Harmanyňa bereket, pagtaçy!

Düýn — 8-nji sentýabrda ýurdumyzda pagta ýygymyna girişildi. Il sylagly ýaşulularyň ak patasy bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümine badalga berildi.

AHALDA

145 müň gektarda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, şondan 280 müň tonna pagtany Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna goşmagy maksat edinýän gadymy Ahal ýaýlasynyň oba zähmetkeşleri pagta ýygymyna ykjam taýýarlykly geldiler. Ahally «ak altyn» ussatlary, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryşy ýaly, il içinde uly hormatdan peýdalanýan dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler.

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde şanly ýylyň gowaça hasylynyň ýygymyna girişilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatda birkemsiz ýetişdirilen gymmatly baýlygy isripsiz Watan harmanyna tabşyrmak, pagta arassalaýjy kärhanalarda, harmanhanalarda we hasyly daşaýan tehnikalarda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, möwsümiň dowamynda daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, möwsümiň dowamynda täze hasyl welaýat boýunça elektron tereziler bilen üpjün edilen pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 21-sinde, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 8-sinde kabul ediler. Pagta kabul ediş nokatlarynda pagta basyrylýan meýdançalaryň 546-sy bolup, olaryň ählisi hem möwsüm üçin doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi.

Möwsümde kuwwatly «John Deere» kombaýnlarynyň 259-synyň, iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 114-siniň hyzmatyndan peýdalanylar. Hasyly pagta kabul ediş nokatlaryna daşamakda tehnikalaryň 2236-sy, şol sanda, awtoulaglaryň 679-sy, traktorlaryň 523-si we olaryň tirkegleriniň 1034-si bökdençsiz işlediler.

Maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynyň gowaçaly atyzlarynyň golaýyndaky meýdança geldiler. Giň meýdança hakyky zähmet baýramçylygyny ýatlatdy. Döwlet Baştutanymyzyň daýhanlara gymmatly sowgady bolan pagta ýygyjy kombaýnlaryň, beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň, gowaça hasylyny kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşjak awtoulaglaryň seteran hatarlaryny synlamak hemmeler üçin ýakymly boldy.

Dili senaly ýaşulularyň «Bismilla» bilen pagta ýygymyna badalga bermekleri dabaranyň iň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Esasy sahnada welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren çykyşlarynyň owazy has alyslara ýaň saldy.

Tejen etrabynyň «Altyn asyr» pagta arassalaýjy kärhanasynyň öňündäki giň meýdança ýygnanan ildeşlerimiz üsti «ak altynly» awtoulaglaryň we traktorlaryň kerwenini uly şowhun bilen garşyladylar. Şeýlelikde, şanly ýylymyzyň gowaça hasylynyň ilkinji tonnalary kabul edilip, gymmatly baýlyk kämil enjamlarda arassalanylyp başlandy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).

BALKANDA

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek baradaky ak patasyndan ruhlanyp, Balkan welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahatda yhlas siňdirilip ýetişdirilen «ak altynyň» bitginli hasylyny ýitgisiz ýygnamaga öz wagtynda girişmek, ýygymy agrotehniki talaplara laýyk geçirmek, möwsümiň dowamynda tehnikalaryň gije-gündiz bökdençsiz işledilmegini gazanmak ýaly derwaýys meseleler boýunça pikir alşyldy. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ekerançylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Pagta ýygymyna girişilmegi bilen baglanyşykly dabaralar welaýatyň Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň bereketli gowaça meýdanynyň töwereginde ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde sebitiň tanymal bagşy-sazandalarynyň, şeýle-de welaýat döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň daýhançylyk kesbine degişli taýýarlan edebi-sazly çykyşlary has-da täsirli boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň sargydyna eýerilip, asylly däbe görä, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, pagta ýygymyna girişildi. Jogapkärli möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlara erk etjek kombaýnçylar iki çalşykda işläp, ýygymyň agrotehniki möhletde geçirilmegini gazanarlar. Ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary möwsümiň dowamynda iş üstünde bolup, ýygym döwründe bökdençligiň ýüze çykmazlygyny üpjün ederler.

Bereketli Balkan topragyndan ýygnalan «ak altynyň» ilkinji tonnalary awtoulag kerweni arkaly welaýatyň Serdar şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanasyna ugradyldy. Ilkinji awtoulag kerweni döwrebap aýdym-sazlar bilen garşylandy we täze hasylyň ilkinji tonnalaryny arassalamak işlerine girişildi.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).

LEBAPDA

Pagta ýygymynyň ilkinji güni welaýat häkimliginde geçirilen maslahat bilen başlandy. Maslahatda nygtalyşy ýaly, tohum sepilen 130 müň gektar ýerden şu ýyl 320 müň tonna «ak altyn» almak meýilleşdirilýär. Hasabatlarda berlen maglumatlar welaýatda bu möhüm oba hojalyk möwsümine ählitaraplaýyn taýýarlyk görlendigini görkezýär. Möwsümiň dowamynda ähli işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyna berk gözegçilik ediler. Medeniýet işgärleri bolsa ýygymçylaryň armasyny ýetirip, arakesme wagtlarynda ýerlerde ýörite çykyşlar gurarlar.

Maslahat tamamlanandan soňra, Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň «ak altynly» meýdanynda geçirilen dabara bilen, welaýatda pagta ýygymyna badalga berildi. Patrak ýaly açylan atyzyň golaýynda pagta ýygyjy kombaýnlar hatara goýlupdyr. Şu ýyl olaryň 308-sini pagta meýdanlaryna çykarmak göz öňünde tutulýar. Olaryň 218-si Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere», galan 90-sy bolsa Özbegistanyň «MX 1,8» kysymly kombaýnlarydyr.

Dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, ilkinji hanalar ýygyldy. Az salymdan bolsa kuwwatly tehnikalaryň bunkerlerine täze hasylyň ilkinji tonnalary ýygnanyp başlady.

Şu ýyl welaýatda hasyl daşamak işine «Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşigine, häkimliklerdir daýhan birleşiklerine we ýerlerdäki edara-kärhanalara degişli awtoulaglaryň köp sanlysy gatnaşar. Bu işde traktorlaryň hyzmatyndan hem giňden peýdalanylar.

Şu ýylky hasyl harmanhanalaryň 46-synda, pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň 11-sinde kabul ediler. Eýýäm ilkinji tonnalaryň gelip gowuşmagy bilen, pagtany gaýtadan işleýän kärhanalardaky işleriň depgini artdy.

Mahlasy, welaýatda pagta ýygymynyň hysyrdyly günlerine badalga berildi. Lebaply pagtaçylar öňlerinde duran 320 müň tonnalyk sepgit üçin yhlasly işe girişdiler.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).

MARYDA

Oba hojalygynda iň bir jogapkärli möwsüm hasaplanýan pagta ýygymyny üstünlikli geçirmek, köp azap siňdirilip ýetişdirilen hasyly ýagyş-ýagmyra galdyrman, gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, Mary welaýat häkimliginde ýörite maslahat geçirildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda şu ýyl welaýat boýunça 180 müň gektarda gowaça ekişiniň geçirilendigi hem-de bereketli hasylyň ýetişdirilendigi buýsanç bilen bellenilip geçildi. Welaýatyň agrosenagat toplumynyň işgärleri, pagtaçy kärendeçileri möwsüme ýokary derejede taýýarlykly geldiler. Möwsüme taýýarlanylan kuwwatly tehnikalar ýetişdirilen gowaça hasylyny gysga möhletde ýygnap almakda daýhanyň hakyky daýanjy bolar.

Maslahatdan soňra welaýatyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň «ak altynly» meýdanynda il sylagly ýaşulular «Bismilla» bilen, pagta ýygymyna badalga berdiler. Bu ýerde pagta ýygymyna başlanmagy mynasybetli toý dabarasy hem geçirilip, onda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlary çykyş etdiler.

Soňra «ak altynyň» täze hasyly ýüklenen kuwwatly ýük awtoulaglarynyň uzyn kerweni Gahryman Arkadagymyzyň Sakarçäge etrabynda gurduryp beren, her ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhanasyna geldi. Bu ýerde medeniýet, sungat işgärleri, ussat aýdymçylar, aýdym-saz, tans, folklor toparlary çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlarda, tanslarda we beýleki sahna çykyşlarynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz, hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk beýik başlangyçlary, hasyl ussatlarynyň päk zähmeti belentden wasp edildi.

Harmanyňyza bereket, edermen hasyl ussatlary! Harmanyňyza bereket, Gahryman Arkadagymyz!

Welmuhammet GALANDAROW.

(Öz habarçymyz). Surata düşürenler Merdan ORAZOW, Şamyrat AMADOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39872