Milli manat — ygtybarly binýadymyz

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyza 30 ýyl doldy. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, maliýe-bank, medeni-ynsanperwer ugurlarda, senagatda, umuman, jemgyýetiň ähli ulgamlarynda uly öňegidişlikleri gazandy. Garaşsyzlygyň ykdysady esaslary pugtalandyrylyp, milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan seneleriň biri hem 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrydyr, çünki bu sene türkmeniň buýsanjy we guwanjy bolan milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilen günüdir. Şol wagtdan başlap, ýurdumyzda özbaşdak ykdysady syýasat we onuň düzüm bölegi bolan pul-karz, býujet-salgyt, maliýe, nyrh syýasatyny işläp düzmäge we üstünlikli durmuşa geçirmäge hukuk gazanyldy. Şeýlelikde, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi netijesinde, bazar ykdysadyýetine geçmekligiň milli nusgasy işlenilip düzüldi.

Ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde pula aýratyn orun degişlidir. Ýurtda hereket edýän puluň durnukly, hümmetli, satyn alyjylyk ukybynyň ýokary bolmagy bazar ykdysadyýetine üstünlikli geçmäge ähli zerur bolan amatly şertleri döredýär we ýurdumyzda kabul edilýän ähli maksatnamalary amal etmäge mümkinçilikleri artdyrýar.

Puluň kadaly hereketini ýola goýmak, durnuklylygyny üpjün etmek köp derejede onuň haryt üpjünçiligine we hyzmatlar ulgamynyň işjeňlik derejesine baglydyr. Bu meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzda köpsanly ulgamlaýyn we toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyryldy. Muňa mysal edip, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan manadyň tapgyrlaýyn denominasiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha berkemegine, halkymyzyň bolelinlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna uly ýardam edendigini bellemelidiris.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösdürilýär, bazar gatnaşyklaryna ynamly geçilýär, işewürleriň ýokary netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Milli manadymyz ykdysadyýeti ösdürmekde, öňümizde goýan beýik maksatlarymyza ýetmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm serişdeleriň biridir» diýen çuň manyly, parasatly sözleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň barha uly sepgitlere tarap okgunly ugur alýandygyny mälim edýär.

Bank ulgamy tarapyndan pul dolanyşygyny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan bank kartlaryny ornaşdyrmak we amallary menzilara dolandyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň has kämil görnüşlerini bank önümçiligine ornaşdyrmak we ýerlerde ýeterlik möçberde bank hyzmatlarynyň töleg terminallaryny ýola goýmak bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Elektron töleg ulgamynyň ornunyň barha ýokarlanmagy diňe bir tölegleriň tiz wagtda amala aşyrylmagyna mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, serişdeleri tygşytlamaga we tölegleriň goraglylygyny üpjün etmäge ähli amatly şertleri döredýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginli we durnukly ösýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamy sanlylaşdyrylýar. «Internet bank», «Mobil bank» ulgamlary arkaly raýatlaryň bank kart hasaby boýunça amallary giňeltmek, banklaryň menzilara bank hyzmatlaryny maglumat howpsuzlygy arkaly has-da kämilleşdirmek, müşderileriň bank hasaplaryny karz edaralaryna barmazdan, menzilara dolandyrmak bilen baglanyşykly möhüm işleri görkezmek bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ösüşleriniň özeninde eziz halkymyzyň bähbidi bardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler we gazanylýan netijeler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň ýaşaýşyň ähli ulgamlarynda dabaralanýandygyny aýdyň subut edýär. Hormatly Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy milli manadymyzyň döredilmeginiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Goý, ýurdumyzy ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44849