Sanly ulgam — ösüşleriň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, dürli maksatly önümçilik desgalarydyr binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ykdysadyýetiň innowasion mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek maksady bilen, häzirki wagtda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynyň» çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ulaglar pudagynda ýerine ýetirilýän işler, gazanylýan oňyn netijeler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä ykdysady ulgamynda çylşyrymly geosyýasy şertleriň emele gelýändigine garamazdan, ýurdumyzda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar. Taryhda ýurdumyzyň çäginden Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany söwda hem medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli esasda ýola goýýar. Ulaglar ulgamynda uly öňegidişlikleriň gazanylmagy, howa, deňiz ýollary, demirýol we awtomobil ulaglary pudagynda döwrebap sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, içerki we halkara gatnawlarynda ýokary hilli, netijeli we howpsuz ýol-ulag düzüminiň emele gelmegini çaltlandyrýar.

Ulag ulgamynda innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy sanly özgerişleri başdan geçirýän dünýä ykdysady hojalygynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, diňe bir tehnologiýa babatynda meşhurlygynyň ýokarlandyrylmagyna däl, eýsem, ýolagçy hem-de ýük dolanyşygynyň mukdar we hil görkezijileriniň hem artdyrylmagyna, hasabatlylygyň takyk alnyp barylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Kuwwatly üstaşyr ýük geçirmek mümkinçiliginiň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýokary girdejili ulag hyzmatlary ulgamyny emele getirmäge ýardam etmek bilen geljekde onuň has kämil guramaçylykly düzümini emele getirer. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde berkarar türkmen döwleti rowaçlyklaryň ýolunda bedew bady bilen okgunly öňe barýar.

Goý, eziz Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülnar ÝAZMYRADOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32064