Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň döwrebap kämilleşdirilmegi, ylmyň iň täze gazananlaryna daýanýan sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hili we elýeterliligi ýokarlanýar. Daşary ýurtly alymlaryň bellemegine görä, sanly ykdysadyýetde bazarlaryň netijeli ösmegi ýokary tehnologiýalaryň bolmagy bilen esaslandyrylýar. Şunda ilki bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmekde amatly gurşawy döretmek üçin guramalaryň üýtgedilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy (sanly bazarlaryň we sanly önümçiligiň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy, sanly ulgamda degişli ukyp-başarnyklara eýe bolan hünärmenleriň taýýarlanmagy we beýlekiler) hem-de degişli tehniki infrastrukturanyň döredilmegi (maglumat geçiriji ulgamlar, maglumat işleýji merkezler, programma hyzmatlary we beýlekiler) zerur bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly şäheri, sanly öýleri, «Ýaşyl ykdysadyýetiň» nusgalary bolan sanly seýilgähleri gurmak işlerine badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasyny işjeň durmuşa geçirmek, şeýle hem sanly ulgam babatda ilatyň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklary hem bu ugurda edilýän ägirt uly aladanyň miwesidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, bilim ulgamy bilen bir wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, raýatlarymyzyň durmuşyny sanlylaşdyrmak hem-de ýurtda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda uly ösüşler gazanyldy, şol bir wagtda ilatyň sowatlylygyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, bilim ojagynda ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu işleriň ählisi halkymyzyň şu günki we ertirki abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyny beýan edýär.

Ýagmyr BEKIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20455