Ylmyň okgunly ösýän we tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän häzirki zamanasynda ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň netijeli çözgütlerini nazarlaýan «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Döwrüň ösüşleri bilen deň gadam urýan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi hem halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatynyň, nurana geljegimiziň nyşany hökmünde kalbymyzy buýsanja besleýär.
«Akylly» şäher konsepsiýasy innowasion maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna jemgyýetçilik meseleleriniň çözülmegini, daşky gurşawyň we ýaşaýjylaryň bähbidine toplumlaýyn çözgütleriň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Täze şäheriň esasy aýratynlyklary hökmünde durnuklylyk we ekologiýa abadançylygy, dolandyryşa ähli ýaşaýjylaryň, ýagny tutuş jemgyýetiň işjeň gatnaşmagy, maglumatlaryň netijeli peýdalanylmagy, hyzmatlaryň hilini we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga bolan ymtylyş görkezilýär. Diýmek, «akylly» şäheri jemgyýetiň bähbidi üçin sazlaşykly işleýän bir bitewi janly bedene ýa-da bitewi mehanizme deňemek bolar. Şeýle şäherde ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar ýaşaýjylaryň durmuşyny ähli ugurlarda gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ajaýyp Köpetdagyň eteginde gysga döwürde kemala gelen Arkadag şäheriniň mysalynda biz bu hakykata aýdyň göz ýetirdik.
Täze döwrüň innowasion şäherinde peýdalanylýan sanly tehnologiýalar diňe bir ýaşaýjylaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly düzümleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine-de goşant goşýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy çykdajylary azaltmaga we girdejileri artdyrmaga ýardam edip, işewürlige oňyn täsirini ýetirýär. Sanly ulgamyň peýdalanylmagy möhüm wezipeleri ýeňil çözmäge we serişdeleri tygşytlamaga ýardam edýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň oňyn tejribesi bu hakykaty tassyklaýar. Döwlet hyzmatlary, şäheriň ulag serişdelerini dolandyrmak, suwuň we energiýanyň ýerlikli peýdalanylyşy, bilim, saglygy goraýyş, innowasion, oba hojalygy we galyndylaryň gaýtadan işlenilişi hem «akylly» şäheriň tehnologiýalarynyň wezipeleriniň esasy ugurlarydyr.
Arkadag şäheriniň beýleki «akylly» şäher taslamalaryndan ýene bir tapawutly aýratynlygy hem onuň ozal bar bolan ilatly nokadyň durmuş düzümlerini kämilleşdirmek arkaly döredilmän, eýsem, düýbünden täzeden gurlanlygydyr. Taryh üçin şeýle gysga döwürde kemala gelen kämil şäheriň halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň intellektual tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyny we netijeliligini, sürüjileriň, pyýada ýolagçylaryň has oňaýly hereketini üpjün edýär. Ekologiýa taýdan arassa elektrobuslar we elektromobil taksileri tebigatyň abadançylygyny goramaga ýardam etse, «akylly» ugurlaryň ýola goýulmagy sürüjilerde wagty tygşytlamaga, ýollarda dyknyşyklaryň döremeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Täze şäheriň ajaýyp keşbini synlap, onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir ýöredeniňde, günsaýyn özgerýän eziz Diýarymyzyň gözel künjeginde syýasy, ykdysady we medeni taýdan nusgalyk merkeziň kemala gelýändigine buýsanýarsyň. XXI asyryň kämil şäheri hökmünde dünýäniň abraýly halkara guramalarynyňdyr kompaniýalarynyň belent ykrarnamasyna eýe bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,
hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda halkymyzyň bagtyýarlygy we Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrylýan nusgalyk işleriň nyşany hökmünde ýagty geljegimize şugla saçyp, kalplarymyzy nurlandyrýar.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.