Sanly ykdysadyýetiň esasy

Häzirki wagtda bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar.

Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaýyn binýat pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem sanly bilimi ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar.

Uniwersitetimizde ösen döwletleriň innowasion tehnologiýa enjamlary okatmagyň dürli ugurlaryny göz öňünde tutup giňden ornaşdyrylandyr. Şol tehnologiýalardan peýdalanyp, talyplaryň okaýan ugurlaryna garamazdan, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça sanly dolandyryş ulgamyndan peýdalanmak arkaly bilim berilýär. Bulardan başga-da, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, talyplara bu ugurdan bilim berýän mugallymlar üçin sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça ýörite okuw maksatnama düzülip, okuwlar guraldy.

Okuwlaryň şeýle esasda guralmagy diňe bir taraply täsiri döretmän, mugallymlaryň bilim binýadynyň has-da berkemegine, gözýetimleriniň giňemegine-de oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi talyplara berilýän bilimiň hiliniň has-da ýokarlanmagyna getirýär. Bulardan başga-da, uniwersitetiň Maglumat tehnologiýalar merkezinde döredilen mugallymlaryň bilim portalynyň üsti bilen talyplaryň biliminiň aralyk jemlemesi elektron testleme görnüşinde geçirilýär.

Sanly bilim we ösen innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly uniwersitetiň talyplary dürli döwletlerde geçirilýän internet olimpiadalaryna gatnaşyp, oňat netije gazanýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň internet ulgamyndan halkymyzyň giňden peýdalanmagyna döredip berýän şertleriniň aýdyň netijesidir. Şeýle-de ösen innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanyp, talyplar öz saýlap alan hünärlerine degişli dürli taslamalary taýýarlap, taslama, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, degerli netijeleri gazanýarlar.

Ýurdumyzda bilimiň, ylmyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaç alsyn!

Aşyrmuhammet RAHMANBERDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20722