Ählumumy abadançylygyň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy we asudalygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän paýhasly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli gatnaşyklary hemişe ileri tutýar. Bu ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Baky Bitaraplyk her bir türkmenistanly üçin örän mukaddes düşünjedir. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza köptaraply kuwwatyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikleriň döremegi ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak syýasatyny dünýä ýaýmagynyň, halkymyzyň ruhy taýdan galkynmagynyň, ählumumy bähbitler ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ygtybarly binýady bolup durýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy dünýä derejesinde belent abraýdyr.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň möhüm şerti bolup, goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge düýpli itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň

dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, ekologiýa abadançylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän işjeň halkara başlangyçlary umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, iri halkara guramalary, daşary ýurtlar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk köprülerini ýola goýan ýurdumyz daşary syýasy strategiýasyny ynanyşmagyň hem-de özara hormat goýmagyň mizemez ýörelgeleri bilen baglanyşdyrýar. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-biregi hormatlamagyň, doganlygyň asylly ýörelgelerine daýanylýar. Bu mäkäm binýat geljege ynamly garamaga, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli we uzak möhletleýin hem-de durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik döredýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň örän möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýän açyk, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýar.

Eziz halkymyzyň abadançylygy, parahat durmuşda päk zähmet çekmegi ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Güljeren BABAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46004