Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň täzeçillik häsiýetine ýugrulan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň rowaçlanmagy döwletimiziň çalt depginler bilen ösüşinde aýdyň görünýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberiniň artmagy ýurdumyzyň ýokary ösüş kuwwatyny kesgitleýär. Ykdysady netijeliligiň ýokary derejesi döwlet tarapyndan ileri tutulýan ugurlara maýa goýumlaryň maksatlaýyn esasda gönükdirilmegi, önümçiligiň döwrebap hilde guralmagy önümleriň hili we olara hyrydarlaryň köplügi bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. Berkarar ýurdumyzda ähli ugurlary öz içine alýan, hil taýdan täze, okgunly ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň dünýäniň öňdebaryjy döwletlerine kybap bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara badalga berildi. Olaryň çäklerinde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Konsepsiýa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksadyny nazarlaýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Karary esasynda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sanly ykdysadyýetiň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki täsiri giňişleýin beýan edilip, bu babatda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmak, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly wezipeler kesgitlenildi.

Sanly ykdysadyýetiň hereket etmegi jemgyýetiň, işewürligiň we hökümetiň bir wagtda sanlylaşdyrylmagyny üpjün edip, dolandyryş, maliýe, önümçilik, durmuş we beýleki ulgamlara täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň artmagyna getirýär. Önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda harajatlaryň azalmagy, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy, söwdanyň çäginiň giňelmegi, bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy, girdejileriň täze görnüşleriniň ýüze çykmagy, edilýän hyzmatlaryň wagt taýdan hemişe elýeterli bolmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlara dessin çykmagy we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmagy, sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagy hem-de hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikleriň ählisi sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň netijesidir.

Aýbek TAJYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31398