Sanly ulgam — döwrebap ösüş

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilip, senagat kuwwatlyklarymyz has-da artýar. Bu babatda ýokary sepgitlere ýetmekde Diýarymyzda maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýän sanly ykdysadyýetiň tutýan orny örän uludyr.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyz 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu resminama «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Maksatnamada ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak arkaly ösüş gazanmak ugrundaky täzeçe garaýyşlar we çemeleşmeler beýan edilýär. Munuň özi sanly ulgamyň hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilýändigine hem-de amala aşyrylýan özgertmelerde döwrüň talaplaryndan ugur alynýandygyna doly güwä geçýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy hojalyk işiniň has-da kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Kärhanalardyr edaralara innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şeýle ýagdaýlar häzirki wagtda ýurdumyzyň gazanýan durnukly ykdysady ösüşinde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da artmagynda äşgär duýulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ösen senagat döwlete öwrülmegine hem-de halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Altyn AGAMYRADOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31255