Intellektual eýeçilik: ösüşe iterýän güýç

Her bir adam zähmeti we aň-paýhas başarnyklary arkaly durmuşdaky ornuny tapyp, jemgyýet tarapyndan ykrar edilýär. Ynsanyň döredijilikli zehininiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde döredilýän eserlerdir oýlap tapyşlar, edilýän açyşlar jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Adam aňynyň döredijilikli zähmetiniň netijesine intellektual eýeçilik diýilýär. 

                                                                   

Kanunçylyk ulgamy intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramagyň serişdelerini kesgitleýär. Awtorlyk hukugynyň we söwda nyşanlarynyň patentleri şeýle serişdeleriň görnüşlerine degişlidir. Patentler adama öz oýlap tapyşlarynyň, döreden eserleriniň netijesinde jemgyýetde uly abraýa ýa-da maddy sylaga eýe bolmaga mümkinçilik berýär. Şunlukda, intellektual eýeçilik oýlap tapyjylardyr döredijilik adamlary bilen olaryň akyl zähmetiniň netijelerinden peýdalanýan giň halk köpçüliginiň arasynda bähbitleriň sazlaşygyny üpjün edip, döredijiligiň we innowasiýalaryň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem tutuş ykdysadyýetiň ösüşine güýçli täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Intellektual eýeçilik dürli görnüşli oýlap tapyşlary öz içine alyp bilýär. Muňa mysal hökmünde sungat eserlerini, kompýuter maksatnamalaryny, haryt nyşanlaryny ýa-da täjirçilik maksatly döredilen beýleki serişdeleri görkezip bolar. Aň-paýhas işjeňliginiň netijesinde döreýän eýeçilik görnüşi boýunça birnäçe topara bölünýär. 

                                                                   

 ■ Awtorlyk hukugy — edebi we çeper eserleri döreden adamlaryň, ýagny awtorlaryň olara bolan hukuklaryny aňladýan ýuridiki adalga. Awtorlyk hukugy eserleriň örän köpdürli görnüşine degişli bolup bilýär: kitaplar, aýdym-saz eserleri, suratlar, heýkeller, filmler, kompýuter maksatnamalary, maglumat gorlary, mahabat, kartalar, çyzgylar we beýlekiler. 

                                                                   

 ■ Patent — awtoryň oýlap tapyşyna ýa-da açyşyna aýratyn hukugyny görkezýän resminama. Has ýönekeý dilde aýdylanda, haýsydyr bir açyşa ýa-da oýlap tapyşa patent alan adam onuň özgeler tarapyndan nähili ulanyljakdygyny kesgitläp bilýär. Bu hukuga eýe bolan adam patent resminamasy arkaly oýlap tapyşy baradaky tehniki maglumatlary köpçülik bilen paýlaşyp, ondan alynýan maddy bähbidiň kesgitli möçberine eýe bolup hem bilýär. Häzirki zaman dünýä tejribesinde öňdebaryjy kompaniýalar oýlap tapyjylaryň patent hukuklaryny satyn almak arkaly iň gowy innowasion tehnologiýalary halk köpçüligine ýetirmek ugrunda ýiti bäsdeşlik alyp barýarlar. 

                                                                   

 ■ Harytlyk nyşanlar — bir kärhananyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň beýleki kärhanalaryň harytlaryndandyr hyzmatlaryndan tapawudyny kesgitlemegi göz öňünde tutýan aňlatma. Şeýle aňlatmalar baryp gadymy eýýamdaky senetçileriň önümlerini tapawutlandyrmak üçin olara bellik edip başlan döwründe ýüze çykypdyr. Häzirki döwürde islendik kärhana öndürýän önümleriniň ýüzünde özboluşly şekili ýa-da ýazgyny ýerleşdirmek bilen olaryň bazarda tanalmagyny gazanmagy maksat edinýär. 

                                                                   

 ■ Senagat nusgalary — önümiň çeper-gözellik çözgütleri. Şeýle nusga üç ölçegli, ýagny şekilli we göwrümli görnüşde-de, şonuň ýaly-da, surat ýa-da çyzgy görnüşinde-de bolup bilýär. Adatça, senagat nusgalary hökmünde haýsydyr bir önüm bilen baglanyşykly özboluşly aýratynlyklar, meselem, daşky bezeg aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. Olaryň ulanylmagy önümleriň daşky görnüşi babatda özüneçekijiligini gazanmaga kömek edýär. Netijede, önümleri bazarda üstünlikli ýerlemek mümkinçiligi artýar. Senagat nusgasynyň hukuk goragy onuň eýesiniň ygtyýary bolmazdan nusgany köpeltmäge ýa-da ony göçürmäge rugsat bermeýär. Senagat nusgasyna bolan hukugy tassyklaýan resminama bellige almak hakyndaky şahadatnama ýa-da patent bolup biler. 

                                                                   

 ■ Geografik ugrukdyryjylar — belli bir ýerden gelip çykýan hem-de şol ýer bilen baglanyşykly aýratynlyklara, abraýa ýa-da özboluşlylyga eýe bolan harytlaryň häsiýetlerini görkezmek üçin ulanylýan aňlatmalar. Olar köplenç halatda, harydyň gelip çykan ýa-da öndürilýän ýerini görkezýär. Tejeniň waharmany, Mollagaranyň palçygy, Ýanbaşyň suwy, Bathyzyň pissesi ýaly aňlatmalary muňa mysal görkezip bolar. 

                                                                   

 ■ Täjirçilik syrlary — intellektual eýeçiligiň bu görnüşi täjirçilik gymmaty bolan syrlary aňladýar. Şeýle maglumat köpçülige mälim bolman, oňa eýeçilik edýän tarap (adatça, kärhana) onuň gizlin saklanmagyny gazanmaga gönükdirilen çäreleri görýär. Täjirçilik syrlaryna, adatça, harytlaryň öndürilişi bilen baglanyşykly özgelere belli bolmadyk maglumatlar degişli bolup, olar beýleki kärhanalara satylyp ýa-da rugsatnama boýunça berlip hem bilner.  

                                                                   

Ýurdumyzda intellektual eýeçilik hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen, esasan-da, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň degişli bölegindäki hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.  

                                                                   

Diýarymyzda intellektual eýeçiligiň milli ulgamy 30 ýyl bäri hereket edip gelýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak işi babatda döwlet kadalaşdyrylyşy 2013-nji ýylda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň düzüminde döredilen Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan alnyp barylýar. Gullugyň hünärmenleri intellektual eýeçiligiň obýektleriniň hukuk goraglylygy bilen baglanyşykly ähli işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Raýat kodeksi, «Oýlap tapyşlary hukuk taýdan goramak hakynda», «Senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Harytlyk nyşanlar, hyzmat nyşanlary we harytlaryň ýerleşýän ýerleriniň atlary hakynda», «Elektron hasaplaýyş maşynlary, integral mikroshemalaryň maglumat binýatlary we tehnologiýalary üçin programmalary, algoritmleri hukuk taýdan goramak hakynda», «Tohumçylygyň ýeten derejesini hukuk taýdan goramak hakynda», «Awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklar hakynda» Kanunlar we beýleki kadalaşdyryş namalary intellektual eýeçiligi goramagyň kanunçylyk binýadyny emele getirýär. 

                                                                   

Her ýylyň 26-njy aprelinde bütin dünýäde Intellektual eýeçiligiň halkara güni bellenilýär. Bu senäniň halkara derejede bellenilmegi innowasiýalaryň we döredijiligiň höweslendirilmeginde intellektual eýeçiligiň ähmiýetine ünsi çekmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy ynsanyň aň-paýhas işjeňliginiň netijesinde döreýän eýeçilik babatda maglumat bermegiň, hyzmatdaşlyk etmegiň, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň, degişli ugurlarda ýörelgeleri işläp taýýarlamagyň meselelerine gözegçilik edýär. Bu gurama intellektual eýeçiligiň hukuk konsepsiýalary bilen baglanyşykly işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň gerimi internet ulgamyndan başlap, saglygy goraýşa çenli barha giňäp, ylmyň, tehnikanyň, edebiýatyň we döredijiligiň ähli jähetlerini öz içine alýar. Intellektual eýeçilik we ylmy innowasiýalar diňe bir aýratyn alnan önümleriň däl, eýsem, tutuşlygyna ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagynyň esasy şertleriniň biridir. 

                                                                                                           

Nurbike AMANOWA,

                       

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň esasy maslahatçysy, 1-nji derejeli ýurist.