Döwrebap bilim — wajyp wezipe

Ylym we tehnikanyň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamy ösdürilýär. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

«Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz 23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatynda nygtady.  

                                                                   

Eziz Diýarymyzda öňdebaryjy tejribelere, milli ýörelgelerimize esaslanyp, bilim işi yzygiderli kämilleşdirilýär, täze bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. 1-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bolsa ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri has-da giňeltmäge, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem talyp ýaşlara ýokary derejede bilim bermek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdebimizde öňdebaryjy tehnologiýalary we okuw-usulyýet serişdelerini peýdalanmak arkaly häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalardan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden baş çykarýan hünärmenler taýýarlanylýar. Institutymyzyň dünýäniň çar ýanyndaky ýokary okuw mekdepleriň arasynda dürli ugurlaryň, şol sanda bilim berlişiniň hiliniň göz öňünde tutulmagy netijesinde düzülýän halkara sanawlarda orun almagy biziň zähmetimiziň ýerine düşýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaşlara ýokary derejede bilim we terbiýe bermek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! 

                                                                                                           

Ogultäç PENAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.