Garaşsyzlyk: sanly tehnologiýalar we harytlary belgilemek

  Häzirki wagtda islendik ýerde, şol sanda dükanlarda, ownuk satuw söwda nokatlarynda töleg kartlarynyň, mobil enjamlaryň kömegi bilen satyn almak we hyzmatlar üçin tölegleri tölemek adaty ýagdaý bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň täjirçilik banklary, söwda we hyzmat ulgamlary bilen bilelikde elektron hasaplaşyklary amala aşyrmagy ýola goýýarlar. Şeýlelikde, töleg kartlary ýa-da telefon enjamlary arkaly islendik tölegi tiz, amatly, ygtybarly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döreýär.  

                                                                   

Sözlüklerde we ensiklopediýalarda beýan edilişine görä, QR kod (Quick Response code) çalt seslenmek kody diýlip düşündirilýär. Ýagny, QR kodlaşdyrma tehnologiýalary esasynda mobil telefon enjamlary üçin iki ölçegli matrisa kodly we adaty çyzykly şertli belgileriň kömegi arkaly döredilýän nyşan bolup durýar.  

                                                                   

QR kod, ilki başda, Ýaponiýanyň awtomobil senagaty üçin döredilipdir. Bu adalga halkara derejede hasaba alnan haryt nyşanydyr. Onuň kömegi bilen islendik obýekt baradaky maglumatlary beýan etmek we saklamak mümkin. QR kodlarda dört derejeli standartlaşdyrylan belgiler, ýagny san, harply-sanly, goşalandyrylan hem-de kanzi (harpy aňladýan ieroglif — ýapon adalgasy). Häzirki wagtda QR kod tiz okalmak, köp maglumatlary ýerleşdirmek, tapawutlandyrmak mümkinçilikleri üçin ähli ulgamlarda ulanylýar.  

                                                                   

QR kod, ştrih kod adalgalary häzirki döwürde dünýä ýüzünde duş gelýär. Bu iki ugruň arabaglanyşygy we sazlaşygy häzirki zamanyň ösüş häsiýetini kesgitleýär. Ähli ulgamlardaky önümçilige senagatlaşmak we innowasion ösüş mahsus bolmak bilen, ýurdumyzdaky özgertmeler öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna daýanýar, täze hil we mazmun derejelerine gadam basýar.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde türkmen halky dünýä siwilizasiýasynyň intellektual gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşupdyr. Ylmy-tehniki ösüşiň çaltlaşmagy netijesinde adamzat ylymda, tehnikada täze-täze basgançaklara galýar. Bu ösüşler bilen aýakdaş gitmäge ukyply, döwrebap ylymly-bilimli nesilleriň bardygy bizi buýsandyrýar.  Şonuň bilen baglylykda bolsa, intellektual eýeçiligi, döredijilik ukyplaryny hukuk taýdan goramagyň ähmiýeti artýar. Bu ugurda täze kanunlaryň kabul edilmegi, umuman, kanunçylygyň innowasiýalary, täzeçil çemeleşmeleri durmuşa ornaşdyrmaga şertleri döretmegi ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny ýokary derejede goramagyň üpjün edilýändigini tassyklaýar.  

                                                                   

Şeýle mysallary ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän islendik kanunyň maddalaryndan tapmak bolýar. Mysal üçin, «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynda döwlet standartlarynda we tehniki şertlerde bolmaly maglumatlaryň sanawynda: önüm (işler, hyzmatlar) işlenilip taýýarlanylanda, öndürilende, ulanylanda (peýdalanylanda) tehniki we maglumat bitewüligini üpjün edýän kadalar we ölçegler, şol sanda tehniki resminamalary resmileşdirmegiň, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) hilini üpjün etmegiň, serişdeleriň ähli görnüşlerini rejeli peýdalanmagyň kadalary, adalgalary we olaryň kesgitlemeleri, şertli belgileri, metrologik we beýleki umumy tehniki we guramaçylyk tehniki kadalary we ölçegleri bolmalydygy berkidilen. 

                                                                   

Kanunçylyga laýyklykda, önümçilik we hyzmat kärhanalarynyň tapawutlandyryş (indiwiduallaşdyryş) serişdelerine firma atlary, haryt nyşanlary we hyzmat ediş nyşanlary, harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady, täjirçilik belgileri, şertli belgiler (ştrih kod, QR kod) ýaly tapawutlandyryş nyşanlary ulanylýar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde önümçiligiň ahyrky netijesi bolan harytlyk önüm hakyndaky maglumatlary bilmegiň her bir adam üçin möhümdigine görä, harytlary belgilemek işi amala aşyrylýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda alyjylaryň hukuklaryny doly goraýan hem-de öndürijileriň we satyjylaryň borçlaryny kesgitleýän döwrebap kanunçylyk hereket edýär. Munuň özi adam saglygy, ekologiýa howpsuzlygy bilen hem berk baglanyşykly bolup durýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksinde, «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Azyk howpsuzlygy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda önümiň hil görkezijileri baradaky kadalar öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Türkmenistanyň kanunçylygynda harytlary belgilemegiň toplumlaýyn häsiýetli bolşy ýaly, ony kadalaşdyrýan kadanamalaryň hem toplumlaýyn hereket edýändigini görmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň düzüminde sanly tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň mynasyp paýy bar. Sanly ulgamlary, täzeçil döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasaty we milli kanunçylygy giň mümkinçilikleri döredýär. Bu ösüşlere we özgertmelere işjeň gatnaşyp, döwrebap derejede mynasyp goşant goşmak bolsa, biziň her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr. 

                                                                                                           

Ýagmyr NURYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.