Новости
Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerini nazarlaýan sebit dialogy

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary konsultatiw duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler

Şu gün — 6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sebit boýunça goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da köpugurly görnüşde deňhukukly we ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Çäräniň öň ýanynda belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna geldiler. Täjik Lideriniň bu gezekki konsultatiw duşuşyga gatnaşmagy onuň Türkmenistana döwlet sapary bilen gabat geldi.

Türkmenbaşy şäheriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlary, asylly däbe görä, duz-çörek bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň forumy guramaga uly jogapkärçilik bilen çemeleşendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu halkara çärä taýýarlyk görmek işleriniň ähli tapgyrlaryny hemişe üns merkezinde saklady. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, degişli Guramaçylyk topary döredilip, onuň öňünde döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly halkara ähmiýetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek wezipesi goýuldy.

Şu gezekki forumyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şonuň ýaly-da möhüm sebit we halkara ugurlara degişli meseleleriň giň topary girizildi. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda, özara gatnaşyklaryň netijeli, uzak möhletleýin gurallaryny döretmekde, sebitiň durnukly ösüşi, onuň dünýä gatnaşyklaryna çalt depginlerde goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak bilen, sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam edýän anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Daşkentde geçirilen ikinji konsultatiw duşuşygynda çykyş edip, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, maýa goýum hem-de innowasiýa ulgamlarynda sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli dowam etmek bilen baglylykda, bäştaraplaýyn Işewürler geňeşini döretmek boýunça başlangyjy öňe sürdi. Şonda döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň medeni gatnaşyklarynyň forumyny yzygiderli esasda ýola goýmak üçin mümkinçiliklere garamagy teklip etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz sebiti gülläp ösýän künjege öwürmek, netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýady döretmek boýunça umumy maksatlara ýetmekde ägirt uly ykdysady, serişde, adam hem-de ynsanperwer mümkinçiliklerine eýedir.

Şeýlelikde, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän konsultatiw duşuşygy doly möçberli sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, oňa çalt depginlerde ösýän, strategik kuwwaty bermek üçin uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we doganlyk ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär.

***

Awaza, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňzi boýunça gämide bilelikde gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Belent mertebeli myhmanlar türkmen Lideriniň başlangyjy bilen, Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara çäreleriň sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ähmiýetini nygtadylar.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary Awazanyň gözelliklerini synlap, ekologiýa ugrunyň Türkmenistanda, şol sanda ýurduň bu ajaýyp künjeginde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düzümleýin taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üýtgewsiz talaby bolup çykyş edýär. Hazaryň kenarynda gurluşyk işleri geçirilende, tebigaty, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsini, şeýle hem deňziň köpdürlüligini gorap saklamaga aýratyn üns berilýär.

Belent mertebeli myhmanlar bu künjekde amatly howa şertlerini üpjün etmek üçin tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegini hem öz içine alýan işleriň ähmiýetini-de bellediler, munuň özi halkara ölçeglere laýyk gelýän şypahana-dynç alyş zolagy hökmünde Awazanyň derejesini beýgeldýär.

Goňşy ýurtlaryň Liderleri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan edip, bu ýerde geçirilýän halkara çäreleriň sebitde doly derejeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de anyk netijelere ýetilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhmanlar bilelikde awtobusda köpugurly “Awaza” sport toplumyna tarap ugradylar, ýüzugra milli syýahatçylyk zolagynyň tebigy aýratynlyklaryny hem-de kaşaň desgalaryny synladylar.

Soňky ýyllarda bu künjekde amatly dynç almak we saglygy berkitmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirki zaman şypahana-dynç alyş düzümi emele geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar köpugurly “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary türkmen Lideri tarapyndan amala aşyrylýan, halkyň saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine, ýurtda bedenterbiýe we sport hereketiniň ösdürilmegine häzirki zaman ugurdaş düzümleriň döredilmegine gönükdirilen strategiýanyň ähmiýetini bellediler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36704

06.08.2021
Merkezi Aziýa sebiti: ykdysady ösüşiň hatyrasyna beýik işler

Şanly wakalary bilen Merkezi Aziýa sebitiniň taryhyna girjek günüň — 6-njy awgustyň gün tertibinde sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy hem bar. Döwletara derejede guralýan bu forum Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleriň çäklerinde alyp barýan netijeli işleriniň ykrarnamasy bolup, ol Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny äşgär edýär. Bu halkara çärede garaljak meseleler we onuň jemi boýunça kabul ediljek resminamalar sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam döredýär.

Häzirki döwürde halkara ykdysady giňişlikde islendik ýurduň tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin halkara gatnaşyklary dürli ugurlarda we dürli görnüşde ösdürmek zerur bolup durýar. Şunda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň köp ýurtlaryň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi syýasy we ykdysady nukdaýnazardan bähbitli hasaplanýar. Çünki ykdysady meseleler boýunça döwletara gepleşikleriň geçirilmegi, halkara derejede forumlaryň we duşuşyklaryň guralmagy dünýä tejribesinde milli bähbitleri sazlaşdyrmakda öz oňyn netijelerini görkezen gurallaryň biridir.

Aslynda, ykdysady forum halkara derejede guralýan çäreleriň bir görnüşi bolup, oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşi üçin ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdançany emele getirýär. Bu forumyň gurşap alýan meseleleri Merkezi Aziýa sebitiniň giňişliginde döwletara gatnaşyklaryň täze görnüşiniň döreýändigini äşgär edýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň ilkinji gezek geçirilýändigi aýratyn bellärliklidir. Oňa dünýä jemgyýetçiliginiň, hususan-da, bu sebite girýän döwletleriň uly gyzyklanma bildirmegi şol ýurtlaryň tebigy baýlyklarynyň we uly mümkinçilikleriniň tutuş dünýäniň, şol sanda sebitiň bähbitleri üçin ulanylmaga taýýardygyny aýan edýär. Şeýle forumlaryň geçirilmegi sebitiň şu gününi we geljegini nazarlaýan halkara taslamalaryň bilelikde işlenip taýýarlanmagyna badalga berýär. Sebitara infrastrukturanyň häzirki zaman giň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň giňişlige girýän döwletleriň mundan beýläk-de global ykdysady ösüşe netijeli goşulyşmagyna güýçli itergi berjekdigini alamatlandyrýar. Mundan başga-da, bu ýurtlarda maýa goýumlaryň artmagyna we netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin şertleri üpjün etmäge ýardam berjekdigi gümansyzdyr. Foruma gatnaşjak döwletler tarapyndan ulag, syýahatçylyk, maýa goýum, energetika meseleleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň halkara geoykdysady giňişligiň täze keşbiniň kemala gelmegine ýardam berjekdigine ynamy güýçlendirýär.

Dünýä tejribesinde sebitleýin ykdysady forumlaryň birnäçe görnüşi bolup, onda şol giňişligiň şu günki we geljekki ösüşini üpjün etjek ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döredilýär. Mundan başga-da, bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň nazary ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gönükdirilen.

Şu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde, 2019-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilendigini bellesek ýerlikli bolar. Nobatdaky sammiti Türkmenistanda geçirmek barada hormatly Prezidentimiziň beren teklibiniň goldanylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň ýene-de bir tassyknamasydyr. Bu sammitiň uzak taryhy bolmasa-da, bu gün onda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň çuňlugy we möçberi halkara çäräni sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli we ygtybarly guraly hökmünde häsiýetlendirmäge esas döredýär.

Türkmenistan bu gün dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn nusgasyny görkezýär. Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen ýola goýan söwda-ykdysady gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasatyň netijeliliginden nyşan. Şol bir wagtda bu ýagdaý halkara ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň tutýan ornunyň pugtalanýandygyny alamatlandyrýan möhüm ölçegdir. «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini daşary ykdysady strategiýasynyň ýol-ýörelgesine öwürmegi başaran Türkmenistanyň häzirki döwürde öňe sürýän milli bähbitleri köp babatda ählumumy ösüşe degişli iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar.

Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Sebäbi islendik ýurduň ösüşi we howpsuzlygy köp derejede ony gurşap alýan geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlara bagly bolýar. Umumy geografik giňişlikde ýerleşýän ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ösdürilýän hyzmatdaşlyk olaryň arasynda özara düşünişmek ýörelgelerine eýerilýän gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz köptaraplaýyn sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ykdysady çygyrda amala aşyrylýan sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde özüni görkezdi. Hususan-da, Türkmenistan özüniň daşary ykdysady strategiýasynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň dykgatyna täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär.

Maýa goýum bazarynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, daşary ýurt maýa serişdelerini ýurdumyza çekmek bilen bagly meseleler häzirki döwrüň ykdysady gatnaşyklarynda uly ähmiýet berilýän meselelerdir. Hususan-da, türkmen ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe daşary ýurt maýadarlary üçin ähmiýetli zerur durmuş-ykdysady, syýasy şertleriň bolmagy ýurdumyza uly gyzyklanma döredýär. Netijede, maýadarlary howatyrlandyrýan töwekgelçilikleriň derejesiniň pes bolmagy ýurdumyzyň düýpli goýumlar syýasatynyň geljeginiň uludygyny alamatlandyrýar.

Geografik taýdan Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen Türkmenistan ägirt uly amatlyklardan peýdalanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda döwrebap ulag we aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmegi düýpli maýa goýumlary milli ykdysadyýete çekmek işini ýeňilleşdirýän şert hökmünde çykyş edýär. Şol bir wagtda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegini emele getirmek bilen bir hatarda, Türkmenistan bütin Merkezi Aziýa sebitinde uly möçberde maýa goýmaga amatlyklary bolan ýurtlaryň biri hasap edilýär.

Halkara çäreleriň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli 9620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisini guramak hem göz öňünde tutulýar. Onda milli pawilýonlaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sergileriniň ýerleşdirilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen öndürijileriniň gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmäge, ileri tutulýan ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde sebitde işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygy milli Liderimiziň parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň diňe bir sebitde däl, eýsem, global derejede oňyn netijeleri görkezýändigini alamatlandyrýar.

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36577

05.08.2021
Türkmenistan we Täjigistan strategik hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler

Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi kabul etmek dabarasy boldy.

Milli Liderimiz Täjigistanyň Prezidentini mähirli garşylaýar.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary özleri üçin ýörite gurnalan ýere geçýärler.

Hormat garawulynyň toparynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.

Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçýärler hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýeti bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýörişi geçýärler.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň awtoulag kerweni atlylar toparynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumynyň merkezi girelgesine gelýär, bu ýerde ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylaýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, milli Liderimiz öz kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin zala çagyrýar. Bu ýerde ýüzbe-ýüz görnüşinde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmony türkmen topragynda mähirli mübärekläp, täjik Liderine döwlet sapary bilen Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär, ýokary derejedäki şu günki ikitaraplaýyn taryhy duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanandyr.

Koronawirusyň pandemiýasy dünýäniň ykdysady ýagdaýyna, şeýle hem sebit we ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirdi, şonuň üçin döwletara gatnaşyklarynyň geljeginiň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak isleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däbe öwrülen türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şol ugurlarda özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleleriň biri bolar.

Hormatly Prezidentimiz kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberendigi üçin Täjigistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, öz tarapyndan dostlukly döwletiň Baştutanyna öwezini dolup bolmajak ýitgi — aýal doganynyň aradan çykandygy zerarly gynanç sözlerini beýan etdi.

Bu zatlar adamyň ýüregine we kalbyna öçmejek ýara salýar, emma wagt diýeniň geçip dur. Biz watançylar hökmünde halklarymyzyň bähbidine işlemelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Lideriniň saparynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalaryny birleşdirýändigini belledi. Bu duşuşygyň gün tertibine sebiti ösdürmek, hususan-da, häzir hemmeleri biynjalyk edýän Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Prezident Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi, şeýle hem duýgudaşlyk we goldaw sözleri üçin türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabat şäherine nobatdaky gezek gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny belledi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama aýratyn ähmiýet berilýär.

Täjik Lideri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolandygyny belläp, şu saparynyň çäklerinde geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Emomali Rahmon abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara gatnaşyklary baradaky meselelere degip geçmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täze çemeleşmeleri görkezýän Türkmenistanyň möhüm başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýtdy.

Belent mertebeli myhman döwrebap, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa sebitiniň merjeni diýlip ykrar edilen, tanalmaz derejede özgeren türkmen paýtagtynyň hem-de iri şäherleriniň, hususan-da, Mary şäheriniň ösüşine haýran galandygyny aýdyp, täjik halkynyň türkmen doganlarynyň gazanýan üstünliklerine, Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, ençeme durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine buýsanýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Iki döwletiň Baştutanlary özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygyny bellemek bilen, türkmen-täjik gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Prezidentleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmony hem-de onuň wekiliýetiniň ähli agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, duşuşmak hem-de iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin täjik Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Täjigistanyň Prezidentiniň sapary däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasydyr. Şol gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine hem-de ikitaraplaýyn gyzyklanmalara we gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalara esaslanandyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu günki gepleşikleriň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna giňişleýin baha beriljekdigine, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny bar bolan mümkinçiliklere laýyklykda täze derejä çykarmak üçin geljekki ýagdaýlara garap, öňdäki işleriň kesgitlenip bilinjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmezden öňürti, ýokary derejeli myhmany 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlap, Emomali Rahmonyň şu saparynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlananyndan soň, biziň ýurdumyza ilkinji döwlet sapary bolmagynyň özboluşly manysynyň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz türkmen-täjik gatnaşyklarynyň esaslary barada aýtmak bilen, şol gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna we geljegine bolan garaýyşlar babatda bolşy ýaly, sebit we halkara ösüşleriniň ýagdaýy babatda hem özara düşünişmek bilen şertlendirilendigini nygtady.

Biziň ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak hem-de goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy hereket etmek, Owganystandaky ýagdaýlary düzgünleşdirmek, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler boýunça umumy ýörelgeler bilen çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen-täjik syýasy gepleşiklerinde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýygjam hyzmatdaşlyk etmek möhüm ähmiýete eýedir. Biz möhüm halkara meseleleri boýunça ýakyn garaýyşda bolup, halkara derejede hereketlerimizi utgaşdyrýarys, birek-biregi goldaýarys, bu bolsa sebitde hem-de dünýäde anyk netijeleri gazanmaga we işleriň barşyna oňyn täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin sebit görnüşindäki gurama hökmünde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny (YHG) belläp geçip, Täjigistanyň ýylyň dowamynda meýilleşdirilen çärelere, şol sanda şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan YHG-niň 15-nji nobatdaky sammitine işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň gatnaşyklary Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygy saklamak hem-de netijeli ösüş ýagdaýlar babatda esasy ugry emele getirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de iki ýurduň ýörelgeleriniň üýtgewsizdigini we yzygiderlidigini belledi.

Türkmenistan hem-de Täjigistan Respublikasy Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini, jedelli ýagdaýlara ýol berilmezligini, bar bolan hemme meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegini, hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyny, özara bähbitleriň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna daýanmak arkaly berjaý edilmegini we nazara alynmagyny üpjün edip biljek berk hem-de oňyn gurallaryň döredilmegi ugrunda pugta çykyş edýärler.

Diňe şeýle esasda, Merkezi Aziýa döwletleriniň depginli ykdysady ösüşiniň hem-de kämilleşmeginiň, biziň sebitimiziň köpugurly derejede halkara hyzmatdaşlyk etmäge öwrülmek mümkinçiliginiň boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu maksatlar bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýardam bermek, dawaly ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça netijeli gurallary döretmek, syýasy geňeşmeler görnüşinde sebit gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça başlangyçlary goldamak möhüm wezipe hökmünde görülýär.

Milli Liderimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijelidigine aýratyn ünsi çekip, syýasy gepleşikleriň şeýle görnüşiniň bäş döwletiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny nygtady. Ol durnukly ösüş, köptaraply gatnaşyklaryň netijeli usullaryny ýola goýmak, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda giň halkara hyzmatdaşlyk üçin özüne çekiji sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň dünýä möçberindäki ýagdaýlara goşulyşmagynyň örän möhüm we ähmiýetli usullaryny kemala getirmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmonyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň geçiriljek nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagynyň şeýle görnüşde gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli öňe ilerlemegine has-da uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Owganystandaky ýagdaýlaryň häzirki gepleşikleriň aýratyn meselesidigine ünsi çekdi. Häzir daşary ýurtlaryň harby bölümleriniň Owganystandan çykarylmagy bilen baglylykda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik gurallary döretmek baradaky mesele aýratyn möhümdir.

Şu işlerde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň eýeleýän orny örän ähmiýetlidir we gymmatlydyr. Biziň ýurtlarymyzyň owgan meselesi ugrundaky özara hereketleri Owganystandaky syýasy ýagdaýlary kadalaşdyrmak boýunça halkara tagallalary, onuň ykdysady we durmuş ulgamyny täzeden dikeltmek, Owganystany sebit we dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna giňden goşmak babatda uly peýda getirip biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de owgan meselesi boýunça ulgamlaýyn syýasy gepleşikleri alyp barmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny belledi.

Munuň özi häzirki wagtda, Owganystanda harby-syýasy ýagdaýlar ýitileşen döwründe aýratyn möhümdir.

Umuman, biz Owganystan bilen bagly meseleleriň çözülmeginde sebitdäki ýagdaýlaryň güýçlendirilmeginiň, ýagny Owganystanyň gönüden-göni goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň zerurdygyna ynanýarys. Türkmenistan sebitde örän wajyp durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň bar bolan mümkinçiliklerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşişini nazarda tutup, şol işlere Türkmenistanyň we Täjigistanyň has işjeň hem-de anyk gatnaşmagyny zerur hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň ekologiýa we tebigaty goramak meselesi boýunça gatnaşyklary ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara derejede hem hyzmatdaşlyk etmek babatda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselelerini çözmek boýunça bilelikdäki işleri has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdy. Şu babatda iki ýurduň degişli düzümlerine 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awazada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny işläp düzmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrmak teklip edildi.

Mundan beýläk hereketi dowam etmek, bilelikde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, halkara jemgyýetçiligiň, ilkinji nobatda, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň mümkinçiligini doly peýdalanmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de hil taýdan ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Täjigistana möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garalýar. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz şu ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň belli bir derejede ösendigine garamazdan, umuman, biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady mümkinçiliginiň islenilýän derejä laýyk gelmeýändigini nygtady.

Soňky wagtlarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginleriniň peselmegine uly sebäpleriň, anyk häsiýetli kynçylyklaryň, häzirki döwürde dünýädäki maliýe-ykdysady meseleleriň, şeýle hem koronawirus pandemiýasynyň sebitdäki ykdysady ýagdaýlara, şol sanda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady we üstaşyr ulag gatnaşyklaryna ýaramaz täsiriniň bolandygy aýdyňdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şu babatda döwlet Baştutanymyz işleriň emele gelen ýagdaýlaryna bilelikde düýpli we anyk seljerme geçirmegiň, doly derejeli hereket etmäge zyýan berýän päsgelçilikleri ýüze çykarmagyň hem-de aradan aýyrmagyň, mümkinçilikleriň doly derejede peýdalanylyp bilinjek anyk ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady.

Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär. Onuň işi iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklaryň depginini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň şu ýylyň 28-29-njy iýulynda Duşenbe şäherinde geçirilen 10-njy mejlisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde möhüm ädim bolup hyzmat etjekdigine, geçirilen gepleşikleriň bolsa tiz wagtda aýdyň netijelerini berjekdigine berk ynam bildirdi.

Şeýle hem işewür jemgyýetçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmagyň, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramagyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary hem-de ykdysady häsiýetli beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygy beýan edildi.

Biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleri depginli ösýär, önümçilige hem-de hyzmatlar ulgamyna bazar gurallary yzygiderli ornaşdyrylýar. Biz goňşulardyrys, şu babatda iki halkyň öňden gelýän we üstünlikli däpleri bar, adamlarymyz biri-birine örän oňat düşünýärler hem-de ynanýarlar. Şu mümkinçilikleri peýdalanmak, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, giňden gatnaşyklary alyp barmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz birnäçe anyk başlangyçlary beýan edip, türkmen we täjik kompaniýalarynyň iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, iki ýurduň hojalyk edaralaryny özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işine has giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürler geňeşini döretmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk, dokma, derman senagaty hem-de oba hojalyk ulgamynyň önümleriniň, beýleki harytlaryň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Oba hojalyk pudagynda gatnaşyklar üçin uly mümkinçiligi göz öňünde tutup hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginlerini artdyrmak maksady bilen, oba hojalyk önümleriniň geljekde özara iberilmeginiň gurallaryny, şol sanda bu ugurda türkmen we täjik hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagyň usullaryny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Ulag we energetika ulgamlary hem, gürrüňsiz, häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu babatda bilelikdäki taslama — Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýol ulag geçelgesi nusga alarlykdyr. Bu ýoluň ugry boýunça hem ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy gurulýar.

Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada ýetilmegine gönükdirilip bilner we şoňa gönükdirilmelidir, şol maksat bolsa, Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly hem-de döwrebap düzümi döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek we Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýerleşen iki ýurduň çäk taýdan ýerleşişini amatly peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň iki ýurdy birleşdirip biljek Hazar deňzine çykalgasy boljak ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işe taýýardygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň strategik guşagyny döretmekde Hazar sebitiniň hem-de serhetdeş zolaklaryň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň eýeleýän möhüm orny bellenildi. Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk biziň sebitimiziň döwletlerine Ýewropanyň, Russiýanyň, Zakawkaziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna öz önümlerini eksport etmek üçin Gündogar Hazaryň port düzümleriniň kuwwatyny has doly peýdalanmagy zerur hasaplaýaryn. Türkmenistan amatly şertlerde Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny Täjigistanyň bähbitlerine peýdalanmagy ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Içerki sebit ulag gatnawlarynyň mümkinçilikleri hem doly peýdalanylmaýar. Bu ulgamda bilelikde birnäçe taslamalaryň amala aşyrylan mysallaryna garamazdan, Merkezi Aziýany döwrebap, utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça alnyp barlan ulgamlaýyn işler barada aýtmak heniz ir. Bu taslamalar bilen ýakyndan meşgullanmak, ulag-üstaşyr geçelgelerini hem-de logistikany ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýollary has doly peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäklerini ulanmak arkaly Täjigistana hem-de Täjigistandan ýükleri ýerüsti ugratmak boýunça ýeňilleşdirmeleri girizmek baradaky meseläni jogapkär edaralara öwrenmegi tabşyrmagyň maksada laýykdygy barada hem aýtdy. Mundan başga-da, täjirçilik bähbitlerini nazarda tutup, iki döwletiň arasynda göni ýa-da üstaşyr howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri täzeden dikeltmegiň mümkinçiliklerine hem garamak teklip edildi.

Milli Liderimiz gatnaşyklary iki dostlukly halkyň taryhy arabaglanyşygyna esaslanýan medeni we ylmy ulgamlardaky türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna degip geçip, iki halkyň sungatyna we edebiýatyna örän uly özara gyzyklanmanyň bardygyny belledi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin şertleri döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Özara festiwallary hem-de Medeniýet günlerini guramak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy we giňeltmegi dowam etmek, iki ýurduň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, amatly şertler bolanda, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiligine garamak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda yzygiderli amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek derejesine ýetmek bilen, göni aragatnaşyklary işjeňleşdirmegi, arheologiýa hem-de etnografiýa ulgamynda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkin bolan bilelikdäki maksatnamalary barada oýlanyşmagy teklip etdi.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalar netijesinde, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokarlanýan ugur boýunça yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Biz öz gatnaşyklarymyzda hoşniýetli goňşuçylygyň asyrlardan bäri gelýän däplerine, taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygyna, täze wehimlere öz wagtynda we degişli jogap bermek üçin ysnyşykly gatnaşyklary hem-de tagallalary utgaşdyrmagy talap edýän häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryna düşünilmegine daýanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de şu günki duşuşygyň we üstünlikli gepleşikleriň türkmen-täjik gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylygyň, özara düşünişmegiň, deňhukuklylygyň hem-de özara hormat goýmagyň berk binýadynda guralýandygyny aýdyň görkezýändigini belledi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar anyk, düşnükli ýörelgelerde, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde bilelikdäki mümkinçiliklere düşünilmeginde ösýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de munuň şeýledigine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça gol çekmäge taýýarlanylan resminamalaryň uly toplumynyň hem şaýatlyk edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy hem-de özara düşünişmegi, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.

Täjik Lideri Emomali Rahmon dostlukly Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylyk hem-de bildirilen mähirli kabul edişlik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, bu saparyň geçen ýyl Täjigistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyndan soň, ýurdumyza özüniň ilkinji döwlet saparydygyny belledi hem-de gutlaglar we goldaw sözleri üçin sagbolsun aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon milli Liderimiziň täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygy barada aýdan sözlerini goldap, öz tarapyndan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de hut şeýle çemeleşmäniň iki doganlyk halkyň anyk maksatlaryny beýan edýändigini we olaryň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigini nygtady.

Biziň häzirki duşuşygymyz iki ýurduň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçýändigi bilen ähmiýetlidir. Türkmenistan geçen ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazandy, doganlyk türkmen halkynyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar, Aşgabadyň keşbi düýpgöter özgerdi. Bu ähli gazanylanlar köp babatda Siziň parasatly baştutanlygyňyz we öňdengörüjilikli syýasatyňyz bilen baglanyşyklydyr diýip, täjik Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon döwlet Garaşsyzlygynyň öňde boljak şanly senesi mynasybetli Türkmenistanyň Baştutanyny we ähli doganlyk türkmen halkyny gutlap, garaşsyz ösüş ýolunda täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady guruldy. Şu gazanylanlara esaslanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirildi.

Taraplaryň tagallalary we umumy erki netijesinde, häzirki wagtda bize ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe wajyp meseleleri boýunça hil taýdan öňe ilerlemek başartdy diýip, täjik Lideri nygtady hem-de ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi.

Biz täjik-türkmen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna şunuň ýaly çemeleşmäni mundan beýläk-de goldarys diýip, Prezident Emomali Rahmon aýtdy hem-de iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman beýan eden netijeli teklipleri üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Täjigistanyň hem Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegine ruhubelentlik bilen garaýandygyny belledi.

Daşary syýasatyň bu ugry biziň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetlidir diýip, Emomali Rahmon nygtady hem-de häzir ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriň yzygiderli öňe ilerleýändigini, daşary syýasat edaralarynyň işjeň gatnaşyk edýändigini, iki ýurduň hökümetleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklary öňe ilerletmegiň üstünde işleýändigini belledi.

Biz sebit boýunça beýleki goňşular ýaly, Türkmenistanyň hem ýakyn geljekde biziň ýurdumyzyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň hataryna girmegini çynlakaý maksat edinýäris diýip, täjik Lideri nygtady.

2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hökümetara maksatnamasyny, şeýle hem ýakyn iki ýyl üçin haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek babatda işleri örän çynlakaý guramak gerek, bu bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň hiline ýardam berer.

Dostlukly döwletiň Baştutany golaýda Täjigistanyň paýtagtynda täjik-türkmen hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini ýatlady. Şol toparyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Biziň pikirimize görä, bilelikdäki senagat ulgamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilik bar. Biz ýeňil senagat ulgamynda tejribe alyşmak işini ýola goýmak ugrunda çykyş edýäris, türkmen işewürliginiň Täjigistanda hereket edýän pudaklaýyn kärhanalaryň binýadynda, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde senagat we beýleki bilelikdäki kärhanalary döretmäge gatnaşmagy üçin olara hemme zerur şertleri döretmäge taýýardyrys diýip, täjik Lideri belledi.

Prezident Emomali Rahmonyň pikirine görä, ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Iki ýurduň çäk taýdan ýerleşişi we ýakynlygy bu ugurda gatnaşyklary giňeltmegiň tebigy ýagdaýlaryny talap edýär. Biz dostlukly Türkmenistanyň çäklerinden awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly halkara ýük daşalyşyny täzeden dikeltmäge hem-de onuň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirýäris.

Biz iki döwletiň howa giňişligini we çäklerini peýdalanmak bilen, göni hem-de üstaşyr howa uçuşlaryny täzeden dikeltmek barada ylalaşyga gelendigimize şatdyrys.

Täjigistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, oba hojalyk kärhanalarynyň, şol sanda ekerançylyk we maldarçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldap çykyş etdi.

Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk edilmegi ykrar edildi. Munuň şeýledigine medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň şu günki gol çekilýän hökümetara maksatnamasy şaýatlyk edýär. Nobat boýunça tertipde geljek ýyl Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek teklip edildi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jogap sapary meýilleşdirilýär.

Täjik tarapy iki ýurduň bilim ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini nazarda tutup, geljek ýyldan başlap, talyplary okatmak üçin Prezident derejesinde ýerleri özara bölüp bermek işini dikeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

Saglygy goraýyş ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ykrar edildi, şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk bilim edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.

Täjigistanyň Prezidenti şeýle hem bilelikdäki taslamalary, senagat we obasenagat toplumyndaky bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan käbir sebitleriň kuwwatyny has işjeň peýdalanmalydygyny belledi. Şu gün gol çekilýän Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk munuň subutnamasy bolup biler.

Dostlukly döwletiň Baştutany soňky ýyllarda ýiti derejä ýeten sebit howpsuzlygy baradaky meselä degip geçip, ýagdaýlary seljermegiň sebitimizde esasy wehimleriň halkara terrorçylyk, ekstremizm, dini radikalizm we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyny goşmak bilen, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk bolup durýandygyny belledi.

Täjigistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, ÝHHG-niň hem-de beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde gatnaşyklar ösdürilýär.

Biz köptaraplaýyn çäklerde, ilkinji nobatda, BMG-de özara başlangyçlary hem-de dalaşgärligi goldamak işini dowam etmek ugrunda çykyş edýäris diýip, Täjigistanyň Prezidenti nygtady hem-de BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmak üçin biziň ýurtlarymyzyň dalaşgärligini özara goldamak baradaky şu günki ylalaşyklaryň munuň aýdyň mysalydygyny belledi.

Şeýle hem täjik tarapy Täjigistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde türkmen dostlary bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge umyt bildirýär. Bellenilişi ýaly, başlyklyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazarda tutup, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Şeýle hem Emomali Rahmon 2025-nji ýyly Buzluklary goramagyň halkara ýyly diýip yglan etmek hem-de Buzluklary goramak boýunça ýörite Halkara gaznasyny döretmek baradaky Täjigistanyň başlangyjyny goldandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Başlygyň hormatly myhmany hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde bu abraýly guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 16-17-nji sentýabrda Duşenbede geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Emomali Rahmon çykyşynyň ahyrynda häzir täjik-türkmen gatnaşyklarynyň, hakykatdan-da, mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi üçin giň mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklaryna daýanyp, işjeň ösdürip, hemişe anyk ugurlara eýe bolmagyny maksat edinýäris diýip, täjik Lideri nygtady.

Prezident Emomali Rahmon bildirilen mähirli kabul edişlik we myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelip görmäge çagyrdy.

Giňeldilen düzümdäki türkmen-täjik gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda ministrliginiň arasynda Türkmenistanda we Täjigistan Respublikasynda söwda öýlerini döretmek hakynda Ylalaşyga;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanyşygyny köpeltmek barada «Ýol kartasyna»; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda işewürler geňeşini döretmek hakynda Ylalaşyga; Önümçilik kooperasiýasy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda 2022 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Demir ýol ulagy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýolagçylaryň we ýükleriň üstaşyr daşalmagy hakynda Ylalaşyga; Nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ibermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gurluşyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky neşe serişdelerine gözegçilik Agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 1999-njy ýylyň 30-njy dekabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda raýatlaryň birek-birege gitmekleri hakyndaky Ylalaşyga üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýýarlar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirlemek bilen, gepleşikleriň iki ýurduň gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçendigini aýratyn belledi.

Geçirilen duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň iki döwletiň bähbitlerine kybap gelýän ýakyn ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ugurlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygy bellenildi, şeýle hem geljekde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine uly üns berlendigini aýdyp, ýurtlaryň ikisiniň hem ähli halkara hem-de içerki dawalaryň diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly, halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna laýyklykda çözülmelidir diýen bir pikire uýýandygyny belledi.

Ýaragsyzlanmak, halkara terrorçylyga, serhetüsti guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri çözmekde ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Baştutany gepleşiklerde Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara, sebit gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalara aýratyn ünsüň berlendigini belledi.

Şunda biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary aýdyň, üýtgewsiz we düýplüdir. Biz Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etjek mäkäm we netijeli gurallaryň döredilmegi, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň berkidilmegi, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, sebit gatnaşyklarynyň täze görnüşiniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Goňşy Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we täjik taraplarynyň owgan meseleleriniň çözgüdine çemeleşmeleriniň meňzeşdigini aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzyň owgan babatdaky gatnaşyklary Owganystanda syýasy ýagdaýy kadalaşdyrmak, onuň ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamyny dikeltmek, goňşy ýurdy sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna giňden çekmek boýunça halkara tagallalara uly peýda getirmäge ukyplydyr. Halkara bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ylalaşdyryjylyk kuwwaty Owganystanda has işjeň we giňden ulanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, taraplaryň parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, durnukly ösüş hem-de onuň esasy bölegi — energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ýaly dünýäniň gün tertibiniň möhüm ugry boýunça tagallalary dowam etmek barada ylalaşandygyny habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika hem-de ulag-üstaşyr ulgamlarda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlara we tekliplere seretmäge taýýardyr.

Hususan-da, biziň ýurtlarymyz Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr hem-de logistika hyzmatdaşlygynyň strategik merkezini döretmek, sebit we dünýä meýdançalarynda, ýöriteleşdirilen halkara guramalarda, maliýe edaralarynda geljekki hyzmatdaşlar bilen işlemek boýunça tagallalaryny birleşdirerler diýip, milli Liderimiz belledi.

Gepleşiklerde ekologiýa meselelerine, hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini has-da berkitmek we kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Ol sebitiň möhüm düzümi bolup, Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegini ugur edinýär.

Bulardan başga-da, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Biziň ýurtlarymyz haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Biz iki döwletiň eýe bolan şol mümkinçiliklerine laýyklykda, degişli ugurda özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi barada bir pikire geldik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegi boljakdygyny aýtdy.

Taraplaryň özara söwdany giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, senagat, hyzmatlar we oba hojalyk pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çärelere seretmek barada ylalaşandyklary habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürlik birleşmeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Işewürler geňeşini döretmegiň mümkinçiligi öwreniler. Şeýle hem bilelikdäki işewürler maslahatlaryna, haryt öndürijileriň söwda-sergisini guramak boýunça meselelere seretmek barada ylalaşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede dowam etmegiň möhümdigini tassykladylar hem-de degişli ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmegiň, döwletleriň ikisinde hem edebiýat, kinematografiýa işgärleriniň, aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri yzygiderli geçirmek, sport ýaryşlaryny guramak üçin zerur şertleri üpjün etmegiň möhümdigini ylalaşdylar. Olaryň baş maksady ata-babalarymyzyň taryhy, ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamak we artdyrmak bolup durýar.

Biziň ýurtlarymyzyň baý medeni mirasyna bolan özara gyzyklanmany nazara almak bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Şeýle hem ylym we bilim ulgamlarynda iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny dikeltmek işinde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Biz Täjigistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlarboýy dowam edýän hoşniýetli goňşuçylygyň däpleri, taryhyň, medeniýetiň, ruhy-gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär.

Täjigistan Respublikasy Türkmenistan üçin möhüm we ygtybarly hyzmatdaş bolup, onuň bilen gatnaşyklary biz uzak möhletleýin esasda guraýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Taraplaryň ikisinde hem iki döwletiň halklarynyň bähbidine alyp barýan köpugurly hyzmatdaşlygynyň olaryň bähbidine kybap gelip, sebit we halkara işleriň durnuklylygyna we ösdürilmegine ýardam edýär diýen düşünjäniň we ynamyň bardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekilendigini aýtdy hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine hem-de onuň wekiliýetiniň agzalaryna geçirilen uly işler üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Täjigistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk barada iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Emomali Rahmon gepleşikleriň jemlerini teswirlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu sapar ýurtlaryň ikisi üçin hem möhüm wakanyň, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda amala aşyrylýar.

Täjigistanyň Baştutany Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň batly depginler bilen ösüşiniň, Aşgabadyň keşbiniň özgermeginiň gözli şaýadydygyny aýtdy. Ýurtda obasenagat toplumynyň, ýeňil we nebitgaz senagatynyň, beýleki durmuş-ykdysady ulgamlaryň kuwwaty artdy. Elbetde, şunda türkmen Lideriniň uly hyzmaty bardyr, ol öz halkynyň bähbidine ähli tagallalary edýär diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Prezident Emomali Rahmon pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny ýetip gelýän şanly sene bilen gutlady. Garaşsyzlygyň 30 ýylynda biziň ýurtlarymyz döredijilikli döwletara gatnaşyklarynda uly tejribe topladylar. Biz bu tejribä daýanmak bilen, strategik häsiýete eýe bolan täjik-türkmen gatnaşyklaryny has-da ilerletmegi maksat edinýäris diýip, Täjigistanyň Baştutany nygtady.

Şu gün geçirilen gepleşikleriň barşynda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we ony ösdürmegiň mümkinçiligine seredildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon döwletara gatnaşyklarynyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýän resminamalaryň ähmiýetini belledi.

Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazandylar. Biz söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýalar pudaklarynyň ähli meseleleri boýunça ylalaşdyk.

Mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara söwdanyň möçberini we görnüşlerini artdyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar senagat pudagynda işlemek boýunça uly tejribäniň bardygyny belläp, ýeňil senagatda, hususan-da, dokma senagatynda, pagtany düýpli gaýtadan işlemek ugry boýunça tejribe alyşmak babatda ylalaşdylar.

Biz ykdysadyýetiň energetika we oba hojalygy ýaly esasy pudaklarynda gatnaşyklary giňeltmek barada pikirimizi beýan etdik diýip, Prezident Emomali Rahmon sözüni dowam etdi. Ulag-kommunikasiýalar pudagynda özara gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi, ol üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmak üçin mümkinçilikleri şertlendirýär.

Täjik tarapy degişli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagynyň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň şerti bolup biljekdigine ynanýar diýip, dostlukly ýurduň Baştutany belledi.

Gepleşikleriň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi, ol iki halkyň arasyndaky ruhy hem-de medeni gatnaşyklary aýawly saklamaga we pugtalandyrmaga ýardam edýär. Ylym we tehniki, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek, syýahatçylyk, sport hem-de ýaşlar syýasaty ugry boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Saglygy goraýyş ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi. Iki ýurduň saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň özara gatnaşyklary giňeldiler. Iki ýurduň hünärmenleri ýokanç keselleri anyklaýyş, öňüni alyş hem-de bejeriş babatda tejribe alyşmaga gönükdirilen taslamalary amala aşyrmaga girişerler diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi.

Şeýle hem iki döwletiň sebitleriniň kuwwaty işjeň ulanylar. Şu gün Sugt oblastynyň we Ahal welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda resminama gol çekildi.

Täjigistan hem-de Türkmenistan möhüm sebit we halkara işlerine gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda möhüm meseleler boýunça düýpli pikir alşyldy. Iki ýurduň agza bolup durýan halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary has-da berkitmegiň we tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Şeýle hem ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda BMG-niň hem-de onuň edaralarynyň eýeleýän ornuny berkitmegiň möhümdigi bellenildi. Täjigistan we Türkmenistan abraýly guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde biri-biriniň başlangyçlaryny goldamagy dowam etmek ugrunda çykyş edýärler.

Gepleşiklerde howanyň üýtgemegi hem-de buzluklaryň tiz eremegi bilen bagly meselä hem üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon 2025-nji ýyly «Buzluklary goramagyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hem-de Buzluklary goramak boýunça ýörite Halkara gaznasyny döretmek hakynda täjik başlangyçlaryny goldandygy üçin türkmen hyzmatdaşlaryna hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Taraplar howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meselelere aýratyn üns bermek bilen, halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşeleriň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygyna, bikanun migrasiýa hem-de halkara guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikirlerini beýan etdiler.

Owgan meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda ýurtlar umumy garaýyşlardan ugur alýarlar. Täjigistan hem-de Türkmenistan Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmäge ýardam etmek boýunça bilelikde hereket etmek ugrunda çykyş edýärler.

Şu günki gepleşikleriň jemleri döwletara hyzmatdaşlygynyň ýakyn geljegine ruhubelentlik hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen seretmäge mümkinçilik berýär.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelmäge hem-de geljek aýda Duşenbe şäherinde geçiriljek ŞHG-niň sammitine hormaty myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Emomali Rahmon türkmen Liderini täjik topragynda garşylamaga şat boljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna mähirli kabul edilendigi we däbe öwrülen myhmansöýerlik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Gypjak obasyna bardy hem-de bu ýerdäki Aramgähe gül goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine bardy.

Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Milli gahrymanlarymyzyň — merdana Watan goragçylarynyň ýagty ýadygärligini ebedileşdiren “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dostlukly ýurduň Baştutany ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy hem-de Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36580

05.08.2021
Hususy telekeçilik aýdyň ösüşleriň hatarynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ösýän ýurdumyz Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde söwda ulgamynda örän belent sepgitlere ýetdi. Ýurdumyzyň çäginde ilata hödürlenilýän harytlaryň görnüşleri düýpli artyp, bazar bolçulygy döredildi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki alyp barýan işlerine laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaldyp, hususy pudagyň ýokary hem-de netijeli önümleri öndürmegi üçin döwlet tarapyndan goldaw-hemaýat berilmegi bilen, bu günki gün harytlarymyzdaky «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgyly türkmen önümlerimiz häzirki döwrümizde bazarlarymyzyň naýbaşy önümleri bolup durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we şol sanda Aşgabat şäheri boýunça bazarlar birleşigi tarapyndan wajyp işler durmuşa geçirilýär. Bazarlar birleşigine degişli söwda nokatlarynda azyk we hojalyk harytlaryň, miwedir gök-bakja önümleriniň dürli görnüşleri halkymyza elýeter bahadan ýetirilýär.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçýän ýurdumyzda hususy telekeçiligiň işini ilerletmegiň esasy wezipesi ýokary durmuş we ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda hususy önüm öndürijilere hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilip, bu günki gün olar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba senagat toplumynda, syýahatçylyk, söwda, dokma we azyk senagaty, ulag, hyzmatlar hem-de gurluşyk senagaty ýaly ugurlarynda iş alyp barmak bilen, elektron senagatyny ösdürmekde, innowasion tehnologiýalara daýanýan önümçilikleri döretmekde hem aýratyn işjeňlik görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Karary esasynda ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanda gazna bazarynyň herekete getirilmegi häzirki döwürde, ýagny eýeçiligiň dürli görnüşiniň we telekeçilik işiniň kämilleşýän döwründe örän wajyp gurallaryň biri hökmünde öňe çykdy. Çünki gymmatly kagyzlaryň kömegi arkaly şahsy we edara görnüşli taraplaryň pul süýşürintgileri hakyky maddy obýektlere, enjamlara we tehnologiýalara öwrülýär. Milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň häzirki zaman tapgyrynda esasy meseleleriň biri maliýe gurallary arkaly artýan pul serişdeleriniň paýlanylmagyny amala aşyrýan gymmatly kagyzlar bazaryny emele getirmek we kämilleşdirmekdir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekmegi, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçilik işini höweslendirmek, işewürlige döwlet goldawyny kämilleşdirmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek ýaly meseleleri öz içine alyp, olara maliýe taýdan goldaw bermek hem göz öňünde tutulýar. Gol çekilen resminama geljekde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda telekeçilik işiniň höweslendirilmegine, milli ykdysadyýetimizde işewürligiň ornunyň ýokarlandyrylmagyna we hususy pudakda täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilendir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda abadan ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bosagasynda «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini hem aýtmak gerek. Täze Kanun döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmäge, şeýle-de, maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we gaýry ugurdaş serişdeleriň jemlenmegi üçin hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilip, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny hem-de amala aşyrylyş usullaryny kesgitleýär. Bu bolsa telekeçilik pudagyny hemmetaraplaýyn goldamak, bazar ykdysadyýeti boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetiň ösüşinde döwlete dahylsyz bölegiň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmakda amatly mümkinçilikdir.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hem-de hususy başlangyçlara goldaw bermegiň we beýleki oňyn çäreleriň hasabyna ilatyň girdejileriniň artmagy durmuş ulgamyny nazarlaýan strategiýanyň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmen hususyýetçileriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Baýmyrat MUSAÝEW,

«Esger».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/36520

05.08.2021
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Aşgabat, 3-nji awgust (TDH). Şu gün agşam Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Täjigistanyň döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi wekilleri garşyladylar. Uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň bir tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Asylly däbe görä, täjik Liderine duz-çörek hödür edildi we gül çemeni gowşuryldy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Şu gün — 4-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-täjik duşuşygy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze wajyp tapgyry açar.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary taraplaryň netijeli syýasy gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegine taýýardyklaryny tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli esasda möhüm ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolýar. Döwlet, hökümetara we pudagara derejelerinde gol çekilen köp sanly resminamalary özünde jemleýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şeýle hem hökümet we pudak derejelerinde yzygiderli esasda geçirilýän syýasy geňeşmeler hem-de gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-täjik toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Geçen hepdede — täjik Lideriniň Türkmenistana saparynyň öňüsyrasynda Duşenbe şäherinde bu Hökümetara toparynyň nobatdaky, onunjy mejlisi geçirildi. Onda taraplar ynanyşmak esasynda ýokary derejede ýola goýulýan syýasy gatnaşyklaryň netijesinde ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Iki ýurduň Liderleriniň — Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň yzygiderli duşuşyklary, özara mähirli hem-de ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we köptaraplaýyn esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň aýdyň beýanydyr.

Iki ýurdy diňe bir häzirki döwürde birnäçe ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän ykdysady gatnaşyklar däl, eýsem, türkmen we täjik halklarynyň köpasyrlyk taryhy kökleri, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Şu nukdaýnazardan döwletara hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.

Garaşylyşy ýaly, Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar hem-de köpugurly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegine, iki dostlukly halkyň we döwletiň arasynda özara ynanyşmak hem-de düşünişmek esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe wajyp, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36457

04.08.2021
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 3-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, bu düzümleriň öňünde durýan wajyp wezipelere garaldy. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri, şeýle hem beýleki wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýşy üçin degişli şertleri döretmäge gönükdirilen harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Goranmak ministriniň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde täze gelip gowşan harby-söweşjeň uçary synagdan geçiren pursadynda geýen uçarman lybasynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze guruljak binasynyň muzeýinde goýulmagynyň ýaşlaryň watansöýüjilik duýgusyny pugtalandyrmakda, olary beýik maksatlara ruhlandyrmakda ähmiýetli bolar.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli düzümleriň häzirki zaman harby tehnikalar bilen üpjün edilmeginiň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň baş şerti bolup durýandygyny belläp, bu meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň harby gullukçylary şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirmelidirler, olaryň watansöýüjilik ruhunyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly sene mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýaş esgerlerde mähriban Watanymyza bolan çuňňur söýgini pugtalandyrmak wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda polkownik S.Ýalkabowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä 2-nji derejeli kapitan M.Bäşimowy bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow 2021-nji ýylyň geçen ýedi aýynda IIM-niň düzümlerinde alnyp barlan işleriň jemleri, jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň işine häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, awtoulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bu gullugyň işiniň esasy ugurlarydyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu babatda ministre anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda polisiýanyň podpolkownigi M.Babagulyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine we polisiýanyň maýory B.Ataşowy Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Baş prokuror B.Atdaýew garalýan döwürde ýurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, degişli düzümiň işine öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özygtyýarly döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmegiň, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň prokuratura edaralarynyň möhüm borjy bolup durýandygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Baş prokuror mejlisiň dowamynda Goranmak ministrliginiň düzümlerinde alnyp barylýan işlere geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri hem-de onuň barşynda ýüze çykarylan kemçilikler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz goranmak ministri B.Gündogdyýewe ýüzlenip, bu düzümiň ýolbaşçysy hökmünde alyp barýan guramaçylyk işleriniň derejesine nägilelik bildirdi we ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi ondan talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzüme gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň serkerdesi Ş.Babanazarowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň ýedi aýynda milli kazyýet ulgamynyň işini özgertmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren görkezmeleriniň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärlerine ägirt uly jogapkärçiligiň degişlidigini belledi. Milli Liderimiz kazyýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda howpsuzlygy, jemgyýetimizde abadançylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak üçin oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy döretmegiň Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipelerdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzüme degişli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň onuň işgärleriniň hünär taýdan taýýarlyk derejesine baglydygyny belledi we bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, serhet galalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny wajyp wezipeler hökmünde kesgitledi we olarda Watan goragçylarynyň netijeli gullugy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz serhediň ähli goňşy ýurtlar we hoşniýetli goňşuçylygyň, hyzmatdaşlygyň köpasyrlyk gatnaşyklary arkaly baglaşýan halklar bilen dostluk serhedine öwrülmelidigini belläp, bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Adalat ministri B.Muhamedow 2021-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna yzygiderli seljerme geçirmegiň, olary kämilleşdirmegiň, häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk gelýän degişli kanunlary işläp taýýarlamagyň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara hukuk kadalaryny yzygiderli öwrenmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda ministre anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň bu ulgamyň edaralaryna döwletimiziň serhedinden geçýän ýüklere berk gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýän sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde eýeleýän ornunyň yzygiderli ýokarlanýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, bu gullugyň alyp barýan işleriniň möçberiniň artýandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz munuň işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belledi we ýurdumyza getirilýän önümlere berk gözegçiligi ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow şu ýylyň ýedi aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde sanly ulgamy peýdalanmagyň beren netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu düzümiň migrasiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmeginiň Türkmenistanyň abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny şertlendirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlarynyň, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy nygtaldy. Milli Liderimiz oňyn tejribeleriň işjeň öwrenilmegi we ýokary hünärli ýaş işgärleriň taýýarlanylmagy barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda maýor H.Muhammedowy Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä maýor M.Rejepowy bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde 2021-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň jemleri, şeýle hem harby gullukçylaryň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň durmuş meselelerini üstünlikli çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň hem-de Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalarynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna garamagyndaky düzümlerde tabşyryklarynyň öz wagtynda hem-de birkemsiz ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36458

04.08.2021
Türkmenistan — Täjigistan Respublikasy: köpugurly gatnaşyklary giňeltmekde özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Merkezi Aziýa döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Täjigistan Respublikasy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty sazlaşykly durmuşa geçirip, gadymdan gelýän ýakynlygy saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ony hemmetaraplaýyn ösdürýärler.

Iki ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar batly depginler bilen ösdürilýär we ol yzygiderli häsiýete eýedir. Geçen on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň 13 sany döwlet, resmi we iş saparlary guraldy, şonuň ýaly-da, halkara duşuşyklardyr forumlaryň çäklerinde bilelikdäki çäreleriň ençemesi geçirildi. Iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, däp-dessurlaryň we gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Täjigistan 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Teswirnama gol çekmek arkaly diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular we deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýarlar. Turuwbaşdan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslandy hem-de bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.

Ýurtlaryň sebitiň beýleki döwletleri bilen ysnyşykly hereket etmek arkaly syýasy taýdan özara goldaw bermäge esaslanýan gatnaşyklaryny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn depgininiň ähmiýetli görkezijileriniň biri hökmünde görkezmek bolar. Daşary syýasatda Türkmenistanyň we Täjigistanyň garaýyşlary derwaýys sebit we halkara meseleleri babatda gabat gelýär. Ýurtlar GDA-nyň tertipnamalaýyn we pudaklaýyn edaralarynyň çäklerinde, halkara guramalaryň ençemesinde Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary gatnaşdylar. Bu merkeziň açylmagynyň, hususan-da, Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň gazanylmagy, suw serişdeleri bilen bagly bolan meseleleriň kadalaşdyrylmagy bilen birlikde, Merkezi Aziýada ýaragsyzlanmak hereketlerine itergi bermäge, sebitiň derwaýys beýleki meseleleriniň çözülmegine gönükdirilendigini bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar iki ýurduň geosyýasy taýdan ýerleşiş nukdaýnazaryndan ugur alyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda yzygiderli ösdürilýär. Şunda taraplaryň ýokary derejede halkara we sebit gün tertibi boýunça geçirýän geňeşmeleri hem aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar BMG, ÝHHG, GDA, YHG, ÝUNESKO hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde işjeň ösdürilýär. Muňa iki döwletiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan önjeýli hyzmatdaşlygy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Täjigistan Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa ugurly halkara başlangyçlaryny, şol sanda ýurdumyzyň halkara we sebit derejesindäki guramalara hem-de olaryň ýolbaşçy düzümlerine agzalyga saýlanmagyny hemişe goldaýar. Dostlukly ýurt BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalaryny goldady, şeýle-de energetika howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bilen bagly we beýleki ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Täjigistanyň şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde kabul edilen we Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň hem awtordaşy bolup çykyş edendigini bellemek gerek. Öz nobatynda, Türkmenistan täjik tarapynyň halkara guramalara agzalyk boýunça ýüztutmalaryna we başlangyçlaryna oňyn baha berýär, Täjigistan tarapyndan BMG-de hem-de beýleki abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän Kararnamalary goldaýar. Şu nukdaýnazardan, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň başlyklyk edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) ýurtlaryň ikisiniň-de sebit çygrynda işjeň hereket edýän oňyn meýdançalarynyň biri bolup çykyş edýär.

Mundan başga-da, iki ýurduň köptaraplaýyn we milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bilelikdäki işler hem netijeli alnyp barylýar. Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň şahalaryny» agzalan sanawa girizmek boýunça teklipler taýýarlanyldy we bu ugurda sazlaşykly işler dowam edýär.

Soňky döwürde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykaryldy. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn esasly hyzmatdaşlyk maksatnamalary syýasy-diplomatik ugur boýunça özara hereketleriň ösüş depginini kesgitleýär. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmagyň, şeýle-de sebit we ählumumy derejede özara hereket etmek bilen birlikde, ikitaraplaýyn häsiýete eýe bolan derwaýys meseleler babatda pikir alyşmagyň ygtybarly guraly hökmünde ulanylýar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon majlisiniň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk topary döredildi. Şeýle-de iki ýurduň parlamentarileri döwletleriň kanun çykaryjy edaralary tarapyndan geçirilýän köpugurly çärelere işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara topary hereket edýär. Häzirki wagta çenli bu toparyň mejlisleriniň 10-sy geçirildi. Toparyň onunjy mejlisi şu ýylyň 28-nji iýulynda Duşenbe şäherinde guraldy. Onuň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de ösdürilmegine gönükdirilen meseleleriň hemmetaraplaýyn ilerledilmegine itergi berýär.

Ýurtlaryň ikisiniň-de sebit meseleleriniň çözgüdinde özara hereket etmek babatda taryhy ähmiýete eýe bolan tejribeleri bar. Bu ugurda Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir döwletleriň ikisi üçin aýratyn wajyp bolman, eýsem, sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň derwaýys şertleriniň biri bolup çykyş edýändigini nygtamak zerur. Türkmenistan hem-de Täjigistan diňe syýasy-diplomatik serişdeleriň kömegi bilen goňşy Owganystanda parahatçylygy gazanyp boljakdygyna ynanýar. Iki döwletiň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň hem-de işjeň hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge ymtylýandyklaryny aýratyn bellemek gerek.

Merkezi Aziýadaky suw-energetika meseleleri ikitaraplaýyn özara hereketleriň ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, ýurtlaryň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) çäklerinde Aral deňziniň sebitinde degişli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, şol sanda halkara guramalar, donor-ýurtlar, ekologiýa hem-de beýleki ugurly gaznalar bilen ekologik meseleleriň çözgüdi boýunça hereketleriň işjeňleşdirilmegi ugrundaky bilelikdäki tagallalary hem aýratyn bellärliklidir.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady hem giňeldilýär. Iki ýurduň arasynda kabul edilen ylalaşyklar syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, maýa goýum, salgyt we gümrük ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny kemala getirýär. Türkmenistanyň we Täjigistanyň ikitaraplaýyn özara hereketleriniň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar derwaýys ähmiýete eýedir, çünki ol ýurtlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine itergi bermek bilen, iki doganlyk halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleri, oba hojalyk harytlary, gurluşyk materiallary we himiýa senagatynyň önümleri Täjigistan Respublikasyna iberilýän harytlaryň esasy bölegini emele getirýär. Nebit we gaz, energetika, ulag kommunikasiýalary, dokma senagaty, agrosenagat toplumy we beýlekiler iki ýurduň ykdysady ulgamda alyp barýan özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary hasaplanýar.

Bu ugurlarda ýurtlaryň ähmiýetli mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ulag-logistika ulgamyndaky özara hereketleri hem sazlaşykly ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag ministrleriniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Yslam ösüş bankynyň, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ÝUNESKAP), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda sebitleýin gatnaşyklara iş ýüzünde itergi bermek maksady bilen, utgaşykly ulag syýasatyny alyp barmagyň zerurdygy ýene bir ýola aýratyn nygtaldy.

Halkara gatnaşyklaryň tejribesinde soňky ýyllarda döwletleriň arasynda medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi aýratyn mazmuna eýe boldy, çünki ol halklaryň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň we parahatçylygyň has-da pugtalandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda medeniýet, ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenýär. Çünki bu gatnaşyklaryň özeninde türkmen we täjik halklarynyň çuňňur taryhy kökleri hem-de baý medeni mirasy bar. Iki ýurduň wekiliýetleri medeni we ylmy ugurly bilelikdäki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetiniň 6-njy awgustda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli nobatdaky çärelere hem işjeň gatnaşýandygyny bellemek wajypdyr.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary hem-de dostlukly ýurduň Lideriniň Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy iki doganlyk halkyň bähbidine gönükdirilen türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine oňyn itergi bermek bilen, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda nobatdaky aýgytly ädimleriň biri bolar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36456

04.08.2021
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň ulag boýunça Kararnamasy kabul edildi

Aşgabat, 2-nji awgust (TDH). Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.

Wise-premýer bu Kararnamanyň esasy wezipeleriniň dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdygyny belledi.

Wise-premýer, daşary işler ministri bu şanly waka bilen milli Liderimizi mähirli gutlap, döwlet Baştutanymyza halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şatlykly habary kanagatlanma bilen kabul edip, ilkinji nobatda, ähli watandaşlarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu halkara resminamanyň kabul edilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Çünki bu waka Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

BMG-niň agza döwletleriniň 193-si tarapyndan biragyzdan kabul edilen hem-de 48 ýurduň döredijileri bolup çykyş eden bu Kararnama türkmen tarapyndan Baş Assambleýanyň 75-nji sessiýasynda öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şolaryň netijesinde 75-nji sessiýada möhüm halkara resminamalar kabul edildi hem-de anyk netijeler gazanyldy.

Ýagny 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şol ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary topary döredildi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň, 29-njy iýulda bolsa ýokarda agzalan halkara ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilendigini belledi. Bu resminama ulag ulgamynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ählumumy we sebit derejesinde berkitmek, bu ugurda derwaýys meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak hem-de halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek babatda örän möhüm orun eýeleýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu Kararnamanyň häzirki wagtda bütin dünýä tarapyndan koronawirus pandemiýasyna garşy alnyp barylýan işe goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi. Şol bir wagtyň özünde bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň agzalaryna uzak möhletleýin ählumumy halkara strategiýalary we maksatnamalary, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine geljekde-de Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi, bu babatda abraýly düzümler hem-de dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmegi we pugtalandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, watandaşlarymyzy hem-de dünýä bileleşigini Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz uly goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni jemläp, hemmeleri Türkmenistanyň täze daşary syýasy ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür we mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli netijeli daşary syýasy ugrunyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bu ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassyklady. Häzirki döwürde bu däp bolan köpugurly gatnaşyklar bilelikdäki işleriň toplanan baý tejribesine hem-de bar bolan uly mümkinçiliklere esaslanmak bilen, yzygiderli giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki 75-nji ýubileý sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarydygyny bellemek gerek. Ýurdumyz bu hormatly wezipäni indi altynjy gezek ýerine ýetirýär.

BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligi esasynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary Kararnamalaryň ençemesinde anyk beýanyny tapýar. Şol resminamalaryň birine laýyklykda, 2021-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä bileleşiginiň işi BMG-ä, onuň ygtyýaryndaky syýasy-diplomatik gurallara daýanmak arkaly guralmalydyr. Şu jähetden, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, Birleşen Milletler Guramasynyň binýatlaýyn maksatlaryna laýyk gelýän hem-de onuň doly goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen baky Bitaraplyk derejesi döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli gural hökmünde özüni görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen uzak möhletleýin geljege niýetlenen netijeli, doly görnüşli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny nygtaýar. Ýurdumyz sebitleýin hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşylan çözgüdini işläp düzmekde işjeň orny eýelemek bilen, köpugurly hyzmatdaşlyga, şol sanda ulag ulgamyndaky gatnaşyklara çemeleşmeleri giňeltmek ugrunda çykyş edip, döredijilik başlangyçlaryny ähli adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar.

Häzirki wagtda ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölekleriniň biri bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga hem-de sazlaşdyrmaga gönüden-göni täsir edýär we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýär. BMG-niň çäklerinde bu ugurdaky ähli tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýan Türkmenistan köpugurly utgaşdyrylan ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli amala aşyrýar.

«Demirgazyk — Günorta» hem-de «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça çäk taýdan örän amatly ýerleşýän ýurdumyz sebit hem-de yklym ähmiýetli wajyp üstaşyr ulag we logistik merkez hökmünde özüniň ornuny ynamly pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, ýurdumyzda ulag toplumynyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň depginli ösdürilmegini hem-de düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ugurdaş maksatnamalar işlenip düzülýär hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şu meselä bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyň, 2016-njy ýylyň noýabrynda bolsa durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2018-nji ýylyň maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça halkara forum geçirildi. Şonuň ýaly-da, bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri 2019-njy ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibine girizildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji hem-de 2017-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalaryň üçüsini biragyzdan kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda wideoýüzlenme arkaly çykyş edip, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly, howpsuz hem-de ygtybarly ýük daşalyşyny üpjün etmäge degişli teklipleri beýan etdi. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýändigi hem-de onuň täsirlerini ýeňip geçmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmek bilen baglylykda, onuň ähmiýeti aýratyn uludyr.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýokarda agzalan Kararnamanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bellenilýän ýylda kabul edilmegi hem ählumumy durnukly ulag ulgamyny döretmäge, özara bähbitli ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge anyk goşant bolar. Bu bolsa umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýär.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36418

03.08.2021
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň hem-de bu sebitiň etraplarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.

Ak bugdaý etrabynyň häkimi H.Aşyrmyradow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Babadaýhan etrabynyň häkimi P.Işangulyýew gowaçaly meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi ugrunda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, şonuň ýaly-da, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bäherden etrabynyň häkimi D.Hojaýew gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, alnyp barylýan işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli işledilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew gowaçaly meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi ugrunda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Kaka etrabynyň häkimi P.Orazow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Sarahs etrabynyň häkimi G.Ýazgulyýew gowaçaly meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi ugrunda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy we geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Tejen etrabynyň häkimi G.Baýgeldiýew gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaçanyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda geçirmek, gowaçalaryň hatarara bejergisini geçirmek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, şeýle hem gowaça meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, pagta ýygymy möwsümine we güýzlük däne ekişine taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Häkim welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmak hem-de önüm öndürijileri zerur tohum bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri, baýramçylyk medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “ak altynyň” bereketli hasylyny kemala getirmekde agrotehniki kadalary berjaý etmegiň, şeýle hem ekin meýdanlarynda oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende zähmet serişdelerini netijeli ulanmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy bilen bagly mesele barada durup geçmek bilen, ilkinji nobatda, pagta ýygyjy kombaýnlary hem-de beýleki tehnikalary, pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul edýän ammarlary möwsüme taýýarlamak barada görkezme berdi.

Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz geljek ýyl bugdaýyň bereketli hasylyny almak üçin ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmegiň, daýhanlary ýokary hilli tohum we zerur bolan tehnikalar bilen öz wagtynda üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini öz wagtynda geçirmek, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekip, döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň hem-de etraplarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi N.Gylyjow gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi geçirmek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, bugdaý ekmek üçin niýetlenen meýdanlarda bolsa sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Etrek etrabynyň häkimi R.Nuryýew gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça ideg işleriniň, bugdaý ekişine taýýarlygyň çäklerinde sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Esenguly etrabynyň häkimi A.Esenow gowaça meýdanlarynda ideg işlerini geçirmek, ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini öndürmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, geljek ýylyň galla hasyly üçin sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Magtymguly etrabynyň häkimi R.Saparberdiýew gowaça ideg etmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, etrabyň daýhanlary tarapyndan bugdaý ekmek meýilleşdirilen ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Serdar etrabynyň häkimi M.Baýramgulyýew şu günler hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine ykjam taýýarlyk görülýändigi barada hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde alnyp barylýan işler, şol sanda, şu günler ýerlerde ýaýbaňlandyrylan pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek bilen bagly geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak we gowaçalary çyrpmak işleri dowam edýär. Şol işler bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine niýetlenen ýerleri sürmek we tekizlemek işleri amala aşyrylýar. Gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin zerur bolan çäreler görülýär.

Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň barşy, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny belledi.

Bugdaý ekmek üçin niýetlenen ýerleri, tehnikalary we ýöriteleşdirilen enjamlary möwsüme taýýarlap, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmeli. Şeýle hem ýetip gelýän pagta ýygym möwsümi bilen bagly meseleleri çözmäge jogapkärli çemeleşmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz ilatymyzy gök we beýleki önümler bilen ýylyň dowamynda üpjün etmegiň möhümdigini belläp, güýzlük ýeralmany, dürli gök önümleri, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek barada häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Bulardan başga-da, sebitiň ýaşaýyş-durmuş düzüminiň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns bermeli, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin ähli çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki baýramçylyklara hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky şanly wakalara ýokary derejede taýýarlyk görmegi üpjün etmek barada häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň hem-de etraplarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Akdepe etrabynyň häkimi B.Gylyjow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, alnyp barylýan işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli işledilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Boldumsaz etrabynyň häkimi B.Arazow gowaçaly meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi ugrunda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, şonuň ýaly-da, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Görogly etrabynyň häkimi B.Mämmedow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, alnyp barylýan işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli işledilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimi B.Handurdyýew gowaçaly meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi ugrunda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenbaşy etrabynyň häkimi S.Meredow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçanyň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, alnyp barylýan işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli işledilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Gubadag etrabynyň häkimi H.Nurjanow gowaçaly meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi ugrunda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy we geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi O.Amanow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Köneürgenç etrabynyň häkimi M.Gurbanow gowaça meýdanlarynda ideg işlerini geçirmek, ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini öndürmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, geljek ýylyň galla hasyly üçin sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Ruhubelent etrabynyň häkimi D.Güjikow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş we tagt suwuny tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, pagta ýygymyny we güýzlük däne ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hatarara bejergi işleriniň depginini, gowaçany mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini, “ak altyn” ýygymy möwsümine pagta ýygýan kombaýnlary, pagta arassalaýjy kärhanalary, hasyl kabul ediş harmanhanalary taýýarlamak işlerini güýçlendirmäge gönükdirilen çäreler barada habar berildi.

Mundan başga-da, şaly ekilen meýdanlara ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda üpjün etmek, bugdaý, ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça möwsümi guramaçylykly hem-de bellenen möhletinde geçirmek babatda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berildi.

Welaýatyň häkimi Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňümizdäki möhüm möwsümlere taýýarlyk görmegiň esasy ugurlary barada aýdyp, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanyş ýagdaýyny hem-de degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, pagta ýygymy hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmelidir. Ýerleri öz wagtynda sürmek, kärendeçileri oba hojalyk tehnikalary we beýleki serişdeler, suw, ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek işleri hemişe üns merkezinde bolmalydyr.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda ýeralmanyň, gök we beýleki ekinleriň bereketli hasylyny ýetişdirmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Häkimlere Watanymyzyň şöhratly Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeler berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň hem-de etraplarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Döwletli etrabynyň häkimi E.Açylow döwrebap, kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen, gowaça ekilen meýdanlarda şu günler zerur bolan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirilýändigi, 2022-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda taýýarlyk işleriniň, şol sanda sürüm, tekizleýiş, ýerleri gurplandyrmak, geriş çekmek işleriniň ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.

Darganata etrabynyň häkimi A.Amandurdyýew gowaçalaryň idegi bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň öz wagtynda agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýändigi, şeýle hem etrap boýunça geljek ýylyň hasyly ugrunda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Dänew etrabynyň häkimi N.Haýytow häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, organiki dökünleri bermek, zyýanly mör-möjeklerden goramak işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Şonuň bilen birlikde, geljek ýyl bereketli hasyl almak üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen sürüm we tekizleýiş işleri dowam etdirilýär, tohumlyk bugdaý taýýarlanylýar.

Çärjew etrabynyň häkimi A.Rozyýew gowaçaly meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýändigi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we beýleki degişli işleriň alnyp barylýandygy hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda döwrebap tehnikalaryň hyzmatyndan peýdalanylyp, sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.

Farap etrabynyň häkimi A.Seýidow gowaçanyň idegi bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň öz wagtynda, agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýändigi, şeýle hem etrap boýunça geljek ýylyň hasyly ugrunda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Hojambaz etrabynyň häkimi M.Erkäýew häzirki wagtda bol hasyl toplan gowaça meýdanlarynda suw tutmak, dökün bermek işleriniň dowam edýändigi, geljek ýyl bereketli hasyl almak üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilýändigi, tohumlyk bugdaýyň taýýarlanylýandygy barada hasabat berdi.

Halaç etrabynyň häkimi M.Annaseýidow gowaçaly meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýändigi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we beýleki degişli işleriň alnyp barylýandygy hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda döwrebap tehnikalaryň hyzmatyndan peýdalanylyp, sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.

Kerki etrabynyň häkimi M.Gaýipow gowaçalaryň idegi bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň öz wagtynda agrotehniki kadalara laýyklykda dowam edýändigi, şeýle hem etrap boýunça geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Köýtendag etrabynyň häkimi S.Allakulyýew häzirki wagtda bol hasyl toplan gowaça meýdanlarynda suw tutmak, dökün bermek işleriniň dowam edýändigi, geljek ýyl bereketli hasyl almak üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilýändigi, tohumlyk bugdaýyň taýýarlanylýandygy barada hasabat berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hususan-da, pagta meýdanlarynda hatarara bejergi işleri, ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçalary çyrpmak, şol sanda ekini kesellerden we zyýankeşlerden goramak boýunça agrotehniki işler dowam etdirilýär.

Bulardan başga-da, geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri bugdaý ekişine taýýarlamak, güýzki bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek, şeýle hem agrotehniki kadalara laýyklykda, şaly ekilen meýdanlara ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini belledi hem-de pagta ýygym möwsüminiň guramaçylykly geçirilmelidigine häkimleriň ünsüni çekdi. Tehnikalaryň we enjamlaryň, harmanhanalaryň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň öz wagtynda taýýar edilmegi, kärendeçiler üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi möwsümiň üstünlikli geçirilmegine ýardam eder.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bereketli hasylyň düýbüni tutmak üçin güýzlük bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şaly ýetişdirmek meselesi barada aýdyp, agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmeginiň tüwi ýygnamak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, hususan-da, gant şugundyryny, güýzlük ýeralmany beýleki gök ekinleri ýetişdirmek üçin welaýatda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmak gerek. Şunda innowasion çemeleşmeler, önüm öndürijileri höweslendirmek hem-de hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak esasy şertler bolup durýar diýip, milli Liderimiz häkime anyk görkezmeleri berdi.

Şolar bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalarynyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly täze desgalarda, ilkinji nobatda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda işleri öz wagtynda tamamlamak bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň hem-de etraplarynyň häkimleriniň hasabatlary bilen dowam etdi.

Baýramaly etrabynyň häkimi A.Ýagmurow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Garagum etrabynyň häkimi B.Ballyýew gowaçaly meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi ugrunda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, şonuň ýaly-da, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Murgap etrabynyň häkim A.Agamyradow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, alnyp barylýan işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli işledilýändigi, şeýle hem güýzlük bugdaý üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Mary etrabynyň häkimi S.Gylyjow gowaçaly meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi ugrunda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Oguzhan etrabynyň häkimi B.Öwezow gowaça ekilen meýdanlarda bol hasyl ýetişdirmek üçin hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçanyň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Ýolöten etrabynyň häkimi M.Goşaýew gowaçaly meýdanlarda bol hasylyň ýetişdirilmegi ugrunda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy we geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Sakarçäge etrabynyň häkimi T.Kakajanow gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujuny çyrpmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça sürüm, tekizleýiş hem-de suw tutmaga taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Türkmengala etrabynyň häkimi M.Saryýew gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça ideg işleriniň, bugdaý ekişine taýýarlygyň çäklerinde sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Tagtabazar etrabynyň häkimi B.Gökçeýew gowaça ideg etmek, geljek ýylyň galla hasyly üçin sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Wekilbazar etrabynyň häkimi G.Amanow gowaça ideg etmek boýunça işiň depginleri, ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki işler, hususan-da, pagtany guramaçylykly ýygnamaga, güýzlük dänäniň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hatarara bejergi işleriniň, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ekinleri suwarmak boýunça işleriň depgini artyp, gowaçalara ideg etmek üçin tehnikalar we beýleki enjamlar doly güýjünde ulanylýar.

Welaýatyň häkimi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda işleriň ýagdaýy hem-de bu şanly sene mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda işleriň depginini artdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de öňümizdäki möwsümleýin işlere guramaçylykly badalga bermek hem-de üstünlikli geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ekin meýdanlaryny, tehnikalary degişli derejede möwsüme taýýarlap, düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak zerur bolup durýar. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli tohum, ekinleri suwarmak üçin suw bilen üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamaly.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük ýeralmanyň we beýleki gök önümleriň öz wagtynda ekilmegini, şeýle hem welaýatyň ekin meýdanlarynda gant şugundyryna ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senä — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp açyljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini artdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen şu ýylyň jogapkärli ýyldygyny belläp, şanly senäniň ýetip gelýändigine häkimleriň ünsüni çekdi. Bu ajaýyp waka mynasybetli häzirki wagtda esasy maksat döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gowaça ideg etmek, ondan bol hasyl ösdürip ýetişdirmek möhüm talap bolup durýar.

Häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler bu wezipäniň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigini aýdyň görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36419

03.08.2021
Türkmenistan ösüşiň we abadançylygyň täze belent sepgitlerine tarap ynamly barýar

Ýurdumyzy depginli ösdürmek boýunça kabul edilen meýilnamalary amala aşyrmak babatda yzygiderlilik, dünýäniň hemme ýurtlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän netijelilik hem-de uzak möhletlilik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Milli Liderimiziň ähli başlangyçlary, durmuş-ykdysady maksatnamalary, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we rowaçlygyny üpjün etmek strategiýasy bilen sazlaşykly bitewüligi emele getirýär.

26-njy iýulda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri etraplaryň ekin meýdanlaryny karta boýunça görkezip, gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, pagta ýygymyna taýýarlyk görmek hem-de bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak barada hasabat berdiler.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda hem-de Balkan we Mary welaýatlarynyň güýzlük gant şugundury ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýokary derejede alnyp barylýar.

Şeýle hem welaýatlar boýunça şu ýyl ekilmegi meýilleşdirilýän güýzlük ýeralmanyň ekiş geçiriljek 5 müň gektarynyň taýýarlyk derejesi barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gök we beýleki aralyk ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, şanly senäni mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda, guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň ýokary gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, önüm öndürijiler üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen ähli işleriň hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň bellenilen möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini nygtady.

27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda birnäçe ugurlar, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşyldy.

Döwlet Baştutanymyz we ilçi syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdiler. Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Diplomat Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň ysnyşykly işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň işi hem öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamlary we beýleki ugurlaryň birnäçesi hyzmatdaşlygyň geljegi uly möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de Mirasdüşer Şazadasyna özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny aýtdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

28-nji iýulda milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi.

Ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda BAE bolan resmi saparynyň hem-de şu ýylyň iýun aýynda wise-premýer S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde uzak möhletleýin esasda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýadyň bardygy bellenildi.

Balkan welaýatynda sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolan täze Halkara howa menziliniň hem-de “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde kuwwaty 10 megawat bolan döwrebap Gün-ýel elektrik bekediniň gurluşygy üçin bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Energetika, ulag we aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda, gurluşykda öňdebaryjy ylmyň gazananlaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Milli Liderimiz Dubaý şäherinde geçiriljek nobatdaky Bütindünýä “EKSPO” sergisine Türkmenistanyň gatnaşjakdygyny tassyklady.

30-njy iýulda iş sapary bilen Balkan welaýatynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda hemme pudaklarda alnyp barlan işleriň deslapky netijeleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi.

Mejlisde geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamak we ony Ministrler Kabinetine hödürlemek, dünýä ykdysadyýetinde ählumumy koronawirus pandemiýasy zerarly bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri amala aşyrmak boýunça işleri dowam etmek barada degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek wezipelerine ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de onuň Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmagyny üpjün etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň zerur bolan harytlar, aýratyn hem azyk önümleri bilen üpjün edilmegine ünsi çekip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmagyň hem-de olaryň işini guramagyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Mejlisde 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamaga aýratyn üns çekildi. Milli Liderimiz alnyp barylmaly gurluşyklaryň möçberi boýunça öňde örän uly wezipeleriň durýandygyny belläp, gurluşyk senagatyny ösdürmegi dowam etmegiň, gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly möçberde üpjün etmek üçin täze önümhanalary we kärhanalary gurup, önümçiligiň kuwwatyny sazlaşykly artdyrmagyň wajypdygyny nygtady hem-de gurluşyk we senagat pudaklary üçin maýa goýumlaryny çekmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigatyň özboluşly merjeni, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan Hazar deňziniň ekologiýa taýdan sazlaşygyny gorap saklamagyň ýurdumyzyň tebigaty goramak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, 12-nji awgustda Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçiriljek “Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlary yzygiderli ösdürmegiň zerurdygy, ýurdumyzyň geljegi — türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bu ulgamlaryň ösüş derejesine gönüden-göni baglydygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça Mejlisiň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletiň hukuk we ykdysady esaslaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamagyň wajypdygyna üns çekildi.

Ýurdumyzyň gatnaşmagynda geçiriljek dürli halkara çäreler bilen bagly teklipleri taýýarlamaga degişli aýratyn tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň makroykdysady görkezijileri barada aýtmak bilen, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň garaşylýan netijeleriniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli emele gelen daşarky ýagdaýlara garamazdan, kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň dowam edýändigini görkezýändigini belledi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şol desgalaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, dynç alyş we saglyk merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem kabul edilen meýilnamalara laýyklykda dowam edýär. Bazar ykdysadyýeti emele gelýär hem-de nebitgaz ýataklary özleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hususy işewürligi goldamak, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek baradaky syýasatyň dowam etdirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz şu ýyl üçin öňde duran wezipeleriň Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda anyk kesgitlenendigini aýdyp, bu wezipeleriň köp işleriň amala aşyrylmagyny talap edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidigi, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky maksatnamalarymyza goşmaça itergi berilmelidigi aýratyn bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizde geçiriljek birnäçe möhüm çäreleri, ýagny 1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly baýramçylyk çärelerini, şeýle hem sentýabr aýynda geçiriljek Milli Geňeşiň mejlisini hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini we dekabr aýynda boljak Halkara Bitaraplyk gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

31-nji iýulda döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi.

Bilelikde geçirilen wagt çagalaryň meşgullanýan ugurlary, çeper döredijilikleri baradaky gyzykly gürrüňlere syrygyp gitdi. Çagalar atalarynyň gojaman Hazaryň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy baradaky gürrüňlerini uly üns bilen diňlediler. Bu gyzykly gürrüňdeşlik ösüp barýan bagtyýar ýaş nesliň türkmen topragyna, tebigatyna bolan söýgüsiniň subutnamasy boldy.

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda gurlan “Awaza” köpugurly sport toplumyna bardy.

Milli Liderimiz egindeşlerine köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, ýokary sport netijeleriniň gazanylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy barada aýdyp, yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasy bolmalydygyny belledi hem-de bu ugurda maksada gönükdirilen işleri dowam etmegi tabşyrdy.

1-nji awgustda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan döwlet Baştutanymyz irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi hem-de Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Täze gelip gowşan harby uçarlar asman giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmäge, aňtaw işlerini geçirmäge, gury ýer goşunlarynyň hereketlerini goldamaga niýetlenendir.

Uçarlaryň biri turbareaktiw hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylyp, uçuş ugruny dessin üýtgetmäge, görkezme-aňtaw uçuşlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr. Uçaryň uçuş uzaklygy 2 müň kilometre barabar bolup, onuň iň ýokary uçuş belentligi 13 müň 700 metre deňdir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy uçuş synagyny geçirip, täze uçary sanlyja sekundyň içinde asmana galdyrdy, asman giňişliginde birnäçe öwrüm etdi we söweşjeň tehnikany ussatlyk bilen gondurdy.

Milli Liderimiz goranmak ministriniň hormatly Prezidentimiziň harby uçarman lybasynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň muzeýine berilmegi baradaky teklibini oňlap, munuň harby gullukçynyň hünärini saýlap alan ýaşlaryň maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmeginde, şöhratly pederlerimiziň däplerine aýawly garamakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy täze uçaryň islendik howa şertlerinde, islendik belentlikde, islendik ýeriň üstünde uçmaga ukyplydygyna, tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ýaragly Güýçlerimiziň hemme düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady täze satyn alnan harby tehnikalaryň hasabyna yzygiderli pugtalandyrylar, bar bolan tehnikalar bolsa netijeli ulanylar. Şeýle-de milli Liderimiz harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişe üns merkezinde boljakdygyny nygtady.

Şol günüň özünde döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş eden ildeşimiz Polina Gurýewanyň gazanan Garaşsyz Watanymyzyň taryhyndaky ilkinji olimpiýa medaly Diýarymyzyň ýubileýine ajaýyp sowgat boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby 14 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda 59 kilograma çenli derejede çykyş edip, kümüş medaly gazanmagy başardy. Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 21 ýaşly türgeni ştangany silkip götermekde üç synanyşygyň hemmesini netijeli tamamlap, 116 kilogram, 119 kilogram we 121 kilogram ştangalary galdyrmagy hem-de bu görnüşde milli rekordy täzelemegi başardy. Şeýle hem P.Gurýewa iki görnüş boýunça jemi 217 kilogramy galdyryp, Türkmenistanyň rekordyny goýdy we öz ozalky üstünligini 6 kilogram ýokarlandyrdy.

Uzak garaşylan ilkinji üstünlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça edýän atalyk aladasyna we ünsüne mynasyp jogap boldy.

Geçen hepde Aşgabatda türkmen-azerbaýjan iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek babatda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä laýyklykda alnyp barylýan özbaşdaklygyny pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge, mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36417

03.08.2021
Merkezi Aziýa: sungatlar sözleşende, köňüller birleşýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli möhüm wakalaryň birbada altysynyň geçiriljek güni barha ýakynlaýar. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti hem bar. Adyna üns beriň: dabaraly baýramçylyk konserti. Eýýäm şundan görnüşi ýaly, sebitiň ýurtlary bu uly çärelere doly taýýarlykly barýarlar. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem, sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň milli önümleriniň halkara sergisiniň hem, Merkezi Aziýa halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalynyň hem örän guramaçylykly geçiriljekdigini, netijeli boljakdygyny arkaýyn aýtsa bolar.

Hawa, bu çäreleriň hatarynda bilelikdäki dabaraly baýramçylyk konsertiniň aýratyn ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär. Diýmek, medeniýetler sözleşende, köňüller birleşýär. Onsoňam, bu bäş döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň halklary asyrlaryň dowamynda dost hem dogan bolup ýaşaşyp gelendirler. Olary biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşdyrýan çuň kökler bar. Ol kökler köp müňýyllyk taryhy, garyndaşlygy hem goňşuçylygy, ýene iň esasy zat — ruhy birligi, diýmek, ynançlaryň hem garaýyşlaryň, ylymlaryň hem sungatlaryň birligini, eriş-argaçlygyny yzarlap gaýdýandyr. Şu ýyl öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän bu döwletleri ýakyn geçmişdäki ykballaryň birligi, ine, indi bolsa garaşsyz ösüşiň, özgerişiň hatyrasyna özara gyzyklanmalaryň ýakynlygy hem birleşdirýär. Geçmişiň has alyslyklaryndan şu güne ýeten, geljege uzaýan bu ýakynlyklar babatda aýdara şeýle bir zat kän, baryny diýmäge uly-uly ylmy işler, uly-uly kitaplar gerekdir.

Bular — bir ykbaldan gaýdan halklar. Bir ynamdan, bir buýsançdan gaýdan halklar. Bulary ýaşalan, gezilen, ýurt edinilen ýerler birleşdirýär. Umumylaşdyryp aýtsak, bular bir sähranyň howasyndan dem alýarlar. Bir derýanyň suwuny içýärler... Ýap-ýaňy ýatlaýşymyz ýaly, bularyň her biriniň iň täze taryhy — döwletlilik taryhy hem bir ýagdaýdan, bir döwürden gaýdýar. Bularyň her biriniň öz döwletliligini goraýşynda, berkidişinde hem wagt, jemgyýetçilik aňynyň üýtgeýşi taýdan, ýene bir topar jähetden birlik, ýakynlyklar bar. Uly hasapdan seredeniňde, bütin taryhynyň dowamynda bu halklary biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Edil häzirki gürrüňimiz medeniýetleriň ýakynlygy, diýmek, ýürekdeşlik hakynda.

Biziň deň-duşlarymyz, beýleki ajaýyp eserler bilen birlikde, gazak edebiýatynyň Jambyl Jabaýew, Abaý Kunanbaýew, Muhtar Auezow, täjik edebiýatynyň Rudaki, Ferdöwsi, Omar Haýýam, Abdyrahman Jamy, Mürze Tursunzade, Sadretdin Aýny, özbek edebiýatynyň Alyşir Nowaýy, Gafur Gulam, gyrgyz edebiýatynyň Çingiz Aýtmatow ýaly söz ussatlarynyň eserlerini okap kemala geldiler. Şuny aýdýarkak, hökman başga bir ýagdaýy hem ýatlamalydyrys. Biziň köpasyrlyk medeniýetimiziň beýik nusgalaryny bu halklaryň her biri özüniňki hasap edýär. Mysal üçin, Aýnyny diňe täjikler däl, özbeklerem özüniňki hasap edýärler. Ol bu iki halkyň — hem özbek, hem täjik halklarynyň geçen asyr prozasynyň düýbüni tutujydyr. Ibn Sina, Horezmi, Omar Haýýam, Jelaletdin Rumy, Jamy, Nowaýy ýaly beýik şahsyýetler bilen baglanyşykly hem şular ýaly pikir ýöredip bolar. Bulary sebitiň halklarynyň her biri özüniňki edesi gelýär. Şeýle beýik söz, sungat ussatlarynyň şanyna Aşgabatdaky «Ylham» seýilgähinde ajaýyp heýkeller dikildi, şolaryň her biri biziň — türkmen halkynyň milli buýsanjydyr.

Ýeri gelende, ýene bir mysala ýüzleneliň! Alyşir Nowaýyny, edil özbek halkynyň öz şahyry hasap edişi ýaly, türkmen halky hem öz şahyry hasap edýär. Diňe şunuň bilen baglanyşykly-da juda kän zat aýdyp bolar. Ozaly bilen, «Nowaýy perdesi» hakynda, Myraly bilen baglanyşykly türkmen halk hekaýatlary barada aýdarsyň. Azady, Magtymguly, Andalyp, Gaýyby, Mollanepes ýaly söz ussatlarymyzyň Nowaýyny öz halypasy hasaplandyklary barada aýdarsyň... Magtymgulynyň, türkmen nusgawy edebiýatynyň beýleki wekilleriniň, türkmen dessanlarynyň goşgularyna özbegistanly ussat aýdymçylar örän köp aýdymlary aýdyp gelýärler. Sözi hem sazy bilen bu halkyň ruhuna şeýle bir ornapdyr welin, olar özbek halk aýdymlary derejesine öwrülip gidipdir. Özbek doganlarymyz muny şeýle-de kabul edýärler.

Aldarköse, Ependi ýaly halk döredijiliginiň gahrymanlary iki halkda-da bar. Özbeklerde «Ýusup — Ahmet» halk kyssasy bar bolsa, türkmenlerde Magrupynyň gadymy oguz dessançylyk däbi bilen döreden «Ýusup — Ahmet» dessany bar. Bu iki halkyň hersiniň öz «Göroglusy» hem bar. Dessançylyk däbi sebitiň beýleki halklaryna hem degişlidir. Mysal üçin, gyrgyzlaryň «Manas» eposy bu halkyň şahyrana zehininiň iň beýik ýadygärligi hasaplanylýar. «Alpamyş» eposy özbeklerde-de, gazaklarda-da, beýleki käbir türki halklarda-da bar.

Akynlar — bu gazak, gyrgyz edebiýatyna we sungatyna degişlidir. Şonuň bilen birlikde, beýleki halklara, ozaly bilen, türkmen halkyna degişlidir. Biziň halkymyzda olar ozanlar ýa-da aşyklar diýlip atlandyrylypdyr. Ozanlar şahyr-improwizatorlardyr, aýdymyň sözüni, sazyny özi düzüp, özi hem ýerine ýetirýän ussatlardyr. Taryhdan muňa kän mysallar getirip bolardy. Edil sebitiň beýleki halklarynda bolşy ýaly, türkmenlerde hem meşhur aşyk-ozanlar bolupdyr. Garajaoglan muňa örän gowy mysaldyr. Şunuň ýaly halk şahyr-aýdymçylary oba-oba, şäher-şäher, hatda ülke-ülke gezip, öz sungatyny illere ýetiripdirler. Diňe biziň sebitimizde däl, Ýakyn Gündogarda, Zakawkazýede meşhur bolan «Aşyk — Garyp» — «Şasenem — Garyp» dessanyny meşhur aşyk-ozanlar döredip, timarlap, ýerine ýetirip gelipdirler. Şulary ýatlap, türkmen dessançylyk sungatynyň gözbaşlaryny aşyk-ozanlaryň sungaty bilen baglanyşykly gözlemek dogry bolsa gerek diýip pikir edýärsiň. Seljuklaryň Kiçi Aziýa aralaşmagy bilen, ol ýerde aşyk-ozanlar uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Häzirki zaman doganlyk Türkiýe Respublikasynda şol giň ýerlerde ýaşap öten ussat ozanlaryň onlarçasynyň ömri, döredijiligi öwrenilýär, eserleri neşir edilýär.

Merkezi Aziýanyň halklaryny gelip çykyşyndan, dilinden, dessuryndan, myhmansöýerlik ýaly, ençeme gowy gylyk-häsiýetlerinden başlap, gadymy rowaýatlara, hekaýatlara, ertekilere, nakyllara... çenli, saz gurallarynyň umumylyklaryna, milli tanslaryna... çenli örän köp zat birleşdirýär. Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eseriniň sebitiň türki halklarynyň umumy baýlygydygyny aýtmak hem artykmaçlyk etmez. Bu eser diňe türki halklar üçin däl, sebitiň ähli halklary, sebitden alysdaky ülkelerde ýaşaýan halklar üçinem örän gymmatly mirasdyr. Ol islendik halk üçin adamzadyň umumy dil, medeniýet, durmuş baýlygyny hertaraplaýyn öwrenmekde taýsyz çeşmedir.

Sebitiň halklarynyň ylym, medeniýet, ruhy taýdan iňňän galkynan döwürleriniň biri orta asyrlardyr. Munuň sebäbi, gürrüňsiz, güýçli döwletiň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Bu döwürde seljuk türkmenleriniň baýdagy belende göterilipdir. Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik türkmenler öňe çykypdyrlar we türkmen döwletliligini dünýä ýaýypdyrlar. Hatda beýik seljuk türkmen soltanlarynyň käbiri goşgy ýazypdyr, sungatyň beýleki görnüşleri bilen meşgullanypdyr. Olar öz saýasynyň düşen ýerlerinde — giň ülkelerde ylmyň, medeniýetiň, sungatyň ösmegi üçin tagalla edipdirler. Şonuň netijesinde Merw, Ürgenç, Amul, Sarahs, Abiwerd, Gürgen, Mäne, Nusaý, Paraw ýaly şäherler türkmenlerden, şonuň bilen birlikde, sebitiň, bütin Gündogaryň beýleki halklaryndan bolan sowatly adamlary — magrypat hem sungat bossanynyň iň meşhur wekillerini ýetişdirýän, özünde jemleýän merkezler bolupdyr. Şeýdip, bu döwletiň saýasynda beýik ynsanlar — zamananyň şahyrlary, alymlary, kompozitorlary, bagşy-sazandalary, suratkeşleri, arhitektorlary, beýleki sungat adamlary kemala gelipdir. Nyzamylmülk, Omar Haýýam, Abu Seýit as-Samany Merwezi, Fahretdin ar-Rozy, Jürjany, Mahmyt Kaşgarly, Muhammet al-Horezmi, al-Kazyny, Muhammet Awfy Merwezi, Emir Muezzi, Mahesti, Hysrow Merwezi, Enweri Abiwerdi, Kutubetdin Mähneýi... «Sanasaň, sogaby bar» diýleni. Bular Seljuk türkmen döwletleriniň akyldarlarydyr, şahyrlarydyr, alymlarydyr, sungat eýeleridir.

Bu döwürde edebi hem resmi dil parsy bolsa-da, türki dilde eserler döredenler hem bolupdyr. Mysal üçin, Hoja Ahmet Ýasawynyň türkmen dilinde ýazan «Hikmetleri» diňe Merkezi Aziýada däl, Kiçi Aziýada, beýleki ýerlerde hem ýörgünli bolupdyr. Asly köneürgençli, Hywada ýaşan, türkmenleriň arasynda Pilmahmyt ady bilen tanalan, özbek halkynyň arasynda hem mydama meşhur bolan Mahmyt Pälwan possun, telpek tikmegiň ussady, örän güýçli pälwan, şahyr bolupdyr.

Ýeri gelende, ýene şuny ýatlamak isleýäris. Hywa, Buhara ýaly şäherler öz wagtynda sebitiň we mundan alysdaky ülkeleriň halklary üçin ylym-magrypat merkezi bolupdyr. Ol ýerlerde türkmen nusgawy edebiýatynyň Azady, Andalyp, Magtymguly, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Kemine ýaly görnükli wekilleri bilim alypdyrlar. Bu sebitiň ylym ojaklaryna häzirki Türkmenistanyň çäginden baran Idris baba, Nyýazguly halypa ýaly türkmenler baştutanlyk, ruhy halypalyk edipdirler. Olar şol ýerlerde we häzirki Türkmenistanyň çäklerinde täze medreseler gurdurypdyrlar.

Sebitiň ýurtlarynyň her birinde taryhy ýerler, çuňňur öwrenilýän medeni ojaklar bar. Olar ýaşaýyş medeniýetiniň, binagärlikden başlap, sungatyň dürli görnüşleriniň gülläp ösüşlerinden habar berýär. Metjitler, medreseler, kümmetler, minaralar, kerwensaraýlar, keramiki önümler... Medeniýetiň, sungatyň gadymy yzlary... Däp-dessur aýdymlary, saz gurallary... Şular hem biziň halklarymyzyň, bir tarapdan, juda milli, beýleki tarapdan, bitewi medeniýetiniň bardygyny görkezýär.

Türkmen topragynda b.e. öňki VI-V müňýyllyklarda ekerançylyk we maldarçylyk medeniýeti ösüpdir. Şonuň bilen hem bu toprak adamzada ekerançylyk medeniýetiniň beýik nusgasyny beripdir. Şol döwürlerden bäri bu ýerlerde binagärlik işleri hem taryhy ösüşlere eýe bolupdyr. Sungatyň beýleki görnüşleri barada hem şunuň ýaly buýsançly sözleri aýdyp bolar. Türkmen halyçylyk sungaty bolsa şekillendiriş sungatynyň örän gadymy, täsin we gaýtalanmajak nusgasy hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen topragy täze ösüş döwrüni başdan geçirýär. Türkmenistan bu gün sebitiň we dünýäniň iň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrüldi. Parahatçylygy berkitmegiň, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ösüşleri gazanmagyň, ruhy ýakynlygy gazanmagyň iň ygtybarly ýollary milli Liderimiziň parasady bilen dünýä aýlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dörän, barha gözelleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu babatda örän amatly merkeze öwrüldi. Bu ýerde ýakyn günlerde geçiriljek, çawy dünýä doljak çäreler muny ýene bir gezek has doly aýan eder. Şonuň bilen birlikde, ol wakalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimize, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýar.

Akmyrat HOJANYÝAZ.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36258

02.08.2021
Sagdyn durmuş ýörelgesi — ruhubelentligiň we döredijiligiň çeşmesi

Awaza, 31-nji iýul (TDH). Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.

Bu gün Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç almagyň we saglygyňy pugtalandyrmagyň aňrybaş şertlerini özünde jemleýän zolak kemala geldi. Bu künjekde wagtyňy peýdaly hem-de gyzykly geçirmek, saglygyňy berkitmek, şeýle-de maşgala bolup dynç almak üçin zerur şertler üpjün edilendir. Dynç alyş zolagynda häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylan döwrebap şypahanalar, sport we dynç alyş merkezleri, dürli attraksionlary özünde jemleýän toplumlar, akwaparklar dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr. Bu ýerde çagalar höwes bilen dynç alýarlar.

Halkara deňiz şypahanasy derejesine eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak, onuň ýokary ekologiýa ýagdaýyny saklamak, Hazaryň kenarynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär.

Ýüzüşiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň dynç alyş möwsümini geçirişleri hem-de meşgullanýan ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalar, öz nobatynda, mähriban Watanymyza, ajaýyp gözel tebigatymyza bolan buýsanç duýgularyna beslenen täze öwrenen goşgularyny aýtdylar.

Milli Liderimiz agtyklarynyň çeper döredijilik bilen meşgullanýandyklaryna guwanýandygyny aýdyp, olara gojaman Hazaryň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy barada gürrüň berdi. Bu gürrüňleri uly höwes bilen diňleýän körpeler atalaryna — döwlet Baştutanymyza özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Milli Liderimiz agtyklarynyň sowallaryna uly höwes bilen jogap berdi. Söhbetdeşlik bagtyýar nesilleriň türkmen topragyna, tebigat gözelliklerine bolan söýgüsiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Deňiz giňişligi boýunça ýüzüşini dowam edýän gämiden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren keşbi has-da gözel görünýär. Bag nahallaryndan dörän tokaý zolaklary bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny, bu ýerde saglyk üçin peýdaly howa gurşawynyň emele gelmegini üpjün edýär.

Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara ähmiýetli çäreleriň, iri işewürlik forumlarynyň, medeni we sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek üçin ähli amatlyklary bolan dürli binalar zolagyň myhmanhana toplumy bilen bir bitewi sazlaşygy döredýär. Munuň özi Awazanyň dynç alyş düzüminiň bolşy ýaly, onuň binagärlik keşbiniň kemala gelmegine jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär. Häzirki döwürde behişdi mekana öwrülen deňiz kenary gözelligi bilen haýran galdyrýar. Deňiz tarapdan Awazanyň merkezindäki belent Baýdak sütüninde al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyz has-da gözel görünýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ulularyň we çagalaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin zerur şertler döredildi. Syýahatçylyk zolagynda dynç alýan türkmenistanlylar üpjün edilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Watandaşlarymyzyň höwes bilen dynç alýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy abadanlaşdyrylan çäkleri hem-de kaşaň myhmanhanalary bilen myhmanlara giňden gujak açýar.

***

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda gurlan “Awaza” köpugurly sport toplumyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler barada söhbetdeş boldy.

Mälim bolşy ýaly, adamyň saglygyny berkitmek, jemgyýetde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, ýokary sport netijeleriniň gazanylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy barada aýdyp, ähli pudaklaryň işgärlerini, aýratyn hem ýaş nesli bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Tejribäniň görkezişi ýaly, sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr.

Milli Liderimiz bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyň eziz Diýarymyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülmegi babatda maksadalaýyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň diňe bir beden taýdan sagdynlygyna däl, eýsem, onuň özüni duýşuna, ruhubelent bolmagyna hem-de intellektual we döredijilik işine oňyn täsir edýär diýip nygtady.

Ýurdumyzyň Hökümet agzalary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dürli sport maşklaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem toparlara bölünip, toplumyň sport zallarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guradylar.

Hormatly Prezidentimiz türkmen sportunyň häzirki gazananlaryny, türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlardaky üstünliklerini işjeň wagyz etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Ýaryşlaryň medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşdyrylmagy türgenlerimizi has uly üstünliklere ruhlandyryp, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge uly üns bermegiň wajypdygyny belläp, bu ýere ýygnananlara degişli ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36263

02.08.2021