Intellektual eýeçilikde innowasion ösüş

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň milli ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Berkarar döwletimizde intellektual eýeçilik babatda ýöredilýän döwlet syýasaty innowasion ykdysadyýeti emele getirmegiň we ösdürmegiň wajyp binýady bolup hyzmat edýär.

Innowasiýa işiniň has netijeli alnyp barylmagy, öz gezeginde, intellektual eýeçilige esaslanýar. Dünýäde bolup geçen we dowam edýän senagat özgerişleri intellektual eýeçiligiň döremegine getirýär hem-de onuň ösmegine güýçli täsir edýär.

Intellektual eýeçilik adam aňynyň döredenleriniň netijesinde emele gelýär. Jemgyýetiň ösüşiniň tutuş dowamynda adamlar hemişe täze maddy we ruhy gymmatlyklary döretmäge çalşypdyrlar. Munuň özi döwrebap innowasiýalar ulgamynyň kemala gelmegine itergi berýär. Innowasiýalary öz içine alýan intellektual eýeçilik adamzat ösüşiniň kämilleşmegini çaltlandyrýar we döredijilik pikirleriniň ösüşi üçin amatly şertleri döredýär.

Oýlap tapyşlar, peýdaly modeller, senagat nusgalary üçin berilýän patentler, awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar, haryt nyşanlary, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary, firma atlary, ösümlikleriň täze görnüşleri, integral mikroshemalaryň topologiýalary, täjirçilik syrlary we açylmadyk maglumatlar, ynsapsyz bäsdeşligiň öňüni almak ýaýrawlaryndaky hukuklar hem-de hukuk gatnaşyklary — bu eýeçiligiň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Intellektual eýeçilik ulgamy adamzadyň intellektual taýdan gazananlarynyň goralmagyny halkara we milli derejelerde üpjün edýär. Intellektual eýeçilik boýunça dürli ýurtlarda ulanylýan milli düzgünleri utgaşdyrmagy, halkara kadalary kabul etmäge ýardam bermegi, şeýle hem bu eýeçiligiň görnüşlerini goramagy Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy ýerine ýetirýär. Bu gurama intellektual eýeçiligi peýdalanmak we goramak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýar. Intellektual eýeçiligiň hukuklarynyň söwdasy çygryndaky esasy wezipeleri Bütindünýä Söwda Guramasy amala aşyrýar. Häzirki wagtda intellektual eýeçilik babatda birnäçe halkara konwensiýalar, şertnamalar we ylalaşyklar hereket edýär.

Türkmenistan 1995-nji ýyldan başlap, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup, intellektual eýeçiligi kadalaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda intellektual eýeçiligi goldamagy, höweslendirmegi we goramagy kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirildi. Bu ugurdaky işleri kadalaşdyrmagy üpjün edýän «Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda», «Rasionalizatorçylyk işi hakynda», «Haryt nyşanlary hakynda», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary kabul edildi.

Dünýä derejesinde intellektual eýeçiligi goramak boýunça hereket edýän kadalaryň talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistan birnäçe halkara konwensiýalaryň, şertnamalaryň we ylalaşyklaryň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy tarapyndan esaslandyrylan Konwensiýa, senagat eýeçiligini goramak boýunça Pariž Konwensiýasyna, patent kooperasiýasy baradaky Şertnama, oýlap tapyşlar boýunça Ýewraziýa patent Konwensiýasyna, haryt nyşanlarynyň halkara bellige alnyşygy baradaky Madrid ylalaşygynyň Protokolyna, halkara patent klassifikasiýasy baradaky Strasburg Ylalaşygyna, senagat nusgalarynyň halkara klassifikasiýasy baradaky Lokarn Ylalaşygyna, haryt nyşanlaryny bellige almak boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň halkara klassifikasiýasy baradaky Nissa Ylalaşygyna, haryt nyşanlarynyň şekil elementleriniň halkara klassifikasiýasy baradaky Wena Ylalaşygyna, Olimpiýa nyşanlaryny goramak hakyndaky Naýrobi Şertnamasyna, senagat nusgalarynyň halkara bellige alynmagy baradaky Gaaga Ylalaşygynyň Ženewa namasyna, edebiýat we çeper eserleri goramak baradaky Bern Konwensiýasyna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda intellektual eýeçilige degişli hukuklary goramagy düzgünleşdirýän gurama hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň düzüminde Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy döredildi. Bu gullugyň ygtyýarlyklaryna milli intellektual eýeçiligi goramak ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk getirmek, ylmyň, tehnikanyň we medeniýetiň gazananlaryny döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşine ornaşdyrmaga ýardam bermek, taraplaryň intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek ýaly derwaýys wezipeler girýär.

Dünýä ösüşiniň häzirki döwründe islendik döwletiň ykdysadyýetini intellektual eýeçiligiň bazaryny döretmezden göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň netijeli bazaryny emele getirmek we ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn esasda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ugurda täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi, şeýle hem zerur guramaçylyk çäreleri geçirildi, degişli taslamalar amala aşyryldy, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp baryldy.

Milli intellektual eýeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edildi. Onuň esasy maksady ýurdumyzyň dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesini we innowasiýa ösüşini kesgitleýän wajyp faktor hökmünde adam goruny ösdürmekden ybaratdyr. Maksatnamada intellektual eýeçiligiň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik çygrynda maglumatlary sanlylaşdyrmak, döredijilik işjeňligini maddy taýdan höweslendirmek, ylmy we tehniki döredijilik toparlaryny döretmek, ykdysadyýetiň degişli pudagynda anyk ylmy-tehniki meseläni çözmek üçin bäsleşikleri, sergileri geçirmek arkaly zehinli çagalary we ýaşlary döredijilik işine çekmek, milli intellektual ulgam üçin işgärleri taýýarlamak ýaly birnäçe ileri tutulýan wezipeler kesgitlenendir. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, öz gezeginde, ýurdumyzda bilimlere esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge, intellektual we döredijilik işleriniň netijeliligini artdyrmaga, intellektual eýeçilik ulgamyny ýokary hil derejesine çykarmaga mundan beýläk-de ýardam eder.

Geljekde intellektual eýeçilik ulgamynda zähmet çekjek talyp ýaşlara döwrebap bilim bermek juda möhümdir. Şoňa görä-de, 2021-2022-nji okuw ýylyndan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň bakalawr taýýarlyk ugurlarynyň okuw meýilnamalaryna intellektual eýeçiligi goramak dersi girizildi.

Häzir intellektual eýeçiligi goramagyň halkara ulgamyna täze goşulýan ýurtlaryň hasabyna onuň gurşap alýan geografik çägi giňeýär, intellektual eýeçiligiň görnüşlerini bellige aldyrmak bilen baglanyşykly islegler artýar, halkara bazarlarda intellektual eýeçiligi peýdalanmakdan girdeji gazanýan kompaniýalaryň sany köpelýär. Intellektual eýeçiligiň ösüşi tehnikalaryň we tehnologiýalaryň ösüşi bilen göni baglanyşyklydyr.

Soňky onýyllyklarda intellektual eýeçilige goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň has-da ýokarlanýandygyny bilermenler belleýärler. Sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi adamlaryň intellektual eýeçiligiň görnüşlerini döretmäge hem-de ulanmaga gatnaşmagyna amatly şertleri döredýär. Sanly ykdysadyýet maddy däl görnüşli gymmatlyklaryň we intellektual hukugyň täze gerimini has-da giňeldýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda intellektual eýeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrýan toplumlaýyn işleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga we oýlap tapyjylyk işjeňliginiň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga, netijede, durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Gulbeşer BABAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46218