Ýokary hilli we ygtybarly önümler

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti şanly baýramy mynasyp sowgatlar bilen garşylaýar Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Bu gün milli öndürijilerimiziň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem göz ýetirip bolýar.

2008-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti döwlet tarapyndan bölünip berlen ýer böleginden we karz serişdelerinden netijeli peýdalanyp, gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýada iň iri senagat toplumlarynyň birini döretmegi başardy. Häzirki wagtda «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik toplumlarynyň 3-sinde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Olaryň birinjisi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän polipropilenden we polietilenden öý hojalygy üçin zerur önümleri öndürýän önümçilik kärhanasydyr. Ikinjisi hem ýene şol ýerde 2017-nji ýylda ulanyşa berlip, keramika we sanfaýans önümlerini öndürýän «Derýakeramika» kärhanasydyr. Üçünjisi-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ulanyşa berlen «Ýylyderýa» önümçilik kärhanasy bolup, onda turbalaryň we suw gyzdyryjy enjamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar.

Senagatda we telekeçilikde baý tejribe toplan «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşli önümleriň 1200-den gowrak görnüşini öndürýär. Şolaryň hatarynda polietilen, polipropilen önümleriniň dürli görnüşleri, plastikden taýýarlanylýan agyz suw we lagym turbalary, olaryň birikdirijileri, şeýle hem asma potoloklar, penjireler, gapylar, profiller we beýlekiler bar. Bu önümler hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde açylyp, ulanyşa berlen işewürlik toplumynyň çägindäki söwda dükanynda alyjylara hödürlenilýär.

Bizem ýakynda «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanalarynda bolup, olarda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyk. Bu ýerde bizi hojalyk jemgyýetiniň iş dolandyryjysy Hojaguly Muhammetnurow garşylady. Ol:

«Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanyp, hojalyk jemgyýetimiziň agzybir işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini üstünliklere beslemek hem-de ýurdumyzyň depginli ösüşlerine goşant goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň kärhanalarynda ähli işler awtomatlaşdyrylan görnüşde ýola goýlup, olarda Italiýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr. Hojalyk jemgyýetimiziň ýokary hilli önümleri diňe bir içerki bazarda satylman, eýsem, goňşy döwletleriň ondan gowragyna eksport edilýär» diýip, kärhananyň işi bilen tanyşdyrmaga başlady.

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän ilkinji gurlan önümçilik kärhanasynda işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Bu ýerde polipropilenden we polietilenden öý hojalygy üçin zerur önümleri, agyz suw hem-de lagym turbalary, şeýle hem olaryň birikdirijileri ýaly dürli görnüşli önümler öndürilýär. Toplumyň düzümindäki «Derýakeramika» kärhanasynda hem ýokary hilli sanfaýans önümleri öndürilýär. Bu ýerdäki ammarlara önümçilik üçin gerekli çig mallar ýurdumyzyň dürli ýerlerinden — Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan kwars çägesi, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan pegmatit daşy, Balkan welaýatyndan kaolin gumy getirilýär. Çig mallar ammarlardan alnyp, terezilerde çekilenden soň, ýörite konweýerler arkaly degirmenlere eltilýär. Olar degirmenlerde 10 sagat garylyp, palçyk alynýar we ýörite howuzlara guýulýar. Howuzlarda bir hepde ýatyrylyp, demini alan palçyk barlaghanada barlanandan soň, guýma bölümine iberilýär. Bu ýerde palçyk galyplara guýlup, oňa şekil berilýär. Soňra onuň üstünde işlenilip, ölçeglere görä zerur ýerleri deşilip, arassalanandan soň, guratmak üçin 95ᴏC gyzgynlykda 12 sagatlap galdyrylýar. Soňra olar arassalaýyş bölüminde tekizleme we tämizleme tapgyryny geçýär. Şondan soň, syrçalama bölüminde syrça sepilip, gaýtadan işlenilýär. Syrça sepilen önümler peç bölüminde, takmynan, 1200ᴏC gyzgynlykda 24 sagadyň dowamynda bişirilýär.

Taýýar önümler hil barlagyndan geçirilenden soň, zerur enjamlar bilen üpjün edilýär we gaplara gaplanyp, söwda nokatlaryna iberilýär. Bu kärhanada bir gezekde 1500 şertli önüm taýýarlamaga mümkinçilik bar.

Hojalyk jemgyýetiniň şu ýyl Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ulanyşa berlen «Ýylyderýa» önümçilik kärhanasy 13 gektar meýdany eýeläp, sebitiň iri önümçilik toplumlarynyň hataryna girýär. Bu ýerde jemi üç seh bolup, olarda 20 — 630 mm aralykdaky ölçegleri bolan turbalar, 30 — 300 litr aralygyndaky göwrümde suw gyzdyryjylar hem-de beýleki önümler öndürilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümler goňşy ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Önümçilikde peýdalanylýan çig malyň esasy bölegi hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen Gyýanly polimer zawodyndan getirilýär.

«Ýylyderýa» önümçilik kärhanasynda plastik önümleriniň 800-e golaý görnüşi, turbalaryň we birikdirijileriň hem köp görnüşleri öndürilýär. Kärhanadaky enjamlar yzygiderli täzelenip, önümçiligiň innowasion usullary peýdalanylýar. Bu ýerde öndürilýän önümleriň arasynda köp gatly «ümsüm» suw turbalary, tygşytly suwaryş üçin niýetlenen turbalar we ýeriň şoruny özüne çekip alýan innowasion turbalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Kärhanada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda ilkinji gezek öndürilip başlanan suw gyzdyryjy enjamlar (boýlerler) daşary ýurt harytlary bilen mynasyp bäsleşmäge ukyply. Suw gyzdyryjy enjamlaryň içki we daşky demir bölekleri bitewi demir listinden gerekli ölçegde kesilip alnyp, ýörite kompýuterleşdirilen enjamyň kömegi arkaly aýlaw görnüşe getirilýär. Soňra içki gatlagy argon kebşirlemesi bilen kebşirlenilip, gyzgyn hem-de sowuk suwuň girýän we çykýan ýerleri taýýarlanylýar. Şondan soň, enjama aýaklar birikdirilip, ýokary basyşyň kömegi bilen onda kemçilikleriň bardygy ýa-da ýokdugy ýüze çykarylýar. Synagdan geçen içki gatlagyň ömrüniň uzak bolmagy üçin, ol iç ýüzünden ýörite syrça bilen syrçalanyp, 250ᴏC gyzgynlykda bişirilýär. Şondan soň bolsa, içki bölek bilen daşky bölek birikdirilip, elektrik we sazlaýjy bölekleri dakylýar. Doly taýýar bolan önüm ammarlara we söwda nokatlaryna iberilýär.

Önümçilik kärhanalary bilen tanyşlykdan soň, söhbetimiz halkara hyzmatdaşlygy barada dowam edende, hojalyk jemgyýetiniň iş dolandyryjysy Hojaguly Muhammetnurow şeýle gürrüň berdi: «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerdir ýarmarkalara işjeň gatnaşyp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny yzygiderli subut edip gelýär. Şu ýylyň 6-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi hem bu hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Sergide hojalyk jemgyýeti öz alyp barýan işlerini, döwrebap önümçiliklerini we ýokary hilli önümlerini goňşy ýurtlaryň işewür düzümlerine tanyşdyryp, birnäçe özara bähbitli ylalaşyklary gazanmagy başardy».

Bu günki gün türkmen telekeçileri importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, hereket edýän önümçilik düzümlerini kämilleşdirmek hem-de senagat üçin zerur çig mallaryň üpjünçiligini ýokarlandyrmak ugrunda döwlet bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti hem Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň durkuny täzelemek hem-de bilelikdäki «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça taslama işjeň gatnaşýar. Bu kärhananyň durkunyň täzelenmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän çig mal üçin harçlanylýan serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şeýle möhüm işlere hususy işewürleriň gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden täze üstünlikleri nazarlaýan türkmen telekeçileriniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýandygynyň subutnamasydyr.

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri häzirki bagtyýar zamanada döredijilikli işlemäge we halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyny alkyşa besleýärler. Hususy telekeçiler mundan beýläk hem halal we tutanýerli zähmet çekip, Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine goşant goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynandyrýarlar.

Ahmet GELDIÝEW,

«Watan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39628