Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmagy ugur edinýän strategiýasy senagat toplumyny innowasiýa taýdan ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň ýokary hil derejesinde hem-de ekologik talaplaryň göz öňünde tutulyp, toplumlaýyn esasda amala aşyrylmalydygyny belledi. Şunda ilatyň ýokary amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegi üýtgewsiz talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat şäherini ösdürmegiň uzak geljegi nazarlaýan meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine örän oýlanyşykly çemeleşilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaryň ösdürilmegi, gurluşyk toplumynyň zerurlyklaryny doly derejede üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigini aýratyn nygtady. Şeýle hem ugurdaş düzümleriň, inženerçilik-tehniki ulgamlaryň, himiýa senagatynyň we energetika pudagynyň işlerini döwrebaplaşdyrmagyň, sanly ulgamy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, ýyladyş ulgamlarynyň işini bökdençsiz üpjün etmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatdaky meseleleri toplumlaýyn çözmegiň möhümdigi bellenildi.

Ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Ýaragly Güýçlerimizi iň täze, ýörite tehnikalar bilen mundan beýläk-de üpjün etmek, döwrebap usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak, şahsy düzümiň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny yzygiderli seljerip durmak, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmek işiň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň meýilnamalaryndan ugur alnyp, Belent Serkerdebaşymyzyň garamagyna häzirki zaman gämilerini gurmak boýunça teklipler hem-de täze gämileriň taslamalary we nusgalarynyň şekilleri hödürlenildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Bagabat şäherçesinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetini döretmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Kömekçi hojalygyň çäklerini ekerançylyk meýdanlaryna bölmek teklip edilýär, bu ýerde dürli oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriler, miweçilik we üzümçilik pudaklary ösdüriler.

Bu künjekde ekerançylygyň, miweçiligiň ösdürilmegi dag etekleriniň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda, ýaş esgerleriň harby gullugynyň zähmet terbiýesi bilen utgaşdyrylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygy üçin bolşy ýaly, oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, harby gullukçylaryň agronomçylyk, maldarçylyk ýaly hünärleri ele almagy üçin möhümdir.

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,8 göterime barabar boldy, önüm öndürilişiniň ösüşi 118,2 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,8 göterime, nah matalaryň öndürilişi 105,3 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 117,6 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 105,6 göterime barabar boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,9 göterim berjaý edildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda 248 birža söwdasy geçirilip, 26 müň 341 şertnama hasaba alyndy. Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, biržada elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy. Şertnamalary elektron görnüşde hasaba almak, sanly ulgam arkaly birža söwdalaryny geçirmek, sanly ulgamy tehniki taýdan işläp düzmek hem-de ornaşdyrmak maksady bilen, halkara bäsleşik yglan edildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 105,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 8 sergi we 37 maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 134,6 göterime, oba hojalyk we azyk önümleri boýunça ösüş 119,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşarky söwdanyň seljermesi, umuman, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, eksportyň 23 göterim artandygyny görkezdi. Biziň önümlerimiziň eksporty ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda, 48 göterime golaý artdy. Bu erbet görkeziji däl.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kiçi, orta we iri işewürlik kärhanalaryny döretmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmagy, özümizde öndürip biljek önümlerimizi daşyndan getirmegi bes etmegi tabşyrdy. Bu çäreleriň, ilkinji nobatda, täze iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň we raýatlaryň iş üpjünçiligini öňki derejesinde saklamaga gönükdirilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleriň has-da artýandygyny göz öňünde tutup, içerki bazaryň üpjünçiligine, baýramçylyk söwdalaryna şu günlerden taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumyny bellenen möhletinde ulanmaga bermek, düzümleýin desganyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek hem-de dokma kärhanalarynda önümleriň täze görnüşlerini köpräk öndürmek, olaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine ünsi çekip, dünýä bazarlarynda harytlaryň bahalarynyň yzygiderli üýtgeýändigini belledi we şoňa görä-de, daşary ýurt biržalarynda harytlaryň birža bahalaryna gündelik gözegçilik etmegi ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy eksport edijilerine daşary ýurt alyjylaryny tapmagyň, olar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermegiň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna, oba hojalyk, azyk we senagat önümçiliklerini döretmek boýunça çäreleri görmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hususy telekeçilere ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmakda, täze önümçilikleri döretmekde, daşary ýurt bazarlarynda tutýan orunlaryny pugtalandyrmakda we giňeltmekde döwlet tarapyndan mundan beýläk-de goldaw beriljekdigini nygtap, bu ugurda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň on aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy. 2021-nji ýylyň on aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim artdy.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3 göterim, çykdajy bölegi 96,1 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň on aýynyň jemleri boýunça iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri koronawirusyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, ýubileý ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýär.

Jemi içerki önümiň 6,2 göterim möçberde ösüş derejesini saklap galmak başartdy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we beýleki ençeme desgalar bar.

Bellenen meýilnamalara laýyklykda, ýurdumyzda 30 desgany işe girizmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagta çenli bolsa 66 sany iri desga açylyp, ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Umumy meýdany 750 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary kämilleşdirilýär. Bazar ykdysadyýeti emele getirilýär. Täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar we beýleki halkara taslamalar taýýarlanylýar.

Ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge goldaw bermek boýunça syýasatymyz yzygiderli dowam edýär. Ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga ýurdumyzyň telekeçileri giňden çekilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegiň we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny has-da çaltlandyrmagyň, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmek, öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak we önümleriň eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda Türkmenistanda uly baýramçylyk senesiniň — Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini nygtap, bu baýramy ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýtdy.

6-njy noýabrda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta böleginde 13,5 gektar meýdany eýeleýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde bag ekmek dabarasyna gatnaşyp, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daşyny gurşap alýan ýaşyl zolaklaryň giňeldilmegine gönükdirilen giň möçberli bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Dabaranyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary, şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.

Glazgo şäherinde, Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy.

S.Berdimuhamedow forumda çykyş edip, ýurdumyzyň bug gazynyň zyňyndylaryny peseltmek we ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky meseleleri 2030-njy ýyla çenli çözmek baradaky ägirt uly maksadynyň bardygyny belledi. Bu babatda metanyň zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berilýär.

Muňa ýurdumyz öz maliýe serişdeleriniň hem-de halkara guramalaryň we maliýe institutlaryň tehniki hem-de maliýe goldawynyň hasabyna ýetmäge umyt edýär.

Türkmen tarapynyň öňe süren netijeli başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beýan eden maksatlaryny hem-de pikirlerini ösdürmäge gönükdirilendir. Bu pikirlerdir maksatlar örän möhüm bolan howa we ekologiýa meselelerinde ýurdumyzyň pugta eýerýän ýörelgesini beýan edýär hem-de milli, sebit we dünýä derejelerinde şolary çözmegiň anyk ýollaryny hem-de gurallaryny kesgitleýär.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygyna gabatlanyp, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi türkmen döwletiniň taryhynda möhüm waka boldy. Bu taryhy waka ýurdumyzyň garaşsyz ykdysady syýasaty durmuşa geçirip başlandygyny alamatlandyryp, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bellenilen sepgitlere üstünlikli ýetmekde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeledi.

Şanly sene mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen pul birlikleriniň nusgalaryny, gymmat bahaly metallardan taýýarlanylan ýadygärlik şaýy pullary, milli zergärçilik şaý-seplerini hem-de ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän ýörite sergi guraldy.

Geçen hepdäniň wakalary Garaşsyz Watanymyzda üstünlikli amala aşyrylýan “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgä laýyklykda, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ähli çäreleriň görülýändiginiň, giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli syýasat ýurdumyzyň täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna tarap okgunly öňe gitmegine ýardam berýär.

(TDH)




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46044