Milli ykdysadyýetimiziň daýanjy

Dünýä giňişliginde hemmetaraplaýyn durnukly ösýän ýurt hökmünde öz ornuny barha berkidýän ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak arkaly düýpli özgerişlikleriň hil taýdan täze tapgyryna gadam basýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde telekeçiligiň ähmiýetini ýokarlandyrmaga we ony döwlet tarapyndan goldamaga uly üns berýär. Hut şonuň netijesinde türkmen işewürleri durmuş-medeni maksatly desgalary, senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda toplumlaryny gurýarlar we öz tejribelerini barha kämilleşdirýärler. Durmuş maksatly desgalardyr binalaryň gurluşyklarynyň ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylmagy halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagynyň döwlet syýasatynyň baş maksadydygyny görkezýär.

Şu dogrusynda pikir ýüwürdeniňde, güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30-njy ýylynda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde biziň welaýatymyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen möhüm ähmiýetli desgalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň giň mümkinçilikleri we olaryň gurluşygyna gatnaşan türkmen telekeçileriniň asylly zähmeti göz öňüňde janlanýar. Mähriban Arkadagymyzyň: «Türkmen telekeçileri şäherleri gurmaga ukyplydyr» diýen ganatly sözlerinden ruhlanýan telekeçileriň asylly zähmeti netijesinde ýakynda Türkmenabat şäheriniň iň gözel ýerleriniň birinde 614 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaý toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze jaýlar üç we bäş otagly öýlerden ybarat bolup, olarda döwrebap şertlerde ýaşamak üçin ýokary amatlylyklaryň ählisi göz öňünde tutulan. Açylyş dabarasynda bagtyýar maşgalalaryň onlarçasyna täze jaýlardan ähli amatlylykly öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň biziň eşretli zamanamyzda barha rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Tutumly toýlara, baýramçylyk dabaralaryna utgaşýan üstümizdäki ýubileý ýylymyzda täze açylyp, ulanmaga berilýän binalardyr desgalar ýokary hili we milli binagärlik öwüşginleri, şeýle hem ýokary amatlylyklary bilen tapawutlanyp, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösdürilýändiginiň nyşanyna öwrülýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alyp, eziz Diýarymyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaç alsyn!

Laçyn AZIMOWA,

«Çäksiz Diýar» hususy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk inženeri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43910