Новости
Naz-nygmata baý ülkede

Ýadyma düşýär, okuwçy wagtymyz tomusky dynç alyş möwsüminde oba — enemlere gezelenje giderdik. Mellekdäki ülje, garaly, saraly, şetdaly, alma baglarynda miweler düzüm-düzümdi. Şol döwürler (geçen asyryň altmyşynjy ýyllary) enem dagy miweleri gaýnadyp, mürepbe, şerbet taýýarlamaýardy diýsemem, hakykata ýakyn bolar. Biz — çagalar baglaryň şahalaryndan ýolup iýenimizi iýerdik, iýmediklerimizi-de, ýere gaçanlaryny-da çöpläp, pagsa jaýyň üçeginde ak kagyzyň ýüzüne serip goýardyk. Arada “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň köpugurly işleri bilen tanşanymda, ine, şol zatlar hakynda oýlandym. Häzirki wagtda baglaryň düzüm-düzüm hasyly bişip ýetişdigi, hyrydarlary häzirdir. Özem öýüňe gelip, köplenç, özleri ýygyp alyp gidýändirler. Nähili gowy!

Bu hususy kärhananyň ýerleşýän ýeri bolan Mary welaýatynda miweli baglary we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlar şu babatda asla-da alada edýän däldirler. Olar we başga-da oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara şertnama esasynda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýan hususy kärhana satyn alnan önümleri Mary şäherinde ýerleşýän sowadyjy ammarlar toplumynda uzak möhlet saklamak bilen, indi bäş ýyla golaý wagt bäri ilaty ýylyň ähli paslynda ter miweler we gök-bakja ekinleri bilen üpjün edip gelýär. Tomus paslynda, ýagny güneşli ülkämizde miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja ekinleriniň bol-bereketli döwründe bu hususy kärhanada işler has-da gyzyşýar.

Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan gurlup, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan, müň tonnalyk sowadyjy ammarlar toplumynda işler tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Onda zähmet çekýän 250-den gowrak hünärmeniň bir topary satyn alnan önümleri arassalamak işlerini alyp barsa, ýene bir topary olary saýlap, owadan gaplara gaplaýar. Olaryň edil şol günlerde satuwa goýberilýäni bir aýry, gyşa saklanýany bir aýry edilip, görnüşlere bölünýär.

— Sowadyjy ammarymyzda gök-bakja önümleriniň we miweleriň hersiniň aýratynlykda saklanyş şertleri bar. Mysal üçin, almany +1 — +3 gradus aralygynda 3-4 aýa çenli, şetdalyny 0 gradusda 2 aýa çenli, armydy 0 gradusda 3 aýa çenli saklap bolýar. Şonuň ýaly-da banany +12 — +14 gradusda 4 aýa çenli, ýeralmany +5-+6 gradusda 10 aýa çenli, sogany +1-+2 gradusda 9 aýa çenli saklamak mümkin. Beýleki önümleri-de uzak möhlete saklamak üçin aýry-aýry şertleriň berjaý edilmegi hökmandyr. Bu şertleriň kada laýyklykda berjaý edilmedik, sowadyjy ammaryň çyglylyk derejesiniň bellenen ölçeglere laýyk gelmedik ýagdaýynda önümler öz terligini, ýokumlylygyny, hatda harytlyk görnüşini-de basym ýitirmek bilen bolýar. Barlaghanamyzyň hünärmenleri sanly ulgam arkaly bu işlere berk gözegçilik etmek bilen, önümleriň hiline aýratyn üns berýärler.

Nurly güneşe baý türkmen topragynyň miweleri, gök-bakja ekinleri ekologik taýdan arassalygy, üýtgeşik tagamy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, olara diňe içerki bazarda däl, ýurdumyzyň daşynda-da isleg barha artýar. Şonuň üçin önümçiligimizi giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň ugrunda bir wagtda 12 müň 200 tonnadan gowrak gök we bakja önümlerini, dürli miweleri saklamaga, gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän ýene-de bir sowadyjy ammarlar toplumynyň gurluşygyny alyp barýarys. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, welaýatyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň çäginden uzak möhlete bölünip berlen 50 gektar ýer böleginde banan we sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebap ýyladyşhana toplumynyň gurluşygyna başladyk. Häzirki wagtda onuň ýer-gurluşyk işleri alnyp barylýar. Täze önümçilikleriň işe girizilmegi bilen, Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, önümlerimizi geljekde daşarky bazarlara-da eksport etmegi meýilleşdirýäris — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Maksatmyrat Gurbanmuhammedow gürrüň berýär.

Ýeri gelende, hususy kärhananyň Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan, Gazagystan ýaly döwletler bilen özara hyzmatdaşlyk saklap, söwda işlerini amala aşyrmagynyň netijesinde, “Hoşwagt” haryt nyşanly azyk önümleriniň daşarky bazarlarda mynasyp orun alandygyny bellemeli. Türkmen telekeçileriniň gaplaýan üýtgeşik tagamly kofe we kakao önümleri, körpeler üçin niýetlenen ýeňil mekgejöwen taýajyklary, mekgejöwenden we bugdaýdan çipsileri, guradylan çörek bölejikleri, bally patraklary, karamel süýjüleri diňe içerki bazarda däl, daşarky bazarda-da uly islege eýe bolýar.

Diňe bu-da däl. “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň Mary şäheriniň çäginde 4 gektar ýerde tohumlyk ýeralma saklamak üçin niýetlenen, sygymy 21 müň 200 tonna barabar bolan sowadyjy ammarlar toplumynyň taslamasyny taýýarlap, ony amala aşyrmagy maksat edinýändigini aýtsak, telekeçileriň alyp barýan işleriniň köpugurlydygyna doly göz ýetirmek mümkin. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen uly ösüşlere, belent sepgitlere eýe bolýan şeýle işjanly telekeçileriň barha artmagy ak bazarlarymyzyň haryt bolçulygyna, halkymyzyň bereketli saçaklarynyň türkmen topragynyň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen baýlaşmagyna getirýär. Şonuň bilen birlikde täze iş orunlarynyň döredilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň öňküden-de gowulandyrylmagyna türkmen telekeçileriniň goşandy barada oýlananyňda, bu asylly işleri alyp barýan işewürlere buýsanjyň artýar.

“Miweli ülkäniň” zähmetsöýer hünärmenleri hem datly miweleri bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toý saçaklaryny bezemegi maksat edinýärler.

Keýik UMAROWA.

“Türkmenistan”



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37378

14.08.2021
Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 12-nji awgust (TDH). Şu gün Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar. Hazar deňziniň güni Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellenilýär.

Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, şeýle-de ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işinde hyzmatdaşlygyna degişli möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi. Çykyşlarda bu ulgamda sebitiň döwletlerinde alnyp barylýan köptaraplaýyn işler giňişleýin beýan edildi.

Daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biridir. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli, toplumlaýyn, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda oňyn häsiýete eýe bolmagy ugrunda tagalla edýär. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri forumlaryň belent münberinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu gün Hazar sebiti uglewodorod serişdeleriniň gazylyp çykarylýan hem-de iberilýän iri dünýä merkezleriniň biri hökmünde okgunly ösüşe eýe bolýar. Şunuň ýaly şertlerde biziň ýurdumyz umumy wezipäniň — örän baý köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolan tebigatyň täsin gudraty bolup durýan bu deňziň bioköpdürlüligini gorap saklamagyň zerurlygy bilen ykdysady bähbitleri utgaşdyrmak meselesiniň oňyn çözülmegini, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezligi möhüm hasaplaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2019-njy ýylyň awgust aýynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda Hazar sebitinde ähli taslamalaryň ýokary halkara ekologiýa ölçegleri esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmegi baradaky pikirini aýdyp, bu maksatnamanyň Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlarynyň hökümetlerine degişli maslahatlary taýýarlap biljekdigini belledi.

“Biz ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar üçin “ýaşyl diplomatiýanyň” netijeli gurallarynyň ýola goýulmagyny teklip edip, bu işe döwletleriň, halkara agentlikleriniň, ekologiýa merkezleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çekilmegi ugrunda pikirini beýan etdi.

Türkmenistan Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär hem-de bu işler Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde, ekologiýa talaplaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň çäklerinde dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak, adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak hem-de aradan aýyrmak, söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklar işlenip taýýarlanyldy hem-de soňra olara gol çekildi. Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça Utgaşdyryjy komitete başlyklyk eden döwründe degişli ylalaşygy taýýarlamak işi tamamlandy.

Häzirki wagtda täze kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň toplumy taýýarlanylýar, olary Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitiniň gün tertibine girizmek meýilleşdirildi. Şol meseleleriň hatarynda Hazarda ylmy barlaglary hem-de gözleg-halas ediş işlerini geçirmek ulgamynda ylalaşyklar bar, milli Liderimiz V Hazar sammitinde şeýle ylalaşyklary işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz Hazar deňzinde howpsuzlyk — bikanun balyk tutulmagyna garşy göreş hem-de gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda Ylalaşyga iki teswirnamany taýýarlamak üçin gepleşikler meýdançasyny teklip edýär.

Deňiz ulagy, syýahatçylyk, gämide syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk hakynda bäştaraplaýyn resminamalar işlenip taýýarlanylýar.

Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki Iş topary, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy), Hazar deňziniň suw-biologiýa serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak hem-de olary bilelikdäki gorlar bilen dolandyrmak, Hazar ykdysady forumy kenarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallary bolup durýar.

Tebigaty goraýyş ulgamynda BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Halkara deňiz guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy hem-de beýleki abraýly düzümler bilen strategik hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara umman öwreniş toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşine agzalyga geljekki iki ýyl üçin resmi taýdan saýlanyldy.

Maslahatda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, bu täsin deňziň biologik köpdürlüligini goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak ulgamynda milli derejede geçirilýän yzygiderli işleriň esasy ugurlary we netijeleri açylyp görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparyna uly orun degişlidir. Onuň ygtyýarlyklaryna bu sebitde amala aşyrylýan ähli hojalyk işlerini utgaşdyrmak, durmuş-ykdysady taslamalaryna bilermenlik bahasyny bermek, tebigy serişdeleri özleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ulag, gämi gatnawlary, ykdysady we gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmak hem-de degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri we maslahatlary taýýarlamak wezipeleri girýär.

Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak baradaky pikiri beýan etdiler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37273

13.08.2021
Mälikguly Berdimuhamedowyň ömri — merdanalygyň nusgalyk mekdebi

Aşgabat, 12-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde «Merdanalyk mekdebi» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Ol içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy.

Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Içeri işler edaralarynyň weteranlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, görnükli ýazyjylar hem-de ugurdaş düzümleriň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda Mälikguly aganyň manyly ömür ýolunyň öz halkyňa we mähriban Watanyňa päk ýürekden gulluk etmegiň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasy bolup durýandygyny nygtadylar.

Çagalygy urşuň ýowuz ýyllaryna gabat gelen Mälikguly Berdimuhamedow üç sany ýörite, iki sany hem ýokary bilimiň eýesi bolmak bilen, durmuş basgançaklarynyň barysynda jan aýaman, hünär ussatlygy bilen zähmet çekdi. Ol nirede okasa-da, özüniň ýiti ukybyny, ýatkeşligini görkezdi. Täze bilimleri ele almak bilen, ol öz dünýägaraýşyny kämilleşdirdi.

Alan bilimleri milli Liderimiziň kyblasyna IIM-niň bölümleriniň şahsy düzüminiň arasynda syýasy-terbiýeçilik hem-de wagyz-düşündiriş işlerini dogry meýilleşdirmäge we jogapkärli alyp barmaga, düzgün-nyzamy pugtalandyryp, bu işi diňe bir wezipe borjy boýunça däl, eýsem, jemgyýetçilik başlangyçlarynda hem ýerine ýetirmäge kömek etdi.

Çykyşlaryň barşynda Mälikguly aganyň işlän döwründe özüni işine ussat, tertip-düzgünli, ýokary ahlakly, özüne we garamagyndakylara örän talabediji serkerde hökmünde tanadandygy, gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge — jenaýatçylygyň öňüni almaga, onuň üstüni açmaga aýratyn üns berendigi nygtaldy.

Şoňa görä-de, Mälikguly Berdimuhamedow gulluk döwründe ak ýürekli gulluk edendigi, jenaýatçylygyň garşysyna göreşmekde hem-de jemgyýetçilik tertibini üpjün etmekde gazanan üstünlikleri üçin birnäçe Hormat hatlaryna, döşe dakylýan nyşanlara we köp sanly medallara mynasyp boldy.

Bu sylaglar Mälikguly Berdimuhamedowyň Içeri işler ministrliginiň düzüminde päk ýürekli, birkemsiz gullugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Tabşyrylan işe onuň jogapkärli çemeleşmegi, harby kasama wepalylygy we öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda görkezen uly tagallalary ýaş harby gullukçylar üçin uly görelde we nusgalyk mekdebidir.

1982-nji ýylda podpolkownik harby derejesi bilen hormatly dynç alşa çykyp, Mälikguly aga ençeme ýyllaryň dowamynda mugallym bolup zähmet çekip, ýaşlara bilim we terbiýe berdi. Bular barada buýsanç bilen çykyş edip, çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň kyblasynyň şöhratly ömür ýolunyň hemişe hakyky watançylygyň we mähriban halkyňa päk ýürekden gulluk etmegiň nusgasy boljakdygyny aýratyn bellediler.

Dabaranyň çäklerinde watansöýüjilik, kasama wepaly bolmak baradaky goşgular, aýdymlar ýaňlanyp, “Arkadagyň mert pederi”, “Göreldämiz Arkadagyň kyblasy” diýen aýdym-sazly çykyş bilen sazlaşykly utgaşdy.

“Merdanalyk mekdebi” atly edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi bolsa Watanyna ömür örküni baglan, gaýratlylygyň belent nusgasyny şu günki we geljekki nesillere ebedi miras goýan, beýik ynsan — Mälikguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň hakyky watançysydygyny hem-de raýatydygyny açyp görkezdi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda il-ulsumyzyň arzuwynyň parahatçylyk hem asudalykdygyny, şol asudalygy üpjün etmegiň köp babatda Içeri işler ministrliginiň üstüne ýüklenendigini nygtaýar diýip bellediler.

Milli Liderimiziň kitabynda beýan edilişi ýaly, bu gullugyň işi özüne örän ýakyn, sebäbi hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň gullukçysynyň maşgalasynda terbiýelendi.

Hakykatdan-da, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir işde görkezýän belent göreldesi mähriban kyblasynyň baý durmuş we zähmet tejribesiniň, asylly maşgala terbiýesiniň netijesidir. Şol maşgalada terbiýelenen ogul bu günki günde halkyň ykbalyny gerdenine aldy we mähriban halkynyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýär.

Türkmen halkynda: «Her bir perzent üçin pederiniň ömür ýoly hemişe görelde bolýar» diýilýär. Bu düşünje milli Liderimiziň maşgalasynda hem arkama-arka dowam edip gelýär diýlip, çykyşlarda nygtaldy.

1001-nji harby bölüme Mälikguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy manyly ähli ömrüni halkyna we mähriban Watanyna bagyş eden ajaýyp adama goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Munuň özi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň kalbynda buýsanç duýgularyny döretdi.

Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow, onuň durmuşda we zähmetde görkezen gahrymançylygy hakyndaky ýatlamalar biziň ýüreklerimizde ebedilik galar.

Mälikguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Köp ekeliň dänäni!” diýen aýdym, şeýle hem ýerine ýetirilen “Rowaçlyga ak ýollaryň, Arkadag”, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen aýdymlar hem-de “Eziz Arkadag” diýen edebi-sazly kompozisiýa munuň şeýlediginiň subutnamasy boldy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Şeýle hem 1001-nji harby bölümde Mälikguly Berdimuhamedowyň ýadygärligine, şeýle hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde döwlet Baştutanymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37274

13.08.2021
Türkmenistanyň başlangyçlary sebitleýin gatnaşyklaryň täze çäklerini açdy

3. Milli önümleriň halkara sergisi ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde netijeli çäre boldy

Ýakynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmäge, şol sanda daşary ykdysady hem-de daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünliklere beslenmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde türkmen Lideriniň başlangyjy bilen geçirilen iki günlük ekspoforumyň hormatly myhmanlary boldular.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň esasy pudaklarynyň gazanan üstünliklerini we kuwwatyny aýdyň görkezen sergi täze işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, däbe öwrülen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de täze tehnologiýa işlerini peýdalanmakda we innowasion ykdysadyýeti döretmek boýunça tejribe alyşmakda uly mümkinçilikleri açdy.

Döwrebap sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy bäş ýurduň baştutanlarynyň hem-de köp sanly gelip görenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan bu serginiň tapawutly aýratynlygy boldy. Diwersifikasiýa arkaly ösüşiň ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň giň gerimli sergi we onuň çäklerinde geçirilen işewür gepleşikler üçin meýdança öwrülmegi tötänden däldir. Halkara deňiz porty özboluşly innowasion desga bolup, onuň gurluşynda öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanyldy.

Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy ugur edinýän Türkmenistanyň esasy deňiz derwezesi döwrebap ulag düzüminiň möhüm halkasy hökmünde ykrar edilip, ýükleri daşamak üçin tutuş Ýewraziýa giňişliginde täze mümkinçilikleri açdy.

Umumy meýdany 2090 inedördül metr bolan giňişlikde Türkmenistanda hem-de Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda öndürilen önümleriň sergileri ýerleşdirildi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda sebitiň ýurtlarynyň ýangyç-energetika toplumynda, oba hojalygynda, azyk, dokma we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşyk serişdeleriniň hem-de elektrik enjamlarynyň önümçiliginde, IT-tehnologiýalary, ulag we logistika ugurlarynda ýöriteleşdirilen döwlet hem-de hususy kärhanalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu tutumly serginiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda geçirilmeginiň çuňňur mazmunynyň bardygyny aýratyn belledi.

Gutlagda gözbaşyny ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň pugta binýady bolup durýandygyny, olaryň halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökleriň, gadymy hoşniýetli goňşuçylygyň, dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy nygtalýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň öz harytlaryny dünýä hem-de sebit bazarlaryna eksport etmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň işewürleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge doly taýýardygyny belläp, bu giň möçberli halkara sergisiniň dowamynda işewürleriň özara ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirmäge we tejribe alyşmaga, gatnaşyklaryň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik aljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň ýurdumyzyň sergi bölümi has uly meýdanda ýerleşdi, bu ýerde esasy pudaklaryň üstünlikleri we gazananlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlary görkezildi. Şol syýasat kuwwatly ykdysadyýeti hem-de adamlaryň ösen durmuş derejesine eýe bolan, ähli babatda gülläp ösýän döwleti gurmak bilen baglydyr.

Mälim bolşy ýaly, şol maksada ýetmek üçin milli Liderimiziň baştutanlygynda düýpli özgertmeler, bilim we ylym ulgamyny höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, telekeçilik üçin ähli şertler döredilýär, täze önümçilikleri döretmek, senagat düzümini berkitmek we giňeltmek boýunça maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Pudaklar boýunça bölümlerde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de beýleki maksatnamalaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler täze obalaryň hem-de şäherleriň, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş we düzümleýin maksatly köp sanly desgalaryň gurluşyklary barada gürrüň berildi.

Halkara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orny eýeleýän ulag-kommunikasiýa pudagynyň şu günki ýagdaýyna hem-de ony ösdürmegiň geljegine uly üns berildi. Milli ulag strategiýasynyň esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek pikiriniň goýlandygyny bellemek gerek. Häzir bu yklymüsti ýol Türkmenistanyň hem-de sebitiň beýleki döwletleriniň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagy arkaly olaryň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag meselesi boýunça biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalar milli Liderimiziň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli teklipleriniň wajypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi hem bellärliklidir.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy, energetika ulgamy, azyk we dokma senagaty özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda durýar.

Eziz Diýarymyzda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýän bilim, ylym we sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikler giňden beýan edildi. Kuboklar, baýraklar hem-de ýadygärlik nyşanlary bölümde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy görkezildi.

Ýadygärlik nyşanlarynyň hatarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşan möhüm halkara sport çärelerinde, hususan-da, “Kazan — Aşgabat 2008” hem-de “Amul — Hazar 2018” awtorallisindäki sport egin-eşikleri, sambonyň ösdürilmegi ugrunda bitiren hyzmatlary üçin sambonyň 80 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna berlen şahadatnamalar hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti tarapyndan döwlet Baştutanymyza welosiped sportuny ösdürmekdäki goşandy üçin gowşurylan şahadatnama bar.

Giň gerimli serginiň nesilden-nesle geçip gelen türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny we ruhy däp-dessurlaryny açyp görkezýän bölümi bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Halk senetçiliginiň dürli görnüşleriniň — küýzegärçiligiň, amaly-haşam we zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen kitaplaryň we neşirleriň diwarlygy hem-de döwlet Baştutanymyzyň gymmatly işleri — ylmy monografiýalary, köp jiltli düýpli ylmy barlaglary, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasy baradaky kitaplary üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diwarlyklary hem uly gyzyklanma döretdi. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, türkmen telekeçiligine milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda, eksport we import önümlerini öndürmekde örän möhüm orun berilýär.

Döwletimiz hususy telekeçilere uly goldaw bermek arkaly, kiçi we orta işewürligiň wekillerini innowasion ykdysadyýeti döretmäge gyzyklandyrýar. Bu bolsa içeri we daşary bazarlarda türkmen harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gös-göni ýardam edýär.

Häzir TSTB-niň agzalary giň gerimli şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşyp, öňdebaryjy işläp düzmeleri giňden ulanýarlar. Muňa mysal hökmünde ak mermerli Aşgabatda, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de beýleki sebitlerde gurulýan dürli maksatly täze desgalary görkezmek bolar. Ýokary innowasion tehnologiýalar we nou-haular şolaryň aýrylmaz bölegidir.

Sergide Türkmenistanyň welaýatlary hem öz önümlerini görkezdiler. Olaryň gazanan üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlige beslenýändigine şaýatlyk edýär. Welaýatlaryň taýýarlan diwarlyklary güneşli Diýarymyza özboluşly syýahat etmäge, öndürilýän önümler bilen tanyşmaga kömek etdi.

Halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüşi hem-de kuwwaty barada giňişleýin maglumat berýän sergi Türkmenistanda öndürilen önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak hem-de olary sebitiň we dünýäniň bazarlaryna üstünlikli çykarmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda bolsa, sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-de giňeltmek üçin baý tejribe toplandygyna şaýatlyk etdi.

Sergini guraýjylaryň gyzykly döredijilikli pikiri — sahnalaşdyrylan çykyşy köp sanly myhmanlarda we sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Çykyşyň dowamynda tut agajy bu ýere ýygnananlara doganlyk halklary hemişelik birleşdiren gymmatlyklar hem-de mizemez dostluk barada ses ýazgysyny gönükdirdi.

Sebitiň halklarynyň milli saz gurallary ýasalýan tut agajynyň ýüzlenmesini dutaryň, dombranyň, komuzyň, rubabyň we taryň owazlary gezekli-gezegine alyp göterdiler.

Dostlukly ýurtlaryň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli diwarlyklary döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda gazanan uly üstünliklerini şöhratlandyrdy.

Döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagy netijesinde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň hem sergi bölümlerinde döwlet hem-de işewürlik düzümleriniň alyp barýan işleri barada anyk maglumatlar berildi. Sergä gatnaşyjylar öz diwarlyklarynda ýokary hilli eksport harytlaryny, döwrebap tehnologiýalaryny, täze taslamalaryny we işläp düzmelerini görkezmäge çalyşdylar.

Gysgaça aýdylanda, sergä gatnaşyjylara halkara ölçeglere kybap gelýän ýokary hilli önümler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi.

“Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly harytlaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellemek gerek.

Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, senagat we oba hojalyk pudagyny hem-de hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak boýunça giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän harytlara içeri we daşary bazarlarda isleg yzygiderli artýar.

Munuň şeýledigini serginiň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalary aýdyň görkezdi. Ýurdumyzyň nebithimiýa we gurluşyk önümleri, ýeňil senagatyň harytlary, dünýä meşhur bolan haly önümleri Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de beýleki ýurtlaryň işewürleriniň baglaşan geleşikleriniň esasyny düzdi. Netijede, bahasy ABŞ-nyň 108,9 million dollaryna hem-de 3,6 million manatlyga barabar bolan 113 geleşik baglaşyldy.

Mahlasy, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetiren halkara sergi sebitiň ýurtlarynyň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, işewür gepleşikleri, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin hem netijeli çärä öwrüldi. Şol duşuşyklarda sebitimiziň halkara ykdysady giňişlige has-da işjeň goşulmagynyň esasy şertleriniň biri bolan däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sergä gatnaşyjylar giň gerimli forumyň ähmiýetine ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna kabul edilen Ýüzlenmede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygynyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berilýändiginiň, döwlet tarapyndan bilelikdäki taslamalary, ilkinji nobatda innowasion ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna berilýän goldawyň subutnamasy bolandygyny bellediler.

Goňşy ýurtlaryň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga bildirýän gyzyklanmasy ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam döredýär. Şol hyzmatdaşlyk sebitiň halklarynyň dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek bilen bagly köpasyrlyk däpleriniň mäkäm binýadynda üstünlikli guralýar.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37271

13.08.2021
Türkmenistanyň başlangyçlary sebitleýin gatnaşyklaryň täze çäklerini açdy

2. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşantdyr

Häzirki döwürde gender deňligi jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy üpjün etmek işinde, durnukly ösüşiň esasynda adam şahsyýetiniň uly mümkinçiligini amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, zenanlar üçin deň hukuklary hem-de mümkinçilikleri üpjün etmek meseleleri dünýäniň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň şeýledigine 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy şaýatlyk etdi. Forumyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy bilen ugurdaşlykda geçirilmegi sebitiň zenanlarynyň gatnaşyklarynyň netijeli görnüşi hökmünde onuň işine itergi berdi, bu meýdançanyň halkara derejedäki ornuny pugtalandyrdy.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan birnäçe iri halkara çäreleriň çäklerinde geçirilen duşuşyk sebitiň ýurtlaryndan gatnaşyjylary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit edarasynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

Onuň ýokary derejede geçirilmegi wekilçilikli foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Hökümetleriniň agzalarynyň, parlamentarileriniň, abraýly guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleriniň, zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara bilermenleriň gatnaşmagyny üpjün etdi.

Duşuşygyň netijelerine syn bermek bilen, dialogyň Merkezi Aziýa döwletleriniň üstünlikleri we gender deňligini üpjün etmek boýunça mundan beýläkki meýilnamalar barada gymmatly maglumatlary alyşmak, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolandygyny bellemek gerek.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyga gatnaşyjylara Ýüzlenmesinde nygtalyşy ýaly, dialogyň esasy maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça gazanylan üstünlikleri seljermekden, sebitiň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Bäş döwletiň Liderleri Ýüzlenmede forumyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylda geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, zenanlara ýokary ähmiýet berilmegine hem-de eýeleýän taryhy ornuna aýratyn ünsi çekdiler.

Forumyň dowamynda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine, özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gatnaşmaklary bilen baglanyşykly, olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynda goralmagy baradaky meseleler beýan edildi. Döwletara gatnaşyklaryň berkidilmegine, durmuş-ykdysady, medeni we ylmy gatnaşyklaryň, saglygy goraýyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine zenanlaryň goşýan uly goşandyna duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň we BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň dolandyryjysynyň kömekçisi, Ýewropa we GDA ýurtlary üçin sebit býurosynyň direktory Mirýan Spolýariç Eggeriň çykyşlarynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň zenanlaryň jemgyýetimiziň syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşyna doly hukukly gatnaşmagyny üpjün etmek syýasatyny durmuşa geçirmäge berýän örän uly ähmiýeti, şeýle hem bäş ýurduň Liderleri tarapyndan dialogyň işine berilýän goldawlar bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Jarnamada sebitiň ýurtlary tarapyndan soňky 30 ýylda gender deňligini gazanmakda we zenanlaryň syýasy, ykdysady hem-de ýaşaýyş-durmuş işlerine gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmakda alnyp barylýan syýasatyň we gazanylan öňegidişligiň mübäreklenendigini aýtmak möhümdir. Şeýle hem Jarnamada bäş ýurduň zenanlarynyň wekilleriniň sebitiň taryhynda ilkinji gezek geçirilen zenanlaryň dialogyny goldandyklary üçin Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryna çuňňur hoşallyklaryny beýan edendiklerini bellemek gerek.

Forumyň netijeleriniň görkezişi ýaly, bu täze duşuşyk häzir Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça barha uly ähmiýete we täsire eýe bolýar. Häzirki wagtda dialog sebitiň aýratyn ugurly we isleg bildirilýän serişdesine öwrüldi. Munuň şeýledigine zenanlaryň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmäge, daşky gurşawy goramaga hem-de durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüş, saglygy goraýyş we bilim baradaky wajyp meseleleri çözmäge goşýan goşandy subutnama bolup durýar. Bu ýagdaý Jarnamada aýratyn bölüm bilen bellenildi.

Dialoga gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesinde türkmen topragynda bildirilen mähirli myhmansöýerligiň foruma gatnaşyjylara giňişleýin we netijeli pikir alyşmaga, gender deňligini öňe ilerletmekde hem-de bu ugurda BMG, onuň düzümleýin bölümleri we beýleki ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň edýän tagallalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berendigi nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gender syýasaty babatda abraýly hukuk goraýjy serişdeler bilen netijeli gatnaşyklary amala aşyryp, wezipeleri çözmäge Türkmenistanyň jogapkärli çemeleşmesiniň bellenendigini ýatlap geçmek ýerlikli bolar. Netijede, bu ugurda ýokary görkezijiler gazanylýar. Munuň ajaýyp mysallarynyň biri ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogyna gatnaşmagydyr.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň zenanlarynyň çykyşlarynda sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleri tarapyndan kanunçylyk we institusional esaslary döretmek hem-de pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere syn berildi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletlerinde zenanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň amala aşyrylmagynda uly tejribe toplanyldy. Hususan-da, olaryň döwletiň we jemgyýetiň dolandyrylyşyna, kanunçykaryjylyk we hökümet düzümlerine, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, telekeçilik ulgamyna gatnaşmaklary üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Forumyň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň beýan edilen netijeleri sebitiň döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň esas dörediji resminamalarynyň ýörelgelerine yzygiderli eýerýändiklerini, zenanlar üçin has amatly durmuş şertlerini döretmäge jogapkärli çemeleşýändiklerini görkezdi. Şeýle hem duşuşykda, gender deňligini üpjün etmäge uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmegiň hasabyna ileri tutulýan milli ugurlary hem-de ösüşlere beslenen özgertmeleri amala aşyrmakda Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam bermäge BMG-niň esasy düzümleýin bölümleriniň gyzyklanma bildirýändigine üns çekildi. Şu babatda Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna aýratyn orun berilýär.

Bäş ýurduň zenanlary “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibine, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibine, Ählumumy maksatlara ýetmek boýunça hereketleriň onýyllygyna, Pekin Jarnamasyna we Hereketleriň platformasyna hem-de BMG-niň howandarlygynda işlenip düzülen beýleki kadalaşdyryjy düzgünlere ygrarlydyklaryny tassyklap, jemleýji resminamada dialogyň işini hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Zenanlaryň döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna gatnaşmagyny giňeltmek üçin milli we sebit derejesinde anyk ädimleri hem-de olaryň tutuş sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işinde döredijilikli we parahatçylyk dörediji kuwwatyny has doly peýdalanmak üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek taglymaty ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Dialogyň çäklerinde bilelikde düýbi tutulan binýat Türkmenistanyň,Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň zenanlarynyň arasynda döwlet dolandyryş, öňüni alyş diplomatiýasy, daşky gurşawy goramak, telekeçilik we işewürlik, medeniýet, bilim, ylym, sungat, sport, ýaşlary goldamak, syýahatçylygy ösdürmek hem-de umuman, gender deňligini üpjün etmek ulgamlarynda zenanlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Zenanlaryň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryna Ýüzlenmesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bu wekilçilikli foruma ýokary baha berlendigini bellemek gerek.

Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirilen forum onuň halkara ähmiýetini ýüze çykaryp, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk we ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde tapgyrlaýyn waka öwrüldi. Duşuşygyň netijeleri hem-de onuň dowamynda öňe sürlen teklipler sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen birlikde, umuman, bu ulgamda köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täze itergi bermäge gönükdirilendir.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37189

12.08.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ýurt goragçylarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak halkymyzyň parahat durmuşynyň kepilidir

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Balkan welaýaty, 11-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.

Irden Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wakalaryň geçýän ýerine geldi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň täze desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, Watan goragçylaryny bu şanly waka bilen gutlady. Soňra milli Liderimiz Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň dolandyryş binasynyň esasy girelgesine tarap ugrady.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, täze harby bölümi açyp, onuň düzümleri bilen tanşyp başlaýar.

Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň hem-de bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Baş binada dolandyryş bölümi, şeýle hem nobatçylyk alyp barýan harby deňizçiler üçin iş otagy ýerleşýär. Hemme bölümlere Harby-Deňiz Güýçleriniň hünärmen-serkerdeleri tarapyndan taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiligi ornaşdyryldy.

Täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini yzarlamak mümkin. Munuň özi deňziň kenarýaka bölegine gözegçilik etmek üçin niýetlenen radiolokasiýa enjamlaryň we HDG-niň söweşjeň gämilerinde bar bolan tehniki toplumlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly enjamyň, hemra aragatnaşygynyň kömegi bilen gämileriň deňizde ýerleşýän ýerleri, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligi kesgitlenilýär. Bu bolsa dolandyryş nokadyndan harby gämiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.

Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar we işlenilýär, bu ýerde oturdylan enjamlar işleri ýeňilleşdirýär hem-de maglumatlary bellenen ýerleri boýunça ibermäge şert döredýär.

Harby gullukçy gulluk etmäge we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge döredilen ajaýyp şertler üçin Belent Serkerdebaşa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Ýaragly Güýçleriň ähli şahsy düzüminiň adyndan Watan goragçylarynyň mähriban Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden we wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Şol pursatda “Sanjar” gorag gämisiniň serkerdesi onlaýn görnüşinde gäminiň taýýarlyk ýagdaýy, şahsy düzüm tarapyndan geçirilen degerli taýýarlyk barada hasabat berip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada döwlet derejesindäki aladasy üçin hoşallyk bildirdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gämini dürbi arkaly gözden geçirdi. Häzirki wagtda HDG-ne Watanymyzyň deňiz giňişliklerinde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmekde uly orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdä jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw edip, binanyň birinji gatyna bardy.

Soňra döwlet Baştutanymyz harby bölümiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gullukçylaryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Harby-Deňiz Güýçleriň täze harby bölüminiň desgalarynyň bu ulgamdaky döwrebap talaplara laýyk gurlandygyny bellemek gerek. Onuň çäklerinde esgerler ýatakhanasy bolup, onda harby gullukçylar üçin amatly durmuş şertleri üpjün edildi. Şunda arassaçylygyň we düzgün-tertibiň saklanylmagyna degişli düzgünleriň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana we onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Ammar önümlerini saklamak üçin sowadyjylar bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we amala aşyrylýan harby özgertmäniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem harby bölümde dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen hem-de ýyladyş we salkynlaşdyryş ulgamlary bilen degişli derejede üpjün edilen jaý bar.

Iň täze tehnologiýalar we sanly ulgamlar bilen üpjün edilen okuw binasy hem göz öňünde tutuldy. Bu ýerde okuwlaryň Harby-deňiz institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi esasynda geçirilýändigi bellärliklidir. Sanly ulgamlaryň kömegi bilen harby gämileriň dolandyrylmagy, ugurdaş enjamlaryň ulanylyşy, deňiz giňişligine gözegçiligiň alnyp barlyşy öwredilýär.

Okuw binasynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, harby talyplar we ýaş serkerdeler degişli bilim alýarlar hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar.

Harby bölümiň çäklerinde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary ýerleşdirildi, şolarda harby gullukçylar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, boş wagtlaryny peýdaly geçirip bilýärler. Şeýle hem halkara ölçeglere kybap gelýän iň täze enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi bar. Bu ýerde harby gullukçylara we olaryň maşgala agzalaryna zerur lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler üpjün edildi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni aladasy netijesinde ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň çeper döredijilik we aýdym-saz bilen meşgullanyp bilmeklerine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Medeniýet öýünde harby gullukçylaryň zehinlerini hem-de özlerine sungat dünýäsini açyp bilmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Harby bölümiň düzümine baý kitap gaznasyna eýe, okalga zaly bolan döwrebap kitaphana girýär. Ol Watan goragçylaryna bilimlerini artdyrmaga hem-de boş wagtlaryny kitap, şol sanda çeper eserleri okamak bilen geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde islän kitabyňy almak işi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa wagtyňy ep-esli tygşytlaýar.

Döwrebap binasy bolan we häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary hem-de ugurdaş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdepde harby gullukçylaryň çagalary orta bilim alarlar. Bu ýerde sapaklar häzirki zaman usulynda alnyp barlar. Bu bolsa çagalaryň ylymlara işjeň aralaşmaklary üçin zerur şertleri üpjün eder.

Şeýle hem harby bölümiň çäginde ösüp gelýän ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň häzirki zaman usullaryny özünde jemleýän çagalar bagy hereket edýär. Iki gatly döwrebap binada körpeleriň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri, olaryň başlangyç bilim almagy üçin ýokary derejeli şertler döredildi.

Çagalar baglarynda birnäçe gurnak otaglary bolup, olarda körpeleriň islegine görä, birnäçe ugurlar boýunça okuw sapaklary geçiriler. Şol bir wagtyň özünde çagalarda zähmet endiginiň ösdürilmegine uly üns berler. Bu bolsa ýaş nesliň sowatly, edep-terbiýeli bolup ýetişmeginde ähmiýetlidir.

Çagalar üçin niýetlenen, ajaýyp görnüşde enjamlaşdyrylan oýun meýdançalary bar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmekleri, bilim-terbiýe almaklary ugrunda edilýän aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň beýanydyr.

Toplumyň binalarynyň köptaraply häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda durmuş maksatly binalaryň taslamalarynyň taýýarlanmagyna jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini aňladýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň çäginde iki sany 3 gatly, 60 öýli ýaşaýyş jaýy, şeýle hem ýaş serkerdelere niýetlenen 2 gatly umumy ýaşaýyş jaýy bar. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynda amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.

Şonuň bilen birlikde, täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine hem-de bezegine uly üns berlipdir. Olarda giň, ýagty otaglar, döwrebap talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan amatly aşhanalar bar. Munuň özi ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary taýýarlananda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, öýleriň amatlylyk derejesinde bolşy ýaly, olaryň zamanabap ýagdaýda enjamlaşdyrylmagynyň esasy şert hökmünde kesgitlenendigini aňladýar.

Toplumyň çäklerinde ugurdaş binalardan başga-da, alyjylara gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşini hödürleýän köpugurly dükan hereket edýär. Bu goşmaça amatlyklary döredýär.

Täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýdýarlar. Täze öýleriň töründe giňden ýazylan bereketli desterhanlaryň başynda agzybirlikde tagam dadylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öwran-öwran alkyş sözleri aýdyldy.

Toplumyň çäginde bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Bu ýerde dürli gülleriň hem-de saýaly baglaryň ekilmegi ekologiýa abadançylygyny saklamaga ýardam edýär.

Harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk senesine ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrülen bu täze binalar we desgalar toplumy olaryň mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmegi esasy ugur edinýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň tutuş ýurdumyzy gurşap almagy Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby bölümiň Dolandyryş nokadyna çykyp, harby gämileriň duralgasyna bardy. Bu harby bölümde harby gämiler üçin duralganyň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek, şeýle hem bu ýerde milli HDG-niň ygtyýarynda bolan täze “Deňiz han” atly harby gämi bar. Ol Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Gämileri abatlaýyş kärhanasynda guruldy.

Ýola goýlan asylly däbe eýerip, söweşjeň gäminiň serkerdesi gämä gelen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň baýdagyny galdyrmaga rugsat bermegi barada haýyş bilen ýüzlendi. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Şol pursatda harby gämileriň ýokarsynda asman giňişliginde ýurdumyzyň harby howa güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan harby uçarlar peýda boldy. Olar dürli belentlikde birnäçe çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdiler. Bu görnüşler uçarmanlaryň ussatlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda dürli düzümlerde gulluk edýän harby gullukçylaryň hünär taýdan kämilleşmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Watan goragçylarynyň, şol sanda harby uçarmanlaryň özleriniň saýlap alan hünärlerinde täze belentliklere çykmaga çalyşýanlarynyň sanynyň barha artmagyna getirýär. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän döwürde has-da möhümdir. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň harby-söweşjeň uçarda synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrmagy harby gullukçylary öz ussatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ruhlandyrdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tagallalary netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilmegi dowam edýär.

Harby uçarlaryň uçuşyny synlap, döwlet Baştutanymyz bu ýerden Döwlet serhet gullugyna degişli täze binalar toplumynyň açylyş dabaralarynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Bu ýerde wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna täze binalar toplumynyň açylmagyna taýýarlygy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz serhet galasynyň täze binalar toplumynyň toý bagyny kesip, onuň işine ak pata berdi. Munuň özi merdana serhetçiler üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň gadymy ýörelgelerine laýyklykda, amala aşyrylýan hoşniýetli goňşuçylyk, goňşy ýurtlar we halklar bilen özara ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmekde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň mukaddes çäklerini dost-doganlyk serhedine öwürmek babatda Watan goragçylaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Şeýlelikde, ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şol sanda Döwlet serhet gullugynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şol bir wagtyň özünde türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly binalary gurmak hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň üstünlikli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtaýar.

Serhet goşunlarynda degişli düzümleriň sazlaşykly hereketine, serhetçileriň işlerine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Bu bolsa galanyň gözegçilik edýän çägi boýunça degişli maglumatlary toplamak, olary seljermek we gaýtadan işlemek wezipesiniň dessin hem-de dürs ýerine ýetirilmeginde serhetçilere kömek edýär.

Bu ýerde Dolandyryş merkeziniň işiniň täzeçil tehnologiýalar esasynda alnyp barylmagy toplanylan maglumatlaryň öz wagtynda hem-de maksadalaýyk ulanylmagyny üpjün edýär, bu bolsa gullugyň döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna ýardam edýär. Serhet bölüminiň serkerdesi döredilen amatly şertler üçin hoşallygyny beýan edip, Watana ak ýürekden gulluk etjekdigine kasam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeler bilen baglylykda, serhet galasynyň täze binalary gurlanda, olarda serhetçiler üçin ýokary derejeli gulluk we amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Galanyň çäginde beýleki durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, gulluk itleriniň saklanylýan desgalarynyň bardygyny hem bellemeli.

Ýatakhanalarda ýaş serhetçileriň amatly dynç alşyny üpjün edýän ähli zerur şertler bar. Harby gullukçylaryň naharhanasynyň binasynda ýokumly tagamlary taýýarlamak, azyk önümlerini degişli derejede saklamak aýratyn möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. Bu ýerde nahar taýýarlaýan aşpezleriň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby esasy gollanma öwrendikleri aýratyn nygtaldy.

Döwrebap kitaphana serhetçileriň hyzmatynda, onda gözýetimiňi giňeltmäge hem-de göwün söýen çeper edebiýatyňy okamaga zerur mümkinçilikler bar. Serhetçi esgerler bu ýere höwes bilen gelip, kitaplardan özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap tapýarlar.

Toplumyň çäginde ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport meýdançalary ep-esli orun tutýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, özara bäsleşikleri guramak ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, serhetçiler döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar.

Toplumyň serhetçi itler üçin niýetlenen meýdançasynda alabaýlar bilen türgenleşik işleri yzygiderli geçirilýär. Olar serhetçileriň ýakyn ýardamçylaryna öwrüldiler. Şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde geçirildi. Onuň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Onda Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaý ýeňiji boldy.

Mundan başga-da, toplumda serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoulaglar üçin duralga we beýleki desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilipdir.

Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň milli hünärmenler tarapyndan bina edilmegi aýratyn bellärliklidir. Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar ýaşaýjylar türkmeniň asylly däp-dessurlaryna eýerip, toý saçagyny giňden ýazdylar. Ýaşaýyş jaýlarynyň otaglary döwrebap mebeller bilen, aşhanasy bolsa ýokary hilli hojalyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Serhetçiler we olaryň maşgalalary özleri barada taýsyz tagallalary edip, şeýle ajaýyp ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertlerini döredip berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny, çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň dowamynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, degişli gulluklaryň işine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdiler. Aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada aýdyldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini berjaý etmek, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabatlarda aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň harby gullukçylarynyň şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirmekleri, olaryň watansöýüjilik ruhunyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalary etmekleri babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň, aýratyn-da, dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine möhüm üns berilmelidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümlere degişli binalar we desgalar toplumlarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi we maslahaty jemledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy. Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugy üçin täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37190

12.08.2021
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy: howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri üçin serişde bölünip berildi

Çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklaryny üpjün etmek we beýleki köp sanly aladalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş maksatly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Çagalaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tagallalar, ilki bilen, Watanymyzyň geljekki ykbaly, onuň mynasyp hem-de nurana ertiri üçin döwlet Baştutanymyzyň belent jogapkärçiliginden gelip çykýar. Milli Liderimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, ýaş nesil hakyndaky alada, bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmak üçin başlangyç şertleri döretmek häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny, onuň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygyny kesgitleýär.

Halkymyzyň häsiýetiniň, dünýägaraýşynyň sütünleriniň biri ilatyň goldawa has mätäçlerine durmuş taýdan goldaw bermek bolupdy we ol şeýledigine-de galýar. Häzirki wagtda bu ynsanperwer däp çaganyň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepilliginiň toplumlaryny, şonuň ýaly-da, ýetim çagalaryň jemgyýetde öz ornuny tapmaga, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady we anyk ugurly çäreleri öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda belent ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda ýörite Haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, eýýäm giň möçberli, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Golaýda Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň etrap hem-de şäher hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýörite ulaglaryň açarlaryny bu sebitlere iş sapary wagtynda döwlet Baştutanymyzyň hut özi gowşurdy.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamyny ýokary hünärli hünärmenler, halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny üznüksiz pugtalandyrmak hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda Çözgüt kabul etdi.

Bejergi alýan ýaş çagalaryň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletimiziň baş baýlygy we guwanjy bolan ýaş raýatlaryň saglygy hem-de abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37187

12.08.2021
Kärhananyň döwrebap işleri

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde bu barada aýdan teklipleri olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, şeýlelikde, pudagyň ýokary göterilmegine badalga berdi. Munuň özi ata Watanymyzyň senagatlaşdyrylmagy, ykdysadyýetiniň ösdürilmegi babatda uly ähmiýete eýedir.

Geçen ýyllarda bu ugurda amala aşyrylan taslamalary nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle belleýär: «Biziň halkymyz Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzy agrar ülkeden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdy. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümlerini kämilleşdirmäge örän köp maýa goýumlary gönükdirildi. Netijede, ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi».

Elbetde, ykdysadyýetiň şeýle ýokary depginde ösdürilmeginde gaýtadan işleýän senagatyň goşandy hem örän uludyr. Sebäbi her bir ýurtda ýetişdirilýän hasylyň, öndürilýän önümiň gaýtadan işlenilmegi ep-esli mukdarda goşmaça girdejiniň gazanylmagyna mümkinçilik döredýär. Bu pudakda hil taýdan döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilmegi bolsa onuň esasy şertidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda muňa aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde-de, bu ugra gönükdirilen kärhanalaryň öz işlerini ýokary derejede alyp barmaklaryna düýpli goldaw-kömekler edilýär. Şeýlelikde, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egirme fabrigi hem şolaryň biridir. Bu ýerde onlarça ýyllardan bäri ýurdumyzda kemala getirilen pagtanyň süýümi gaýtadan işlenilip, ondan ýokary hilli ýüplük taýýarlanylýar. Öndürilen şol ýüplükler bolsa dünýäniň ençeme ýurtlaryna, ýagny Russiýa, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan ýaly döwletlere iberilýär.

— Fabrigimizde her ýyl 2 müň tonnadan gowrak pagta süýümi gaýtadan işlenilýär — diýip, kärhananyň ykdysatçysy Akjagül Gazakowa gürrüň berýär:  — Şondan hem 1750 tonna golaý ýüplük öndürilýär. Mundan başga-da, bu ýerde önümçilik galyndylaryndan mebel pamygy hem taýýarlanylýar. Umuman, fabrigimiz ýylyň dowamynda bökdençsiz iş alyp barmak bilen, bellenilen meýilnamalary doly ýerine ýetirip gelýär.

Bu barada aýdylanda, kärhananyň häzirki dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem üstünlikli işleýändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, bu ýerde şu ýylyň geçen 7 aýynda 917,5 tonna ýüplük öndürilipdir. Bu hem ýylyň oňat netijeler bilen jemleniljekdigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda kärhanada işçi-hünärmenleriň 187-si gös-göni önümçilikde zähmet çekýär. Olaryň esasy böleginiň gelin-gyzlardan ybaratdygyny aýtmak bolar. Şeýle ezber işgärleriň hatarynda topar ýolbaşçylary Şabibi Kuwwatnyýazowa, Tylla Babaýewa, egrijiler Farangiz Mätkerimowa, Altyn Esebaýewa, Aýna Tekäýewa, Bahar Gutlyýewa, Aýgözel Myradowa we beýlekiler bar.

Önümçilikde guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna kärhanada ýokary öndürijilikli enjamlaryň ornaşdyrylmagy uly ýardam berýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde işgärler üçin oňat iş hem-de dynç alyş şertleri döredilipdir. Kärhanada ýörite naharhana işgärlere hyzmat edýär. Mundan başga-da, olaryň arasynda höweslendiriş çäreleri guralýar.

— Hormatly Prezidentimiziň öz öňlerinde goýýan wezipelerinden ugur alyp, bildirýän belent ynamyny ödemäge çalyşýan kärhanamyzyň işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna şu ýylyň 9 aýy üçin bellenilen meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýärler — diýip, kärhananyň ykdysatçysy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Akjagül Gazakowa sözüniň üstüni ýetirdi: — Şoňa görä-de, olaryň agzybirlikli zähmetleri barha ýokary depgine göterilýär. Munuň hem ýene-de guwandyryjy üstünlikleri getirjekdigine berk ynamymyz bar.

Gutlymyrat AŞYROW,

«Daşoguz habarlary».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37138

12.08.2021
Milli önümleriň sergisi — ýurduň ýüzi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde ýurdumyzyň halk hojalygynda gazanylýan üstünlikler öz miwesini berdi. Bu ýerde Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan sergä gatnaşmaga gelen işewürleriň öndüren önümleri bilen birlikde ýerli telekeçilerimiziň päk zähmetinden kemal tapan milli önümlerimiziň ýüzlerçe görnüşleri sergä çykaryldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçileriniň önümleri bilen deňeşdirilende, türkmen harytlarynyň hil derejesiniň hiç bir babatda hem pes däldigine göz ýetirip bolýar. Ýurdumyzda ençeme ýyllardan bäri adygyp gelýän «Aýbölek» mebel fabriginiň dünýä derejeli mebelleri, okuwçylar üçin niýetlenen partalary, çaga sallançaklary islegli harytlaryň sanawyny uzaldýar. «Derýaplastik», «Muhammet Balkan», «Ak bulut», «Aýdyň gijeler» ýaly hojalyk jemgyýetleriniň plastmassa gap-gaçlary, ýuwujy serişdeleri, çygly süpürgiçleri, dürli görnüşli ýagtylandyryjylary we tehnologiýa önümleri sergä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Diýarymyzda öndürilýän azyk harytlary has-da baý görnüşe eýe bolupdyr. Bu babatda «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň dürli görnüşli süýjüleridir kökeleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Sergide halkymyzyň baý amaly-haşam sungaty, çeper el işleri hem öz beýanyny tapypdyr. Ol önümler nepisligi, täsinligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Şu ýerde gadym döwürlerden bäri türkmeniň adyny arşa galdyryp gelýän nepis halylarymyz barada aýtman geçmek bolmaz. Çeper elli türkmen gelin-gyzlarynyň döreden ajaýyp halylary göreni haýrana goýýar. Olar nagyşlarynyň täsin taryhy, tebigy reňkleriniň ýerbe-ýerligi bilen dünýä halyçylyk sungatynda uly orun eýeleýär. Sergide haly-palaslar, gülli owadan keçeler, el işleri, milli lybaslar bilen birlikde «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly we haly önümleri aýratyn pawilýonlary eýeläpdir.

Sergide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öndüren milli önümleri hem juda ünsüňi özüne çekiji boldy. Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileriniň pyrtykaldan, limondan, almadan öndüren jemleri, çagalar üçin niýetlenen «Multifrut» şerbedi, «Balary» atly dag baly, «Yssyk-kölüň çemeni» diýlip atlandyrylan dürli ot-çöplerden taýýarlanan çaýlar, «Kelinçek» atly aş önümleri köp görnüşliligi bilen tapawutlandy. Bu sergä täjik telekeçileri aýratyn taýýarlykly gelipdirler. Olaryň ter we guradylan dürli ir-iýmişleri hem-de miweleri dessine ünsüňi çekýär. Tekjelerde ýerleşdirilen şetdalylaryň «Guldor», «Ozody», «Zarnigor» sortlary, erik kişdesiniň «Subhoni», almanyň «Şohiseb», üzüm kişmişleriniň «Zarafşan» sortlary diýseň özüne çekijidir. Bu öndürilen önümler täjik daýhanlarynyň päk zähmetinden kemal tapypdyr.

Özbegistan Respublikasynyň telekeçileriniň we işewürleriniň sergä getiren dürli önümleri çeperligi, köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Dürli ösümlikleriň tohumlary we däneleri Özbegistanyň oba hojalygynyň baý mazmunyny açyp görkezýär.

Jemläp aýdylanda, Halkara deňiz portunda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň milli önümleriniň halkara sergisi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygynyň şaýady boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň barha ýakynlaşýan günlerinde geçirilen bu serginiň söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, medeniýetleriň özara ýakynlaşmagynda ähmiýeti uludyr.

Oguljemal HOŞGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37158

12.08.2021
Ysnyşykly ykdysady gatnaşyklar

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň yzygiderliligini üpjün etmekden ybaratdyr. Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygynyň döredilmegine uly üns berilýär. Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň emele gelendigine garamazdan, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini ödeýän sanawynyň giňemegine tarap ugur alynýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi diňe bir içerki bazarda önümleriň bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, eýsem, önüm öndürijileriň öz önümlerini ýerlemekleri üçin täze bazarlary gözlemeklerine-de itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenilip düzülen ykdysady strategiýa laýyklykda eksport edilýän önümleriň sanawyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek bolsa esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän amatly şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasy hem taýýarlanylýar. Bu bolsa öz gezeginde, içerki bazaryň kadaly ýagdaýyny saklamaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär.

Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna welaýatymyzdaky döwlet kärhanalarynyň birnäçesi uly goşant goşýar. Nah ýüplük egriji kärhanalaryň önümleriniň uly toparyna her ýyl Angliýa, Germaniýa, Türkiýe, Polşa, Gyrgyzystan ýaly döwletler tarapyndan uly isleg bildirilýär. Kaliý dökünlerini öndürmek boýunça eksport potensialyny ösdürmäge bolan mümkinçiliklerden peýdalanylýar. Buýan köküniň we ondan alynýan dürli önümleriň eksporty köpelýär. Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ösmegine döwlete dahylly däl pudagyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Meselem, diňe bir welaýatymyzda «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam» ýaly hususy kärhanalaryň eksport paýy uludyr.

Atajan KADYROW,

Lebap welaýat gümrükhanasynyň Tallymerjen gümrük nokadynyň kiçi gözegçisi, maýor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37069

12.08.2021
Milli ykdysadyýetimiz ösüşlere beslenýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän Ministrler Kabinetiniň her bir, şol sanda giňişleýin mejlisi, iş maslahatlary halk bähbitli beýik işlere beslenýär. Şonuň üçin hem milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilýän çäreler, wakalar biziň her birimizde çuňňur gyzyklanma döredýär. Hökümetiň mejlislerinde, iş maslahatlarda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, degişli çözgütler kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşýan çäreleri bolsa Watanymyzyň häzirki zaman taryhynyň senenamasyny möhüm waka hökmünde bezeýär we baýlaşdyrýar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreleriň oňyn netijesi, ilkinji nobatda, makroykdysady görkezijilerde öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin biz jemi içerki önümiň, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň depginlerine, şeýle hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn gyzyklanma bildirýäris. Sebäbi olar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatyň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň görkezijileridir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 3,5 göterim ýokarlandy.

Bu maglumatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzyň giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny beýan edýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolsa ýurdumyzy, şol sanda onuň ykdysadyýetini ösdürmekden, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi, şol sanda onuň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek arkaly Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Hut şu maksat bilen, hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň, onuň her bir pudagynyň ösüşi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berýär hem-de bu babatda jogapkärli wezipeleri kesgitleýär.

Häzirki wagtda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, energetika, ylym-bilim we beýleki pudaklarynda oňyn netijeler gazanylýar. Olar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň meselelerine yzygiderli ähmiýet berýändigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 11-nji martynda geçiren iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleriniň girizilmegi munuň subutnamasydyr. Şonda milli Liderimiz ýurdumyzda makroykdysady ýagdaýyň durnukly bolmagynda galýandygyny belläp: «Häzirki döwürde ýokary we durnukly ösüş ýeterlik derejede üpjün edilýär» diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy wajypdyr. Şeýle hem önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna we bu ugurda ylmyň ýokary gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Oba hojalyk toplumy milli ykdysadyýetimizde aýratyn orun eýeleýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirmekleri, edermen gallaçylarymyzyň guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmaklary milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny baýlaşdyran ajaýyp zähmet üstünligi boldy.

Şu ýyl halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň, Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň dabaraly ýagdaýda açylmagy, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berilmegi hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek barada edilýän tagallanyň aýdyň beýanydyr.

Häzirki wagtda «Gurýan döwlet gurply döwletdir» diýen aýtgy ýörgünlidir. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen hem-de gurluşygy alnyp barylýan durmuş-ykdysady, medeni-durmuş maksatly desgalar, binalar Watanymyzy giň gurluşyk meýdançasy hökmünde häsiýetlendirmäge mümkinçilik berýär, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolup, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny dabaralandyrýar.

Elbetde, her bir işde ussatlyk gerek. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen «Türkmeniň ak öýi» binalary ak güllerden, täze ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, bank edaralarynyň binalary dürli güllerden boglan çemenleri ýatladýar. Her gülüň öz ysynyň bolşy ýaly, olaryň hem öz gözelligi, ähmiýeti bolup, döwrümiziň Beýik Binagäri hormatly Prezidentimiziň binagärlik ussatlygyny dabaralandyryp, ýurdumyza bezeg berýärler.

Milli Liderimiziň nygtap belleýşi ýaly, täze ajaýyp binalarymyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadan durmuşynyň nyşanydyr, olar geljekki nesillere hemişelik ýadygär galar.

Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bilim ulgamynyň innowasion ösüşiniň, nebitgaz toplumyna maýa goýumlarynyň çekilmeginiň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hem milli ykdysadyýetimiziň ösüşine oňyn täsir edýändigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, telekeçiligiň ösdürilmegi Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine kuwwatly itergi berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösmeginde dostlukly döwletler, iri abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini-de bellemek gerek. Muny ýakynda, has takygy, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara derejesinde geçirilen çäreler, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy hem-de onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly

Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti we ugurlary dogrusynda jikme-jik durup geçdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösüşe besläp, Watanymyzyň berkararlyk binýadyny berkitmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak barada taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Tirkeş MÄMMEDOW,

«Mugallymlar gazeti».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/36996

11.08.2021
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerine we ähli oba zähmetkeşlerine

Hormatly oba zähmetkeşleri!

Gadyrly suw hojalyk işgärleri!


Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metr bolan täze suw howdanynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan mukaddes suw tebigaty janlandyrýar, giň giden sähralarymyzy gülzarlyga hem-de bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň gadyr-gymmatyny, sarpasyny belent tutan halkymyz asyrlarboýy onuň her damjasyny altyn dänesine deňäpdir. «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp — il» diýen ýaly ajaýyp nakyllary döredipdir. Bu bolsa türkmen halkynyň ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan mukaddes suwa bolan garaýşyny aýdyň beýan edýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda kämil ekerançylyk usullaryny döreden ata-babalarymyz ýurdumyzyň gurak howa şertlerini gowulandyrmak, sahawatly ýaýlalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek hem-de ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekipdirler. Muňa türkmen düzleriniň, sähralarynyň, daglyk zolaklarynyň köp ýerlerinde ynsan elleri bilen gurlan we döredilen guýular, kärizler, howdanlar, sardobalar, akabalar, köller, ýaplar we beýleki suw desgalary doly şaýatlyk edýär.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda gurlan bu suw howdany Garagum derýasynyň aşaky akymynda güýz we gyş pasyllarynda suw toplamaga, derýanyň akymyny sazlamaga hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmäge uly ýardam berer.


Hormatly suw hojalyk işgärleri!


Suwuň asla ýok ýerlerine hem suw eltmegiň kämil usullaryny oýlap tapan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda biz suw baýlyklaryny goramak, suwuň her damjasyny aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça köp işleri amala aşyrýarys. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys.

Biz ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça hem öňümizde uly wezipeleri goýduk. Şu wezipelerden ugur alyp, «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş Maksatnamany» kabul etdik. Häzirki döwürde bu ugurda tutumly işler amala aşyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap agyz suwy zawodlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi bu aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga we suw serişdeleriniň ýeterlik gorlaryny döretmäge uly ýardam etjek täze howdanlaryň gurluşygy hem-de bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek işleri giň gerimler bilen dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga uly täsir edýär. Şeýle hem bu köle welaýatlaryň ekerançylyk ýerlerinde toplanan zeý suwlarynyň akdyrylmagy netijesinde, şor suw akabalarynyň işleýşi kadalaşýar. Ýerasty suwlaryň peselmegi bilen, ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar. Netijede, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanýar, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi yzygiderli baýlaşýar, şeýle hem bu kölüň hem-de onuň akabalarynyň ugrunda maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döreýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherlerimiziň we obalarymyzyň has-da gözelleşmegi, bagy-bossanlyga öwrülmegi ýurdumyzda suwuň bolçulygynyň hem-de netijeli ulanylmagynyň aýdyň mysalydyr. Biz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, suw hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de giň gerimli we tutumly işleri dowam ederis.


Hormatly suw hojalyk işgärleri!
Gadyrly oba zähmetkeşleri!


Sizi Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metre deň bolan täze suw howdanynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berekediň çeşmesi bolan bol suwly derýalarymyzyň, köllerimiziň, howdanlarymyzyň hözirini görüp, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagy, janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny arzuw edýärin.



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37022

11.08.2021