Новости
Belent sepgitleriň eýýamy

Hormatly Prezidentimiz öz halkyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni peşgeş bermek bilen, il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagy, gurmagy we döretmegi ugrunda ýadawsyz aladalanýar. Ajap eýýamymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň durnukly ösdürilmegi, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy bilen bagly tutumly işleriň bady artýar. Döwrebap tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Bagtyýarlyk zamanamyzyň beýik binalary, wajyp desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurluşygam giň gerime eýe bolýar. Şäher-obalarymyzyň gözel keşbinem bu gün synlamaga göz gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň ýokary zähmet üstünlikleri, taryhy wakalary her birimiziň guwanjymyzy goşalandyrýar. Şanly wakalary bilen şöhratlanýan ýylymyzyň ýene bir baýramçylygy — Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni gelip ýetdi. Toýlary toýlara ulaşýan güneşli Diýarymyz bu günki günde ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bilşimiz ýaly, energetika pudagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň iri we öňdebaryjy pudaklarynyň biri. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen elektroenergetika pudagyny ösdürmekde ägirt uly işler bitirilýär. Soňky ýyllarda Mary DES-iniň senagat zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen kämil tehnologiýaly täze elektrik stansiýalary ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň düýpli ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi. Sözümiz gury bolmaz ýaly, anyk mysallara salgylanalyň. Mysal üçin, 2014-nji ýylda Mary DES-iniň senagat zolagynda kuwwaty 149,2 megawat bolan täze gazturbina elektrik stansiýasy ulanylmaga berilse, 2018-nji ýylda kuwwaty 1574 megawata deň bolan ykdysady taýdan tygşytlylygy, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi bilen tapawutlanýan kuwwatly elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Milli Liderimiziň hut özüniň ak pata bermeginde işe girizilen bu döwrebap elektrik stansiýasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde iri elektrik stansiýalarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, golaýda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýene bir täze elektrik stansiýasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň depginli ösüşine şaýatlyk edýär. Bularyň hemmesi Garaşsyz döwletimiziň bu energiýa çeşmesini daşary ýurtlara eksport etmekde täze mümkinçilikleri döredýär.

Gurluşykçynyň zähmeti özüniň iň parahatçylykly häsiýeti bilen tapawutlanýar. Sebäbi gurluşykçy parahat, abadan geljek üçin gurýar. Bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyzyň başda durmagynda ýurdumyz özboluşly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň çar künjeginde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Gurluşyk işleri biziň welaýatymyzda-da giň gerime eýe boldy. “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň, “Marynebitgazgurluşyk” trestiniň we hususy eýeçilige degişli kärhanalar tarapyndan gurluşyk-gurnama işlerini durmuşa geçirmekde uly tagallalar edildi we edilýär. Zähmetsöýer gurluşykçylarymyzyň döredijilikli zähmeti bilen täze binalardyr desgalar peýda boldy. Şu günler bolsa, edermen gurluşykçylarymyz özleriniň hünär baýramçylyklaryny mynasyp garşylamak bilen şanly senä zähmet sowgatly geldiler. Zähmetsöýer gurluşykçylarymyzyň, energetiklerimiziň we jemagat hojalygynyň işgärleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň öň ýanyndaky hünär baýramçylygynyň türkmen iliniň uly toýy bilen utgaşýandygy guwandyrýar.

Ýokarda ýatlaýşymyz ýaly, jemagat hojalygynyň işgärleriniň paýyna-da jogapkärli wezipe düşýär. Ajap eýýamymyzda şäherlerimiziň abadanlaşdyrylmagyna, bagy-bossana bürenmegine we arassaçylygynyň üpjün edilmegine saldamly goşantlaryny goşýan jemagat hojalygynyň gündelik yhlas-tagallalary ýerine düşýär. Bu ulgamyň işgärleriniň ýadawsyz aladalary bilen şäher-obalarymyzyň abadan keşbi ýylsaýyn gözelleşýär. Şäherimiziň tämiz köçeleriniň gülli jähekleriniň gür baglyk bilen sazlaşygyny üpjün edýän bu ulgamyň işgärlerem şanly senä sowgatly geldiler.

Türkmen ili — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna barýar. Buýsançly senäniň öň ýanynda toýlanylýan şu günki baýramçylyk täze sepgitlere ruhlandyrýar. Türkmen halky uly toýuna zähmet sowgadyny taýýarlaýar.

Baýram AMANOW.

“Maru — şahu jahan”.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40044

11.09.2021
Paralleller kesişmeýärler

Ulularyň ýaşkaň aňyňa giren zadyň daşa ýazylan ýaly bolýandygy hakdaky sözleriniň yrýasy ýok. Baryp-ha, okuwçy döwrüň haçan, şonda aňyňda galan sözleri ulanyp ýöreniň haçan?! Ondan bäri kän suwlar akdy diýilýän, meger, şu bolsa gerek. Ol suw — durmuş derýasynyň suwy. Adam ogly onuň guwwasy. Eýsem näme? Nämä ýaradylan bolsaň, şonuň bilenem bolarsyň. Guwwaslygy oňarmasaň, kenara zyňar ýa gark eder.

«Suw akar, daş galar» diýen bir gürrüňem bar: onuň suwuň akyp daşyň galjakdygy hakdaky göni, ýöntem gürrüňden has çuň, agramly pikire ilteşiklidigi belli zat. Ol sözler suw ýaly akyp barýan ömürde bitirilen daş ýaly agramly işleriň galjaklygynyň ýanjalmasy ahyry! Adam şekilli adam şeýle-de bolmaly. Ondan galýan zat ýagşy işleridir. Şonuň bilen bagly ýagşy adydyr. Şol-da diňe egindeşlerine, döwürdeşlerine däl-de, soňky nesle-de görelde, mekdep bolýar.

Taryhy şahsyýetleriň döredýänligi hakdaky gürrüňem iňňän durmuşylygy bilen göwnemakul duýulýar: «Iňňän durmuşylygy» diýilmesiniň kän-kän sebäpleri bar. Ol sebäpler öý içi, oba arasy sebäplerden däl, etrap we welaýat çägi sebäplere-de sanyp bolanok, hatda ýurt çäginden-de çykyp, halkara giňişlik, dünýä derejeli sebäplerdendir. Tutuş bir ýurduň taryhynyň ýanynda deňizden damja ýaly sanlyja ýyllaryň içinde durmuş-ykdysady, medeni-ruhy jähetden ösen, şeýlelikde, bilinýän, öwrenilýän hem gatnaşasy gelinýän ýurt derejesine ýetmek diňe Garaşsyzlygyň işi, ýöne syýasy garaşsyzlyk entek bar zadyň ýerbe-ýerdigini aňladanok. Dokuzy düzüw döwletli bolmak üçin onuň dulunyň doly bolmagy gerek. Bu döwlet Garaşsyzlygynyň ilkinji we gutulgysyz şerti. Döwlet aganyň dulunyň dolulygy — öýüňde dik oturan, däneli hatar-hatar çuwallaryň boldugy, saçagyň dolulygy. Häzirki zaman jemgyýetiniň dilinde ol güberçekden agras, «Azyk howpsuzlygy» diýen söz düzüminde jemlenendir.

Oba hojalygynda eýeçiligiň görnüşlerine, sebitleriň toprak, howa şertlerine dahylly özgertmeler azyk howpsuzlygynyň ýolunda ilkinji hem aýgytly ädimler boldy. Ak ekin ussatlarynyň ata-baba daýhançylyk tejribesi ylmyň gazananlary bilen utgaşdyryldy. Bugdaýyň il-günüň saçagyna çörek bolup dolýança, geçýän uzak ýolunda işleriň köpüsi sanlylaşdyryldy. Biziňkilerde «Çörekli ýurt», «Pylany çörekli adamdyr» diýen düşünjeler bar. Eşitdigiňçe eşidesiň gelýän bu sözleriň Hywa, Tejen ýaly argyşa gidilýän ýerler ýa-da myhmansöýerlik, elaçyklyk bilen baglydygyna soň-soň düşünip galdyk.

Uzak gum içindäki obamyzda Sähetdurdy aga diýen ýaşuly bardy. Ýüňçüdi. Gapysy gelim-gidimden, myhmandan ýaňa at tezegi guramaz diýilýändi. Atarmak-düşürmek, garşylamakdyr ugratmak hysyrdylaryndan eger-eger, beçikmezdiler. Aýaly Aýnabat eje-de şeýledi. Deň-duşlary, sakaldaşlary oňa «Sähetdurdy çörekli adam» diýerdiler. Ýogsam ol «El kiri bar» diýilýän, meýdanda bulut ýaly agyp-dönüp ýören gol doly mallylardan däl-de, gol doly çagaly diýilýändi. «Kanagata — bereket» sözüne uýýan bolarly. Kanagatly eken. Könekileriň «Pylany çörekli adamdyr» diýen sözleriniň maly dünýä sygmaz, özüniňki bolsa-da, eýesi däl-de, hamala, garawul goýlan ýaly, eli açyklyg-a däl, hatda özi üçinem batyrynyp bilmän, dişiniň kirini sorup ýörenler hakda däl-de, Sähetdurdy aga ýaly, gapysy, ýüregi, göwni, eli, saçagy açyklar hakda aýdylýandygyna soň-soň, üşügiň çatyp ugranda düşünýäň.

* * *

Türkmen ýöritemi, nesibemi ýa sebäp bilenmi, duz dadan ojagyny aňsat-aňsat unutmazak. «Bir gün duza müň gün salam» diýegen, ony nobata durulýan üsti gyzyl el haryda deňäp bolmajagy belli, bärden gaýdýar. Asylly ulugyzly, soragly, idegli öýe deňäp görýäň, bolaýjak ýaly.

Şu Garaşsyz ýurtda iň arzan hem bol zat duzdur un, ýöne ata-babalaryň «Bir gün duza müň gün salam» sözi onuň bahasynyň harwar-harwar, weşeň-weşeň puldan iňňän ýokardadygyny aňladýan seda ýaly eşidildi. Dowamly seda seni hakydanyň gözýetimlerine çagyrýana meňzeş. Diňşirgenýäň. Asyrlaryň jümmüşinden bir ýerlerden üzlem-saplam eşidilýän ol seda indi seda däl-de, pähimmi, ýönekeý öwütmi, bölek-büçek bir äheňde kimdir biri tarapyndan gulaga pyşyrdalýan ýaly. «Ajyň aňy bolmaz», «Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar», «Bir doýmak — çala baýamak»... Dowamy bardygy bildirýän pähimdir öwüt-ündewden ýugrumy ýetik sözleriň many-mazmun agramy, çuňňurlygydyr ýaýynlygy hakdaky garaýyşlary her kesiň öz aň-üşügine tabşyryp, Magtymgulydan habar alynsa, niçik bolarka? Gör — bak, akyldar näme diýer:

— Ne bela sen, adamzat,
Çyplak dogduň, don gerek.
Ak süýt emdiň, ulaldyň,
Hem aglar sen, nan gerek.

Bentdäki pikir milliligiň çägine syganok, dünýäniň belli bir sebitinde-de durman, tutuş adamzat dahylly pikire öwrülýär.

Içiň saçak bilen syrylan ýalyka, bir kesemen çörek bilen pişigiň kellesi ýaly gowurdagy käsä atynyp, çaýçorba edinip bilýärkäň, bu gohly dünýäniň nirelerindedir bir ýerlerinde doýa garna iýmeg-ä däl, açlygyndan syryljap oturanlaryň bardygy ýadyňa düşmese-de düşmez.

Ömür menzillerinde durmuşyň kän-kän şatysyny, südürini görüp, sapak ediner ýalysyny sapak edinen, akyly gözünde diýilýän kişileriň «Patyşalarda kyrk kişiniň akyly bormuş» diýen sözleri bar. Gürrüň onuň hakykat bilen ilteşiginiň näderejededigi hakda däl. «Söz söze sebäp» diýleni. Bu ýerde gepiň gerdişine görä başga bir hakykaty aýtmagyň ýeri geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, dünýä möçberlerindäki gaýry münberlerden eden çykyşlaryndaky teklipleridir başlangyçlary tutuş adamzat tarapyndan goldanylýar. Ýogsam, bu dünýä bileleşiginiň agzalarynyň arasynda san taýdan agdyk, ykdysady taýdan ösen ýurtlar bar, ýöne çyn — çyn, hakykat — hakykat bolýar. Ony ykrar etmän bolanok.

Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek hakdaky başlangyjy geçdimi? Geçdi.

Energetika, ulag, ekologiýa meseleleri baradaky başlangyçlary geçdimi? Geçdi.

2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakdaky başlangyjynyň ykrary tutuş dünýä parahatçylygyna goşant ahyry! Diýmek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi milli çäkden çykyp, sebit çägine sygman, dünýä dahylly global wezipeleriň çözgüdinde beýanyny tapýar. Ösüş arkaly parahatçylyk syýasaty sebitde, hyzmatdaşlyk etmegiň, parahatçylykly ýaşaşmagyň ýol görkezijisidir. TOPH gaz geçirijisidir Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli elektrik geçirijisiniň gurluşygy, halkara demir ýollary şonuň mysalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sahawatly golunyň hemaýaty hemaýat şekilli. Goňşy owgan halky ony 2007-nji ýyldan bäri duýýar. Il içinde «Berenje el gowy» diýen söz ýörgünli. «Ber, berekediň artar» diýen sözlerem şonuň ýaly. Milli Liderimiziň sahawatly goly mätäje mähir, goltgy, horugana hemaýat.

Sahawatlylygyň, gol sahawatynyň köki köňülde. Köňül sahawatynyň öňünde durjak güýç ýok. Çünki onuň dostlary, pikirdeşleri köpelýär. Niýeti-päli ýagşy bolanlar onuň bilen. Ugurdaş, maksatdaş, pikirdeş köpelýär. Şeýde-şeýde güýçlenýäň. Güýçliniň bolsa, aýdylyşy ýaly, gül ysy bar.

Döwlet Baştutany dünýä derejesindäki şeýle ŞAHSYÝET.

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40008


10.09.2021
2021-nji ýylyň awgusty: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna pugta eýermek bilen, sebit hem-de ählumumy ösüşiň wajyp meselelerini çözmekde has işjeň orny eýeleýär. Awgust aýynda bolup geçen duşuşyklar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler, forumlar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Awgust aýynyň başynda BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy umumy mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup, dünýäniň 48 döwleti çykyş etdi. Tutuş dünýäde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek işine saldamly goşant goşmaga gönükdirilen bu Kararnama ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji hem-de 2017-nji ýyllarda BMG tarapyndan ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary üpjün etmek babatda kabul edilen resminamalaryň üstüni ýetirdi.

Bularyň ählisi hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu, 75-nji ýubileý mejlisiniň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanylmagy Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli giňeldilýän hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, mundan beýläk-de Milletler Bileleşigi bilen netijeli we giň gerimli gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýar.

2-nji awgustda, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet saparynyň öňüsyrasynda Daşary işler ministrliginde dostlukly ýurduň senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar köp ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ýokary derejedäki gepleşikleriň türkmen-täjik syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Şol gün Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýum we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Gepleşikleriň barşynda ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklaryny guramagyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.

Sebit boýunça goňşy döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we giňeltmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň netijeli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Şol ýurtlaryň halklaryny türkmen halky bilen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk gatnaşyklary we birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri birleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Awgust aýynyň esasy syýasy wakasyna öwrülen bu foruma gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmanlaryň öňünde çykyş edip, Merkezi Aziýa döwletleriniň ägirt uly we köpugurly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Olaryň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de öňegidişligiň bähbitlerine laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge yzygiderli, sazlaşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa sebitiň diňe bir yklymda däl, eýsem, ählumumy derejede hem ornunyň artýandygyny göz öňünde tutmak bilen aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

“Men biziň birek-birek bilen habarlaşyp, özara bähbitleri nazara almagyň esasynda, hoşniýetli goňşuçylygyň we hormat goýmagyň köpasyrlyk tejribesine, egsilmez ynsanperwer we adamçylyk gatnaşyklaryna, medeniýetiň, diniň we däp-dessurlaryň umumylygyna daýanyp, öz ýörelgelerimizi açyk we ynanyşmak bilen beýan edip, çözüp bilmejek meselämiziň ýokdugyna ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň teklipleri we başlangyçlary oňyn seslenme döretdi.

Gürrüň, ilkinji nobatda, “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak, epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini, Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumyny döretmek, ykdysady we telekeçilik işjeňligine goldaw bermek boýunça bäştaraplaýyn Işewür geňeşini esaslandyrmak hem-de ähli ulgamlarda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we Merkezi Aziýany durnukly, ykdysady taýdan ösen, gülläp ösýän sebite öwürmäge gönükdirilen beýleki teklipler barada barýar. “Ýol kartasynda” orta möhletli geljek üçin bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitleniler.

Hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan möhüm ähmiýetli çäreleriň ýene-de bäşisi sebit gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny açdy. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti bar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylda geçirilen bu çäreleriň ählisi köpasyrlyk taryhy-medeni, dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen birleşen sebitiň döwletleriniň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna saldamly goşant goşdy.

Sebitiň döwletleriniň bäşisiniň wekilleriniň, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Zenanlaryň dialogy zenanlaryň mümkinçiliklerini has doly açmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu forum “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly Ählumumy gün tertibiniň, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatyndaky Gün tertibiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda kabul edilen beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalaryň wezipelerini çözmegiň hatyrasyna sebit gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolunda netijeli ädim boldy. Ýeri gelende aýtsak, BMG-niň esasy düzümleýin edaralarynyň wekilleri milli maksatnamalary hem-de oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda Merkezi Aziýanyň döwletlerine ýardam bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Forumyň esasy maksady gender deňligini üpjün etmekde dürli ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen sebit gatnaşyklaryny ösdürmekde gazanylan üstünlikleri seljermekden ybarat boldy. Mälim bolşy ýaly, forumyň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi, ol zenanlaryň döwletleriň syýasy we durmuş-ykdysady durmuşyna gatnaşmagyny giňeltmek üçin milli hem-de sebit derejelerinde amala aşyrylmagy zerur bolan çäreler babatynda maslahatlary öz içine alýar.

Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge çalyşýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Forumyň ähli döwletleriň we sebitleriň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine gönüden-göni täsir edýän wehimleriň ýüze çykan mahalynda geçirilmegi onuň tapawutly aýratynlygy boldy. Munuň özi diňe bir çökgünligiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga däl, eýsem, ykdysady ösüşiň durnukly derejesine çykmaga, durmuş taýdan ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin şertleri üpjün etmäge, sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalary we anyk ädimleri işläp taýýarlamak boýunça wezipeleriň aýratyn wajypdygyny şertlendirýär.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi bellärliklidir, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar. Şeýle hem möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi. Olar aýry-aýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek pikirini tassyklady.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýaýbaňlandyrylan sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini we kuwwatynyň artýandygyny görkezdi. Sebitiň döwletleriniň ykdysadyýetleriniň pudaklarynyň üstünlikleriniň giň gerimli gözden geçirilişi täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak, däp bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary ulanmak we innowasion ykdysadyýeti döretmek boýunça işjeň tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri açdy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetiren giň gerimli serginiň esasy aýratynlygy döwrebap sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyndan ybarat boldy. Diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda şol tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Halkara sergide ýurdumyzyň pawilýony iň uly meýdany eýeledi. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli babatda ösen, kuwwatly ykdysadyýetli hem-de adamlaryň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna aýratyn ähmiýet berýän döwleti gurmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary aýdyňlyk bilen görkezildi.

Şol günlerde Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen beýleki möhüm çäreler, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly hem-de sebitiň döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti sebitiň halklarynyň has-da ýakynlaşmagy, olaryň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň giňden wagyz edilmegi üçin uly mümkinçilikleri açdy.

6-njy awgustda Awazada Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisleri geçirildi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, dostlukly döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň täze ýollaryny we görnüşlerini gözlemegiň wajypdygyny nygtadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar — Türkmenistanyň hem-de hyzmatdaş ýurtlaryň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk ygrarlydyklaryny beýan edip, doganlyk halklaryň bähbidine gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

10-njy awgustda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistanda täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi. Ýurdumyzyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň örän netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Taraplar 2020-nji ýylyň martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň amala aşyrylyşynyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ýerine ýetirilen işlere garadylar.

Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletler tarapyndan bellenilýän Hazar deňziniň gününe bagyşlanyldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde bilelikde guraldy.

Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, abraýly düzümleriň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işinde hyzmatdaşlyga degişli möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi. Çykyşlarda bu ulgamda sebitiň döwletlerinde alnyp barylýan köptaraplaýyn işler giňişleýin beýan edildi. Şeýle hem Hazaryň daşky gurşawyny goramak, deňziň biologik köpdürlüligini aýawly saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli ulanmak ulgamynda milli derejede geçirilýän işleriň esasy ugurlary hem-de netijeleri beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda halkara dialoga işjeň gatnaşmak bilen, şol gatnaşyklaryň yzygiderli, toplumlaýyn hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli tagallalary edýär. BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda hem bu gatnaşyklar uly ähmiýete eýedir.

15-nji awgustda Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşyk guraldy. Onuň barşynda dürli ulgamlarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, iki döwletiň diplomatik gulluklarynyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň 21-nji awgustda geçirilen nobatdaky mejlisiniň gün tertibine abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meseleleri girizildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň agzasy bolmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. BMG, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, Migrasiýa boýunça halkara gurama, Halkara zähmet guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bilen ynsanperwerlik ulgamy ýaly wajyp ugurda netijeli hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Ýaşlar syýasaty, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek meseleleri we beýlekiler özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy awgust aýynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek kümüş medal gazanyldy. Agyr atletikaçy Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 217 kilogram netije görkezdi we dünýä möçberindäki ýaryşda ikinji orny eýeledi.

21-nji awgustda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Watanymyzyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň türgenlerini hormatlamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna we Buýruklaryna laýyklykda, wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow tapawutlanan türgene hem-de onuň tälimçilerine dabaraly ýagdaýda döwlet sylaglaryny gowşurdy. Türgenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary netijeler sportuny ösdürmäge goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň dünýäniň sport giňişliginde abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

25-26-njy awgustda Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy. Daşary syýasat edarasynda geçirilen duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň we Pakistanyň ýakyn goňşymyz Owganystanyň içerki syýasy durnuklylygyna we howpsuzlygyna uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy hem-de iki ýurduň geçmişdäki tejribesini nazara almak bilen, sebitleýin gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi.

Onlaýn tertipde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň hem-de migrasiýa meselelerine jogap berýän guramalarynyň wekilleriniň 30-njy awgustda geçirilen gepleşikleri hem owgan meselesine bagyşlanyldy.

Taraplar Owganystandaky syýasy wakalary hem-de olaryň sebit durnuklylygyna we howpsuzlygyna edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bosgunlar we migrantlar bilen bagly ýagdaýlara garaldy, şol sanda sebit we halkara hyzmatdaşlygyň kabul ederlikli gurallaryna syn berildi. Bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistan bar bolan meseleleri diňe syýasy-diplomatik usullar we serişdeler arkaly parahatçylykly kadalaşdyrmagyň tarapdary bolmak bilen, goňşy ýurtda ýagdaýy çalt kadalaşdyrmak hem-de dünýä bileleşiginiň bu işe işjeň gatnaşmagy ugrunda çykyş edýär.

Ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, çylşyrymly ynsanperwer meseleleri çözmekde baý tejribe toplandygy hem-de halkara hyzmatdaşlary owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermegiň özara kabul ederlikli ýollaryny gözlemäge we ulanmaga çagyrýandygy nygtaldy.

Türkmenistan goňşy ýurduň ygtyýarly wekilleri bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary saklaýar, serhetýaka sebitlerde ýagdaýyň durnuklylygyny tassyklaýar hem-de ýük daşamalarynyň talabalaýyk hereketini hem-de özara ylalaşyklar esasynda iki döwletiň arasyndaky serhet nokatlarynyň işini goldamak babatda iş alyp barýar.

Awgust aýynyň ahyrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarly wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri we Akina gümrük nokadynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdylar. Serhetýaka etraplarda serhet, gümrük we fitoarassaçylyk gözegçiligini talabalaýyk amala aşyrmak bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, tomsuň soňky aýynyň wakalarynyň syny ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugruny hem-de möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleri yzygiderli amala aşyrýandyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň şol başlangyçlary dünýäniň ähli künjeklerinde hemmetaraplaýyn goldawa mynasyp bolýar we Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň köpugurly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40009

10.09.2021
Parahatçylygyň we ösüşiň taglymaty

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň bilim ulgamynda, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşynda taryhy waka bolup geçdi. Şol gün hormatly Prezidentimiz talyplardyr mekdep okuwçylary bilen duşuşyp, döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde nusgalyk okuw sapagyny geçdi. Munuň özi milli Liderimiziň ýokary ylmy-pedagogik we mugallymçylyk-halypalyk ussatlygyny açyp görkezmek bilen, Diýarymyzda ylym-bilime, ýaş nesillere döwlet derejesinde bildirilýän üns-aladany nobatdaky gezek tassyklady.

Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy sapagynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda çuňňur seljermä esaslanan garaýyşlar beýan edildi. Türkmenistan tarapyndan saýlanyp alnan oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň netijeliligi, onuň parahatçylygyň, dostlugyň hem-de doganlygyň dabaralanmagyna itergi berýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara beren öwüt-ündewleri, beýan eden binýatlyk garaýyşlary milli ösüşiň düýpli meselelerini öz içine almak bilen, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň, daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny hem açyp görkezdi. Durnukly ösüşiň özenini düzýän halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ykdysady özgertmeleri çaltlandyrmak baradaky strategik ýörelgeler mazmun taýdan esaslandyrylyp, Türkmenistanyň gatnaşmagynda energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda durmuşa geçirilýän iri sebit taslamalarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şolaryň hatarynda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşjak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli), TRASEKA geçelgeleriniň taslamalaryny, Akina — Andhoý, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça gurulýan demir ýollary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem biz durmuş taýdan ösüşi, ykdysady özgertmeleri üpjün edýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Düýpli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Häzirki wagtda kompýuterleriň, dürli görnüşli elektron enjamlardyr okuw-görkezme esbaplarynyň öz ýurdumyzda öndürilmegi Türkmenistanyň ösen industrial senagaty döredýändigine, öňdebaryjy, ýokary tehnologiýalary işjeň özleşdirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň zerurdygy barada aýdyp, şeýle diýdi: «Bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrýarys. Bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýäris. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar». Şunda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň ýokary netijeleri gazanmaga, önümçiligiň depginini güýçlendirmäge, ahyrky netijede bolsa halkyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Hormatly Prezidentimiziň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply elektron senagaty döretmekde hususy kärhanalaryň ornuny berkitmek barada aýdanlary bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman ösüşiniň tizligi maglumat jemgyýetiniň kämilleşmegi bilen kesgitlenilýär, ýagny maglumat bu gün hakyky öndüriji kuwwata eýe bolýar. Maglumat ulgamlarynyň kämilleşmegi esasynda adamzat jemgyýeti dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşaýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredilýär, täze pudaklardyr düşünjeler peýda bolýar. Döwrüň bu täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşýar. Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, milli Liderimiz ýaşlarymyza innowasion barlaglara işjeň gatnaşmagy, täze tehnologiýalary döretmegi, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galmazlygy wesýet etdi.

Umumy okuw sapagynda beýan edilen binýatlyk garaýyşlaryň biri-de halal zähmet hakyndaky düşünjäniň derwaýys derejä göterilmegidir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle diýdi: «Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlara şeýle sargyt edesim gelýär: beýik maksatlara ýetmek üçin zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun!». Şu ýerde zähmet düşünjesi örän giň manyny, ýagny tutuş halkymyzyň bir jan, bir ten bolup, agzybir zähmet çekmegini hem aňladýar. Munuň özi jemgyýetçilik ösüşinde gadymyýetden başlap, şu güne çenli adam zähmetiniň hemişe ilkinji nobatda durýandygyny subut edýär. Şeýlelikde, zähmetiň halal bolmagy, onuň ähli ösüşleriň, şol sanda ykdysadyýetiň we ýaşaýyş abadançylygynyň özeninde goýulmalydygy hakyndaky garaýyşlar çykyşyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

«Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär» diýýän milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasy hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde tutýan ornuny hem-de ähmiýetini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Täze transkontinental ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilmeginiň has tygşytly ýollaryny gözlemek boýunça oňyn başlangyçlaryň yzygiderli öňe sürülmegi we durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny dolulygyna açyp görkezýär.

Begenç KARAÝEW.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40007

10.09.2021
Bananlar düzüm-düzüm...

Bananyň biziň durmuşymyza aralaşanyna kän wagt geçenok. Has anygy, ol ilkinji gezek ak bazarlarymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde, dünýä ýurtlary bilen söwda gatnaşyklary ýola goýlandan soň peýda bolup başlady. Meger, onuň süýji tagamyny, ilki bolup, körpe nesil duýan bolsa gerek, çünki banan häzirki wagtda çagalaryň iň söýgüli nygmatyna öwrüldi. Indi şeýle nygmat öz ýurdumyzda ýetişdirilýär. Iki-üç ýyllykda gök bazarlarymyza bolluk bilen ýaýran düzüm-düzüm bananlary görüp, başda olaryň öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilendigine-de ynanyp bilmedik. Bu, yhlas etseň, bereketli türkmen topragynda dür öndürip bolýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Garaşsyz ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup banan ösdürip ýetişdirip, del tagamly bu nygmaty halkymyza hödürlän «Ferhar» hojalyk jemgyýeti Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýär. Telekeçiler etrabyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 1,32 gektar meýdanda döwrebap ýyladyşhana gurup, subtropik ösümligiň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşini ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdular. Döwrebap ýyladyşhana Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, bu işde daşary ýurtly hyzmatdaşlar türkmen telekeçilerine ýakyndan ýardam berdiler. Şeýle-de peýdalanylan köp sanly gollanmalar, internetden, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen özara hyzmatdaşlyk arkaly öwrenilen tejribeler öz miwesini berdi.

— Biz bu işe 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlap, 2019-njy ýylyň martynda bananyň ilkinji hasylyny aldyk. Onuň üçin ilki banan şitillerini ösdürip ýetişdirmegi ýola goýduk. Soňra olary hemişelik oturdyljak ýerine göçürip, ideg edip başladyk. Häzirki wagtda ýyladyşhanamyzda bananyň «Grand Nain» görnüşiniň 2 müňe golaý düýbi bar. Olara degişli agrotehniki işler awtomatik usulda ýerine ýetirilýär, ýagny degişli howany, ýagtylygy, çyglylygy saklamak, topragy zerur serişdeler bilen iýmitlendirmek, suw tygşytlaýjy enjamlar arkaly suwaryş işlerine kompýuter programmalarynyň kömegi bilen gözegçilik edilýär. Bu işleri hünärmenleriň ýedisi öz wagtynda we ýokary hilli alyp barýar. Subtropik ösümlik güneşli, yssy, çygly howany gowy görýär. Esasy aýratynlyklarynyň ýene-de biri, şitilini wagtynda oturdyp ýetişseň, ondan ýylda iki gezek hasyl alyp bolýar. Banan gülläp, hasyla durandan soň, 4-5 aýda doly bişip ýetişýär. Her düýpdäki hasyllylyk ortaça 35 — 40 kilograma ýetýär. Banan üzüm hoşalary ýaly, şahalarda düzüm-düzüm bolup, ýyglanda örän seresaplylygy talap edýär. Ony hünärmenlerimiz el bilen ýygyp alýarlar. Soňra arassalanyp, söwda nokatlaryna ugradylýar. Türkmen topragynda ösdürilýän bu datly nygmat paýtagtymyzdan başlap, ýurdumyzyň ähli künjegine ýaýradylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzy öz önümlerimiz bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli amal edilmegine goşandymyzdyr. Geçen möwsümde 60 tonna golaý banan aldyk. Bu möwsümde, ýagny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ony 70 tonna ýetirmegi meýilleşdirýäris. Munuň özi ýakyn günlerde ýurdumyzda uludan belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý saçaklaryny bezär — diýip, «Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň öndüriji inženeri Rejepgeldi Täşliýew gürrüň berýär.

Bu subtropik ösümlik bilen gyzyklanyp, internet sahypalaryna ýüzlenenimizde, häzir onuň dünýäniň 135 döwletinde ösdürilip ýetişdirilýändigi baradaky maglumata gabat geldik. Iň köp ekilýän hem eksport edilýän ýeri Hindistan we Hytaýdyr. Özem, biziň bilýänimiz onuň ýekeje görnüşi, dünýä ýüzüne ýaýran görnüşleri bolsa müňlerçedir. Reňkleriniň köpdürlüligi hem ünsüňi çekýär, geň galaýmaly, asyl onuň diňe sary däl, gyzyl, ýaşyl, ak, hatda asman reňklisi-de bar eken. Banan köpýyllyk, gadymy ekinleriň biri bolup, kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, sink, demir ýaly onlarça ýokumlara, minerallara örän baý hasaplanýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ol keýpiňi çaglap, ýüzüňi nurlandyrýar. Bedenden artykmaç suwuklyklary bölüp çykarýar, gan basyşy peseldýär. Ýürek damarlaryny berkidýär, onuň urşuny kadalaşdyrýar, iýmit siňdirmekde peýdaly. Lukmançylykda bananyň gülüniň bronhit, aşgazan-içege kesellerinde, nerw bozulmalarynda, ýapragynyň ýanygy, deri ýaralaryny bejermekde, köküniň ganazlykda peýdalydygy barada hem aýdylýar. Şeýle-de lukmanlar ukusyzlyk ýüze çykan halatynda, ýatmazyňdan bir-iki sagat öň, banan iýmegi maslahat berýärler.

Banan tebigy serişde hökmünde kosmetikada hem giňden ulanylýar. Ol dyrnaklaryň berkemegine, saçyň gür ösmegine oňyn täsir edýär, bananyň gabygy bedendäki siňňilleri aýyrýar. Bu subtropik ösümlik diňe terligine däl, kakadylan, gaýnadylan, marinada ýatyrylan görnüşde-de peýdalanylýar. Çaga iýmitleri, kofe, doňdurma, şerbet taýýarlananda, banany giňden ulanýarlar. Şeýle-de banan tortdur işdäaçarlara üýtgeşik tagam berýär.

...Her biriniň boýy 6-7 metre ýetýän banan ösümligi döwrebap ýyladyşhana birenaýy görk berýär. Düzüm-düzüm bolup, şahalaryna agram berip duran bananlary görseň, gözüň dokunýar. Işewürlerimiziň yhlasly zähmetine guwanjyň artýar.

Keýik UMAROWA.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40000

10.09.2021
Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly ösüşler bilen barýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar, ösüşiň täze sepgitlerine ýetilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş eden bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjekleri ösýär we özgerýär. Ykdysady taýdan kuwwatly döwletde şäherleriň we obalaryň ösmegi, özgermegi bolsa, adam hakyndaky aladadan nyşandyr. Adamlaryň ýaşaýşy, döredijilikli zähmeti, bagtyýar geljegi döwletimiziň alyp barýan işleriniň baş ugry bolup durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanýan şu şanly ýylymyzda hem ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde iri desgalar, ýaşaýyş jaýlar ulanylmaga berildi. Eziz Diýarymyzyň Lebap, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda bolsa «Türkmeniň ak öýi» binasy açyldy. Bularyň hemmesi halkymyza toý sowgady bolup, baýramlarymyzyň dabarasyny has-da belende göterdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz täze ösüşleriň, hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň dünýä ýaýylýan ýyly bolup, ýurdumyzyň ösüşiniň, halkymyzyň durmuşynyň şanly wakalary bilen baýlaşýar. Maksatnamalaýyn alnyp barylýan işler ykdysady ösüşimizi has-da berkidýär, geljekki ösüşleri üpjün edýär. Şunda oýlanyşykly alnyp barylýan her bir işiň ýurdumyzyň ösüşlerine, halkyň abadançylygyna gönükdirilendigini aýratyn bellemeli.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri abadan durmuşyň döwrüdir. Biz muny her bir işde, durmuşymyzyň her bir pursatynda duýýarys. Toýlarymyzyň toýlara ulaşmagy, baýramçylyga sowgatly barylmagy, täze ajaýyp binalaryň gurulmagy hakyky bagtyýarlygyň nusgasydyr, belent derejesidir. Şeýle mysallary durmuşymyzdan näçe diýseň tapyp bolýar. Bagtyýar maşgalalaryň jaýly bolmaklary hem bagtyýarlykdan nyşandyr. Bu bagtyýarlygyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz halkyň eşretli durmuşy üçin beýik işleri durmuşa geçirýär.

Şeýle ägirt uly işler häzirki döwrüň iň täze mümkinçiliklerine, döwrebaplygyna eýe bolup durýar. Häzirki wagtda «akylly öýleriň» hem bina edilýändigini bellemegimiz gerek. Ynha, şu ýylymyzda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly senesinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşyp, ak pata bermeginde paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze bina ediljek «Aşgabat-city» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Paýtagtymyzyň görküne görk goşjak hem-de onuň owadan künjekleriniň birine öwrüljek «Aşgabat-city» iň döwrebap şäher gurluşyk ölçeglerine laýyklykda bina ediler. Bu ýerde guruljak her bina «akylly şäher» ýokary amatlyklara esaslanar. Gurluşyk işleriniň, ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyryljakdygy hem aýratyn bellärliklidir. Görnüşi ýaly, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ösüşiň iň döwrebap ugurlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki döwrüň iň ösen ugry bolan sanly ulgam biziň durmuşymyzda, ösüşlerimizde aýdyň bolýar. Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem uly dabaralara besläp garşylarys. Hawa, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly binalar, şol sanda, kaşaň myhmanhanalar, söwda we hyzmatlar toplumlary, beýleki dürli maksatly desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça desgalaryň gurluşygy amala aşyrylanda, olarda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagy adamlar üçin zerur amatlyklary üpjün etmekde örän bähbitli bolar.

Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary — bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Şeýle ösüşleriň hemmesi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin gönükdirilendir. Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş maksatly beýik işler amala aşyrylýar.

Ykdysady ösüşli şeýle kuwwatly döwletde, ilkinji nobatda, adam hakynda alada edilýär, geljekki nesillere niýetlenen beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlary, orta mekdepler, çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär. Ýerlerde bolsa täze obalar, oba ýerlerinde medeniýet öýleri we birnäçe desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, geljek nesillerimiziň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylan beýik işlerdir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap ýaşaýyş jaýlar ýurdumyzyň ähli ýerinde ulanylmaga berildi. Ol jaýlar özleriniň amatlylygy, ähli şertleri bilen tapawutlanýar. Elbetde, şeýle amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we halkyň eşretli durmuşyna gönükdirmek ýurdumyzyň ykdysady taýdan örän kuwwatlylygynyň alamatydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip belleýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Şu döwürde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär. Munuň özi nurana geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny, nesillerimiziň bagtyýarlygyny üpjün edýär. Türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş eden, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Esen HOJAGULYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň öwreniji-mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39964

10.09.2021
Ýokary hilli we ygtybarly önümler

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti şanly baýramy mynasyp sowgatlar bilen garşylaýar Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Bu gün milli öndürijilerimiziň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem göz ýetirip bolýar.

2008-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti döwlet tarapyndan bölünip berlen ýer böleginden we karz serişdelerinden netijeli peýdalanyp, gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýada iň iri senagat toplumlarynyň birini döretmegi başardy. Häzirki wagtda «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik toplumlarynyň 3-sinde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Olaryň birinjisi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän polipropilenden we polietilenden öý hojalygy üçin zerur önümleri öndürýän önümçilik kärhanasydyr. Ikinjisi hem ýene şol ýerde 2017-nji ýylda ulanyşa berlip, keramika we sanfaýans önümlerini öndürýän «Derýakeramika» kärhanasydyr. Üçünjisi-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ulanyşa berlen «Ýylyderýa» önümçilik kärhanasy bolup, onda turbalaryň we suw gyzdyryjy enjamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar.

Senagatda we telekeçilikde baý tejribe toplan «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşli önümleriň 1200-den gowrak görnüşini öndürýär. Şolaryň hatarynda polietilen, polipropilen önümleriniň dürli görnüşleri, plastikden taýýarlanylýan agyz suw we lagym turbalary, olaryň birikdirijileri, şeýle hem asma potoloklar, penjireler, gapylar, profiller we beýlekiler bar. Bu önümler hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde açylyp, ulanyşa berlen işewürlik toplumynyň çägindäki söwda dükanynda alyjylara hödürlenilýär.

Bizem ýakynda «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanalarynda bolup, olarda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyk. Bu ýerde bizi hojalyk jemgyýetiniň iş dolandyryjysy Hojaguly Muhammetnurow garşylady. Ol:

«Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanyp, hojalyk jemgyýetimiziň agzybir işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini üstünliklere beslemek hem-de ýurdumyzyň depginli ösüşlerine goşant goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň kärhanalarynda ähli işler awtomatlaşdyrylan görnüşde ýola goýlup, olarda Italiýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr. Hojalyk jemgyýetimiziň ýokary hilli önümleri diňe bir içerki bazarda satylman, eýsem, goňşy döwletleriň ondan gowragyna eksport edilýär» diýip, kärhananyň işi bilen tanyşdyrmaga başlady.

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän ilkinji gurlan önümçilik kärhanasynda işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Bu ýerde polipropilenden we polietilenden öý hojalygy üçin zerur önümleri, agyz suw hem-de lagym turbalary, şeýle hem olaryň birikdirijileri ýaly dürli görnüşli önümler öndürilýär. Toplumyň düzümindäki «Derýakeramika» kärhanasynda hem ýokary hilli sanfaýans önümleri öndürilýär. Bu ýerdäki ammarlara önümçilik üçin gerekli çig mallar ýurdumyzyň dürli ýerlerinden — Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan kwars çägesi, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan pegmatit daşy, Balkan welaýatyndan kaolin gumy getirilýär. Çig mallar ammarlardan alnyp, terezilerde çekilenden soň, ýörite konweýerler arkaly degirmenlere eltilýär. Olar degirmenlerde 10 sagat garylyp, palçyk alynýar we ýörite howuzlara guýulýar. Howuzlarda bir hepde ýatyrylyp, demini alan palçyk barlaghanada barlanandan soň, guýma bölümine iberilýär. Bu ýerde palçyk galyplara guýlup, oňa şekil berilýär. Soňra onuň üstünde işlenilip, ölçeglere görä zerur ýerleri deşilip, arassalanandan soň, guratmak üçin 95ᴏC gyzgynlykda 12 sagatlap galdyrylýar. Soňra olar arassalaýyş bölüminde tekizleme we tämizleme tapgyryny geçýär. Şondan soň, syrçalama bölüminde syrça sepilip, gaýtadan işlenilýär. Syrça sepilen önümler peç bölüminde, takmynan, 1200ᴏC gyzgynlykda 24 sagadyň dowamynda bişirilýär.

Taýýar önümler hil barlagyndan geçirilenden soň, zerur enjamlar bilen üpjün edilýär we gaplara gaplanyp, söwda nokatlaryna iberilýär. Bu kärhanada bir gezekde 1500 şertli önüm taýýarlamaga mümkinçilik bar.

Hojalyk jemgyýetiniň şu ýyl Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ulanyşa berlen «Ýylyderýa» önümçilik kärhanasy 13 gektar meýdany eýeläp, sebitiň iri önümçilik toplumlarynyň hataryna girýär. Bu ýerde jemi üç seh bolup, olarda 20 — 630 mm aralykdaky ölçegleri bolan turbalar, 30 — 300 litr aralygyndaky göwrümde suw gyzdyryjylar hem-de beýleki önümler öndürilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümler goňşy ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Önümçilikde peýdalanylýan çig malyň esasy bölegi hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen Gyýanly polimer zawodyndan getirilýär.

«Ýylyderýa» önümçilik kärhanasynda plastik önümleriniň 800-e golaý görnüşi, turbalaryň we birikdirijileriň hem köp görnüşleri öndürilýär. Kärhanadaky enjamlar yzygiderli täzelenip, önümçiligiň innowasion usullary peýdalanylýar. Bu ýerde öndürilýän önümleriň arasynda köp gatly «ümsüm» suw turbalary, tygşytly suwaryş üçin niýetlenen turbalar we ýeriň şoruny özüne çekip alýan innowasion turbalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Kärhanada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda ilkinji gezek öndürilip başlanan suw gyzdyryjy enjamlar (boýlerler) daşary ýurt harytlary bilen mynasyp bäsleşmäge ukyply. Suw gyzdyryjy enjamlaryň içki we daşky demir bölekleri bitewi demir listinden gerekli ölçegde kesilip alnyp, ýörite kompýuterleşdirilen enjamyň kömegi arkaly aýlaw görnüşe getirilýär. Soňra içki gatlagy argon kebşirlemesi bilen kebşirlenilip, gyzgyn hem-de sowuk suwuň girýän we çykýan ýerleri taýýarlanylýar. Şondan soň, enjama aýaklar birikdirilip, ýokary basyşyň kömegi bilen onda kemçilikleriň bardygy ýa-da ýokdugy ýüze çykarylýar. Synagdan geçen içki gatlagyň ömrüniň uzak bolmagy üçin, ol iç ýüzünden ýörite syrça bilen syrçalanyp, 250ᴏC gyzgynlykda bişirilýär. Şondan soň bolsa, içki bölek bilen daşky bölek birikdirilip, elektrik we sazlaýjy bölekleri dakylýar. Doly taýýar bolan önüm ammarlara we söwda nokatlaryna iberilýär.

Önümçilik kärhanalary bilen tanyşlykdan soň, söhbetimiz halkara hyzmatdaşlygy barada dowam edende, hojalyk jemgyýetiniň iş dolandyryjysy Hojaguly Muhammetnurow şeýle gürrüň berdi: «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerdir ýarmarkalara işjeň gatnaşyp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny yzygiderli subut edip gelýär. Şu ýylyň 6-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi hem bu hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Sergide hojalyk jemgyýeti öz alyp barýan işlerini, döwrebap önümçiliklerini we ýokary hilli önümlerini goňşy ýurtlaryň işewür düzümlerine tanyşdyryp, birnäçe özara bähbitli ylalaşyklary gazanmagy başardy».

Bu günki gün türkmen telekeçileri importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, hereket edýän önümçilik düzümlerini kämilleşdirmek hem-de senagat üçin zerur çig mallaryň üpjünçiligini ýokarlandyrmak ugrunda döwlet bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti hem Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň durkuny täzelemek hem-de bilelikdäki «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça taslama işjeň gatnaşýar. Bu kärhananyň durkunyň täzelenmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän çig mal üçin harçlanylýan serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şeýle möhüm işlere hususy işewürleriň gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden täze üstünlikleri nazarlaýan türkmen telekeçileriniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýandygynyň subutnamasydyr.

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri häzirki bagtyýar zamanada döredijilikli işlemäge we halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyny alkyşa besleýärler. Hususy telekeçiler mundan beýläk hem halal we tutanýerli zähmet çekip, Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine goşant goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynandyrýarlar.

Ahmet GELDIÝEW,

«Watan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39628


10.09.2021
Dünýä uzaýan ýollar

Türkmenistan döwletimiz Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr gatnawlaryny amala aşyrmak kuwwatyna eýedir. Bu babatda halkymyzyň we sebitiň hem-de dünýä döwletleriniň bähbitlerine laýyklykda doly we netijeli peýdalanmakda uly tutumly işlere badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň saýlap alan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýar. Ýurdumyz sebitde ynanyşmak esasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Türkmenistan ählumumy ösüşiň ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň tagallalaryny birikdirmäge-de mynasyp goşandyny goşýar.

Golaýda hormatly Prezidentimiz sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Balkan welaýatynda iş saparynda boldy. Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsine baryp gördi. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam edýär. Türkmenistan Watanymyz Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň barşynda ulag desgasynyň we aýlagyň şahasy bilen tanşyp, täze köprini gurmak, oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynda ulanylýan tebigy serişdelere baý bolan Garabogaz aýlagynyň himiki gorlaryny we tebigy aýratynlyklaryny ylmy taýdan düýpli öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň bu ulgamda işleýän hünärmenler bilen bilelikde zerur işleri geçirmelidigini hem belledi.

Garabogaz aýlagynyň üstünden täze köpriniň hem-de oňa barýan ýoluň durkunyň täzelenmegi, ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini giňeltmäge hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Köprä barýan ýol, ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna biriger. Netijede, bu köpri Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiz hut şol artykmaçlyklary göz öňünde tutup, ýurdumyzyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulmagy, Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk —–Günorta ugurlary boýunça ýollaryň birleşdirilmegi, degişli düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilmegine gönükdirilen döwletara üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, Ýewraziýa ykdysady zolaklarynyň birleşdirilmegi Aziýa–— Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykalgany üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» ulag geçelgesini (TRASEKA) gurmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyny amala aşyrmagy, tutuş dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistik guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün eder. Munuň üçin bolsa, ulagyň ähli görnüşleriniň, ýagny awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Şol maksatnamalaryň çäginde ýurdumyzyň ulag ulgamynyň düzümi kämilleşdirilýär, halkara ülňülere laýyk gelýän ýokary tizlikli awtoulag ýollary çekilýär, demir ýollar, täze howa menzilleri, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Olar diňe ýurdumyzyň sebitlerini däl, eýsem, goňşy döwletleri hem baglanyşdyrýar. Ýolagçy we ýük gatnadýan ulaglaryň üsti täze döwrebap görnüşleri bilen yzygiderli ýetirilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit hem-de sebitara logistik ulgamlary döretmek, Merkezi Aziýa bilen Ýewropany, Hazar, Gara deňizleri, Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen bu taslamalar häzirki taryhy eýýamda döwletara söwda-ykdysady, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýolunyň gurulmagy-da, bu ugurda goňşy döwletleriň tagallalarynyň üstünlikli birleşdirilmeginiň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda bu ýol sebit we halkara ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz ýokarda agzalan iş saparynyň dowamynda, şeýle hem Hazar sebitiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady we Hazaryň sebitleýin logistika merkezini döretmek pikirine ünsi çekdi. Bu merkez, Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça (Lapis Lazuli) täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we netijeli ulanmak ulgamynda goňşy döwletleriň bilelikdäki işini utgaşdyrýan düzüm bolmalydyr.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işi bilen tanyşdy hem-de sebitiň esasy üstaşyr ulag merkezine öwrülen portuň işine dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de toplumyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Özüniň üstaşyr ýük geçirijiligi hem-de döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşy babatda birnäçe halkara güwänamalaryna mynasyp bolan bu toplum Türkmenistanyň yklymara ulag-logistik merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýan Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ählisi üçin şanly waka öwrüldi. Häzirki döwürde Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini üpjün edýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzili Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagyny şertlendirýän wajyp logistik merkez bolmak bilen, port düzümi ulgamynda iň gowy tejribäni özünde jemleýän Halkara deňiz menzili ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Bu deňiz derwezesiniň üsti bilen ýurdumyzyň önümleri dünýä bazarlaryna bökdençsiz iberilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýedir.

Şöhrat MÜLKIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39777

09.09.2021
Bedew bady — beýik maksatlaryň binýady

Gahryman Arkadagymyz Akýol behişdi bedewi bilen ak ýollara uzaýan toýlara rowana boldy

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmatlary bardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyrlar, ondan güýç-kuwwat hem ruhubelentlik alypdyrlar. Olar halkymyzyň gündelik durmuşynda we baýramçylyklarynda, däp-dessurlarynda, halk döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar.

Häzirki günlerde hem at çapyşyklary, at üstündäki milli oýunlar halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralarynda at çapyşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Atçylyk sportunyň dürli görnüşleri giňden bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülýär.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan we şöhratly türkmen seýisleriniň, atşynaslarynyň yhlasyndan kemal tapan behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy, atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belleýär.

Milli Liderimiziň ähli özgertmeleriniň, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň özenini halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk milli gymmatlyklaryny geljek nesillere ýetirmek hakyndaky alada düzýär. Atçylyk sporty bilen meşgullanmak jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Türkmen halkynyň durmuşynda atçylyk sporty uly meşhurlyga eýedir. Çünki Türkmenistan gözelligi, ajaýyplygy we ýyndamlygy bilen belli bolan, şeýle hem sport başarnyklary arkaly tapawutlanýan ahalteke bedewleriniň watanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýelden ýüwrük bedewlere sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, atçylyk sportunyň milli we beýleki görnüşleri, hususan-da, konkur sporty üstünlikli ösdürilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, asylly däbe görä, behişdi bedewleri bilen didarlaşyp, Akýol atly bedewde birsellem gezim etdi.

Taryhyň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösmegine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň nusgalyk ýörelgelerini, özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, ony artdyrmak hem-de giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şöhratly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklaryny geljek nesillere ýetirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününe ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçen umumy sapagynyň dowamynda halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary we olaryň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol taryhy çykyşynda “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly kitaplarynda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandy, nusgawy gymmatlyklaryndan söz açandygy barada belledi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýýandygynyň aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň güýz paslynyň ilkinji, jana tenekar, hoştap howaly günlerinde Akýol atly ajaýyp bedew bilen gezim etmegi, bedewiň özboluşly syn-sypaty häzirki döwrüň okgunly ösüşleriniň beýanyny emele getirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi netijesinde milli atçylyk pudagy ösüşiň täze derejesine çykdy. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary, aýlawlar gurlup ulanmaga berildi. Olarda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli atşynaslyk ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Şeýlelikde, atçylyk sporty, at çapyşyklary bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany yzygiderli artýar.

Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz ýurdumyzda milli atşynaslyk sungatyny we sportuny yzygiderli ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Türkmen atşynaslary bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça ägirt uly işleri bitirýärler. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geljekde hem ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmaga, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şol bir wagtyň özünde atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga döwlet tarapyndan möhüm ähmiýet berler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlary ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere özboluşly bezeg berýär. Häzirki döwürde bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” ençeme gezek iri halkara gözden geçirişleriň hem-de sirk sungaty festiwallarynyň abraýly baýraklarynyň eýesi boldy.

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde bedewlerimiz hem-de türkmen atly jigitleri daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň ýeňijileri boldular. Biziň atly jigitlerimiz Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda we beýleki ýurtlarda üstünlikli çykyş etdiler.

Halkymyzyň ençeme müňýyllyk taryhy ýelden ýüwrük ahalteke bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gadymy döwürlerden bäri şahyrlar hem-de sazandalar öz eserlerinde bedewe söýgini, onuň wepadarlygyny, gözelligini, düşbüligini, ýyndamlygyny wasp edip gelýärler.

Suratkeşler, heýkeltaraşlar, zergärler we beýleki sungat ussatlary bedewleri şekillendirmek bilen, diňe bir tebigatyň bu ajaýyp gözelligini däl, eýsem, türkmen halkynyň ussatlygyny hem-de zehinini ebedileşdirýärler. Sebäbi şunuň ýaly kämil bedewleriň tohumyny kemala getirmek ençeme nesilleriň döredijiliginiň, biliminiň, sabyr-takatlylygynyň hem-de egsilmez döredijilik mümkinçilikleriniň netijesidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiligiň we gülläp ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň, halkymyzyň döredijilik paýhasynyň, milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

Arkadag Prezidentimiziň ahalteke bedewlere bagyşlap döreden ajaýyp eserlerinde halkymyzyň guwanjyna öwrülen bedewleriň taryhyna, gözelligine we dünýädäki abraýyna bagyşlanan maglumatlar öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň we dünýä okyjylarynyň söýgüli eserleri bolan şol kitaplarda pederlerimiziň yhlasyndan we zehininden kemal tapan hem-de şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň her bir güni taryhy ähmiýetli şanly wakalara, ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Şu günler ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak maksady bilen, giň gerimli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde baýramçylyk at çapyşyklaryna we atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerine aýratyn orun berler. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklary bolan at çapyşyklary, atçylyk sporty bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadamlary bedew badyna deňelýär. Munuň özi güneşli Diýarymyzda asylly işleriň we milli ýörelgeleriň ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary bilen utgaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa ösüşiň belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň durmuşynyň her bir pursadynyň ähmiýetli wakalara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Arkadag Prezidentimiziň ajaýyp Akýol atly bedewe atlanmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýar durmuşynyň dowamata atarylýandygyny aňladýar. Bu görnüşler tutuş türkmen iliniň ruhuny göterip, halkymyzy täze ýeňişlere, ajaýyp zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39874

09.09.2021
Tehnologik ösüş — bäsdeşlige ukyplylygyň şerti

Häzirki döwürde ýurdumyz örän uly tehnologik ösüşi başdan geçirýär. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonda öňdebaryjy düzüm böleklere ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, ýerlerdäki işleriň kompýuterleşdirilmeginde iň oňat dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegine bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan we üstünlikli durmuşa geçirýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzyň tehnologik taýdan durnukly ösüşiniň möhüm guralydyr. Şeýlelikde, ýerli serişdeler we önümçilik kuwwatlyklary esasynda ykdysady ösüş yzygiderli ilerledilýär. Ähli pudaklara häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, innowasiýalar diňe bir tehnologiýalary ornaşdyrmaga däl, eýsem, ähli ugurlaryň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna esaslanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň esasy ugruny kesgitleýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan oýlanyşykly, giň gerimli döwlet syýasaty bilen baglylykda, bu ulgamy düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Soňky ýyllarda “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we onuň goraglylygy hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilendigini bellemelidiris.

Sanly ykdysadyýetiň işjeň ornaşdyrylmagy bu ugurda ýokary derejeli, öz hünärinden kämil baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlygyna bolan möhüm talaby hem öňe çykarýar. Gahryman Arkadagymyz 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy okuw sapagynda: «Bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrýarys. Bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýäris. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar» diýip belledi. Täze tehnologiýalaryň özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyz dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşýar, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply önümçilikler işe girizilýär.

Milli Liderimiziň dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyzyň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygy, täze tehnologiýalary döretmelidigi hakyndaky sargytlaryndan ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde olaryň sanly innowasiýalar dünýäsinde kämilleşmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ýerde «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti hereket edýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlary hem-de ýaş hünärmenleri bu ýerde innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy, maglumat hem-de kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçilikleridir taslamalaryň üstünde işleýärler. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň derwaýyslygyna, ideýasynyň özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, maglumat merkezleriniň işini kämilleşdirmekde, «akylly» şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belleýär. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyklaryny, olaryň ylmy işlerini peýdalanmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtaýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işlerinde, bilim ulgamynda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek we täzeçil usullary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde, ähli ýerlerde diýen ýaly «akylly» şäher konsepsiýasyna aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň «E-mekdep», «Onlaýn market», «Wirtual himiýa tejribehanasy», «Elektron test ulgamy», «Zehinlije», «Binalaryň 3D görnüşli şekili», «Interaktiw kitap», «Ylham seýilgähine wirtual syýahat», «Aşgabat şäheriniň awtobus ugurlary», «Awtomatlaşdyrylan awtoduralga», «Akylly» öý ulgamy», «Innowasion şäherde AI taslamalaryny ornaşdyrmak», «Wideo ýazgylaryň kömegi bilen şahsyýetler barada maglumat almak», «Onlaýn görnüşde «Bilim» žurnalyna abuna ýazylmak», «Çagalar baglaryna onlaýn resminama tabşyrmak», «Çagalara 4 dilde elipbiý öwretmek», «Kafe», «Dünýä dillerini öwrediji programma üpjünçiligi», «Söwda we hyzmatlar ulgamyny awtomatlaşdyrmak», «Tiz kömek» ulgamy», «Elektron hasabat ýöretmek üçin programma», «Maglumatlar», «Reýting programma üpjünçiligi» ýaly taslamalary yhlasly gözlegleriň miwesidir.

Şulardan görnüşi ýaly, institutymyzda talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, talyplary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmek, innowasion tehnologiýalary okuw işlerine giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bilim ojagymyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak, maglumat ulgamlaryny netijeli dolandyrmak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly dürli meseleleri öz içine alýar.

Giň gözýetimli, Watana wepaly ýaşlary ýetişdirmekde döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.

Esen HOJAGULYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39867

09.09.2021
Harmanyňa bereket, pagtaçy!

Düýn — 8-nji sentýabrda ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi. Il sylagly ýaşulularyň ak patasy bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümine badalga berildi.

AHALDA

145 müň gektarda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, şondan 280 müň tonna pagtany Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna goşmagy maksat edinýän gadymy Ahal ýaýlasynyň oba zähmetkeşleri pagta ýygymyna ykjam taýýarlykly geldiler. Ahally «ak altyn» ussatlary, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryşy ýaly, il içinde uly hormatdan peýdalanýan dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler.

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde şanly ýylyň gowaça hasylynyň ýygymyna girişilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatda birkemsiz ýetişdirilen gymmatly baýlygy isripsiz Watan harmanyna tabşyrmak, pagta arassalaýjy kärhanalarda, harmanhanalarda we hasyly daşaýan tehnikalarda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, möwsümiň dowamynda daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, möwsümiň dowamynda täze hasyl welaýat boýunça elektron tereziler bilen üpjün edilen pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 21-sinde, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 8-sinde kabul ediler. Pagta kabul ediş nokatlarynda pagta basyrylýan meýdançalaryň 546-sy bolup, olaryň ählisi hem möwsüm üçin doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi.

Möwsümde kuwwatly «John Deere» kombaýnlarynyň 259-synyň, iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 114-siniň hyzmatyndan peýdalanylar. Hasyly pagta kabul ediş nokatlaryna daşamakda tehnikalaryň 2236-sy, şol sanda, awtoulaglaryň 679-sy, traktorlaryň 523-si we olaryň tirkegleriniň 1034-si bökdençsiz işlediler.

Maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynyň gowaçaly atyzlarynyň golaýyndaky meýdança geldiler. Giň meýdança hakyky zähmet baýramçylygyny ýatlatdy. Döwlet Baştutanymyzyň daýhanlara gymmatly sowgady bolan pagta ýygyjy kombaýnlaryň, beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň, gowaça hasylyny kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşjak awtoulaglaryň seteran hatarlaryny synlamak hemmeler üçin ýakymly boldy.

Dili senaly ýaşulularyň «Bismilla» bilen pagta ýygymyna badalga bermekleri dabaranyň iň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Esasy sahnada welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren çykyşlarynyň owazy has alyslara ýaň saldy.

Tejen etrabynyň «Altyn asyr» pagta arassalaýjy kärhanasynyň öňündäki giň meýdança ýygnanan ildeşlerimiz üsti «ak altynly» awtoulaglaryň we traktorlaryň kerwenini uly şowhun bilen garşyladylar. Şeýlelikde, şanly ýylymyzyň gowaça hasylynyň ilkinji tonnalary kabul edilip, gymmatly baýlyk kämil enjamlarda arassalanylyp başlandy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).

BALKANDA

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek baradaky ak patasyndan ruhlanyp, Balkan welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahatda yhlas siňdirilip ýetişdirilen «ak altynyň» bitginli hasylyny ýitgisiz ýygnamaga öz wagtynda girişmek, ýygymy agrotehniki talaplara laýyk geçirmek, möwsümiň dowamynda tehnikalaryň gije-gündiz bökdençsiz işledilmegini gazanmak ýaly derwaýys meseleler boýunça pikir alşyldy. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ekerançylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Pagta ýygymyna girişilmegi bilen baglanyşykly dabaralar welaýatyň Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň bereketli gowaça meýdanynyň töwereginde ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde sebitiň tanymal bagşy-sazandalarynyň, şeýle-de welaýat döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň daýhançylyk kesbine degişli taýýarlan edebi-sazly çykyşlary has-da täsirli boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň sargydyna eýerilip, asylly däbe görä, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, pagta ýygymyna girişildi. Jogapkärli möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlara erk etjek kombaýnçylar iki çalşykda işläp, ýygymyň agrotehniki möhletde geçirilmegini gazanarlar. Ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary möwsümiň dowamynda iş üstünde bolup, ýygym döwründe bökdençligiň ýüze çykmazlygyny üpjün ederler.

Bereketli Balkan topragyndan ýygnalan «ak altynyň» ilkinji tonnalary awtoulag kerweni arkaly welaýatyň Serdar şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanasyna ugradyldy. Ilkinji awtoulag kerweni döwrebap aýdym-sazlar bilen garşylandy we täze hasylyň ilkinji tonnalaryny arassalamak işlerine girişildi.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).

LEBAPDA

Pagta ýygymynyň ilkinji güni welaýat häkimliginde geçirilen maslahat bilen başlandy. Maslahatda nygtalyşy ýaly, tohum sepilen 130 müň gektar ýerden şu ýyl 320 müň tonna «ak altyn» almak meýilleşdirilýär. Hasabatlarda berlen maglumatlar welaýatda bu möhüm oba hojalyk möwsümine ählitaraplaýyn taýýarlyk görlendigini görkezýär. Möwsümiň dowamynda ähli işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyna berk gözegçilik ediler. Medeniýet işgärleri bolsa ýygymçylaryň armasyny ýetirip, arakesme wagtlarynda ýerlerde ýörite çykyşlar gurarlar.

Maslahat tamamlanandan soňra, Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň «ak altynly» meýdanynda geçirilen dabara bilen, welaýatda pagta ýygymyna badalga berildi. Patrak ýaly açylan atyzyň golaýynda pagta ýygyjy kombaýnlar hatara goýlupdyr. Şu ýyl olaryň 308-sini pagta meýdanlaryna çykarmak göz öňünde tutulýar. Olaryň 218-si Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere», galan 90-sy bolsa Özbegistanyň «MX 1,8» kysymly kombaýnlarydyr.

Dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, ilkinji hanalar ýygyldy. Az salymdan bolsa kuwwatly tehnikalaryň bunkerlerine täze hasylyň ilkinji tonnalary ýygnanyp başlady.

Şu ýyl welaýatda hasyl daşamak işine «Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşigine, häkimliklerdir daýhan birleşiklerine we ýerlerdäki edara-kärhanalara degişli awtoulaglaryň köp sanlysy gatnaşar. Bu işde traktorlaryň hyzmatyndan hem giňden peýdalanylar.

Şu ýylky hasyl harmanhanalaryň 46-synda, pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň 11-sinde kabul ediler. Eýýäm ilkinji tonnalaryň gelip gowuşmagy bilen, pagtany gaýtadan işleýän kärhanalardaky işleriň depgini artdy.

Mahlasy, welaýatda pagta ýygymynyň hysyrdyly günlerine badalga berildi. Lebaply pagtaçylar öňlerinde duran 320 müň tonnalyk sepgit üçin yhlasly işe girişdiler.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).

MARYDA

Oba hojalygynda iň bir jogapkärli möwsüm hasaplanýan pagta ýygymyny üstünlikli geçirmek, köp azap siňdirilip ýetişdirilen hasyly ýagyş-ýagmyra galdyrman, gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, Mary welaýat häkimliginde ýörite maslahat geçirildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda şu ýyl welaýat boýunça 180 müň gektarda gowaça ekişiniň geçirilendigi hem-de bereketli hasylyň ýetişdirilendigi buýsanç bilen bellenilip geçildi. Welaýatyň agrosenagat toplumynyň işgärleri, pagtaçy kärendeçileri möwsüme ýokary derejede taýýarlykly geldiler. Möwsüme taýýarlanylan kuwwatly tehnikalar ýetişdirilen gowaça hasylyny gysga möhletde ýygnap almakda daýhanyň hakyky daýanjy bolar.

Maslahatdan soňra welaýatyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň «ak altynly» meýdanynda il sylagly ýaşulular «Bismilla» bilen, pagta ýygymyna badalga berdiler. Bu ýerde pagta ýygymyna başlanmagy mynasybetli toý dabarasy hem geçirilip, onda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlary çykyş etdiler.

Soňra «ak altynyň» täze hasyly ýüklenen kuwwatly ýük awtoulaglarynyň uzyn kerweni Gahryman Arkadagymyzyň Sakarçäge etrabynda gurduryp beren, her ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhanasyna geldi. Bu ýerde medeniýet, sungat işgärleri, ussat aýdymçylar, aýdym-saz, tans, folklor toparlary çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlarda, tanslarda we beýleki sahna çykyşlarynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz, hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk beýik başlangyçlary, hasyl ussatlarynyň päk zähmeti belentden wasp edildi.

Harmanyňyza bereket, edermen hasyl ussatlary! Harmanyňyza bereket, Gahryman Arkadagymyz!

Welmuhammet GALANDAROW.

(Öz habarçymyz). Surata düşürenler Merdan ORAZOW, Şamyrat AMADOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39872

09.09.2021
Ýoluň rowana, “ak altyn” kerweni!

8-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda ýurdumyzda “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzir oba zähmetkeşleriniň baş wezipesi ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 3-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde bu barada aýtmak bilen, pagtaçylara we ähli daýhanlara ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän yhlasly zähmetinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Pagtaçylyk Türkmenistanyň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandy üpjün edýän ähmiýetli pudakdyr. Güneşli Diýarymyzyň toprak-howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Täzeçil tehnologiýa esaslanýan häzirki zaman önümçiliginiň guralyşynda pagta süýümi Diýarymyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig maldyr. Çünki türkmen dokma önümlerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

Oba hojalygynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde bu ulgamyň kuwwaty barha artýar. Pudagyň häzirki zaman önümçilik hem-de hyzmat düzümini döretmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak şol özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr.

Ekerançylyk ýerlerinde meliorasiýa we suwaryş işleriniň geçirilişine, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadynyň täzelenilmegine köp mukdarda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Döwletimiz dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar.

Şular bilen bir hatarda, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly täze görnüşleriniň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Oba hojalygyny sanly ulgama geçirmek, takyk ekerançylyk ulgamlaryny, öňdebaryjy agrotehnikalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini artdyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär.

Häzirki wagtda sebitlerde dokma toplumlaryny gurmak işleri dowam edýär. Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen täze dokma toplumy işe girizildi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kärhana ýokary hilli ýüplük, matalaryň we taýýar tikin önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýar.

Şu ýylyň ýaz paslynda 620 müň gektara gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Jeýhun”, “149 F”, “Gubadag-3”, “C-2606” hem-de inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşleri ekildi. Bu ekini ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.

Ýygym möwsüminde “John Deere 9970” kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 1 müňüsi, pagta daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müň 227-si, traktorlaryň 2 müň 301-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 620-si ulanylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki-hyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ussat ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.

Pagtany maşyn bilen ýygmaga girişilmezden öň, gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliant zerur mukdarda satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem, ýörite uçarlar hem ulanylar.

Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 122-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.

Pagtaçy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ekerançylaryň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň zähmetini höweslendirmek üçin 2021-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde Agrar partiýanyň, Demokratik partiýanyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öňdebaryjylara gymmat bahaly sowgatlary gowşurarlar.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular pagta ýygymyna “Bismilla” bilen başladylar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Şu gün Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynyň harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyndan” doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan çärelere häkimlikleriň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagaty önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatlaryň döredijilik toparlary dabaralara baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna — “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdiren ussat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39873

09.09.2021