Eksport mümkinçilikleri giňeldilýär

Türkmen halky «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylady. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde uly öňegidişlikler gazanylýar.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen dörän pudaklaryň biri hem dokma senagatydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda dokma senagatynyň binýady tutulyp, dokma kärhanalarynyň onlarçasy işe girizildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu pudaga berilýän üns has hem ýokarlandy. Häzirki döwürde iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragy bolup, olarda 24 müňden hem köp adam zähmet çekýär. Şol kärhanalarda öndürilýän önümler dünýä ýurtlarynyň ençemesine eksport edilýär.

Türkmen dokma önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy barha ýokarlanýar. Munuň sebäpleriniň biri-de ýurdumyzda öndürilýän orta we inçe süýümli pagtanyň hil görkezijileriniň ýokary derejeliligidir. Bu bolsa dürli görnüşli dokma önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekde dokma önümleriniň täze görnüşlerini, ýagny dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän çyzykly mahmal, şeýle-de spanbond, spanleýs, sintepon ýaly mata däl önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň dokma kärhanalarynda ulanylýan esasy çig mal pagta süýümidir. 2020-nji ýylda ýurdumyzda türkmeniň çogly güneşiniň, mes topragynyň, suwunyň täsirinde ýetişen pagta süýüminiň 1 million 200 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta süýüminiň beýleki tebigy süýümlerden has tapawutly tarapy, ondan dürli görnüşli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini taýýarlap bolýanlygydyr.

Soňky döwürde dokma kärhanalarynda pagta süýümi we beýleki himiki süýümler, mysal üçin, wiskoza, poliester süýümi bilen garyşdyrylyp, düýbünden täze önümler öndürilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, öndürilýän taýýar önümleriň hemmetaraplaýyn isleg ödeýiş häsiýetlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Arassa tebigy süýüm taýýar önümli gigiýeniki (çyglylygy kabul edip bilijilik, howa geçirijilik we ş.m.), himiki süýümler bolsa mehaniki häsiýetlerini (berkligini, sürtülmä çydamlylygyny, berlen şekili saklap galmak ukybyny we ş.m.) ýokarlandyrmaga hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Bu günki günde Türkmenbaşy, Gökdepe we Aşgabat dokma toplumlarynda eksporta niýetlenen ýokary hilli harytlar öndürilip başlandy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Diýarymyzda täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berildi. Muňa mysal edip, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 25-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açylyp, ulanmaga berlen dokma toplumyny görkezmek bolar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dokma toplumlarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem-de olaryň çig mal serişdeleriniň golaýynda gurulmagy kärhanada ugurdaş önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär, harytlaryň düşewüntliligine hem-de ahyrky bahasyna täsir edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, dünýä tejribesinde ulanylýan «klaster» syýasatynyň milli Liderimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. Kaka etrabynda ulanmaga berlen täze dokma toplumynyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda inçe süýümli pagtadan 3 müň 650 tonna ýokary hilli, kompakt penýe görnüşli nah ýüplügini, 12 million inedördül metr ýokary hilli egin-eşiklik matalary, şol sanda 10 million inedördül metr boýalan matany hem-de 1, 2 million sany taýyn tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Toplumda ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önüme çenli tehnologik işleriň birnäçesini öz içine almak bilen, egriji, dokma, boýag we tikin bölümlerini özünde jemleýär.

Kaka etrabyndaky dokma toplumy üçin ulanyljak esasy çig mal «kompakt penýe» diýlip atlandyrylýar. Onuň aýratynlygy inçe süýümli pagtany egirmegiň daraklamak usulynda taýýarlanmagydyr. Olardan öndürilen matalar, trikotaž önümler ýokary tekizlikde bolup, iň ýokary hil häsiýetlerine, şeýle-de ýüpek matalar ýaly ýumşak, berlen şekili saklap galmak ukybyna eýedir. Sürtülmä çydamly, ýygyrt atmak häsiýeti ýok, ýuwlanda girmeýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, uly isleg bildirilýän, dürli görnüşdäki eksporta niýetlenen batist, markizet, perkal, tafta, gipýur we beýleki matalar bolup, olardan sanly ulgamyň ýardamynda taýýar önümleri öndürmek mümkinçiligi bar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty hem-de innowasion esasda ýerine ýetirilýän işler netijesinde bar bolan önümçilik kärhanalarynyň durkunyň täzelenmegi, täze, döwrebap kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, işine ezber hünärmenleriň taýýarlanmagy, häzirki zaman marketinginiň inçe syrlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy dünýä bazarlarynda türkmen dokmasynyň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga we onuň abraýly ornuny tapmagyna mümkinçilik döredýär.

Çerkez ATAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing kafedrasynyň müdiri, professor.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44228