Ýurdumyzyň bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de, döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.
Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, raýatlarymyza köpdürli amatlyklary döredýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Goýum bank karty», «Maşgala», «Owerdraft» bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly, şeýle hem sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly nagt däl görnüşde geçirilýän hasaplaşyklaryň amatlyklaryndan raýatlarymyz uly isleg bilen peýdalanýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we ony kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň degişli karz edaralary karzyň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini, aragatnaşyk, ýaşaýyş jaý, tebigy gaz, elektrik togy, agyz suwy üçin tölegleri, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde teatrlaryň peteklerini, şeýle hem «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demir ýol, howa ýol ugurlary boýunça, şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslar üçin petekleriň töleglerini internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredildi.
Milli ykdysadyýetimize sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýurdumyzyň degişli karz edaralary tarapyndan onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplary barada maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da, onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bu amal üçin zerur resminamalary elektron görnüşinde ugratmak, hyzmatlar üçin tölegi «Altyn asyr» bank karty arkaly amala aşyrmak mümkinçiligi döredildi.
Mundan başga-da, raýatlarymyza uzak aralykdan bank kartlaryny açmak, täzeden çap etmek boýunça arzalaryny elektron usulda kabul etmek we bu boýunça tölegleri onlaýn görnüşde «Altyn asyr» bank karty arkaly tölemek mümkinçiligi ýola goýuldy. Şeýle hem, karz almaga isleg bildirýän raýatlara ýüztutmalaryny onlaýn görnüşde resmileşdirmek, müşderä bu ýüztutmalarynyň ýagdaýy barada menzilara habar bermek hyzmatynyň kämilleşdirilen görnüşi, ýagny «onlaýn-kabulhana» döredildi.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza döwrebap «Cash-back» bank hyzmaty hem ýerine ýetirilýär. «Cash-back» bank hyzmaty bank amallarynyň hilini kämilleşdirmäge, halka edilýän bank hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmäge, karz edaralary tarapyndan müşderileri banka çekmäge giň mümkinçilik berýär. Bank kartlary arkaly tölegler amala aşyrylanda kartyň eýesine berilýän göterimiň möçberini banklar özleriniň alyp barýan göterim syýasatyna laýyklykda ýerine ýetirýärler. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň hakykat ýüzünde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ilerlediji güýç bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.
Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!
Aýşat GYLYÇDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.