Bank we maliýe ulgamy «Sanly ykdysadyýet» düşünjesinde ykdysadyýetiň bu täze görnüşiniň iň işjeň ulanylyp boljak ugurlarynyň biri hökmünde ýadyňa düşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hut şeýle hem edilýär. Bu günki gün ýurdumyzyň bank we maliýe edaralarynda ilata edilýän hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak, başgaça aýtsak, sanlylaşdyrmak babatynda köpsanly işler durmuşa geçirildi. Bu netijeli işler ýurdumyzyň banklarynyň Lebap welaýatyndaky müşderileri bilen bilelikde alyp barýan işinde hem aýdyň görünýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, şu ýylyň 1-nji sentýabryna çenli bank kartlaryny edinen Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň sany 819 müň 427 adama (ýurdumyz boýunça 5 million 14 müň 332 adam) ýetdi. Şolaryň deň ýaryndan gowragy ― 407 müň 299-sy «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müşderileridir. Şeýle hem welaýatymyzda 146 müň 95 adam «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 108 müň 896 adam «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň kartlaryny ulanýar. Ýokarda görkezilen sanyň galan bölegi ýurdumyzyň beýleki banklarynyň müşderilerine degişlidir.
Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň etrap-şäherlerinde oturdylan 2 müň 147 bankomatyň 441 sanysy biziň welaýatymyzda ýerleşýär. Welaýatymyz nagt pul çykaryp almaga we nagt däl hasaplaşyklaryň birnäçesini geçirmäge mümkinçilik berýän bankomatlaryň sany boýunça Aşgabat şäherinden we Mary welaýatyndan soň üçünji orny eýeleýär. Welaýatymyzda «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň bankomatlary has köpdür. Has takygy, Jeýhunyň goşa kenaryndaky etraplardyr şäherlerde ýerleşdirilen bankomatlaryň 265-si bu banka degişli. Ikinji orny 76 bankomat bilen «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky, üçünji orny bolsa 49 bankomat bilen «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky eýeleýär.
Şu aýyň ilkinji gününiň maglumatlaryna görä, welaýatymyzda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän POS terminallaryň sany 7 müň 361-e çykdy. Bu bolsa ýurdumyzyň sebitleriniň arasynda iň ýokary görkezijidir. Şol terminallaryň 2 müň 518-si «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müşderilerine degişli.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda tutuş ýurdumyzdaky POS terminallarynyň sany 41 müň 638-e çykdy. Bu bolsa 2016-njy ýyldakydan tas 8 esse kändir. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze terminallaryň 567-si işläp başlady.
Maglumatlar ýurdumyzyň banklarynyň welaýatymyzdaky müşderileriniň «Internet banking» we «Mobil banking» hyzmatlaryndan has işjeň peýdalanýandygyny görkezýär. Anyk mysallara salgylansak, ýurdumyz boýunça «Internet banking» hyzmatynyň müşderileriniň sany 888 müň 501 adama ýetdi. Şunça müşderiniň 203 müň 60-sy welaýatymyzda ýaşaýar. Bu bolsa ýurdumyz boýunça iň ýokary görkezijidir. Şol müşderileriň hem 75 müň 332-si «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna degişli.
Ýurdumyz boýunça «Mobil banking» hyzmatyndan peýdalanýan 56 müň 461 müşderiniň 14 müň 731-si biziň welaýatymyzda ýaşaýar. Welaýatymyz bu babatda hem iň ýokary görkezijä eýe. Bu gezek hem 4 müň 265 müşderi bilen «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öňe saýlanýar.
Ýeri gelende aýtsak, milli ykdysadyýetimizde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň hem bildirýän esasy talaplarynyň biridir. Bu işi döwrebap usulda ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikler hem döredilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde hem nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň karz edaralary sanly ulgam boýunça mümkinçiliklerini barha artdyrýarlar. Bu işler geljekde-de dowam etdiriler.
Agageldi ITALMAZOW,