Ak şäherimiz — Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Paýtagtymyzyň görküne görk goşýan ak mermer desgalaryň hatarynda abraýly halkara çärelerini geçirmäge niýetlenilen binalar aýratyn ünsüňi özüne çekýär. Olar ýaşaýyş jaý, ýadygärlik toplumlary, suw çüwdürimleri, sport toplumlary, saglygy goraýyş binalary bilen egin deňläp, ýurdumyzyň gelim-gidimliligini, umumadamzat ähmiýetli meseleleriň biziň ýurdumyzda maslahatlaşylyp çözülýändigini aňladyp, kalplara şöhle salýar.
Şeýle giň halkara çäreleriniň geçirilýän ýerleri hökmünde, paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasyny, Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasynyň Sergiler merkezini we beýlekileri buýsanç bilen ýatlap bileris. Ministrliklerdir edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýygnaklar zallary hem bu möhüm halkara çärelerini guramak we geçirmek üçin ähli amatlyklara eýedir.
Paýtagtymyza myhman bolup gelýän resmi wekiliýetleriň agzalary, žurnalistler, syýahatçylar we jahankeşdeler ak şäherimiziň gözellik, tämizlik aýdymyny dilleriniň senasyna öwürýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu gün paýtagtymyz ak mermer binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. Ak şäherimiziň bu sanawa 11 gezek girizilendigini hem buýsanç bilen bellemelidiris.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilen üstümizdäki ýylda paýtagtymyzda Hökümet münberiniň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Diwanynyň binasynyň we beýleki birnäçe ýaşaýyş we medeni maksatly binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi aýratyn möhüm wakalar boldy. Häzirki wagtda gurlup ulanylmaga doly taýýar edilen «Garagum» myhmanhanasy bu ýere myhman bolup gelýän daşary ýurtly hünärmenlere, jahankeşdelere ýurdumyzyň aýratynlyklary barada doly maglumat bermäge niýetlenendir.
Paýtagtymyzy we welaýatlarymyzy ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, döwletli başlangyçlary rowaç bolsun!
Perhat GARAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.