Pederleriň pentlerinden ugur alyp

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda «Çagany ýaşdan, edebi başdan», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly nakyllar bar. Şeýle nakyllary, pähim-pentleri hemişe ýörelge edinýän halkymyz perzentlerine terbiýe bermegi durmuşyň berk kadasy hökmünde kesgitleýär. Ene-ata mähir, alada, söýgi bilen gurşap alan perzentlerini geljekde Watana wepaly, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmäge çalyşýar. Çünki türkmen üçin ata Watan, ene toprak mukaddesdir, keramatlydyr.

Arkadag Prezidentimiz: «Hiç bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez» diýmek bilen, ene-ata üçin çaga terbiýesiniň hökmany borçdugyna ünsi çekýär. Şol esasdan, biz çagalar bagymyza gatnaýan körpeleriň terbiýesini göreldeli maşgala terbiýesi bilen sazlaşykly alyp gitmäge çalyşýarys.

Körpeler deň-duşlary bilen oýnap, dostlaşyp, belli bir derejede düşünjelerini artdyrýarlar. Çünki dürli maşgalalardan bolan körpelerde birek-birekden öwrenere zat kän. Her bir çaga öýde ene-atadan, çagalar bagynda terbiýeçilerden görýän göreldesine eýermäge çalyşýar. Olaryň aýdanyny, edenini gaýtalaýar. Bu hem eýýäm bizden — terbiýeçilerden körpeleri milli ruhda terbiýelemekde peder pentlerinden ýerlikli peýdalanmagy, özümizi hem şol pentlere laýyk alyp barmagy talap edýär. Nakyllar, pähimler esasynda terbiýelenýän çagalaram hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişýär. Şeýle bolansoň «Paýhas çeşmesi» kitaby biziň ýakyn ýardamçymyz bolup durýar.

Rejepbibi ANNAÝEWA,

Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43883