Güýz pasly ortalap, gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň soňky hasyly ýygnalyp ýörlen-de bolsa, bu babatda ak bazarlarymyzyň berekedi asla kemelenok. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän bol bakja önümleri — terje hyýarlar, al-gyzyl reňkli pomidorlar gözüňi dokundyrýar. Şu ýyl Mary welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap ýyladyşhana toplumynda hem ýeterlik hasyl kemala getirildi.
Hoş habar tiz ýaýragyç bolýar. Bahar aýynyň ajaýyp gününde gadymy Merw topragynda ýene-de bir ýyladyşhana toplumynyň açylýandygy baradaky hoş habar agyzdan-agza geçip, tutuş welaýata ýaýrapdy. Bu pursat uludan-kiçä hemmäniň kalbyny şatlykdyr buýsanç duýgusy gaplap aldy. Munuň özi diňe bir ter gök we bakja önümleriniň bolçulygynyň alamaty bolman, eýsem, köp sanly maşgalanyň ýaşaýyş-durmuşynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsir etjek onlarça täze iş orunlarynyň hem döredilýändiginiň buşlugydy. Golaý obada ýaşaýan ýaşlaryň aglabasy döwrebap önümçilik kärhanasynyň gurluşygyna başlanan günlerden onda işlemegiň arzuwynda boldular. Gahryman Arkadagymyzyň mart aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylmagyna ak pata bermegi bilen, ýaşlaryň bu arzuwy wysal tapdy. Welaýatyň Sakarçäge etrabynyň «Akýap» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada täze iş orunlary döredilip, oba ýaşlarynyň birbada 66-sy iş bilen üpjün edildi.
Daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 26 gektar meýdanyň 8 gektarynda gurlan ýyladyşhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 1800 tonna ter pomidory ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Mähriban obam» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilen ilkinji pomidorlar ak bazarlaryň, bereketli saçaklaryň bezegine öwrüldi.
— Biz pomidoryň üç görnüşini, ýagny «altess» diýlip atlandyrylýan hoşaly, ülje şekilli ownuk hem-de gülgüne reňkli iri görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bilen, şu günki güne çenli olardan 1000 tonna golaý hasyl aldyk. Kärhanada işleýänleriň aglabasyny düzýän gelin-gyzlar pomidorlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edip, hasyly zaýasyz ýygnap almak bilen birlikde, ýyladyşhananyň içiniň arassa saklanmagyna hem gözegçilik edýärler. Kärhananyň täzelikde işe girizilendigine garamazdan, Jeren Jummykowa, Mahym Orazowa göreldeli zähmeti bilen tapawutlanmagy başarýar. Pomidor gündelik ulanylýan azyk önümi bolansoň, ol islegli harytlaryň biri. Öý bikeleri ondan dürli işdäaçarlary hem taýýarlaýar. Esasan-da, ülje şekilli ownuk hem-de gülgüne reňkli iri pomidorlar geçginli hasaplanýar. Olaryň harytlyk görnüşi-de, tagamy-da üýtgeşik.
Täze güýç bilen işe başlan ýaşlarymyz şanly toýy zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Milli Liderimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, biz geljekde hem ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümlerimizi diňe içerki bazara däl, daşarky bazarlara hem hödürleýäris. Ýokary hilli pomidoryň 800 tonnadan gowragyny Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyz Respublikasyna eksport etdik — diýip, hususy kärhananyň agronomy Güljeren Ezizowa gürrüň berýär.
Mähriban Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň telekeçileri azyk howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp, döwrebap ýokary tehnologiýaly ýyladyşhana toplumlaryny gurmak bilen, önümçilikde gaýtadan işleýän senagatyň täze, döwrebap enjamlaryny ulanýarlar» diýen sözlerinden ruhlanyp işleýän telekeçiler ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda islegli önümleri öndürmek ugrunda yhlas-başarnygyny gaýgyranok.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44015