Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna ynamly goşulýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurulýan iri senagat desgalary ykdysady ösüşleriň ygtybarly binýadydyr.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap önümleri bilen tapawutlanýan senagat kärhanalarynyň biri-de 2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen «Türkmen aýna önümleri» kärhanasydyr. Senagat toplumynda biri-biri bilen baglanyşykly tehnologik ulgam bolup, ol kwars çägesiniň esasynda çig mal taýýarlamak boýunça bölümden, dürli ölçegdäki we dürli galyňlykdaky aýnalaryň önümçiligi boýunça bölümden, şeýle hem aýnany ýakyp taplaýan bölümden we gaýtadan işleýän hem-de taýýar önümler bölümlerinden ybaratdyr. Türkmenistanda ilkinji gezek ýola goýlan aýna önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýasy bu taslamanyň esasyny düzýär. Häzirki zaman «float» tehnologiýasy esasynda bu ýerde termopolirlenen dury we reňkli aýnalar taplanan görnüşde öndürilýär.
Senagat toplumynda Germaniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Finlýandiýanyň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyryldy. Bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň bir ýylda 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň hem 300 müň, aýna paketleriniň bolsa 400 müň inedördül metrini öndürmek mümkinçiligi bar. Önümleriň hemmesi ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Şeýle hem bu ýerde dürli ölçegli gaplaryň, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümleriň 30-dan gowrak görnüşini çykarmak ýola goýuldy.
Kärhananyň Çig maly baýlaşdyrmak we taýýarlamak bölüminde ýörite enjamlarda garyndylar doly taýýar bolýança garylýar. Şonuň bilen birlikde, olara reňk hem berilýär. Düz aýna önümçiligi bölüminde giňligine we uzynlygyna ýerleşdirilen belentli-pesli enjamlaryň hersiniň ýerine ýetirýän hyzmaty bar. 1100 gyzgynlyk derejesi bolan aýna erediji pejiň birtaplyga getirilmegi tehniki enjamyň ýokary kämilliginden habar berýär. Awtomatika hem-de robotlaşdyrylan iş usulynda işiň gidişi takyk we anyk ýerine ýetirilýär.
Düz aýna önümçiligi bölüminiň işine gözegçilik edýän operatorlar işiň başdan-aýak talabalaýyk gidişine kompýuterler arkaly gözegçilik edýärler. Olar her bir enjamyň işleýşiniň hil derejesine ylmy taýdan çemeleşip baha berýärler.
«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň işläp başlan ilkinji günlerinden düz aýnalary Gazagystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna eksport edendigi bu döwrebap senagat toplumynyň uly kuwwatlyga eýedigini görkezýär. Kärhanada häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýän taplama peji, aýnany laminirleýji enjam, magnetron tozanlama enjamy, aýna paket taýýarlaýan enjam doly güýjünde işledilýär.
Gaplyk çüýşe önümçilik bölüminde çüýşäniň gerekli mukdardaky ergini peçden aşak akyp gaýdýar. Şol ergin ýörite enjamlarda çüýşe görnüşinde düzülip, awtomatik hereketde gaz alawyna tutulýar. Munuň özi çüýşäni birden sowap, döwülmekden goraýar. Kompýuter arkaly gaplyk çüýşäniň hili barlanylýar. Zaýa ýeri bolsa, lenta arkaly yzyna — peje tarap äkidilýär we täzeden eredilýär. Gaplyk çüýşeler awtomatik usulda örülip, olara polietilen örtügi geýdirilýär we ammara äkidilýär.
Kärhananyň Aýnany senagat taýdan gaýtadan işlemek bölüminde aýnany taplama enjamy, aýnany laminirleýän enjam, aýna paket taýýarlaýan enjam, magnetron tozanlama enjamy işleýär. Dürli galyňlykdaky aýnalar hil taýdan örän berkligi bilen tapawutlanýar. Olar döwläýende-de, adama zeper ýetirýän aýna gyýçaklary bolmaýar. Kärhanada ornaşdyrylan daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlarynyň hatarynda aýna erediji peçler ýangyjy we energiýany tygşytlaýar.
Ýokary hilli aýna önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň tehnologiýa ulgamy dürli görnüşli aýnalaryň hem-de azyk önümleri, derman serişdeleri üçin niýetlenen reňkli aýna gaplaryň önümçiligini özünde jemleýär. Italiýanyň «Bottero» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamy sygymy 0,25-den 1 litre çenli bolan içgiler üçin niýetlenen çüýşeleri, bankalary, şeýle hem lukmançylyk aýna gaplaryny hem öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik ulgamynyň ähli düzümlerine awtomatik usulda gözegçilik amala aşyrylýar we ol halkara ölçeglerine laýyk derejede tehnologiýa taýdan dolandyrylýar. Serişdeleri taýýarlamakdan başlap, taýýar önümlere çenli ähli tapgyrlarda talap edilýän hil derejesiniň hem-de görkezijileriniň ýola goýulmagyna gözegçilik edýän barlaghana hem ýokary tehnologiýaly enjamlar we gurallar bilen üpjün edilipdir.
Toplumda işgärlerdir hünärmenler üçin zähmet çekmäge ähli şertler döredilipdir. Kärhananyň bölümlerinde dynç alar ýaly ýörite ýerler üpjün edilen. Bu ýerde 48 maşgala niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýyň ikisi we 400 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy bar.
«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda 900-e golaý adam zähmet çekýär we işler dört çalşykda alnyp barylýar. Hünärmenleriň we işçileriň saglygyna lukmançylyk gözegçiligi ýola goýulýar. Bu bolsa kärhanada zähmet çekýän işçileriň has-da yhlasly işlemeklerine ýardam edýär.
Hawa, häzirki wagtda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda alnyp barylýan işler, sözüň doly manysynda, dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Hut şonuň üçinem, bu ýerde öndürilýän önümlere bolan isleg barha artýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýan «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň zähmetsöýer işgärleri ýurdumyzyň senagat toplumyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirip, halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda döwletli başlangyçlary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Gülşat AHUNOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.