Bananyň biziň durmuşymyza aralaşanyna kän wagt geçenok. Has anygy, ol ilkinji gezek ak bazarlarymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde, dünýä ýurtlary bilen söwda gatnaşyklary ýola goýlandan soň peýda bolup başlady. Meger, onuň süýji tagamyny, ilki bolup, körpe nesil duýan bolsa gerek, çünki banan häzirki wagtda çagalaryň iň söýgüli nygmatyna öwrüldi. Indi şeýle nygmat öz ýurdumyzda ýetişdirilýär. Iki-üç ýyllykda gök bazarlarymyza bolluk bilen ýaýran düzüm-düzüm bananlary görüp, başda olaryň öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilendigine-de ynanyp bilmedik. Bu, yhlas etseň, bereketli türkmen topragynda dür öndürip bolýandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Garaşsyz ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup banan ösdürip ýetişdirip, del tagamly bu nygmaty halkymyza hödürlän «Ferhar» hojalyk jemgyýeti Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýär. Telekeçiler etrabyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 1,32 gektar meýdanda döwrebap ýyladyşhana gurup, subtropik ösümligiň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşini ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdular. Döwrebap ýyladyşhana Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, bu işde daşary ýurtly hyzmatdaşlar türkmen telekeçilerine ýakyndan ýardam berdiler. Şeýle-de peýdalanylan köp sanly gollanmalar, internetden, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen özara hyzmatdaşlyk arkaly öwrenilen tejribeler öz miwesini berdi.
— Biz bu işe 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlap, 2019-njy ýylyň martynda bananyň ilkinji hasylyny aldyk. Onuň üçin ilki banan şitillerini ösdürip ýetişdirmegi ýola goýduk. Soňra olary hemişelik oturdyljak ýerine göçürip, ideg edip başladyk. Häzirki wagtda ýyladyşhanamyzda bananyň «Grand Nain» görnüşiniň 2 müňe golaý düýbi bar. Olara degişli agrotehniki işler awtomatik usulda ýerine ýetirilýär, ýagny degişli howany, ýagtylygy, çyglylygy saklamak, topragy zerur serişdeler bilen iýmitlendirmek, suw tygşytlaýjy enjamlar arkaly suwaryş işlerine kompýuter programmalarynyň kömegi bilen gözegçilik edilýär. Bu işleri hünärmenleriň ýedisi öz wagtynda we ýokary hilli alyp barýar. Subtropik ösümlik güneşli, yssy, çygly howany gowy görýär. Esasy aýratynlyklarynyň ýene-de biri, şitilini wagtynda oturdyp ýetişseň, ondan ýylda iki gezek hasyl alyp bolýar. Banan gülläp, hasyla durandan soň, 4-5 aýda doly bişip ýetişýär. Her düýpdäki hasyllylyk ortaça 35 — 40 kilograma ýetýär. Banan üzüm hoşalary ýaly, şahalarda düzüm-düzüm bolup, ýyglanda örän seresaplylygy talap edýär. Ony hünärmenlerimiz el bilen ýygyp alýarlar. Soňra arassalanyp, söwda nokatlaryna ugradylýar. Türkmen topragynda ösdürilýän bu datly nygmat paýtagtymyzdan başlap, ýurdumyzyň ähli künjegine ýaýradylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzy öz önümlerimiz bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli amal edilmegine goşandymyzdyr. Geçen möwsümde 60 tonna golaý banan aldyk. Bu möwsümde, ýagny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ony 70 tonna ýetirmegi meýilleşdirýäris. Munuň özi ýakyn günlerde ýurdumyzda uludan belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý saçaklaryny bezär — diýip, «Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň öndüriji inženeri Rejepgeldi Täşliýew gürrüň berýär.
Bu subtropik ösümlik bilen gyzyklanyp, internet sahypalaryna ýüzlenenimizde, häzir onuň dünýäniň 135 döwletinde ösdürilip ýetişdirilýändigi baradaky maglumata gabat geldik. Iň köp ekilýän hem eksport edilýän ýeri Hindistan we Hytaýdyr. Özem, biziň bilýänimiz onuň ýekeje görnüşi, dünýä ýüzüne ýaýran görnüşleri bolsa müňlerçedir. Reňkleriniň köpdürlüligi hem ünsüňi çekýär, geň galaýmaly, asyl onuň diňe sary däl, gyzyl, ýaşyl, ak, hatda asman reňklisi-de bar eken. Banan köpýyllyk, gadymy ekinleriň biri bolup, kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, sink, demir ýaly onlarça ýokumlara, minerallara örän baý hasaplanýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ol keýpiňi çaglap, ýüzüňi nurlandyrýar. Bedenden artykmaç suwuklyklary bölüp çykarýar, gan basyşy peseldýär. Ýürek damarlaryny berkidýär, onuň urşuny kadalaşdyrýar, iýmit siňdirmekde peýdaly. Lukmançylykda bananyň gülüniň bronhit, aşgazan-içege kesellerinde, nerw bozulmalarynda, ýapragynyň ýanygy, deri ýaralaryny bejermekde, köküniň ganazlykda peýdalydygy barada hem aýdylýar. Şeýle-de lukmanlar ukusyzlyk ýüze çykan halatynda, ýatmazyňdan bir-iki sagat öň, banan iýmegi maslahat berýärler.
Banan tebigy serişde hökmünde kosmetikada hem giňden ulanylýar. Ol dyrnaklaryň berkemegine, saçyň gür ösmegine oňyn täsir edýär, bananyň gabygy bedendäki siňňilleri aýyrýar. Bu subtropik ösümlik diňe terligine däl, kakadylan, gaýnadylan, marinada ýatyrylan görnüşde-de peýdalanylýar. Çaga iýmitleri, kofe, doňdurma, şerbet taýýarlananda, banany giňden ulanýarlar. Şeýle-de banan tortdur işdäaçarlara üýtgeşik tagam berýär.
...Her biriniň boýy 6-7 metre ýetýän banan ösümligi döwrebap ýyladyşhana birenaýy görk berýär. Düzüm-düzüm bolup, şahalaryna agram berip duran bananlary görseň, gözüň dokunýar. Işewürlerimiziň yhlasly zähmetine guwanjyň artýar.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».