Новости
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 27-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän 4 gatly, 32 öýli 59 sany ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň 170-siniň gurluşygyna geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň hem-de olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň esasy talap bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, desgalarda alnyp barylýan gurluşyk, olary ulanmaga bermäge taýýarlyk işlerine, şeýle hem sebitleri we ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilişine hemişelik esasda gözegçiligi üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Hökümet Baştutanynyň orunbasary “Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususy bölegiň höweslendirilmeginiň önümçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de okgunly ösüşini, kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň innowasiýa ugurly iş alyp barmagyny, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygyny belledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekeçileri bazaryň özleri üçin täze ugurlaryny özleşdirýärler, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin goldaw bermek ägirt uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz Kararyň hödürlenilen taslamasyna gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmagy hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyz “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dürli ugurlarda uly tejribä hem-de ýokary tehnologiýalara eýe bolan dünýäniň dürli döwletleri we iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy, olaryň hatarynda Türkmenistanyň eýýäm köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrýan Yslam ösüş banky hem-de onuň düzüm bölekleri bar diýip belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýrugyň hödürlenilen taslamasyna gol çekdi we sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Gazhimiýa senagatynda ulanylýan tehnologiýalaryň ygtyýarnamasynyň eýesi bolan Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek hem-de onuň ygtyýarnamasy esasynda tebigy gazy gaýtadan işläp, ammiak we metanol önümçiligi boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Bu taslama boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamakda kompaniýanyň tehnologik we täjirçilik maglumatlaryny ulanmak maksady bilen, taraplaryň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Oňa laýyklykda, senagatyň binýatlaýyn pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ýokary netijeli tehnologiýa esasynda işleýän önümçiligiň döredilmegini esasy ugur edinýändigini belläp, pudaga mundan beýläk-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere täze taslamany işläp taýýarlamak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça welaýatlarda ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu günler bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda tekizleýiş işlerini geçirmek, tagt we ýuwuş suwuny tutmak hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarydyr gurallaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şu möwsümde ýurdumyz boýunça bugdaý ekiji oba hojalyk gurallarynyň we traktorlaryň 1 müň 545-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň bökdençsiz işledilmegi üçin etraplarda ýöriteleşdirilen abatlaýyş toparlary döredilýär.

Wise-premýer welaýatlaryň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, güýzlük bugdaý ekişine girişmäge hem-de ussat daýhanlaryň, hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmäge ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda oňat netijeleriň gazanylýandygyny aýtdy. Döwletimiz ekerançylaryň netijeli zähmeti hem-de olaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum serişdeleri, mineral dökünler, häzirki zaman tehnikalary, himiki serişdeler hem-de suw bilen ýeterlik möçberlerde üpjün edilýär.

Oba hojalygy pudagynyň ähli işgärleriniň we gallaçylaryň öňünde bugdaý ekişi ýaly örän wajyp hem jogapkärli möwsüm dur. Ony öz wagtynda we ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmek dänäniň bol hasylyny almaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişini 3-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi.

Milli Liderimiz halkymyzyň asylly däplerine eýerip, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bu möwsüme girişmelidigini belläp, zähmetsöýer gallaçylara hem-de ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, bereketli topragymyzdan bol hasyl almakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Her bir dänäňiz müň bolsun, merdana gallaçylar!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de degişli gulluklar bilen bilelikde, paýtagtymyzyň çägini abadanlaşdyrmak, aýratyn-da, baýramçylyk çäreleriniň geçiriljek ýerlerini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ulag ýollarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, degişli tertip-düzgüni we arassaçylyk kadalaryny saklamak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatly gazturbina elektrik bekediniň ulanylmaga berilmegine görülýän taýýarlyk hem-de ýurdumyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleriniň wajypdygyna ünsi çekdi we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň miwesi bolan bu elektrik bekediniň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag ýollarynyň we Aşgabadyň köçeleriniň ulanyş ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip hem-de bu babatda birnäçe tankydy belliklerini aýdyp, ýurdumyzyň asfalt kärhanalarynyň önümçilik mümkinçiliklerini herekete girizmegiň, olary doly güýjünde işletmegiň we ýol gurluşygyna degişli tehnikalary abatlamagyň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli düzümi döretmek babatda teklipleri tizden-tiz taýýarlamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň tertibini tassyklamak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Kosmos işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek hem-de ony amala aşyrmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli taraplara kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň tertibini işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan ýokarda agzalýan tertibiň taslamasy ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bellikleri hem-de teklipleri göz öňüne tutulyp işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň we senagatyň ýokary tehnologiýalar esasynda hem-de geljegi uly ulgamlary hasaba almak arkaly diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini Türkmenistanyň häzirki ýeten derejesiniň talap edýändigini hem-de munuň geljek üçin anyk çelgi bolup durýandygyny nygtap, kosmos aragatnaşygynyň gürrüňsiz suratda şeýle ulgamlaryň hataryna girýändigini belledi.

Maglumatlary geçirmek, giň zolakly aragatnaşyk we multimediýa hyzmatlaryny hödürlemek, ýurdumyzyň üstaşyr telekommunikasiýa kuwwatyny ýokarlandyrmak, dürli ugurlarda uly möçberli maglumat akymlaryny üpjün etmek boýunça halkara halka hökmünde ýurdumyzyň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni içgin öwrenmegi hem-de degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli birnäçe kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek maksady bilen, Mary şäherinde ýerleşýän “Merw” we Türkmenabatdaky “Lebap” söwda kärhanalaryny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda söwda ulgamynyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, onuň eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýandygyny we tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmeginiň nazarlanylýandygyny belledi. Bu ugurda düýpli özgertmeleri çuňlaşdyrmak maksady bilen, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak, bölek we lomaý söwda kärhanalaryny dolandyrmak boýunça düzümleriň eýeçiligini emele getirmek, desgalary tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki edaralary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň paýyny ýokarlandyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda” Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň oňyn tejribesiniň esasynda ugurdaş senagatyň ösdürilmegi netijesinde, daşary ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamada kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem sentýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň sanawy barada hasabat berdi.

Şanly sene mynasybetli döredijilik duşuşyklary, sanly ulgam arkaly maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar, şygryýet agşamlary, mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler we yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler.

1-nji sentýabrda Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylar. Şeýle hem täze umumybilim berýän mekdepleriň açylyş dabaralary geçiriler.

Sentýabr aýynda dürli maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki täze binalaryň açylyş dabaralary bolar.

27-nji sentýabrda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar guralar. Şanly sene mynasybetli Aşgabatda dabaraly baýramçylyk ýörişi, sungat ussatlarynyň konserti we feýerwerk geçiriler. 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary guralar.

Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlyk yglan ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynyň wajyp tapgyryny alamatlandyrýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk meselelerine jogapkärçilikli, toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň sanawyny makullap, ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şolarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeten derejesi, onuň belent watansöýüjilik ruhy öz beýanyny tapmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew täze okuw ýylynyň başlanmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde bellenilýän täze 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk çäreleri guralar. 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler sowgat berler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly başlangyçlary dowam etjek ýaş nesillerimizi mynasyp terbiýelemek maksady bilen, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, ýokary hilli bilim almaklary üçin hemme mümkinçilikleri döretmegiň we olary terbiýelemegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenendigini belläp, wise-premýere Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisi jemläp, onda döwlet durmuşyna degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38747

28.08.2021
Ösüşlere beslenen pudak

Milli Liderimiz öz çykyşlarynda ägirt uly çig mal serişdelerine eýe bolan dokma pudagynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän senagatynyň depginli ösüşlere beslenýändigini belleýär. Bu pudagyň kuwwatly gaýtadan işleýän binýadynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeledi. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy Diýarymyzyň şöhratyny we abraýyny has-da artdyrdy.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy ýurdumyzyň dokmaçylarynyň göwnüni galkyndyrdy. Täze açylan dokma toplumda öndürilýän önümler dünýäniň birnäçe ýurtlaryna eksport ediler. Dokma pudagyna döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Ýurdumyzda bu pudagyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem-de olaryň öndürilýän çig mal serişdeleriniň golaýynda gurulmagy kärhanany ugurdaş önümleri öndürmäge gönükdirmek üçin mümkinçilik berýär. Bu bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kärhanalaryň düşewüntliligine hem-de harytlaryň ahyrky bahasyna täsir edýär.

Watanymyz pagta çig malyna örän baý döwletdir. Ony rejeli we netijeli ulanmak dokma pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, täze gurulýan dokma kärhanalaryna dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze ýokary öndürijilikli enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasylyny dolulygyna gaýtadan işläp, dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda soňky birnäçe ýylda dokma pudagyň düzümine tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy goşuldy. Mundan başga-da, bu pudagyň düzüminde ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri, gön işläp bejerýän kärhanalaryň birnäçesi bar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi dokma toplumyň ähli düzüm bölümleriniň sazlaşykly ösmegine uly itergi berýär. Köp görnüşli ýokary hilli harytlaryň önümçiliginiň özümizde ýola goýulmagy hem-de olaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň düýpli azaldylmagyna mümkinçilik berýär. Türkmen dizaýnerleri içerki bazaryň hem-de ilatyň möwsümleýin isleglerini öwrenip, önümleriň dünýäde meşhur, täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige ornaşdyrýarlar. Milli dokma önümlerimiz diňe ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň bazarlarynda hem uly meşhurlyga eýedir. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň dokma pudagynyň belent sepgitlere ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Batyrmuhammet AMANMUHAMMEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38709

28.08.2021
Täze kärhana ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, welaýatymyzyň çäklerinde dürli pudaklara, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli önümçilik kärhanalarynyň birnäçesi guruldy we ulanylmaga berildi. Olaryň biri hem Daşoguz şäherinde ýerleşýän zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanadyr.

Belli bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararyna laýyklykda, bu kärhananyň gurluşygyna 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda girişildi hem-de ol 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýlelikde, kärhana geçen döwrüň dowamynda amala aşyrylan guramaçylykly işleriň netijesinde öz öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünliklere eýe boldy. Bu bolsa häzirki wagtda onuň welaýatymyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna goşulmagyna şert döretdi.

Adyndan görnüşi ýaly, bu kärhana ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary üçin zerur bolan sargy serişdelerini, beýleki lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça iş alyp barýar. Onuň taslama kuwwaty ýylda şeýle önümleriň 13 million gabyny öndürip, olary bellenilen ýerlere ugratmakdan ybaratdyr. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda we ilat arasynda olara bildirilýän islegiň doly derejede kanagatlandyrylmagyna uly goşant bolup durýar.

Häzirki döwürde kärhanada şeýle önümleriň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olar, esasan, dürli ölçeglerdäki hasalar, gips sargy hasalary, goşarlyklar, tirseklikler, dyzlyklar, ýelimli we sanjym plastyrlary, maýyşgak sargy serişdeleri, bir gezek ulanylýan desmallar we beýlekilerdir. Ýaňy-ýakynda bolsa bu ýerde lukmançylyk hasasyndan taýýarlanylan bäş gatly örtükleri, dokalmadyk matadan edilen bir gezeklik gorag eşiklerini, şeýle-de bir gezeklik hirurgiýa halatlaryny öndürmek hem ýola goýuldy.

Kärhanada şeýle önümleri öndürmekde Germaniýada, Italiýada, ABŞ-da, Şweýsariýada, Ýaponiýada, Fransiýada, Türkiýede hereket edýän belli kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň güýjünden peýdalanylýar. Ýeri gelende aýtsak, olar örän öndürijililigi we takyk işleýşi bilen tapawutlanýar. Meselem, Italiýanyň «Stalam» kompaniýasynda öndürilen enjam ýüplükleri kelepden aýyrman guratmaga mümkinçilik berýär we onuň kuwwaty ýylda 3 million kelep sargy serişdesini guratmaga ýetýär. Germaniýada öndürilen enjam bolsa taýýarlanylan ýüplükleri agartmak üçin ulanylýar we onuň hem ýylda 3 million sargy serişdesini agartmaga mümkinçiligi bar.

Häzirki wagtda bu ýerde 4 sany, ýagny agardyjy, gips, dokmaçylyk, leýkoplastyr we bint bölümleri hereket etmek bilen, olarda 100-den gowrak adam zähmet çekýär. Olaryň aglabasynyň ýaşlardan ybaratdygyny bellemek hem ýerlikli bolar. Kärhananyň öz kärine ezber işçi-hünärmenleriniň hatarynda Şöhrat Sapalakowyň, Maýa Magtymgulyýewanyň, Nursoltan Rejebowanyň, Tylla Goşjanowanyň atlaryny agzaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda kärhana boýunça jemi 2 million 177 362 sany sargy serişdesini, başgaça aýdylanda, 10 million 250 000 manatlyk önüm öndürmek wezipesi öňde goýlupdyr. Häzirki wagta çenli bu ýerde aýlyk we çärýeklik meýilnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilip gelinmegi bellenilen sepgitleriň eýelenilmeginiň doly üpjün ediljekdigini görkezýär.

Şu günler kärhananyň işçi-hünärmenleri artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekýärler. Sebäbi olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna çenli şu ýylyň dokuz aýlyk meýilnamasyny üstünlik bilen berjaý etmegi göz öňünde tutýarlar. Şeýlelikde, bu kärhananyň geljekde hem hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramak baradaky çäksiz tagallalarynyň has-da oňat netijeleri bermegine, şonuň bilen birlikde-de, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşjakdygyna pugta ynam döreýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Surata düşüren Allanur SAPAROW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38681

28.08.2021
Arkadagayň paýhasyndan gülleýär gözel Diýar

Salymyny bermän geçýän wagtyň nobatma-nobat çalyşýan aýdyr ýyllaryndan, taryhyň öwrüm-öwrüm ýollaryndan, eýýamlaryň synaglaryndan merdi-merdanalyk, sabyr-takatlylyk bilen geçen mähriban halkymyz bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp garşy alýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz indi 30 ýyl bäri ösüşdir özgerişlerden doly röwşen ýollarymyza, bagtyýar geljegimize nurly şuglasyny saçýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň gymmatyna has-da oňat düşünýär hem-de ony başlaryň täjine deňäp, gözleriň göreji dek goraýar. Eýsem, bu şeýle bolmaz ýalymydyr?!

Çünki biz 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyzlygymyzy gazanmak bilen, baky berkarar döwletli bolduk. Ata-babalarymyzyň örňäp-ösen, şirin jandan eziz gören şu keramatly topragynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň berkarar bolmagy bilen, paýhasly pederlerimiziň asyrlar boýy döredip, kemala getiren ajaýyp däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, ýol-ýörelgelerine dolandyk, dilimize, milli medeniýetimize eýe çykdyk.

Garaşsyz, baky Bitarap Watan! Bu sözlerde çuň many, göwünlere şatlyk paýlaýan ajaýyp duýgy, çäksiz guwanç hem buýsanç jemlenen. Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi başlarymyzyň täjine deňeýän ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyna guwanmakda, Watany söýmekde, ony ösüşdir özgerişlere beslemekde her birimiz üçin nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda şan-şöhratly işler bitirilip, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna ajaýyp sahypalar ýazylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli, dost-doganlyga, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan ajaýyp maksatlaryny beýan edip, geljekde ýerine ýetirilmeli tutumly işleri kesgitleýär. «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir!

Watan biziň gözümiziň görejidir!

Watan başymyzyň täjidir!

Watana söýgi iň beýik söýgüdir!

Watan biziň buýsanjymyzdyr!» diýip, Arkadag Prezidentimiz aýratyn guwanç hem joşgun bilen nygtap aýdýar.

Aslynda, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan egsilmez söýgi paýhasy dünýä dolan milli Liderimiziň amala aşyrýan her bir il-ýurt bähbitli işiniň, maksat-tutumynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda dost-doganlygyň, agzybirligiň, hoşmeýilliligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň, parahatçylyk söýüjiligiň ygtybarly binýadyna daýanýan berkarar döwletimizde uly ösüşler gazanylyp, guwandyryjy özgerişler amala aşyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň senagatynda we oba hojalygynda ýetilýän belent sepgitler, welaýatlarymyzda dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kuwwatly önümçilik desgalarynyň, zawod-fabrikleriň gurulmagy, obalarymyzy, şäherçelerimizi, etrapdaky şäherleri we etrap merkezlerini abadanlaşdyrmakda alnyp barylýan işler, täze obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň döredilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysallarydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş, ylym-bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek, dünýä derejesinde kämilleşdirmek bilen birlikde, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hem uly öňegidişlikleriň gazanylmagy üçin giň mümkinçilikleri, ähli şertleri döredip berýär, ata Watanymyzy halk bähbidine ýugrulan rowaçlyklaryň aýdyň ýoly bilen nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýar. Şeýlelikde, Garaşsyz ýurdumyzyň, merdana halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär.

Bu gün Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Ýer ýüzünde meşhurlyga eýe bolýar. Ol, hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, dünýä ýüzünde durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, islendik wezipeleri çözmäge ukyply, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanalýar. Agzybir halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ýeňişlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Ol ösüşler halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny subut edýär. Eziz Diýarymyz bedew bady bilen täze-täze ýeňişlere barýar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň geçen döwründe welaýatymyzda hem hasyl bolan maksatlar, amala aşyrylan ägirt uly işler barmak büküp sanardan köp. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymata berk eýerip, her bir işde öz halkyna daýanýan döwlet Baştutanymyz welaýatymyza bolýan her bir iş saparynda deňizýaka sebitde toplumlaýyn, ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan milli maksatnamalaryň başyny başlap, şöhratly Garaşsyzlyk senenamamyza buýsançly sahypalary ýazýar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyklar özüniň giň gerimliligi bilen görenleri haýrana goýýar. Welaýatymyzyň çäklerinden çekilýän ajaýyp ýollaryň dünýä yklymlaryny birleşdirmäge ukyplydygyny ýaňzytmagyň özi-de juda kän zatlardan habar berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurulýan «Altyn asyr» Türkmen köli, awtoulag we demir ýollary, dünýä derejesine laýyk umumybilim berýän orta mekdeplerdir çagalar baglary, kuwwatly önümçilik desgalarynyň her biri hakda täsirli söhbetleri etmek mümkindir.

Welaýatymyzyň çalt depginler bilen ösýän senagat pudagynda, oba hojalygynda, gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere hususy telekeçiler hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatymyzda hem hususy eýeçiligiň has-da pajarlap ösýändigini aýdyň görkezýär.

Diňe bir soňky ýyllarda welaýatymyzda täze obalaryň, şäherçeleriň döremegi mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň eçilen şirin miweleri, mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalarynyň oňyn netijeleri dälmi näme?! Bu, hakykatdan hem, şeýle.

Welaýatymyzyň obadyr şäherlerinde gurulýan dürli maksatly ajaýyp binalar özboluşly binagärlik keşbi bilen tapawutlanýar. Olar kalbyňa aýdym bolup dolýar, mukam bolup ornaýar. Bu gün mawy Hazar deňziniň gündogar kenarynda dür monjugy deýin baky orun alan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, welaýat merkezimiz Balkanabat şäheri, ähli etrapdyr şäherlerimiz, obalarymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna has owadan görnüşe girip, birkemsiz beslenip barýarlar. Welaýatymyzyň merkezinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, welaýat baş metjidiniň, hatara gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýat köpugurly sport toplumynyň, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň, saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň, welaýat döwlet drama teatrynyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, «Bagt köşgüniň» ajaýyp binalary we beýlekiler biri-birine sazlaşykly utgaşyp, nazaryňy özlerinde egleýärler.

Elbetde, şeýle ajaýyp binalar, gözellikler öz-özünden döremeýär. Berkarar döwletimiz munuň üçin örän köp serişde harçlaýar. Ýeri gelende, ýene-de bir guwandyryjy hakykaty aýdan ýagşy. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary bilen obadyr şäherlerimiziň mundan buýana hem döwrebap keşbe girmegini gazanmak, olarda zerur binalary gurmak üçin eýýämden anyk çäreler bellenildi we bu asylly işlere aýgytly badalga berildi. Muňa bolsa anyk mysallar welaýatymyzda örän kän. Häzirki wagtda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze obanyň, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň golaýynda Halkara howa menziliniň, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we başga-da ençeme binalaryň gurluşyklary güýçli depginlerde alnyp barylýar. Şol medeni-durmuş maksatly binalaryň, önümçilik desgalarynyň hatarynda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli ulanylmaga beriljek binalar hem bar. Halkymyzda

toýa sowgatly barmak bolsa, ata-baba dowam edip gelýän asylly däpleriň biri. Şundan ugur alyp, bu gün welaýatymyzyň merdana nebitçileri, gazçylary, çeper elli halyçylary, kärendeçi daýhanlary, maldarlary, umuman, ähli ilaty Garaşsyzlyk toýumyza buýsançly başlaryny belent tutup, mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Elbetde, olaryň her biri hakynda, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyly içinde gazananlarymyz barada näçe gürrüň etsek hem bärden gaýdýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty ummasyzdyr. Şeýle bagtyň eýesi bolan welaýatymyzyň ilaty hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe agzybirlik bilen döredýär, gurýar, janaýamazakly zähmet çekýär. Biz hem baş baýramymyzyň — mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda olara mundan beýlägem ajaýyp zähmet üstünliklerini, guwandyryjy ýeňişleri, gadamlarynyň batly, ümzükleriniň ileri bolmagyny arzuw edýäris. Dünýä nusgalyk ýagşy işleri bilen halkymyzy hemişe guwandyrýan, buýsandyrýan Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys.

Toýmämmet REJEBOW,

«Balkan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38754

28.08.2021
Milli ykdysadyýetiň kuwwaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen bir hatarda, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrýar.

Konsepsiýada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk, tehnologiýalar binýadyny seljerip, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşikleri yglan etmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, bank kartlary arkaly milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini artdyrmak ugrunda degişli çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, hasaplaşyklaryň bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylyşyny artdyrmak we töleg ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, giň gerimli mahabat işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin hem-de bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça iri söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin banklaryň hersiniň özüne mahsus bolan kartlaryň ýaýradylmagyna aýratyn üns berilýär. Bankymyz tarapyndan «Maşgala» atly täze bank kart hyzmaty dolanyşyga girizilip, müşderilerimize hyzmat edip başlady. «Goýum bank karty» hem ýola goýlup, bu kartyň üsti bilen nagt däl görnüşde söwda edilende, bank tarapyndan kesgitlenen 0,5 göterim bilen müşderä pul sylagy hökmünde «Cash back» hyzmaty esasynda yzyna gaýtarylýar. Müşderilerimize hödürlenen bu kartlar barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bank kartlarynyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň biri-birinden tapawutly bolmagy bäsdeşligiň döremegine getirip, banklarymyza halka has bähbitli hyzmatlary hödürlemäge itergi berýär.

Hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasaty netijesinde, ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi, ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi, eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny barha ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Işewürligi ýola goýmak maksady bilen orta we kiçi telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça ýerli haryt öndürijileri goldanylýar. Önümçilik bilen meşgullanýan hususy ulgama we telekeçilere eksport üçin öndürýän önümlerini giňeltmeklige we ýerli haryt öndürijileriň sanyny artdyrmakda ýeňillikli karzlaryň berilmegi üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy, oba hojalyk önümlerini ösdürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen kiçi göwrümli karzlar hödürlenýär.

Goý, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gurbanmyrat BÄŞIMOW,

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik bölüminiň baş hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38690

28.08.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ulag logistikasy — ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň hereketlendirijisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmekden ybaratdyr.

Bu ulgamda milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň gerimli taslamalar, şol sanda hereket edýän awtomobil we demir ýollarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, täze ugurlaryny gurmak, raýat awiasiýasynyň, gämigurluşygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli özgertmek hem-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz biziň ykdysadyýetde strategik ugrumyz, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek bolup durýar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ähli döwlet kärhanalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär.

Şunlukda, häzirki döwrüň talaplaryny hasaba almak bilen, degişli düzümleriň kämilleşdirilmegine hem-de olaryň giňeldilmegine gönükdirilen özgertmeler yzygiderli geçirilýär.

Ulag we aragatnaşyk ulgamyny özgertmek, toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredilip, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri onuň garamagyna berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek wezipelerini ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitledi. Munuň özi köp babatda Türkmenistanyň döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň maddy binýady hem-de netijeli guraly bolan ählumumy we sebit ulag-üstaşyr ulgamyna okgunly goşulyşmagy bilen şertlendirilýär.

Üstaşyr ugur ulag hyzmatlarynyň eksportydyr, şeýle eksportyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bolsa milli Liderimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr, ulag we ugurdaş hyzmatlaryň tölegleri, düzümiň ösdürilmegine maýa goýum serişdeleri, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we başga görnüşdäki gönüden-göni pul serişdeleriniň gelip gowuşmagydyr.

Bilermenler ulag ulgamynyň ösüşi bilen söwdanyň ösüşiniň arasyndaky özara baglanyşygy seljermek arkaly haryt akymlarynyň guryýer hem-de suw boýunça hereketiniň özüne düşýän gymmatyny hasaplaýarlar. Häzirki wagtda bilermenleriň köpüsi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwdanyň iň okgunly ösýän bazara öwrüljekdigini aýdýarlar hem-de kommunikasiýa düzümlerine sebitara ýük akymlaryny çekmegi başarýan ýurtlar bu ugurda uly girdejileri alarlar diýen pikiri öňe sürýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda alyp barýan syýasatynyň esasy maksady ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky tebigy üstaşyr köpri bolup durýan ulag düzüminiň ägirt uly kuwwatyny doly derejede peýdalanmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar hem şaýatlyk edýär.

Bu başlangyçlaryň möhümligi hem-de uly gyzyklanma eýe bolmagy düşnüklidir. Sebäbi ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna, ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir.

Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu resminamanyň kabul edilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Kararnamanyň esasy wezipeleri dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri azaltmak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen uzak möhletleýin geljege niýetlenen netijeli doly görnüşli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinýär. Ýurdumyz sebitleýin hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşylan çözgüdini işläp düzmekde işjeň orny eýelemek bilen, köpugurly hyzmatdaşlyga, ulag ulgamyndaky gatnaşyklara çemeleşmeleri giňeltmek ugrunda çykyş edip, özüniň döredijilik başlangyçlaryny tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň durnukly ösüşi üçin demir ýol gatnawlary uly ähmiýete eýedir diýip belleýär. Ulagyň bu görnüşi nebit we nebit önümleri, gurluşyk serişdeleri ýaly ýükleri daşamakda hem-de üstaşyr gatnawlarda artykmaçlygyny saklap galýar.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmendemirýollary” agentliginiň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, innowasiýa usullaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.

Gatnaw düzüminiň hem-de ýolagçy-wagon tehniki toplumyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, hünärmenleriň zähmet öndürijiligi, hyzmatlaryň hili ýokarlandy.

Pudagyň alyp barýan işlerinde awtomobil ulaglaryna uly ähmiýet berilýär. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberi artdy. Bu ulgamda Türkmenistanyň innowasiýa tehnologiýalardan hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alýandygyny bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça agentlik tarapyndan dürli kysymdaky häzirki zaman awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar. Täze awtoulaglaryň ekologiýa babatda halkara ölçeglere kybap gelýändigi hem möhüm ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän ähli tehnikalara we enjamlara bildirilýän esasy talaplaryň biridir.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň maksady bu pudagyň aýrylmaz bölegi bolan raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ybaratdyr. Raýat awiasiýasyna içerki hem-de halkara gatnawlarda ýolagçy gatnadylmagynda we ýük daşalmagynda ähmiýetli orun berilýär.

Şu ýylyň 23-nji iýunynda Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine yzygiderli ünsüň aýdyň mysalydyr. Munuň özi Watanymyzyň yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän möhüm halka hökmünde ornuny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Kerki şäherindäki döwrebap howa menzili ýük we ýolagçy gatnawlaryny has-da işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Şu ýylyň 14-nji iýulynda döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň dabaranyň barşynda nygtaýşy ýaly, bu toplum döwletimiziň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Täze howa menzili howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmakda, ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmekde, halkymyza döwrüň talaplaryna laýyk hyzmat etmekde wajyp orny eýelär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwrebap ulag-logistika merkezleriniň gurulmagy baý tebigy gorlara eýe bolan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny netijeli ulanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ulag ulgamy Hazar deňzi we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ruhunda ösýän netijeli gatnaşyklary kemala getirmekde möhüm halka bolup hyzmat edýär.

Häzirki döwürde Hazarýaka döwletleriň her biri deňiz, awtomobil ýollary, demir ýol, howa ýollary arkaly ýolagçy we ýük gatnawlarynyň döwrebap düzümlerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär. Hazar deňziniň üstünden geçýän transkontinental ýollaryň işjeňleşdirilmegi hem-de täze halkara geçelgeleriň döredilmegi goňşy döwletleri durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek üçin şertleri üpjün eder, olaryň maýa goýum özüne çekijiligini artdyrar, sebit we sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi aýratyn manyly waka bolup, hünärmenleriň aýdyşy ýaly, tutuş Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebiti üçin strategik ähmiýete eýe boldy. Onuň mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagy Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarar hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ählumumy ulgamyna girişmegine, ýurdumyzyň yklymyň multimodal aragatnaşyklar ulgamynda ornuny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Portuň öňdebaryjy düzüm bölekleri diňe bir bar bolan talaplary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde hem ediljek talaplary ýokary hilli hyzmaty bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatynda işe girizilmegi kontinental ýük gatnawlarynyň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we türkmen üstaşyr terminallary has gysga we bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasy bolar. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde başga-da ähmiýetli çäreler boldy.

Olaryň hatarynda – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumyny görkezmek bolar. Onuň jemleri boýunça taraplaryň möhüm ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek islegini tassyklaýan möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy Hazar deňzi sebitine uly göwrümli we agyr ýükleriň ulagyň dürli görnüşleri bilen getirilmeginiň aýratynlyklary, olaryň biziň ýurdumyzyň çäklerinden Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirilmegi hyzmatdaşlygy täze derejelere çykaryp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna ýardam eder.

Ulag düzüminiň ýükleri daşamagyň ugurlaryny, wagtyny, ýüklemek we wagtlaýyn saklamak ýerini has amatly sazlaşyga getirmek boýunça logistik hasaplamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

Häzirki döwürde ulag ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň subutnamasydyr.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38638

27.08.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi.

Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň iberen mähirli salamyny hem-de aýdan iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hemişe ygrarlydygy tassyklanyldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň anyk ýagdaýy bolup durýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilik döredýär.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine hem-de Premýer-ministrine mähirli salamyny aýdyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de depginli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ozal gazanylan ylalaşyklar babatda hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiligi göz öňünde tutup, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, onuň uly kuwwatyny amala aşyrmagyň, özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny köpeltmegiň, maýa goýum işlerine itergi bermegiň anyk guraly hökmünde bilelikdäki hökümetara toparyň eýeleýän uly orny bellenildi.

Energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, birnäçe beýleki pudaklar gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu giň gerimli taslamalar sebitiň ykdysady ösüşine oňyn täsir edip, onuň häzirki zaman hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermäge, parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen bir hatarda, däp bolan türkmen-pakistan ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Bu bolsa, ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen medeni we ruhy umumylygy bilen baglanyşyklydyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde ýola goýlan oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýändigi tassyklanyldy.

Pakistanda ýurdumyzyň oňyn daşary syýasat ýörelgesi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, durnukly ösüşi gazanmaga, energetika, ulag ulgamy ýaly strategik pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary doly goldanylýar. Häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, şol başlangyçlaryň ähmiýetlidigine, olara isleg bildirilýändigine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamalary, şol sanda 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnama aýdyň şaýatlyk edýär.

Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesi bilen baglylykda, owgan meselelerine hem deglip geçildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Pakistan goňşy döwletdäki ýagdaýlaryň tiz durnuklaşmagy ugrunda çykyş edýärler. Şunda ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly düzgünleşdirilmegine hemişe ygrarlydygy bellenildi.

Pakistanyň daşary işler ministri Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen bäsleşikde gazanylan kümüş medalyň Türkmenistanyň sport ulgamynda uly üstünliklere eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowy bu ajaýyp üstünlik bilen gutlady.

Myhman paýtagtymyzyň özünde döreden täsirleri barada gürrüň bermek bilen, owadanlygy, gözelligi hem-de ýaşamak üçin amatlylygy bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň şu ýyl döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň gazananlarynyň we üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylyp, ikitaraplaýyn hoşniýetli erkiň, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38639

27.08.2021
Energetika diplomatiýasy: abadançylygyň bähbidine

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 23-nji awgustynda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda iri «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga bermegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşlere beslenen üstünliklerini dabaralandyrdy. Şeýle hem baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna mynasyp sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň energetika diplomatiýasy dünýäde önümçiligiň artmagyna, sebitiň ösüşlerine, iş orunlarynyň köpelmegine, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine, energiýanyň ähli halklar üçin elýeterli bolmagyna, hyzmatyň kämilleşmegine, ylmyň ähli ugurlardaky iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerimizi diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä çykarmakda amala aşyrýan beýik işleri ykdysady kuwwaty bilen birlikde, parahatçylygyň berkemegine, halklaryň arasynda dost-doganlygyň ösmegine, döwletleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň has-da ýokarlanmagyna giň şertleri döredýär.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy BMG, Energetika Hartiýasy ýaly iri halkara guramalarda hem yzygiderli goldanylýar. Onuň netijesinde 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýany kabul etdi.

2013-nji ýylyň 17-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky ikinji Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň ýangyç-energetika toplumynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ozalky maslahatlarynda beýan eden başlangyçlarynyň wajypdygyny hem-de uly ähmiýete eýedigini tassyklady.

Birnäçe ýagdaýlar, ilkinji nobatda, ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň bardygy, şeýle hem ýurdumyzyň özüniň ägirt uly energetika kuwwatyny bütin adamzadyň hyzmatynda goýmak meýli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesini Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetli meselä öwürýär. Ýurdumyzyň ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedigini garaşsyz halkara bilermenler hem tassykladylar. Hut şoňa görä-de, ýangyç serişdeleriniň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, şunuň netijesinde, ösen hem-de köpugurly turbageçiriji düzümiň döredilmegi Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmegi, 2009-njy ýylda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi, gurluşygy üstünlikli alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly ägirt uly taslamalar milli Liderimiziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de daşky gurşawy goramak ulgamyndaky wezipeleri çözmäge, ekologiýa taýdan arassa energiýa ulanyşyna geçmäge gönükdirilen bimöçber uly aladalarynyň we çuň paýhasynyň miweleridir.

Energetika pudagyny senagat taýdan ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça tassyklanan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda degişli düzümleri sanly ulgama geçirmek, daşky gurşawa zyýanly galyndylary çykarmaýan, energiýany tygşytlaýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly üstünlikler gazanylýar.

«XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgasy» diýlip atlandyrylýan, dünýäniň iň uzyn gaz geçiriji desgasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap nusgasydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ulgam boýunça indi 11 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyna 300 milliard kub metrden hem gowrak türkmen tebigy gazynyň eksport edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

50 trillion kub metr möçberde kesgitlenen tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz alym Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek baradaky syýasatyny yzygiderli ösdürýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek hakyndaky başlangyçlar hem bar. Dünýäde ilkinji bolup tebigy gazdan ekologiýa taýdan iň arassa benziniň önümçiligini ýola goýan ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň «Hemmeler üçin durnukly energiýa» atly ýörelgesine laýyklykda, bu mesele boýunça halkara forumy guramak ýaly başlangyçlary bu ugurda durmuşa geçirýän netijeli işleriniň nobatdaky tapgyrydyr.

Alym Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze nebitgaz känlerini açmak we özleşdirmek, nebitidir gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşen döwrebap toplumlary gurmak, şol sanda «Galkynyş» gaz känini, Hazar deňziniň türkmen bölegini senagat taýdan özleşdirmegi güýçlendirmek, sanly tehnologiýalaryň gerimini, hususan-da, 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak arkaly giňeltmek boýunça öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen bagly zerur hünärmenleri taýýarlamak babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Halkara tejribelerden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullary we nou-haular ornaşdyrylýar, bu işe daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenleri hem çekilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän Garaşsyz Watanymyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Şonuň bilen birlikde, pudakda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalary özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de ýardam berýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri, adamzat bähbidine gönükdirilen energetika diplomatiýasy uly rowaçlyklara beslensin!

Muhammetrahym ÖWEZOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38634

27.08.2021
Arkadaga alkyş bolsun!

Öňňin hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda täze iri dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ulanylmaga berlen iri senagat desgasy ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda egsilmez şatlyk duýgusyny döretdi. Şonuň bilen baglylykda, ýörite habarçymyz ajaýyp waka mynasybetli ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji:

— Hormatly Prezidentimiziň dokma senagaty pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi ugrundaky tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň önümçilik kuwwaty barha ýokary depginlerde ösýär. Häzirki döwürde pudaga degişli onlarça kärhana hereket edip, olarda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilýär. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şu şatlykly günlerinde häzirki zaman dokma toplumynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, pudagyň önümçilik düzümleriniň pugtalanmagyna itergi boldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlan iri dokma toplumy bölümleriň birnäçesini öz içine almak bilen, olarda dünýä meşhur önüm öndürijileriň iň kämil tehnologiýalary oturdylypdyr. Bu bolsa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary görnüşli nah ýüplügini, egin-eşiklik matalary hem-de taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrjak şeýle iri desgalary yzygiderli gurdurmagy bilen, ýurdumyzyň senagat pudagy belent derejelere çykýar, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar. Nobatdaky desganyň bu babatda ähmiýetiniň uly boljakdygyny uly buýsanç bilen bellemelidiris. Onda öndüriljek ýokary hilli önümler “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen dünýä bazaryna çykarylar. Şol önümlere islegiň ýokary boljakdygyna ynanýarys.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrjak şeýle dokma toplumlaryny gurdurýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, döwletli tutumlary has-da rowaçlansyn!

* * *

Tahyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy:

— Hormatly Prezidentimiz etrabymyza gelip, iri dokma toplumyny toý ruhunda açyp berdi. Bu desga döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr. Muňa şatlygymyzyň we begenjimiziň çägi ýokdur. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň sowgat eden iri dokma toplumynda dünýäde uly islege eýe boljak ýokary hilli dokma önümleriniň önümçiligine girişildi, ol ýerde ýaşlarymyzyň 1300-si üçin iş orunlary döredi. Bu zatlar döwrümiziň bagtyýarlygyndan alamatdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri beýik ösüşleriň we özgerişleriň zamanydyr. Watanymyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler, döwletli tutumlar şeýle diýmäge esas berýär. Soňky sanlyja ýylyň dowamynda diňe biziň etrabymyzyň özünde ençeme desgalar guruldy. Olaryň arasynda Duşak şäherçesinde gurlan etrap hassahanasynyň dogrum bölüminiň binasyny, keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumyny, Artyk obasyndaky Saglyk öýüni, Garahan obasyndaky Saglyk öýüni, “Türkmenistan” daýhan birleşigindäki suw arassalaýjy desgany, şeýle-de etrabyň çägindäki birnäçe döwrebap ýyladyşhana toplumyny agzamak ýakymlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizilen iri dokma toplumy şol döwrebap desgalaryň üstüni ýetirdi. Täze toplumda inçe süýümli pagtanyň ýylda 5 müň tonnasynyň gaýtadan işlenilip, ýokary hilli dokma önümleriniň öndüriljekdigi has-da guwançlydyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38550

27.08.2021
Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

7. Parahatçylygy dörediji taslamalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň geoykdysady esaslary dünýäniň ählumumylaşýan we özara baglanyşygynyň artýan şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Ykdysadyýet syýasata däl-de, syýasat ykdysadyýete hyzmat etmelidir» diýen ýörelgesiniň mazmunynyň Ýewraziýa yklymynyň dürli sebitleriniň ykdysady şertlerini birleşdirmegiň, ýurtlaryň we sebitleriň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirmegiň hasabyna, bilelikdäki utgaşykly ösüşe ýol açýandygyny alamatlandyrýar.

Milli Liderimiziň teklibi boýunça öňe sürlen sebit, yklym ähmiýetli energetika, ulag-logistika babatdaky taslamalar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň geoykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly durmuşa geçirilýän parahatçylygy dörediji taslamalardyr. Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan energetika taslamalary bu ýurduň durmuş-ykdysady düzümleriniň dikeldilmegine ýardam berýän, syýasy asudalygy gazanmaga gönükdirilen ýagdaý bolup, ol geljekde Pakistanyň we Hindistanyň ykdysadyýetlerine-de täsirini ýetirer.

Ýurdumyz çärýek asyrdan hem gowrak wagt bäri Owganystana elektrik energiýasyny, gysylan gazy elýeterli bahalardan iberýär. Bu ýurduň maliýe-ykdysady kynçylyklary göz öňünde tutulyp, emele gelen bergiler Hökümetimiz tarapyndan ençeme gezek geçildi. Amala aşyrylan hem-de gurluşygy dowam edýän energetika taslamalary (TOPH gaz geçirijisi, TOP, Kerki — Hamýap — Garkyn elektrik geçirijileri) Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine Türkmenistanyň edýän ýardamydyr. Merkezi Aziýa, Orta Gündogar we Günorta Aziýa sebitleriniň arasynda parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik köprüsine öwrüljek TOPH gaz geçirijisi türkmen Bitaraplygynyň ynsanperwer hem-de geoykdysady tebigatynyň özara aýrylmaz baglanyşyklydygyny subut edýän taslamadyr.

Bitaraplyk ykdysady taýdan döwletimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegine, dünýä hojalygyna aralaşmagyna ýardam edýär. Munuň özi ählumumy parahatçylygy berkitmäge mümkinçilik berýär. Sebäbi Gündogarda «Söwda kerweniniň jaňjagazlarynyň sesi gylyçlaryň sesinden çasly çykýar we duşmançylygyň hem-de urşuň öňüni alýar» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Şu pähimden ugur almak bilen, Türkmenistan üç derejede — döwletara, pudagara we aýry-aýry kärhanalaryň arasynda daşary ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Bitaraplyk milli ykdysady ösüşimiziň meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Bitaraplyk Türkmenistana köp sanly wajyp ykdysady taslamalary amala aşyrmak üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde-de uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurulýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, «Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesi, eýýäm hereket edýän Tejen — Sarahs — Maşat, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýollary, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen Bitaraplygynyň geoykdysady mümkinçiliklerini görkezýän döwletara hem-de yklymara taslamalardyr. Olar Türkmenistanyň diňe Orta Gündogar ýurtlary bilen däl, eýsem, Merkezi Aziýany Orta Gündogaryň üsti bilen Günorta Aziýa, Pars aýlagy, Hazarýaka sebit, Kawkaz ýurtlary, Ýakyn Gündogar bilen baglanyşdyrýan energetika we ulag halkalaryny emele getirendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Syýasylaşdyrylmadyk bu iri geoykdysady taslamalar birnäçe halkara guramalaryň we sebitara integrasiýalaryň — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, energetika, ulag-logistika kuwwatyny artdyrmaga ýardam berdi.

Türkmen Bitaraplygynyň oňyn häsiýeti tutuş dünýäde energetika, ulag, suw, ekologiýa diplomatiýalarynyň BMG-niň Gün tertibinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çeýe hem-de täsirli gurallaryna öwrülmegine getirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-de sanalan ugurlar boýunça kabul edilen Rezolýusiýalar Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň hukuk tebigatynyň-da halkara giňişlikde kämilleşýändigini görkezýär.

Türkmenistan baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, dünýä ykdysadyýetiniň oýlanyşykly, deňhukukly, bähbitlere hormat goýmak we dürli basyşlara ýol bermezlik esasynda alnyp barylmagyny ileri tutýar. Bu babatda Türkmenistanyň Orta Gündogar ýurtlary, hususan-da, Eýran bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy nusgalyk häsiýete eýedir. Munuň özi türkmen Bitaraplygynyň özara bähbitli sebitara ykdysady galtaşyk nokatlaryny tapmagyň netijeli guralyna öwrülendigini görkezýär.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, amatly geosyýasy ýagdaýy, ykdysady we energetiki kuwwatlyklaryny ählumumy bähbitleriň hatyrasyna ýerlikli ulanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 2008-nji we 2014-nji ýyllarda energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi bilen baglanyşykly iki sany Rezolýusiýa kabul edildi. Bu resminamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň garamagynda täze düzümi — Energetika geňeşini döretmek baradaky başlangyjynyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ygtybarly energiýa serişdelerine ählumumy elýeterlilik baradaky teklibiň hut Türkmenistanyň energetika boýunça halkara başlangyçlarynyň dabaralanmasy hökmünde 2015-nji ýyldan soňky döwrüň Gün tertibine girizilendigini aýratyn nygtamalydyrys.

Baky Bitarap Türkmenistan durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça birnäçe halkara başlangyçlaryň awtorydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türkmenistan yklymara ähmiýetli möhüm ulag-logistik başlangyçlaryň öňe sürülýän syýasy merkezine öwrüldi. Türkmenistan Tejen — Sarahs — Maşat, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm şahasy bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýollary ýaly, tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjek ençeme ulag-logistika taslamalaryny amala aşyrdy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça eýýäm bu ýoluň geografiýasyny Merkezi Aziýanyň we Orta Gündogaryň çygryndan çykarmak boýunça anyk işler edildi. Dörttaraplaýyn ulag diplomatiýasy babatdaky deslapky işlere badalga berildi.

Tejen — Sarahs — Maşat (1996), Gazagystan — Türkmenistan — Eýran (2014), Kerki — Ymamnazar — Akina (2016), Serhetabat — Turgundy (2018) demir ýollarynyň işe girizilmegi diňe üç ýurduň gatnaşyklarynyň has-da ilerlemegine ýardam etmän, eýsem, Aziýadyr Ýewropa döwletleriniň ençemesiniň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistandan Owganystana tarap demir ýollaryň açylmagy türkmen-owgan söwda dolanyşygynyň artmagyna görnetin täsirini ýetirdi. Şunlukda, 2010-njy ýylda Owganystan haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça Türkmenistanyň 8-nji ýerde duran hyzmatdaşy bolan bolsa, 2018-nji ýylda ol 3-nji ýere geçdi. Geljekde Serhetabat — Turgundy demir ýoluny Hyrada tarap dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Orta Gündogary, Merkezi Aziýany, Kawkazy, Türkiýäni, Ýewropany guryýer hem-de Hazar, Gara, Mermer deňizleri arkaly baglanyşdyrýan «Lapis Lazuli» ulag geçelgesiniň Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine ýardam etmekde ähmiýeti uludyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurulýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, «Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesi, ýokary tizlikli awtoulag ýollary, iri innowasion senagat-önümçilik toplumlary, amatly daşky gurşawy döretmek — bu işleriň ählisinde Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň yzygiderli hem-de ulgamlaýyn amala aşyrylýandygyny görmek bolýar. Bu taslamalar türkmen Bitaraplygynyň geoykdysady mümkinçilikleriniň barha artýandygyny görkezýän parahatçylygy dörediji transmilli hem-de yklymara taslamalardyr.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38630

27.08.2021
Dünýä nusgalyk ýörelge

Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji ykrar edilen hemişelik Bitarap döwletdir. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylygy dünýä ýaýmagyna oňat mümkinçiligi döredýär. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna diýseň jogapkärli garamak bilen, bu syýasata uly ähmiýet berýär. Halkymyz hemişelik Bitaraplygymyza, parahatçylyk söýüjilik ýörelgämize buýsanýar. Çünki, baky Bitaraplygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Baky Bitaraplyk ýurdumyza daşary syýasatyny alyp barmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, häzirki zamandaky ähmiýetli orny we ýurduň güýji baky Bitaraplygymyz bilen ygtybarly berkidildi. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň berk sütünlerine öwrüldi.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň, ynsanperwerlikli ýol-ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmuna eýedigini beýan edýär. Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň berkarar bolmagy we durnukly ösüş ugrunda ynamly öňe gitmegi ýurdumyzyň ýagty geljegini kepillendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hemişe goldanylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini gyşarnyksyz dowam etdirýär. Şonuň üçin ýurdumyz oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň we umumadamzadyň bähbitlerine gönükdirilen parasatly syýasatynyň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyzyň öňe sürýän ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek syýasaty ykdysady we medeni ösüşiň bähbitlerini göz öňünde tutýar. Şeýle hem ösüş arkaly parahatçylygy ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilendir. Ykdysady we medeni ösüşler, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar türkmen halkyna we sebitiň beýleki halklaryna parahatçylykda hem-de asudalykda ýaşamaga, ertirki gününiň bagtyýar bolmagyna uly ynam döredýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ýurdumyzyň uzakmöhletleýin bähbitlerine gabat gelmek bilen, hemmetaraplaýyn ösmegi üçin amatly daşary syýasy şertleri, durnukly ykdysady ösüşi döretmäge we şonuň bilen birlikde, raýatlaryň ýaşaýşynyň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasatyň, öňe sürülýän parahatçylyk ýörelgesiniň doly ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, halklaryň dostlugy we hyzmatdaşlygy ýörelgelerine wepaly döwlet hökmünde Ýer ýüzünde tanalmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň gazanan ägirt uly üstünligidir.

Begençmuhammet MUHAMMETSÄHEDOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38592

27.08.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 25-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibini yglan edip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda güýz paslynyň gelmegi netijesinde, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ugurdaş düzümler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda käbir ýolbaşçylary wezipeden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky birnäçe resminama gol çekdi.

M.Geldinyýazow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä S.Toýlyýew bellenildi. Ol şol bir wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy wezipesini hem ýerine ýetirer.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin O.Gurbanow bilim ministri wezipesinden boşadyldy.

Bilim ministri wezipesine G.Ataýewa bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, A.Gylyjow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä M.Mämmedow bellenilip, ol Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesinden boşadyldy.

A.Rejebow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesine bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezowy eýeleýän wezipesinden boşadyp, bu wezipä N.Atagaraýewi belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini dowam edip, häzirki döwürde ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen hem-de maşgala lukmanlary tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini, öňüni alyş çäreleriniň we lukman maslahatlarynyň dogry we dürs ýerine ýetirilmegini düşündirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilmelidir.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär, dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri hem toplumlaýyn esasda göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur arassaçylyk, degişli zyýansyzlandyryş işleriniň talaba laýyk alnyp barylmalydygyny belläp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň täsirine garşy mundan beýläk-de alnyp barylmaly ilkinji nobatdaky işler bilen bagly meseleler barada aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini çäklendirmek babatda teklipleri taýýarlamagyň meselelerine ünsi çekip, milli Liderimiz bu ugurda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikde we toplumlaýyn işlemeginiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz ilata edilýän ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmek meseleleriniň möhümdigi barada aýtdy. Hususan-da, Aşgabat şäheri boýunça ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan jemgyýetçilik ulaglarynyň sany zerurlyga görä köpeldilmelidir hem-de toparyň kabul eden düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik güýçlendirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýäde koronawirus ýokanjynyň bar döwründe onuň ýurdumyza aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly çäreleri güýçlendirmek, ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, beýleki edara-kärhanalarda alnyp barylýan göreş çärelerini talabalaýyk guramak, sanitariýa we epidemiologiýa kadalaryny berk berjaý etmek maksady bilen, halkara tejribäni öwrenmek esasynda degişli kanunçylyga seljerme işlerini geçirmek, üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak zerur hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýz we gyş pasyllarynda howanyň tebigy şertleriniň üýtgemegi bilen bagly, dem alyş ýollary ýiti sowuklama has çalt duçar bolýar, şonuň üçin köpçülikleýin sowuklamanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin edara-kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynda bellenen ýylylyk derejesini saklamak üçin ýyladyş ulgamlarynyň üznüksiz, kadaly işlemegini üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38523

26.08.2021