Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ylmyň gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak ugrunda tagallalary edýär. Ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalar elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti we sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipelerini öňde goýýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň hatarynda «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylan «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny elektron hökümetiň işiniň tertibini kadalaşdyrýar.
Kanunda döwlet edaralarynyň elektron hökümet çygryndaky işini utgaşdyrmak, döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň hereket etmegini üpjün etmek barada bellenilýär. Elektron hökümetiň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işini ýöretmek, döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyna fiziki we ýuridik şahslara hödürlenýän hyzmatlary ýerleşdirmek boýunça işleri durmuşa geçirmek ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygynda beýan edilendir.
Kanunda ygtyýarly edara bilen birlikde beýleki döwlet edaralaryň hem bu çygyrdaky ygtyýarlylyklary görkezilip, sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlaryny islegleri boýunça saýlap almaklaryna mümkinçiligiň döredilmegi göz öňünde tutulandyr. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hem göz öňünde tutulýar. Munuň üçin döwlet edaralary zerur maglumatlary özünde saklaýan maglumat ulgamlarynyň we maglumat gorlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Olaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar. Şeýle hem ilata edilýän sanly hyzmatlaryň ygtybarly işjeňligi, elýeterliligi we ätiýaçlylygy üpjün edilýär.
Halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Kadyr DAŇATAROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.