Röwşen geljege tarap ynamly gadamlar

Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagy ugrunda amala aşyrylýan, şeýle-de senagat boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynda energetika senagatyna möhüm orun berilýär.

Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşmagy, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy, öýde we senagatda elektrik energiýasyny sarp edýän döwrebap hojalyk we senagat enjamlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, täze önümçilikleriň, obalaryň döredilmegi, telekeçilige giň ýol açylmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine elýeterli etmek boýunça alnyp barylýan işler, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze energetika kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, ulgamy halkalaýyn birleşdirmek arkaly sebitleriň energiýa ulgamyny özara ätiýaçlandyrmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Sarp edijilerimizi elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, onuň artykmaç bölegini daşary ýurtlara ibermek energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu iş, ilkinji nobatda, täze elektrik beketleriniň geçirijilerini, häzirki zaman transformator kiçi beketlerini we paýlaýyş ulgamlaryny gurmagyň hasabyna amala aşyrylýar.

2013-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde jemi kuwwatlylygy 146,7 MWt bolan 3 sany gaz turbinasy, Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 393,9 MWt bolan 5 sany gaz turbinasy, kuwwatlylygy 149,2 MWt bolan täze Lebap döwlet elektrik stansiýasy, kuwwatlylygy 254 MWt bolan täze Watan döwlet elektrik stansiýasy, kuwwatlylygy 504,4 MWt bolan Derweze döwlet elektrik stansiýasy gurlup, energoulgamyň kuwwatlylygy 1448,2 MWt artdyryldy.

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerindäki kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, şu ýyl Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi energoulgamyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, ynsanperwer energetika syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmaga has giň ýollary açýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr» diýip belleýşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda goňşy döwletler bilen amala aşyrylýan, uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklar her bir ojaga ýagtylyk hem ýylylyk paýlaýar.

Elektroenergetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini gazanmak üçin energiýanyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, onuň ätiýaçlyk gorlarynyň döredilmegi zerurdyr. 2019 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzda öndürilýän energiýanyň hasabyna, onuň eksportyny 8,7 göterim ýokarlandyrmak we 3,6 milliard kWt/sag. ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de «Türkmenistanyň gurluşyk we energetika toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, elektrik energiýasyny öndüriji täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi bilen, 2025-nji ýyla çenli energiýanyň möçberi, 2019-njy ýyla garanyňda, 17,4 göterim artar.

Görşümiz ýaly, soňky döwürde geçirilen düýpli özgertmeleriň netijesinde, sarp edijileriň elektrik energiýasyna zerurlygyny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän energetika kuwwatlyklary döredildi. Şeýlelikde, bar bolan kuwwatlyklary sarp edilişine görä, welaýatlaryň arasynda paýlamak, ýurdumyzyň islendik künjeginden goňşy döwletlere hem elektrik energiýasyny ibermek maksady bilen, Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslama durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagta çenli Aşgabat — Mary — Lebap — Daşoguz aralygynda dürli güýjenmedäki howa elektrik geçirijileri hereket edip, olar agzalan sebitleriň energoulgamyny özara birleşdirýärler. Ýakynda Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energoulgamyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny düýpgöter gowulandyrjak we türkmen energoulgamynyň dürli böleklerini özara birleşdirjek hem-de ätiýaçlandyrjak Ahal — Balkan ugry boýunça howa elektrik geçirijisi we podstansiýalary ulanmaga berildi. Onuň işe girizilmegi, häzirlikçe, bu iki sebitiň arasynda elektrik energiýasynyň özara akymyny kadalaşdyryp, olary öz arasynda ätiýaçlandyryp, sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Geljekde taslamanyň Balkan — Daşoguz böleginiň hem gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanmagy bilen türkmen energoulgamy bir bitewi halka birleşdiriler. Pudagyň meýilnamalarynda Aşgabat — Mary aralygynda hereket edýän howa elektrik geçirijisini-de ýokary güýjenmä geçirmek göz öňünde tutulýar.

Taslama barada giňişleýin aýdylanda, bu halkalaýyn energoulgam Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndaky Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamyny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda» hem-de 2021-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky «Ýurdumyzyň energoulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda» Kararlaryna laýyklykda amala aşyryldy. Jemi uzynlygy 421 kilometre barabar taslamanyň Ahal — Balkan böleginiň gurluşygy Ahal welaýatyndaky «Gurtly» podstansiýasyndan başlandy. Soňra gurluşyk işleri Gökdepe, Bäherden, Serdar, Bereket etraplarynyň çäklerinde dowam etdirilip, ol işler Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde tamamlandy.

Taslamanyň gurluşygyny amala aşyrmak üçin pudaga zerur kämil tehnikalardyr tehnologiýalar satyn alnyp, döwrebap enjamlar getirilip, ýerli hünärmenlerimiziň çeken gaýratly zähmeti netijesinde gysga döwrüň içinde bu möhüm işiň birinji tapgyry üstünlikli durmuşa geçirildi. Işiň barşynda agzalan çäklerde Hindistan Respublikasynyň «Kalpataru» kompaniýasynyň öndüren demir sütünleriniň jemi 1426 sanysy oturdyldy. Bu sütünleriň astyna goýulýan binýatlar ministrligiň «Büzmeýindemirbetonönümleri» kärhanasynda taýýarlandy. Netijede, halkalaýyn energoulgamyň Ahal — Balkan böleginiň işe girizilmegi bu welaýatlaryň arasyndaky elektrik baglanyşygyny gowulandyrmaga, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Parahatçylygyň hem dost-doganlygyň mizemez güýjüniň dabaralanýan döwründe milli Liderimiziň halkymyz üçin şeýle ähmiýetli energetika desgasyny gurduryp, ulanmaga bermegi taryhy wakadyr. Haçanda halk bagtly geljegine ynamly gadam basanda, jemgyýet özgerýär, döwür gülleýär. Mukaddes Garaşsyzlyk bilen bat alan, hemişelik Bitaraplygy ýörelge edinen Türkmenistanyň ykdysady ösüşleri, umumadamzat bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri — halkyň göterilen ykbaly, döwletiň jümle-jahana ykrary. Dünýäde ykrar edilen Lideri bar milletiň mydama başy belentdir, mertebesi ýokarydyr, ýaşaýyş-durmuşy ösüşleriň belentliklerine tarapdyr.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44888