Habarlar
Ýagty geljegiň ýalkymy

Ylmyň okgunly ösýän we tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän häzirki zamanasynda ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň netijeli çözgütlerini nazarlaýan «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Döwrüň ösüşleri bilen deň gadam urýan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi hem halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatynyň, nurana geljegimiziň nyşany hökmünde kalbymyzy buýsanja besleýär. 

                                                                   

«Akylly» şäher konsepsiýasy innowasion maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna jemgyýetçilik meseleleriniň çözülmegini, daşky gurşawyň we ýaşaýjylaryň bähbidine toplumlaýyn çözgütleriň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Täze şäheriň esasy aýratynlyklary hökmünde durnuklylyk we ekologiýa abadançylygy, dolandyryşa ähli ýaşaýjylaryň, ýagny tutuş jemgyýetiň işjeň gatnaşmagy, maglumatlaryň netijeli peýdalanylmagy, hyzmatlaryň hilini we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga bolan ymtylyş görkezilýär. Diýmek, «akylly» şäheri jemgyýetiň bähbidi üçin sazlaşykly işleýän bir bitewi janly bedene ýa-da bitewi mehanizme deňemek bolar. Şeýle şäherde ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar ýaşaýjylaryň durmuşyny ähli ugurlarda gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ajaýyp Köpetdagyň eteginde gysga döwürde kemala gelen Arkadag şäheriniň mysalynda biz bu hakykata aýdyň göz ýetirdik. 

                                                                   

Täze döwrüň innowasion şäherinde peýdalanylýan sanly tehnologiýalar diňe bir ýaşaýjylaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly düzümleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine-de goşant goşýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy çykdajylary azaltmaga we girdejileri artdyrmaga ýardam edip, işewürlige oňyn täsirini ýetirýär. Sanly ulgamyň peýdalanylmagy möhüm wezipeleri ýeňil çözmäge we serişdeleri tygşytlamaga ýardam edýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň oňyn tejribesi bu hakykaty tassyklaýar. Döwlet hyzmatlary, şäheriň ulag serişdelerini dolandyrmak, suwuň we energiýanyň ýerlikli peýdalanylyşy, bilim, saglygy goraýyş, innowasion, oba hojalygy we galyndylaryň gaýtadan işlenilişi hem «akylly» şäheriň tehnologiýalarynyň wezipeleriniň esasy ugurlarydyr.  

                                                                   

Arkadag şäheriniň beýleki «akylly» şäher taslamalaryndan ýene bir tapawutly aýratynlygy hem onuň ozal bar bolan ilatly nokadyň durmuş düzümlerini kämilleşdirmek arkaly döredilmän, eýsem, düýbünden täzeden gurlanlygydyr. Taryh üçin şeýle gysga döwürde kemala gelen kämil şäheriň halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň intellektual tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyny we netijeliligini, sürüjileriň, pyýada ýolagçylaryň has oňaýly hereketini üpjün edýär. Ekologiýa taýdan arassa elektrobuslar we elektromobil taksileri tebigatyň abadançylygyny goramaga ýardam etse, «akylly» ugurlaryň ýola goýulmagy sürüjilerde wagty tygşytlamaga, ýollarda dyknyşyklaryň döremeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Täze şäheriň ajaýyp keşbini synlap, onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir ýöredeniňde, günsaýyn özgerýän eziz Diýarymyzyň gözel künjeginde syýasy, ykdysady we medeni taýdan nusgalyk merkeziň kemala gelýändigine buýsanýarsyň. XXI asyryň kämil şäheri hökmünde dünýäniň abraýly halkara guramalarynyňdyr kompaniýalarynyň belent ykrarnamasyna eýe bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  

                                                                   

hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda halkymyzyň bagtyýarlygy we Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrylýan nusgalyk işleriň nyşany hökmünde ýagty geljegimize şugla saçyp, kalplarymyzy nurlandyrýar. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

07.07.2023
Intellektual eýeçilik: ösüşe iterýän güýç

Her bir adam zähmeti we aň-paýhas başarnyklary arkaly durmuşdaky ornuny tapyp, jemgyýet tarapyndan ykrar edilýär. Ynsanyň döredijilikli zehininiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde döredilýän eserlerdir oýlap tapyşlar, edilýän açyşlar jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Adam aňynyň döredijilikli zähmetiniň netijesine intellektual eýeçilik diýilýär. 

                                                                   

Kanunçylyk ulgamy intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramagyň serişdelerini kesgitleýär. Awtorlyk hukugynyň we söwda nyşanlarynyň patentleri şeýle serişdeleriň görnüşlerine degişlidir. Patentler adama öz oýlap tapyşlarynyň, döreden eserleriniň netijesinde jemgyýetde uly abraýa ýa-da maddy sylaga eýe bolmaga mümkinçilik berýär. Şunlukda, intellektual eýeçilik oýlap tapyjylardyr döredijilik adamlary bilen olaryň akyl zähmetiniň netijelerinden peýdalanýan giň halk köpçüliginiň arasynda bähbitleriň sazlaşygyny üpjün edip, döredijiligiň we innowasiýalaryň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem tutuş ykdysadyýetiň ösüşine güýçli täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Intellektual eýeçilik dürli görnüşli oýlap tapyşlary öz içine alyp bilýär. Muňa mysal hökmünde sungat eserlerini, kompýuter maksatnamalaryny, haryt nyşanlaryny ýa-da täjirçilik maksatly döredilen beýleki serişdeleri görkezip bolar. Aň-paýhas işjeňliginiň netijesinde döreýän eýeçilik görnüşi boýunça birnäçe topara bölünýär. 

                                                                   

 ■ Awtorlyk hukugy — edebi we çeper eserleri döreden adamlaryň, ýagny awtorlaryň olara bolan hukuklaryny aňladýan ýuridiki adalga. Awtorlyk hukugy eserleriň örän köpdürli görnüşine degişli bolup bilýär: kitaplar, aýdym-saz eserleri, suratlar, heýkeller, filmler, kompýuter maksatnamalary, maglumat gorlary, mahabat, kartalar, çyzgylar we beýlekiler. 

                                                                   

 ■ Patent — awtoryň oýlap tapyşyna ýa-da açyşyna aýratyn hukugyny görkezýän resminama. Has ýönekeý dilde aýdylanda, haýsydyr bir açyşa ýa-da oýlap tapyşa patent alan adam onuň özgeler tarapyndan nähili ulanyljakdygyny kesgitläp bilýär. Bu hukuga eýe bolan adam patent resminamasy arkaly oýlap tapyşy baradaky tehniki maglumatlary köpçülik bilen paýlaşyp, ondan alynýan maddy bähbidiň kesgitli möçberine eýe bolup hem bilýär. Häzirki zaman dünýä tejribesinde öňdebaryjy kompaniýalar oýlap tapyjylaryň patent hukuklaryny satyn almak arkaly iň gowy innowasion tehnologiýalary halk köpçüligine ýetirmek ugrunda ýiti bäsdeşlik alyp barýarlar. 

                                                                   

 ■ Harytlyk nyşanlar — bir kärhananyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň beýleki kärhanalaryň harytlaryndandyr hyzmatlaryndan tapawudyny kesgitlemegi göz öňünde tutýan aňlatma. Şeýle aňlatmalar baryp gadymy eýýamdaky senetçileriň önümlerini tapawutlandyrmak üçin olara bellik edip başlan döwründe ýüze çykypdyr. Häzirki döwürde islendik kärhana öndürýän önümleriniň ýüzünde özboluşly şekili ýa-da ýazgyny ýerleşdirmek bilen olaryň bazarda tanalmagyny gazanmagy maksat edinýär. 

                                                                   

 ■ Senagat nusgalary — önümiň çeper-gözellik çözgütleri. Şeýle nusga üç ölçegli, ýagny şekilli we göwrümli görnüşde-de, şonuň ýaly-da, surat ýa-da çyzgy görnüşinde-de bolup bilýär. Adatça, senagat nusgalary hökmünde haýsydyr bir önüm bilen baglanyşykly özboluşly aýratynlyklar, meselem, daşky bezeg aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. Olaryň ulanylmagy önümleriň daşky görnüşi babatda özüneçekijiligini gazanmaga kömek edýär. Netijede, önümleri bazarda üstünlikli ýerlemek mümkinçiligi artýar. Senagat nusgasynyň hukuk goragy onuň eýesiniň ygtyýary bolmazdan nusgany köpeltmäge ýa-da ony göçürmäge rugsat bermeýär. Senagat nusgasyna bolan hukugy tassyklaýan resminama bellige almak hakyndaky şahadatnama ýa-da patent bolup biler. 

                                                                   

 ■ Geografik ugrukdyryjylar — belli bir ýerden gelip çykýan hem-de şol ýer bilen baglanyşykly aýratynlyklara, abraýa ýa-da özboluşlylyga eýe bolan harytlaryň häsiýetlerini görkezmek üçin ulanylýan aňlatmalar. Olar köplenç halatda, harydyň gelip çykan ýa-da öndürilýän ýerini görkezýär. Tejeniň waharmany, Mollagaranyň palçygy, Ýanbaşyň suwy, Bathyzyň pissesi ýaly aňlatmalary muňa mysal görkezip bolar. 

                                                                   

 ■ Täjirçilik syrlary — intellektual eýeçiligiň bu görnüşi täjirçilik gymmaty bolan syrlary aňladýar. Şeýle maglumat köpçülige mälim bolman, oňa eýeçilik edýän tarap (adatça, kärhana) onuň gizlin saklanmagyny gazanmaga gönükdirilen çäreleri görýär. Täjirçilik syrlaryna, adatça, harytlaryň öndürilişi bilen baglanyşykly özgelere belli bolmadyk maglumatlar degişli bolup, olar beýleki kärhanalara satylyp ýa-da rugsatnama boýunça berlip hem bilner.  

                                                                   

Ýurdumyzda intellektual eýeçilik hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen, esasan-da, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň degişli bölegindäki hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.  

                                                                   

Diýarymyzda intellektual eýeçiligiň milli ulgamy 30 ýyl bäri hereket edip gelýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak işi babatda döwlet kadalaşdyrylyşy 2013-nji ýylda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň düzüminde döredilen Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan alnyp barylýar. Gullugyň hünärmenleri intellektual eýeçiligiň obýektleriniň hukuk goraglylygy bilen baglanyşykly ähli işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Raýat kodeksi, «Oýlap tapyşlary hukuk taýdan goramak hakynda», «Senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Harytlyk nyşanlar, hyzmat nyşanlary we harytlaryň ýerleşýän ýerleriniň atlary hakynda», «Elektron hasaplaýyş maşynlary, integral mikroshemalaryň maglumat binýatlary we tehnologiýalary üçin programmalary, algoritmleri hukuk taýdan goramak hakynda», «Tohumçylygyň ýeten derejesini hukuk taýdan goramak hakynda», «Awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklar hakynda» Kanunlar we beýleki kadalaşdyryş namalary intellektual eýeçiligi goramagyň kanunçylyk binýadyny emele getirýär. 

                                                                   

Her ýylyň 26-njy aprelinde bütin dünýäde Intellektual eýeçiligiň halkara güni bellenilýär. Bu senäniň halkara derejede bellenilmegi innowasiýalaryň we döredijiligiň höweslendirilmeginde intellektual eýeçiligiň ähmiýetine ünsi çekmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy ynsanyň aň-paýhas işjeňliginiň netijesinde döreýän eýeçilik babatda maglumat bermegiň, hyzmatdaşlyk etmegiň, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň, degişli ugurlarda ýörelgeleri işläp taýýarlamagyň meselelerine gözegçilik edýär. Bu gurama intellektual eýeçiligiň hukuk konsepsiýalary bilen baglanyşykly işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň gerimi internet ulgamyndan başlap, saglygy goraýşa çenli barha giňäp, ylmyň, tehnikanyň, edebiýatyň we döredijiligiň ähli jähetlerini öz içine alýar. Intellektual eýeçilik we ylmy innowasiýalar diňe bir aýratyn alnan önümleriň däl, eýsem, tutuşlygyna ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagynyň esasy şertleriniň biridir. 

                                                                                                           

Nurbike AMANOWA,

                       

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň esasy maslahatçysy, 1-nji derejeli ýurist.

05.06.2023
Amatlylyk, ygtybarlylyk, döwrebaplyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlary innowasion esasda alyp barmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy aýdyň tassyklaýar. Bu Konsepsiýada ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenilendir. Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek boýunça işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

Innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi berip, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar. Innowasion kärhanalaryň döredilmegi içerki bazaryň şeýle önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, jemi içerki önümde innowasion önümleriň möçberleriniň artmagyna, netijede, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Döwletimizde sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşine uly itergi bermek bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

 Şeýle mümkinçilikleri döredip beren hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Otuz NURYÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.

04.04.2023
Innowasiýalar — kämilligiň binýady

Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy şertidir. Ilatyň aň-paýhas mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ýurduň ähli babatda ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi üçin ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny belleýär. Eziz Watanymyzda sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagynda üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem talyp ýaşlar innowasion tejribeleriň esasynda täze taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Ýokary okuw mekdebimizde hassalara uzak aralykdan gözegçilik etmegiň «akylly» ulgamy, dynç alyş merkezlerini awtomatik dolandyryjy ulgam, «akylly» ýolyşyk, «akylly» ýyladyşhana, dürli ýerlerde hyzmat etmek üçin mobil robot boýunça ylmy-amaly işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ulaglarda «akylly» ulgamlary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalar işlenilip taýýarlanylýar. Şunuň ýaly innowasiýalar ýurdumyzda «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde, hususan-da, zamanamyzyň ajaýyp taslamasy bolan Arkadag şäheriniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynda peýdalanylyp bilner. Şeýle giň gerimli taslamalarda talyp ýaşlaryň işläp taýýarlamalarynyň peýdalanylmagy bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatynyň barha artýandygynyň nyşanydyr. 

                                                                   

Ýaşlaryň döwrebap derejede bilim alyp, ylymda we döredijilikde täze üstünliklere ýetmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. 

                                                                                                           

Oguljennet ÖWEZOWA,

                       

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

24.01.2023
Kämilligiň gözbaşy

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary çalt depginde özgerýän jemgyýetiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Milli ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi we üstünlikli amala aşyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek we täzeçil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Bu ugur boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ýörite sapaklaryň girizilmegi, zerur maddy-tehniki binýadyň üpjün edilmegi sanly ulgamyň ösüşinde uly orna eýedir. Häzirki döwürde bilim ulgamyny ösdürmek bilimiň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga, döwrüň häzirki talaplaryna, innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň zerurlyklaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem zähmet bazaryny ýokary hünär derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda, sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşykly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

Dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy, özara peýdaly söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine itergi berjek möhüm ugurlardyr. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde sanly we ykjam hyzmatlaryň ählumumy elýeterliliginiň üpjün edilmegi, obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň çäklerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň ýokary depginde alnyp barylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň döwrebap ösüşleriniň wajyp şerti bolup durýar. 

                                                                                                           

Berdimyrat ŞIRIMOW,

                       

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

13.12.2022
Garaşsyzlyk: sanly tehnologiýalar we harytlary belgilemek

  Häzirki wagtda islendik ýerde, şol sanda dükanlarda, ownuk satuw söwda nokatlarynda töleg kartlarynyň, mobil enjamlaryň kömegi bilen satyn almak we hyzmatlar üçin tölegleri tölemek adaty ýagdaý bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň täjirçilik banklary, söwda we hyzmat ulgamlary bilen bilelikde elektron hasaplaşyklary amala aşyrmagy ýola goýýarlar. Şeýlelikde, töleg kartlary ýa-da telefon enjamlary arkaly islendik tölegi tiz, amatly, ygtybarly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döreýär.  

                                                                   

Sözlüklerde we ensiklopediýalarda beýan edilişine görä, QR kod (Quick Response code) çalt seslenmek kody diýlip düşündirilýär. Ýagny, QR kodlaşdyrma tehnologiýalary esasynda mobil telefon enjamlary üçin iki ölçegli matrisa kodly we adaty çyzykly şertli belgileriň kömegi arkaly döredilýän nyşan bolup durýar.  

                                                                   

QR kod, ilki başda, Ýaponiýanyň awtomobil senagaty üçin döredilipdir. Bu adalga halkara derejede hasaba alnan haryt nyşanydyr. Onuň kömegi bilen islendik obýekt baradaky maglumatlary beýan etmek we saklamak mümkin. QR kodlarda dört derejeli standartlaşdyrylan belgiler, ýagny san, harply-sanly, goşalandyrylan hem-de kanzi (harpy aňladýan ieroglif — ýapon adalgasy). Häzirki wagtda QR kod tiz okalmak, köp maglumatlary ýerleşdirmek, tapawutlandyrmak mümkinçilikleri üçin ähli ulgamlarda ulanylýar.  

                                                                   

QR kod, ştrih kod adalgalary häzirki döwürde dünýä ýüzünde duş gelýär. Bu iki ugruň arabaglanyşygy we sazlaşygy häzirki zamanyň ösüş häsiýetini kesgitleýär. Ähli ulgamlardaky önümçilige senagatlaşmak we innowasion ösüş mahsus bolmak bilen, ýurdumyzdaky özgertmeler öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna daýanýar, täze hil we mazmun derejelerine gadam basýar.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde türkmen halky dünýä siwilizasiýasynyň intellektual gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşupdyr. Ylmy-tehniki ösüşiň çaltlaşmagy netijesinde adamzat ylymda, tehnikada täze-täze basgançaklara galýar. Bu ösüşler bilen aýakdaş gitmäge ukyply, döwrebap ylymly-bilimli nesilleriň bardygy bizi buýsandyrýar.  Şonuň bilen baglylykda bolsa, intellektual eýeçiligi, döredijilik ukyplaryny hukuk taýdan goramagyň ähmiýeti artýar. Bu ugurda täze kanunlaryň kabul edilmegi, umuman, kanunçylygyň innowasiýalary, täzeçil çemeleşmeleri durmuşa ornaşdyrmaga şertleri döretmegi ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny ýokary derejede goramagyň üpjün edilýändigini tassyklaýar.  

                                                                   

Şeýle mysallary ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän islendik kanunyň maddalaryndan tapmak bolýar. Mysal üçin, «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynda döwlet standartlarynda we tehniki şertlerde bolmaly maglumatlaryň sanawynda: önüm (işler, hyzmatlar) işlenilip taýýarlanylanda, öndürilende, ulanylanda (peýdalanylanda) tehniki we maglumat bitewüligini üpjün edýän kadalar we ölçegler, şol sanda tehniki resminamalary resmileşdirmegiň, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) hilini üpjün etmegiň, serişdeleriň ähli görnüşlerini rejeli peýdalanmagyň kadalary, adalgalary we olaryň kesgitlemeleri, şertli belgileri, metrologik we beýleki umumy tehniki we guramaçylyk tehniki kadalary we ölçegleri bolmalydygy berkidilen. 

                                                                   

Kanunçylyga laýyklykda, önümçilik we hyzmat kärhanalarynyň tapawutlandyryş (indiwiduallaşdyryş) serişdelerine firma atlary, haryt nyşanlary we hyzmat ediş nyşanlary, harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady, täjirçilik belgileri, şertli belgiler (ştrih kod, QR kod) ýaly tapawutlandyryş nyşanlary ulanylýar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde önümçiligiň ahyrky netijesi bolan harytlyk önüm hakyndaky maglumatlary bilmegiň her bir adam üçin möhümdigine görä, harytlary belgilemek işi amala aşyrylýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda alyjylaryň hukuklaryny doly goraýan hem-de öndürijileriň we satyjylaryň borçlaryny kesgitleýän döwrebap kanunçylyk hereket edýär. Munuň özi adam saglygy, ekologiýa howpsuzlygy bilen hem berk baglanyşykly bolup durýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksinde, «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Azyk howpsuzlygy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda önümiň hil görkezijileri baradaky kadalar öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Türkmenistanyň kanunçylygynda harytlary belgilemegiň toplumlaýyn häsiýetli bolşy ýaly, ony kadalaşdyrýan kadanamalaryň hem toplumlaýyn hereket edýändigini görmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň düzüminde sanly tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň mynasyp paýy bar. Sanly ulgamlary, täzeçil döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasaty we milli kanunçylygy giň mümkinçilikleri döredýär. Bu ösüşlere we özgertmelere işjeň gatnaşyp, döwrebap derejede mynasyp goşant goşmak bolsa, biziň her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr. 

                                                                                                           

Ýagmyr NURYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.

22.10.2022
Garaşsyzlyk: sanly tehnologiýalar we harytlary belgilemek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky durmuş-ykdysady ösüşleri, döwletlilik ýörelgeleri, hukuk ulgamynyň işiniň döwrebap derejede guralmagy aýdyň beýan edildi. Aýratyn-da, ylym-bilimiň kämilleşdirilişi, täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşynyň netijeleri düýpli seljerilip, täzeçil başlangyçlar öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň Döwlet Maslahatynyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan soraglaryň, kabul edilen çözgütleriň özenini düzýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda: «Mähriban halkymyzyň joşgunly we tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde we ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär» diýip nygtamak bilen, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriljekdigini, býujetiň agramly böleginiň, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini aýratyn belledi. Şonuň bilen birlikde, milli önümlerimizdir hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlaryndaky islegleriň yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns berildi.  

                                                                   

Häzirki döwürde sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, önümçilikde täze tehnologiýalaryň, has kämil usullaryň ulanylmagy, şeýle hem dünýä bazarynda bäsleşige ukyply bolan harytlaryň dürli görnüşleriniň öndürilişi günsaýyn artýar. Halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginde, söwdada şertli çyzyklar (ştrih kod), QR kod arkaly belgilemek giň gerime eýe bolýar. Çünki söwda işi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şertli çyzyk — optiki gözden geçiriş enjamy bilen kybaplaşdyrylmagy üçin, harydyň gabynyň daşynda ýerleşdirilýän we onuň kömegi bilen harydyň käbir has möhüm taraplary barada maglumatlar şifrlenen ýörite belgileriň, QR kodlaryň ulanylmagy haryt dolanyşygynyň hasabyny ýöretmek we hasabatlylyk üçin amatly şertleri döredýär.  

                                                                   

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda sanly maglumat we elektron-hasaplaýyş tehnikalaryny netijeli ulanmaga ukyply hünärmenleriň nesli kemala gelýär.  Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda innowasion, sanly  tehnologiýalary ornaşdyrmak güýçli depginlerde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu tutumly işleriň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli we kadaly ösüşini üpjün etjek iň öndebaryjy innowasion tehnologiýalary saýlap almak boýunça hem yzygiderli işler amala aşyrylýar. 

                                                                   

Munuň özi intellektual eýeçilik hakyndaky kanunçylygyň ähmiýetini ýokarlandyrýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini şertlendirýär. Innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oýlap tapyşlary we senagat nusgalaryny döretmekde we özleşdirmekde, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmekde eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň we guramalaryň gyzyklanmasy yzygiderli artýar.  

                                                                   

Häzirki döwrüň ösüşlere we innowasiýalara beslenýändigini, olaryň häzirki zaman biliminiň, ylmynyň, tehnologiýalarynyň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýandygyny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri hem aýdyň tassyklaýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň 19-njy «Sanly ykdysadyýet, innowasion we intellektual ösüş» atly bölümi bolsa,  tutuşlygyna ähli pudaklara sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wezipelerini kesgitleýär.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulyşmak, elektron senagaty döretmek, adam maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek ýaly ugurlaryň sanly özgertmeleriň bütindünýä derejesinde we ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe örän wajypdygy Milli maksatnamada beýan edilýär.  

                                                                   

Şeýle-de bütindünýä sanly ulgama goşulyşmakda internet hyzmatlarynyň hiline we elýeterlilik derejesine, maglumat aragatnaşyk infrastrukturasynyň ösüş derejesine, adam maýasyny ösdürmäge uly üns berilmelidigi Milli maksatnamada kesgitlenen. 

                                                                   

Döredijilik işini hukuk taýdan goramagyň, esasan, kadalaşdyrmak, döredilen eseriň (zadyň, obýektiň) awtorlygyny ykrar etmek ýoly bilen amala aşyrylýandygy milli kanunçylykda öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Toplumlaýyn we köpugurly häsiýete eýe bolan intellektual hukuklar instituty özüniň gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda berkidilen Türkmenistanyň raýatlarynyň çeper, ylmy we tehniki döredijiligini erkin alyp barmaga hukugynyň  bardygy, raýatlaryň ylmy, tehniki döredijilikde, çeperçilik, edebiýat hem medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň we bähbitleriniň kanun esasynda goralýandygy, döwletiň ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýändigi baradaky hukuk kadalardan alyp gaýdýar. Bu hukuklaryň goraglylygy Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň «Intellektual eýeçilik hukugy» diýlip atlandyrylýan 4-nji bölegi, şeýle-de «Türkmenistanda halk çeper amaly-haşam döredijiligi hakynda», «Täjirçilik syry hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Awtorlyk we gatyşyk hukuklar hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Haryt nyşanlary hakynda», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bilen üpjün edilýär. 

                                                                   

Şonuň bilen birlikde, Garaşsyzlyk ýyllarynda yzygiderli ösüşlere beslenýän milli kanunçylygyň düzüminde: «Aragatnaşyk hakynda», «Standartlaşdyrmak hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Söwda işi hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň sanly, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak işinde uly ähmiýeti bar.  

                                                                   

 (Dowamy bar). 

                                                                                                           

Ýagmyr NURYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.

18.10.2022
Sanly ulgam — ylmy önümçilige giň ýol

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň ylmy taýdan düýpli esaslandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ylmy önümçilik bilen berk baglanyşdyrmak, oňa ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň kemala getirilmeginiň binýady bolan ýokary hilli bilim ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmegiň möhüm düzüm bölegidir. Elbetde, ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilen ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna täze, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmakdan, ylym we tehnika babatda öňde duran maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak şu günüň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerur. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmen Älem 520°E» milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň hereket etmegi, ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we beýleki durmuşa geçirilýän işler ösüşiň bu ugrunyň kanunçylyk esaslaryny döretmegi, berkitmegi, seljermegi talap edýär. Bilşimiz ýaly, ylmy-tehnologik ösüşiň halkara hukuk esaslary bu ugurda ýüze çykýan her bir täzelige laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurtda innowasiýalar işjeň ornaşdyrylýar, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy ösdürilýär we internetiň elýeterliligi üpjün edilýär. Programma-tehniki, maglumat serişdeleri we ulgamlary dürli döwlet edaralarynda — ylym-bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, bank ulgamlarynda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynda işjeň peýdalanylýar. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmäge hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaga gönükdirilen işler çalt depginde amala aşyrylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ylma daýanýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleri öndürmek wezipesine aýratyn orun degişli bolup, täze bilimleriň we tehnologiýalaryň döredilmegi, şeýle-de olaryň döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň hatyrasyna ulanylmagy dünýä hojalygynda ýurduň tutýan ornuny hem-de milli howpsuzlygynyň üpjün edilişiniň derejesini kesgitleýän görkezijilerdir. Ýurtda innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi bermek bilen, ol täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar. Innowasion kärhanalaryň döredilmegi diňe bir içki bazaryň şeýle önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, jemi içerki önümde innowasion önümleriň möçberleriniň artmagyna, netije-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna hem ýardam berýär. 

                                                                                                           

Daýanç ANNADURDYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we  demokratiýa institutynyň   ylmy işgäri.

18.10.2022
Döwrebap bilim — wajyp wezipe

Ylym we tehnikanyň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamy ösdürilýär. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

«Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz 23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatynda nygtady.  

                                                                   

Eziz Diýarymyzda öňdebaryjy tejribelere, milli ýörelgelerimize esaslanyp, bilim işi yzygiderli kämilleşdirilýär, täze bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. 1-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bolsa ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri has-da giňeltmäge, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem talyp ýaşlara ýokary derejede bilim bermek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdebimizde öňdebaryjy tehnologiýalary we okuw-usulyýet serişdelerini peýdalanmak arkaly häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalardan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden baş çykarýan hünärmenler taýýarlanylýar. Institutymyzyň dünýäniň çar ýanyndaky ýokary okuw mekdepleriň arasynda dürli ugurlaryň, şol sanda bilim berlişiniň hiliniň göz öňünde tutulmagy netijesinde düzülýän halkara sanawlarda orun almagy biziň zähmetimiziň ýerine düşýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaşlara ýokary derejede bilim we terbiýe bermek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! 

                                                                                                           

Ogultäç PENAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

01.10.2022
Sanly ulgam ― çäksiz mümkinçilik

Bank we maliýe ulgamy «Sanly ykdysadyýet» düşünjesinde ykdysadyýetiň bu täze görnüşiniň iň işjeň ulanylyp boljak ugurlarynyň biri hökmünde ýadyňa düşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hut şeýle hem edilýär. Bu günki gün ýurdumyzyň bank we maliýe edaralarynda ilata edilýän hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak, başgaça aýtsak, sanlylaşdyrmak babatynda köpsanly işler durmuşa geçirildi. Bu netijeli işler ýurdumyzyň banklarynyň Lebap welaýatyndaky müşderileri bilen bilelikde alyp barýan işinde hem aýdyň görünýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, şu ýylyň 1-nji sentýabryna çenli bank kartlaryny edinen Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň sany 819 müň 427 adama (ýurdumyz boýunça 5 million 14 müň 332 adam) ýetdi. Şolaryň deň ýaryndan gowragy ― 407 müň 299-sy «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müşderileridir. Şeýle hem welaýatymyzda 146 müň 95 adam «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 108 müň 896 adam «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň kartlaryny ulanýar. Ýokarda görkezilen sanyň galan bölegi ýurdumyzyň beýleki banklarynyň müşderilerine degişlidir. 

                                                                   

Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň etrap-şäherlerinde oturdylan 2 müň 147 bankomatyň 441 sanysy biziň welaýatymyzda ýerleşýär. Welaýatymyz nagt pul çykaryp almaga we nagt däl hasaplaşyklaryň birnäçesini geçirmäge mümkinçilik berýän bankomatlaryň sany boýunça Aşgabat şäherinden we Mary welaýatyndan soň üçünji orny eýeleýär. Welaýatymyzda «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň bankomatlary has köpdür. Has takygy, Jeýhunyň goşa kenaryndaky etraplardyr şäherlerde ýerleşdirilen bankomatlaryň 265-si bu banka degişli. Ikinji orny 76 bankomat bilen «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky, üçünji orny bolsa 49 bankomat bilen «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky eýeleýär. 

                                                                   

Şu aýyň ilkinji gününiň maglumatlaryna görä, welaýatymyzda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän POS terminallaryň sany 7 müň 361-e çykdy. Bu bolsa ýurdumyzyň sebitleriniň arasynda iň ýokary görkezijidir. Şol terminallaryň 2 müň 518-si «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müşderilerine degişli. 

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda tutuş ýurdumyzdaky POS terminallarynyň sany 41 müň 638-e çykdy. Bu bolsa 2016-njy ýyldakydan tas 8 esse kändir. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze terminallaryň 567-si işläp başlady. 

                                                                   

Maglumatlar ýurdumyzyň banklarynyň welaýatymyzdaky müşderileriniň «Internet banking» we «Mobil banking» hyzmatlaryndan has işjeň peýdalanýandygyny görkezýär. Anyk mysallara salgylansak, ýurdumyz boýunça «Internet banking» hyzmatynyň müşderileriniň sany 888 müň 501 adama ýetdi. Şunça müşderiniň 203 müň 60-sy welaýatymyzda ýaşaýar. Bu bolsa ýurdumyz boýunça iň ýokary görkezijidir. Şol müşderileriň hem 75 müň 332-si «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna degişli. 

                                                                   

Ýurdumyz boýunça «Mobil banking» hyzmatyndan peýdalanýan 56 müň 461 müşderiniň 14 müň 731-si biziň welaýatymyzda ýaşaýar. Welaýatymyz bu babatda hem iň ýokary görkezijä eýe. Bu gezek hem 4 müň 265 müşderi bilen «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öňe saýlanýar. 

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, milli ykdysadyýetimizde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň hem bildirýän esasy talaplarynyň biridir. Bu işi döwrebap usulda ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikler hem döredilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde hem nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň karz edaralary sanly ulgam boýunça mümkinçiliklerini barha artdyrýarlar. Bu işler geljekde-de dowam etdiriler. 

                                                                                                           

Agageldi ITALMAZOW,

28.09.2022
Ylmyň hem önümçiligiň sazlaşygy

Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda döredilen mümkinçilikler öňde goýlan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, orta möhletleýin döwürde ylym ulgamynyň özgerişiniň dowam etdirilmegi we düýpli ylmy gözlegleriň esasynda pudaklaýyn ylmy işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda amaly ylmy işleriň geçirilmegi, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrýan, önümçilik pudaklarynyň ylmy esasynda ösdürilmegine we usuly kadalarynyň kämilleşdirilmegine içgin gatnaşýan ylmy-önümçilik binýadynyň döredilmegi, ylmy-barlaglary we innowasion işläp düzmeleri täjirleşdirmek we tehnologik auditi geçirmek işleriniň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Milli maksatnamamyzda bellenilen ýokarda agzalan wezipeleri çözmek üçin ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary işläp düzmek we olary önümçilige ornaşdyrmak ugrunda iş alyp barýan Tehnologiýalar merkeziniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr. Häzirki wagtda hut şundan ugur alnyp, ylmy üstünlikleri we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam etmek üçin ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralary tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda şu ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda işe girizilen Tehnologiýalaryň transfer merkezini görkezip bileris. Bu merkeziň işe girizilmegi ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan çärelere aýdyň mysaldyr. 

                                                                   

Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň baş maksady ylmy-barlag we innowasion işläp düzmeleri täjirleşdirmekden we tehnologik audit işlerini geçirmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, merkez tehnologiýalaryň transferiniň ulgamyny döretmek, olara daşary ýurtlaryň innowasion ulgamlaryny birleşdirmek, şeýle hem innowasion ulgamlary döretmek boýunça halkara maksatnamalara we taslamalara gatnaşmak wezipelerinden ugur alýar. Ýagny bu merkez tehnologiýalaryň transferi çygrynda araçylyk işi — tehnologik brokerçilik bilen meşgullanýar hem-de şol ugurdaky hyzmatlary täjirçilik esasynda amala aşyrýar. Munuň özi ylmy işleriň netijelerini täjirleşdirmegiň mümkinçiliklerine baha bermäge, täjirleşdirmek üçin ýokary mümkinçiligi bolan ylmy işleriň netijelerini ýüze çykarmaga, ylmy işleriň netijelerini täjirleşdirmek üçin strategiýany işläp düzmäge, ylmy işleriň netijelerine bolan hukuklary goramagy we intellektual eýeçiligi ýüze çykarmagy ýola goýmaga şert döredýär.  

                                                                   

Bulardan başga-da, Tehnologiýalaryň transfer merkezi startaplary — täzeçil işewürlik başlangyçlaryny döretmäge, olara maýa goýumlary çekmäge ýardam eder. Munuň özi işewürlik serişdeleriniň üsti arkaly Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň ýurdumyzda ylym bilen önümçiligi birleşdirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyna we bu işleri geljekde-de mynasyp dowam etdirjekdigine şaýatlyk edýär. 

                                                                                                           

Isa BABAÝEW,

                       

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri.

02.09.2022
Sanly hyzmatlar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ylmyň gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak ugrunda tagallalary edýär. Ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalar elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti we sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipelerini öňde goýýar.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň hatarynda «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi. 

                                                                   

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylan «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny elektron hökümetiň işiniň tertibini kadalaşdyrýar.  

                                                                   

Kanunda döwlet edaralarynyň elektron hökümet çygryndaky işini utgaşdyrmak, döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň hereket etmegini üpjün etmek barada bellenilýär. Elektron hökümetiň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işini ýöretmek, döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyna fiziki we ýuridik şahslara hödürlenýän hyzmatlary ýerleşdirmek boýunça işleri durmuşa geçirmek ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygynda beýan edilendir. 

                                                                   

Kanunda ygtyýarly edara bilen birlikde beýleki döwlet edaralaryň hem bu çygyrdaky ygtyýarlylyklary görkezilip, sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlaryny islegleri boýunça saýlap almaklaryna mümkinçiligiň döredilmegi göz öňünde tutulandyr. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hem göz öňünde tutulýar. Munuň üçin döwlet edaralary zerur maglumatlary özünde saklaýan maglumat ulgamlarynyň we maglumat gorlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Olaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar. Şeýle hem ilata edilýän sanly hyzmatlaryň ygtybarly işjeňligi, elýeterliligi we ätiýaçlylygy üpjün edilýär. 

                                                                   

Halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!  

                                                                                                           

Kadyr DAŇATAROW,

                       

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

27.08.2022