amatlylygyny, köpdürlüligini döretmek sanly ulgama geçmegiň esasy artykmaçlygydyr. Sanlylaşdyrylan täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen girdeji artýar, önümleriň özüne düşýän bahasy arzanlaýar. Bu belli bir derejede önümleriň hiliniň ýokary bolmagyna täsir edýär.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanlylaşdyrmak babatdaky amala aşyrylýan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli işler ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerine itergi berýär. Innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygider ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri rowaç bolsun!

Rustam ATAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19125 
27.01.2021