Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Her bir adam gündelik durmuşda ykdysady meseleler bilen meşgullanmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetçiler tarapyndan ulanylýan adalgalary peýdalanýar hem-de ykdysady ulgama degişli bolan maddy gymmatlyklary döredýär we sarp edýär. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiz durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň wezipesini şeýle beýan edýär:
— döwlet raýatlaryň mynasyp we howpsuz ýaşaýşynyň kepili bolup durýar;
— döwlet durnuklylygy we ähli ýagdaýlaryň hukuga laýyklygyny üpjün etmek maksady bilen, bazar ykdysadyýetiniň dolandyrylyşyny öz eline alýar, olar öz nobatynda durmuş institutlaryna täsir edýärler.
Bu gün adamzat jemgyýeti özüniň ösüşiniň täze döwrüne sanly ykdysadyýete geçmek basgançagyna gadam goýdy. Sanly ulgama geçilýän döwürde kompýuter tehnikasynyň we telearagatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen ykdysady pudaga degişli maglumatlary ýygnamak, seljermek, ulanmak we ýaýratmak has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Maglumatlary awtomatik şekilde ýygnamak, bir ýerden başga bir ýere geçirmek, seljermek hem-de saklamak ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçiligiň ösmegine mümkinçilik berýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täsiri netijesinde täze-täze ykdysady gyzyklanmalar döreýär.
Sanly ykdysadyýet adamyň, ilatyň ýaşamagy üçin zerur bolan harytlary we hyzmatlary öndürýän toplum ýa-da ulgam bolup çykyş edýän haýsy-da bolsa bir kiberfiziki ulgamdyr. Başgaça aýdanyňda, sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary tarapyndan üpjün edilýän ykdysady işjeňligiň, söwda amallarynyň we hünär aragatnaşyklarynyň bütindünýä ulgamydyr. Gysgaça ol sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýet diýlip hem düşündirilýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 –– 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
«Innowasiýa» adalgasy «innovate» diýen iňlis sözünden gelip çykýar, ol «düýpli üýtgetmek, täzelemek, düýpgöter döwrebaplaşdyrmak» diýen manyny berýär. Şeýlelikde, innowasion işläp taýýarlamalaryň düýp manysy garalýan ugurda düýpli täzeçillikleri ornaşdyrmagy ýa-da düýpgöter täzelemegi aňladýar.
Käbir ylmy maglumatlara görä «Innowasiýa» adalgasy XIX asyrda döräp, ol ilki medeniýetdäki üýtgeşmeler üçin ulanylypdyr. Ykdysadyýet ylmyna «Innowasiýa» adalgasy XX asyrda giripdir. Innowasion ykdysadyýetiň nazaryýeti bolsa Ýozef Şumpeter tarapyndan XX asyryň başyna esaslandyrylýar. Ýozef Şumpeteriň 1911-nji ýylda neşir edilen «Ykdysady ösüşiň nazaryýeti» atly kitabynda innowasiýanyň täze önümi öndürmek; önümçilige täze usuly girizmek; täze bazary döretmek; çig malyň ýa-da ýarym fabrikatlaryň täze çeşmelerini özleşdirmek; önümçiligi dolandyrmagyň gurluşyny täzeden guramak ýaly ýüze çykmalar barada maglumat berilýär.
Innowasion ykdysadyýet innowasiýalaryň köplügine, yzygiderli tehnologik kämillige, önümçilikde we eksportda ösen tehnologiýalara esaslanýar. Oňa başgaça intellektual ykdysadyýet hem diýilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşinde girdeji alymlaryň akyl-paýhasy arkaly gazanylýar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan innowasiýalar syýasatynyň kuwwatly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek, bu ugurda ynamly üstünlik gazanmagyň ilkinji hem binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekildi. Kanun ýurdumyzda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Prezident Maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň we milli baýlyklarymyzyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetirilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, olaryň häzirkizaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak üçin ýurdumyzda yzygiderli döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylym-bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ylym-bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän, döwrüň ösen tehniki mümkinçiliklerinden baş çykarýan, täzeçe, döredijilikli pikirlenmegi başarýan hünärmenler ýetişdirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysadyýetimiziň ylmy esasda ösdürilmegi babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän düýpli ylmy-amaly barlaglar ýerine ýetirilýär, täze innowasion tehnologiýalar döredilýär.
Güýçmyrat SOLTANMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32393