Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky durmuş-ykdysady ösüşleri, döwletlilik ýörelgeleri, hukuk ulgamynyň işiniň döwrebap derejede guralmagy aýdyň beýan edildi. Aýratyn-da, ylym-bilimiň kämilleşdirilişi, täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşynyň netijeleri düýpli seljerilip, täzeçil başlangyçlar öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň Döwlet Maslahatynyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan soraglaryň, kabul edilen çözgütleriň özenini düzýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynda: «Mähriban halkymyzyň joşgunly we tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde we ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär» diýip nygtamak bilen, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriljekdigini, býujetiň agramly böleginiň, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini aýratyn belledi. Şonuň bilen birlikde, milli önümlerimizdir hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlaryndaky islegleriň yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns berildi.
Häzirki döwürde sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, önümçilikde täze tehnologiýalaryň, has kämil usullaryň ulanylmagy, şeýle hem dünýä bazarynda bäsleşige ukyply bolan harytlaryň dürli görnüşleriniň öndürilişi günsaýyn artýar. Halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginde, söwdada şertli çyzyklar (ştrih kod), QR kod arkaly belgilemek giň gerime eýe bolýar. Çünki söwda işi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şertli çyzyk — optiki gözden geçiriş enjamy bilen kybaplaşdyrylmagy üçin, harydyň gabynyň daşynda ýerleşdirilýän we onuň kömegi bilen harydyň käbir has möhüm taraplary barada maglumatlar şifrlenen ýörite belgileriň, QR kodlaryň ulanylmagy haryt dolanyşygynyň hasabyny ýöretmek we hasabatlylyk üçin amatly şertleri döredýär.
Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda sanly maglumat we elektron-hasaplaýyş tehnikalaryny netijeli ulanmaga ukyply hünärmenleriň nesli kemala gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak güýçli depginlerde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu tutumly işleriň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli we kadaly ösüşini üpjün etjek iň öndebaryjy innowasion tehnologiýalary saýlap almak boýunça hem yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Munuň özi intellektual eýeçilik hakyndaky kanunçylygyň ähmiýetini ýokarlandyrýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini şertlendirýär. Innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oýlap tapyşlary we senagat nusgalaryny döretmekde we özleşdirmekde, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmekde eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň we guramalaryň gyzyklanmasy yzygiderli artýar.
Häzirki döwrüň ösüşlere we innowasiýalara beslenýändigini, olaryň häzirki zaman biliminiň, ylmynyň, tehnologiýalarynyň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýandygyny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri hem aýdyň tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň 19-njy «Sanly ykdysadyýet, innowasion we intellektual ösüş» atly bölümi bolsa, tutuşlygyna ähli pudaklara sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wezipelerini kesgitleýär.
Milli ykdysadyýetde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulyşmak, elektron senagaty döretmek, adam maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek ýaly ugurlaryň sanly özgertmeleriň bütindünýä derejesinde we ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe örän wajypdygy Milli maksatnamada beýan edilýär.
Şeýle-de bütindünýä sanly ulgama goşulyşmakda internet hyzmatlarynyň hiline we elýeterlilik derejesine, maglumat aragatnaşyk infrastrukturasynyň ösüş derejesine, adam maýasyny ösdürmäge uly üns berilmelidigi Milli maksatnamada kesgitlenen.
Döredijilik işini hukuk taýdan goramagyň, esasan, kadalaşdyrmak, döredilen eseriň (zadyň, obýektiň) awtorlygyny ykrar etmek ýoly bilen amala aşyrylýandygy milli kanunçylykda öz beýanyny tapýar.
Toplumlaýyn we köpugurly häsiýete eýe bolan intellektual hukuklar instituty özüniň gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda berkidilen Türkmenistanyň raýatlarynyň çeper, ylmy we tehniki döredijiligini erkin alyp barmaga hukugynyň bardygy, raýatlaryň ylmy, tehniki döredijilikde, çeperçilik, edebiýat hem medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň we bähbitleriniň kanun esasynda goralýandygy, döwletiň ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýändigi baradaky hukuk kadalardan alyp gaýdýar. Bu hukuklaryň goraglylygy Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň «Intellektual eýeçilik hukugy» diýlip atlandyrylýan 4-nji bölegi, şeýle-de «Türkmenistanda halk çeper amaly-haşam döredijiligi hakynda», «Täjirçilik syry hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Awtorlyk we gatyşyk hukuklar hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Haryt nyşanlary hakynda», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bilen üpjün edilýär.
Şonuň bilen birlikde, Garaşsyzlyk ýyllarynda yzygiderli ösüşlere beslenýän milli kanunçylygyň düzüminde: «Aragatnaşyk hakynda», «Standartlaşdyrmak hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Söwda işi hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň sanly, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak işinde uly ähmiýeti bar.
(Dowamy bar).
Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.