Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy şertidir. Ilatyň aň-paýhas mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ýurduň ähli babatda ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi üçin ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny belleýär. Eziz Watanymyzda sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagynda üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem talyp ýaşlar innowasion tejribeleriň esasynda täze taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Ýokary okuw mekdebimizde hassalara uzak aralykdan gözegçilik etmegiň «akylly» ulgamy, dynç alyş merkezlerini awtomatik dolandyryjy ulgam, «akylly» ýolyşyk, «akylly» ýyladyşhana, dürli ýerlerde hyzmat etmek üçin mobil robot boýunça ylmy-amaly işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ulaglarda «akylly» ulgamlary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalar işlenilip taýýarlanylýar. Şunuň ýaly innowasiýalar ýurdumyzda «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde, hususan-da, zamanamyzyň ajaýyp taslamasy bolan Arkadag şäheriniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynda peýdalanylyp bilner. Şeýle giň gerimli taslamalarda talyp ýaşlaryň işläp taýýarlamalarynyň peýdalanylmagy bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatynyň barha artýandygynyň nyşanydyr.
Ýaşlaryň döwrebap derejede bilim alyp, ylymda we döredijilikde täze üstünliklere ýetmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Oguljennet ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.