Habarlar
Söwda toplumynyň mümkinçilikleri baýramçylyk sergisinde beýanyny tapýar

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylda giňden dabaralandyrylan Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan sergini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Döwlet haryt çig-mal biržasy, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda senagat edarasy bilelikde gurady. Oňa degişli ministrlikler, döwlet edaralary bilen birlikde, meşhur önüm öndürijiler, telekeçiler we iri kompaniýalar gatnaşyp, öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzda her ýylda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisi we halkara maslahaty, şeýle-de şanly senä bagyşlanan sergi geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly toýlanjak ýylynda bu çärelere aýratyn ähmiýet berildi. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň hem-de ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Dabaraly ýagdaýda açylan baýramçylyk sergisi köp adamly boldy. Oňa gatnaşyjy myhmanlar sergi zallaryna aýlanyp, söwda toplumynyň ösüşini açyp görkezýän giň göwrümli sergi bilen ýakyndan tanyşdylar. Türkmeniň nepis sungaty bolan halyçylygyň ösüşi, dokma senagatynyň ýeten belent derejesi sergide buýsançly beýanyny tapýar. Arkadagly döwrümizde halylarymyza, halyçylygyň ösüşine we nepis sungatymyzyň dünýä ýaýylmagyna uly üns berilýär. Halylarymyzyň şanyna uludan toýuň toýlanylmagy, döwrebap halyçylyk kärhanalarynyň gurulmagy hem gadymy senedimiziň dünýädäki meşhurlygynyň has-da artmagyna özboluşly şert döredýär. Ajaýyp toýuň öňüsyrasynda welaýatymyzda Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bolsa, bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr.

Serginiň bölümlerinde Watanymyzyň sebitlerinde hereket edýän, öňdebaryjy we ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen pagta egriji fabrikleriň we çig maly gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önümleri çykarmaga çenli ähli işleri ýerine ýetirýän dokma toplumlarynyň, dokma, tikinçilik fabrikleriniň we ýüpekçilik kärhanalarynyň mümkinçilikleri, şeýle-de olaryň öndürýän dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dokma önümleri hem görkezilýär. Sergä gelýänler ekologiýa taýdan arassa çig maldan taýýarlanan ýokary hilli lybaslara uly gyzyklanma bildirýärler.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: sergiden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30178

31.05.2021
Çeper elli halyçylarymyza, ýurdumyzyň ähli halkyna, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaraly çärelere hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Çeper elli mähriban halyçylar!


Hormatly sergä we dabaraly çärelere gatnaşyjylar!


Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli guralýan Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilip, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.


Eziz watandaşlar!


Gadyrly halyçylar!


Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşgini, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň rowaçlyklara beslenen şu gününe buýsanjynyň, röwşen geljegine bolan ynamynyň alamatydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ony dünýä ýaýmakda, yzygiderli kämilleşdirmekde, dünýädäki meşhurlygyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda uly tagallalar edilýär. Gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gözläp tapmak, gorap saklamak we dikeltmek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda täze, çeper halyçylyk kärhanalarynyň gurlup işe girizilmegi, olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ussat halyçylarymyzyň halal zähmetine belent sarpa goýlup, olaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.


Hormatly haly, dokma we söwda pudaklarynyň işgärleri!


Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň söwda toplumyna degişli pudaklaryň ösüşine bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň öz aýratyn many-mazmuny bardyr. Çünki her biri sungat eserine deňelýän nepis halylarymyzy dünýäde tanatmakda, meşhurlygyny artdyrmakda türkmen topragynda öçmejek yz galdyran gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti uludyr. Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilip, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Sarp edijileriň bu ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply önümlerimize bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, Türkmenistanda öndürilýän önümleri dünýä bazarlarynda giňden tanatmak we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, amala aşyrylýan uly möçberli işler geljekde hem dowam etdiriler.


Hormatly dabaraly çärelere gatnaşyjylar!


Eziz ildeşler!


«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl eziz Diýarymyz üçin taryhy senelere, şanly wakalara baýdyr. Şu ýyl biz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giň gerim bilen belleýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaraly çärelerde berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşleri, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de aýdyň geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyz taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ösen ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşuldy. Dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlarda we beýleki ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Biziň öňe sürýän her bir başlangyjymyzda Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak maksatlary ileri tutulýar. Hut şonuň üçin hem, şu gün öz işine başlaýan Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň ýurdumyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de döwrebap tehnologiýalar esasynda ösdürmekde, içeri we daşary söwdanyň gerimini giňeltmekde, türkmen el halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde hem-de wagyz etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.


Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!


Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisiniň we «Gözellik nusgasy — türkmen halysy» atly halkara maslahatyň, şeýle hem söwda toplumynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Goý, çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi berkarar döwletimizde bagtyýar durmuşyň waspy bolup, hemişe batly ýaňlansyn!


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1564?type=official

29.05.2021
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 28-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly, tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow hem-de bu merkeziň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazow gatnaşdylar.

Milli Liderimiz, ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesowyň hasabatyny diňledi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna görä ösdürilýär, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri hem toplumlaýyn esasda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligini alada goýýan, adam saglygyna howp salýan koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Dolandyryş merkeziniň işini netijeli guramak boýunça zerur çäreleriň görlendigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, tomsuna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänleriň syýahatçylyk ýa-da beýleki degişli ýerli düzümlerde ýollamanama alýandygy habar berildi. Şu wagta çenli 2257 sany ýollamanama resmileşdirildi. Şol ýollamanamalary alan raýatlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan degişli rugsatnamalar berildi. Olara welaýatlardaky we paýtagtymyzdaky saglyk öýlerinde COVID-19-a garşy sanjym hem edildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen “Tiz kömek” nokady döredildi.

Zolakda ýerleşýän ähli myhmanhanalarda dermanhanalar döredildi we olar zerur derman serişdeleri bilen üpjün edildi, şeýle-de bu ýerde ýerleşýän ilata hyzmat edilýän desgalara işe kabul ediljek işgärler lukmançylyk gözegçiliginden geçirildi we olara sanjym edildi.

Syýahatçylyk zolagynyň çäginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokadynyň işi degişli tertipde ýola goýuldy. Dynç almaga gelýän raýatlar üçin myhmanhanalaryň awtoulaglarynyň hyzmatlary göz öňünde tutuldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky awtoduralgada COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklamak ýola goýuldy. “Awaza” etrap saglyk merkezinde hem-de Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynda Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) enjamy gurnaldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle enjamlaryň 3-si doly güýjünde ulanylýar.

Şeýle hem syýahatçylyk zolagynda zyýansyzlandyryş işleriniň dowam edýändigi bellenildi. Dolandyryş merkezi tarapyndan öňde goýlan wezipeleri birkemsiz çözmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Deňiz şypahanasynyň desgalarynda işleri ýola goýmagyň çäklerinde, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan kabul edilen çözgütleri berjaý etmek arkaly, öňüni alyş çäreleri amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe Dolandyryş merkezi tarapyndan zolakda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, dynç alyş möwsüminde zolagyň epidemiologiýa ýagdaýy yzygiderli seljerilmelidir.

Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 14-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde berlen tabşyryklaryň degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan doly ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.

Sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimiz Dolandyryş merkeziniň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň hasabatyny diňledi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn tertibine laýyklykda, awtoulaglaryň gatnawlaryna degişli netijeli çäreler göz öňünde tutuldy. Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerde gije-gündiziň dowamynda hereket edýän barlag-gözegçilik nokady döredildi. Onuň işine Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri çekildi.

Şeýle hem möwsüm döwründe jemgyýetçilik tertibini, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şu maksatlar üçin degişli tehnikalaryň, hususan-da, wideogözegçilik ulgamlarynyň netijeli ulanylmagy babatda çäreler görüldi. Suwda halas edijileriň gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýuldy. Guramaçylyk meselelerini öz wagtynda çözmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.

Dolandyryş merkeziniň paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimliklerinde döredilen şahamçalarynda nobatçylyk guralyp, ýüz tutýan raýatlara degişli maslahatlar berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänler üçin wagyz-ündew çäreleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazaryň kenaryndaky şypahana zolagynda türkmenistanlylaryň howpsuz hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli kadaly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bellenen kadalary, bildirilýän talaplary we arassaçylyk düzgünlerini hemmeleriň berk berjaý etmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz barlag-gözegçilik nokadynyň takyk işlemegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy, türkmenistanlylaryň saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wajyp we jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30133?type=feed

29.05.2021
Watan oglunyň ene-atasyna nusgalyk hormaty arkaly jemgyýetiň jebisligi berkeýär

AŞGABAT, AHAL WELAÝATY 28-nji maý (TDH). Şu gün Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän harby bölümde we Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň kyblasy, Watanymyzyň wepaly oglunyň röwşen keşbine hem-de durmuş ýoluna bagyşlanan çäreler geçirildi.

Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň mähriban kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanyp, «Ata Watana söýgi» atly maslahat geçirildi.

Çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atamyň” atly täze goşgusynyň labyzly, çeper okalmagy bilen başlandy.

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Mälikguly aganyň asylly keşbinde beýik watançynyň, ata Watana we halka wepaly gulluk etmegiň nusgalary jemlenendir.

Milli Liderimiziň: “Ata pendi — perzent borjy” diýen sözlerinden ugur alyp, maslahatda çykyş edenler Mälikguly aganyň ýaş Watan goraýjylaryna öwüt-ündewleriniň möhümdigini bellediler.

Mälikguly aganyň merdemligi, akyl-paýhaslylygy, işeňňirligi, ruhubelentligi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romanynda hem inçelik bilen çeper beýan edilýär.

Şeýle ajaýyp ynsan bolan Mälikguly aganyň adynyň Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölümine dakylmagynyň hem uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Munuň özi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, saýlap alýan hünäriňe söýgi oýarmakda, öz käriňe tüýs ýürekden berlip, halal zähmet çekmegi terbiýelemekde örän wajypdyr.

Maslahatyň dowamynda Mälikguly aganyň goşgulary we bu goşgulara döredilen aýdymlar ýaňlandy.

Şeýle hem şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Nusgalyk ömür — nesillere görelde» atly maslahat geçirildi. Maslahata Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdylar.

Maslahat sahnalaşdyrylan edebi kompozisiýanyň görkezilmegi bilen başlandy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri ýerine ýetirdiler. Artistleriň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde maşgala durmuşynda ata bilen ogluň arasyndaky gatnaşyklaryň belent nusgasy baradaky milli öwüşginli mazmun beýan edildi.

Hut şu ýörelgelerden ugur alanyňda, milli Liderimiz ata-enä hormat goýmakda tutuş türkmen halkymyz üçin nusgalyk göreldedir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasynyň kyrky mynasybetli beren sadakasynda aýdan sözleri we şunuň bilen baglylykda, okap beren goşgy setirleri hem örän aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň şatlykly günlerini hem, hasratly günlerini hem halky bilen paýlaşmagy, belent ynsanperwer däp-dessurlara uly hormat bilen garaýşy bolsa nusga alarlyk göreldedir.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ähmiýeti bellenildi. Jemgyýetiň agzybirligi we jebisligi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň girewi bolup durýar diýip, çykyş edenler bellediler.

Maşgala hem-de ösüp gelýän nesil mowzugyna uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, asyrlaryň dowamynda emele gelen däp-dessurlaryň ähmiýeti bellenildi.

Milli Liderimiziň nusgalyk işleri Watan oglunyň öz ene-atasyna belent hormaty bolup durýar diýip, maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kyblasyna, onuň röwşen keşbine, päk ýürekli işlerine hem-de döredijilik ýoluna bagyşlan goşgy setirlerini mysal getirdiler.

Çäräniň dowamynda Mälikguly aganyň goşgy setirlerine döredilen aýdymlar ýaňlandy.

Maslahat “Arkadag bilen” diýen watançylyk aýdymy bilen jemlenildi.

Maslahatlaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenmeler kabul edildi. Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowy hatyralap, paýtagtymyzda we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde sadakalar berildi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/30108

29.05.2021
Hormatly Prezidentimiziň "Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda" kararyna laýyklykda maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysadyýet müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň, baş hasapçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň "Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda" kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň, Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny ýokary hilli işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi.

Maslahatda 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmekde esasy strategiki maksadyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ykdysadyýeti gurluş taýdan özgertmäge we ähli taraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň, maýa goýum mümkinçiliklerini has-da amatly peýdalanmagyň, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmegiň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak hem-de hususy telekeçiligi ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etdirmek bolup durýandygy barada nygtalyp geçildi.

2022-nji ýylda durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda şular görkezildi:

  • ykdysadyýetde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri dowam etdirmek we ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerimizi durmuşa geçirmek;
  • ýokary maýa goýum işjeňliginiň hem-de innowasiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak;
  • ykdysadyýetiň ösüşine we raýatlaryň yaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak hem-de alnyp barylýan önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmek üçin ýeterlik maliýe serişdelerini göz öňünde tutmak;
  • ykdysadyýetiň önümçilik we önümçilik däl böleklerini giňeltmegiň, kiçi we orta senagat kärhanalarynyň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek;
  • sanly ykdysadyýeti işiň ähli ulgamyna ornaşdyrmak;
  • tebigy baýlyklarymyzy has-da rejeli we netijeli peýdalanmak, aýratyn hem nebitgaz çig malyny çykarmak, gaýtadan işlemek we eksport etmek babatynda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmek;
  • daşary ýurtlara ýerlenýän harytlaryň uly möçberde artdyrylmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň ösmegini gazanmak hem-de oňyn aratapawudynyň emele gelmegini üpjün etmek;
  • adam maýasyny ösdürmek, döwletiň netijeli durmuş syýasatyny dowam etmek, ylyma, bilime, saglygy goraýşa, medeniýete, sporta we dynç alyşa, durmuş goragyna gönükdirilýän býujet serişdeleriniň möçberini artdyrmak;
  • ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlygynyň ýörelgesini saklap galmak bilen, Döwlet býujetiniň çykdajylarynda durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdiriljek serişdeleriň möçberini 75%-den pes bolmadyk derejede bolmagyny üpjün etmek;
  • ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmet çekýänleriň iş haklaryny, pensiýalary, döwletiň kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny köpeltmek;
  • ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek we işjeňleşdirmek üçin döwlet goldawyny dowam etmek arkaly hususyýetçiligi ösdürmek.

Maslahatda Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň, Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly çäreleriň üstünde giňişleýin durlup geçildi, usulyýet görkezmeleri we gollanmalary ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk işler bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmekde bimöçber işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimize işlemäge, okamaga, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözleri aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 

28.05.2021
Bize mähribanlar — ata-ene gerek

Her maşgalanyň özüne mahsus däbi bolýar. Enem-atamyň doglan günlerini hemme doganlarymyz, ählimiz jem bolup gutlamak maşgala däbimizdi. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: «Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?» diýip, maňa maslahat saldylar. Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady.

Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi. Gutlap başladyk.

Özümden kiçi jigim bar. Ol — gyzlaryň iň ulusy. Oňa enemiň ady dakylansoň, Enegül diýýäris. Aslynda, onuň çyn ady — Durdynabat. Gutlamak gezegi şol jigime ýetdi.

Ol tolgunyp: «Kaka, bagyşla, birinjiden-ä, goşgy ýazmaga ýetişmedim, onsoňam, näçe ýazsamam, göwnümdäki ýaly çeper bolanok, bärden gaýdýar» diýdi.

Şonda kakam güldi-de: «Hany, sen ýüregiňdäkini söz bilen aýt. Onsoň, ony häzir ikimiz bilelikde goşgy setirlerine geçiräýeris» diýdi. Hemmämiz hem uly gyzyklanma bilen diňläp otyrys. Kakam jigimiň sözlerini diňledi-de, ony şol ýerde goşga öwürdi. Goşgy hemmämiziň göwnümizden turdy.

Bu goşgy Mälikguly aganyň soňky goşgy setirleri boldy.


Belleýäs kakamyň doglan gününi,
Başymyz jem boldy — begenýär ýürek.
Ata-enäň gadryn bilmek barada
Agamdan görelde almagmyz gerek.
Bize mähribanlar — ata-ene gerek.


Ýanynda agamyz — Arkadag ogly,
Bizem görüp dursak gezekme-gezek.
Agtyk-çowluklarna guwanyp ýörkä,
Ýuwlugnam görmegi isleýär ýürek.
Bize goşa gumry — ata-ene gerek.


Çylşyrymly bolýar durmuşyň ýoly,
Ýöne ýalňyşmajak bolmaklyk gerek.
Ata-ene käýinse — säwlik goýbersek,
Ony gaty görmän, düzetmek gerek.
Bize maslahatçy ata-ene gerek.


Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW


Atamyň

Mähriban kyblam Mälikguly Berdimuhamedowyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.


Aýlaryň soltany — ol Remezanda
Tamam boldy durmuş ýoly atamyň.
Gözellik jem bolup beýik ynsanda,
Şan-şöhratly geçdi saly atamyň.


Päkizedi Hak-Huda dergähinde,
Ýalkym bardy gahrymanlyk ruhunda,
Orunly bolmakdy Hak uçmahynda
Isleg-arzuw hem hyýaly atamyň.


Hemmäni çagyryp edermenlige,
Halkyny başyna edindi jyga,
Ol doga beýikdi, dogady, doga,
Nusgalykdyr päk ykbaly atamyň.


Ruhubelentligi bolup ýokary,
Ýeňip geçdi ähli kynçylyklary,
Açykdy ýüregi, nurludy seri,
Bilýär ony gözel ili atamyň.


Mätäje uzatdy kömek goluny,
Mukaddeslik saýdy ene dilini,
Il içinde alkyş boldy alany,
Ýollary alkyşdan doly atamyň.


Ýagşy işler gül ömürden ýadygär,
Beýik ynsan asyr saýyn adygýar,
Ynsan mertebesin barha artdyrýar
Göreldesi hem mysaly atamyň.


Ýurdumyza rowaçlyklar ýar bolsun,
Bagy-bossan bolsun, gülgüzar bolsun,
Älem-jahan dursun, Watan bar bolsun,
Arzuwlap ýaşaýşy ýaly atamyň.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29967

28.05.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watana gulluk etmek kakam üçin iň beýik mertebedi

Milli Liderimiz Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna sadaka berdi

Aşgabat, 27-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidinde kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky mynasybetli sadaka berdi.

Paýhasly pederlerimiziň mukaddes ýörelgelerine laýyklykda, aradan çykan adamlary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-doga okamak, sadaka bermek halkymyzyň asylly däbidir. Ine, bu gün hem ildeşlerimiz özüniň yhlasly zähmeti bilen döwletimiziň öňünde ägirt uly hyzmatlary bitiren ynsany hatyralap, berlen sadaka gatnaşdy.

Mälikguly Berdimuhamedowyň tutuş ömrüni halkyna, mähriban Watanyna bagyşlamagy hemmeler, aýratyn-da, milli Liderimiziň ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek wezipesi ynanylan ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.

Arkadag Prezidentimiz özüniň “Döwlet guşy” atly kitabynyň girişinde: “Eliňizdäki “Döwlet guşy” atly romanyň wakalary, ondaky gahrymanlaryň bitirýän nusgalyk işleri, olaryň ajaýyp ahlak sypatlary — çagalyk ýyllarymdan bäri Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezizlemegiň, söýmegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentligiň beýik nusgasy bolup, kalbymy heýjana salyp gelýän simfoniýadyr” diýip belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, has wajyp meseleler boýunça oňyn çözgüdi kabul etmekde oňa kakasy Mälikguly Berdimuhamedow hemişe kömek edipdir we Arkadagymyz her bir işde hoşniýetli, örän talabediji halypasy bilen maslahatlaşypdyr.

Adamyň başyna düşýän kynçylyklar onda ruhubelentligi, beýik maksatlara ýetmäge bolan yhlasy pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň mähriban kakasynyň durmuşyň agyr ýyllarynda başyndan geçiren wakalary onda beýik hyzmatlary bitirmäge bolan höwesi, yhlasy, iň esasy bolsa gahrymançylygy döredýär. Çagalygyny urşa ogurladyp, tiz ýigit çykan Mälikguly aga Watanyna we halkyna bolan kämil söýgüsi, gündelik işi, ruhubelentligi bilen kynçylyklara döz gelipdir. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiziň kakasy türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýupdyr. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban pederi şol gazaply kyrkynjy ýyllarda edermenligiň, kämil ynsanyň özboluşly mekdebine öwrülipdir.

Milli Liderimiz: “Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary, meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim” diýip nygtaýar.

Döwlet Baştutanymyz ir säher bilen kakasynyň ruhuna sadakanyň berilýän ýeri bolan metjide geldi.

Hormatly Prezidentimiz metjide girdi. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Arkadag Prezidentimiziň mähriban kyblasy Mälikguly aganyň hatyrasyna aýat okady we merhumyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Ýagşy dileglerden soňra döwlet Baştutanymyz metjidiň sadakalar geçirmek üçin niýetlenen binasyna baryp, özi üçin bellenen ýere geçip oturdy. Bu ýerde asyrlar aşyp gelýän asylly däbe görä, merhumyň hormatyna tebärek çykyldy.

Tebärekden soňra döwlet Baştutanymyzyň mähriban kakasynyň kyrkyna gatnaşýanlara ýörite taýýarlanan tagamlar çekildi.

Sadaka gatnaşanlar tagamlardan dadansoňlar, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady we Watanyň wepaly Ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ruhunyň şat bolmagyny dileg etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we kakasy baradaky käbir ýatlamalaryny aýdyp berdi.

Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy. Ol her hili çykgynsyz, kyn ýagdaýda hem aljyraman, baş alyp çykmagy başarýardy diýip, milli Liderimiz söze başlady.

Kakam örän ruhubelent adamdy. Atam Berdimuhamet aga urşa gidende, kakam ýaňy on bir ýaşynda ekeni. Şonda-da, şol kynçylykly döwürde öz goşgulary bilen adamlarda ýeňşe, ertirki gowy günlere ynam döredipdir. Kakamyň «Köp ekeliň dänäni!» diýen goşgusy ýadyňyzdadyr. Bu goşgy 1944-nji ýylda şol wagtky Kirow etrabynyň “Ýagty ýol” gazetinde çap edilipdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her maşgalanyň özüne mahsus däbiniň bolýandygyny aýdyp, ene-atasynyň doglan günlerini hemme doganlary, ählisi jem bolup gutlamagyň özleriniň maşgala däbidigini nygtady. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: “Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?” diýip, maňa maslahat saldylar diýip, milli Liderimiz belledi.

Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi, gutlaglar başlandy. Özümden kiçi jigime — gyzlaryň iň ulusyna enemiň ady dakylansoň, Enegül diýýäris. Aslynda, onuň çyn ady — Durdynabat. Gutlamak gezegi şol jigime ýetdi diýip, hormatly Prezidentimiz gürrüň berdi.

Ol tolgunyp: “Kaka, bagyşla, birinjiden-ä, goşgy ýazmaga ýetişmedim, onsoňam, näçe ýazsamam, göwnümdäki ýaly çeper bolanok, bärden gaýdýar” diýdi.

Şonda kakam güldi-de: “Hany, sen ýüregiňdäkini söz bilen aýt. Onsoň, ony häzir ikimiz bilelikde goşgy setirlerine geçiräýeris” diýdi. Hemmämiz hem uly gyzyklanma bilen diňläp otyrys. Kakam jigimiň sözlerini diňledi-de, ony şol ýerde goşga öwürdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Goşgynyň hemmeleriň göwnünden turandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony okap berdi. Goşgy şeýle setirler bilen başlanýar:


Belleýäs kakamyň doglan gününi,
Başymyz jem boldy — begenýär ýürek.
Ata-enäň gadryn bilmek barada
Agamdan görelde almagmyz gerek.
Bize mähribanlar — ata-ene gerek.


Döwlet Baştutanymyz kakasy baradaky ýagşy ýatlamalaryň hemişe ýüreginde ýaşaýandygyny aýtdy.

Perzent daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň saýasy-da, miwesi-de köklerine baglydyr. Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir. Çeşmäniň durulygy, arassalygy hem gözbaşyna baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň mähriban kyblasyna bagyşlap ýazan goşgy setirlerini sadaka gatnaşyjylara okap berdi:


Aýlaryň soltany — ol Remezanda
Tamam boldy durmuş ýoly atamyň.
Gözellik jem bolup beýik ynsanda,
Şan-şöhratly geçdi saly atamyň —


diýip başlanýan bu goşgy perzentlik wepanyň belent nusgasy bolup, sadaka gatnaşyjylarda örän tolgundyryjy duýgulary döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka gatnaşanlara ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu topragyň her daban ýerini, mukaddes hem keramatly Watany gözüniň göreji, başynyň täji saýan kakasy Mälikguly agany hatyralap berlen sadakanyň, okalan aýat-töwirleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny, kyblasynyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdi.

Hormatly Prezidentimiz sadaka tamamlanansoň, bu ýerden ugrady.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29976?type=feed

28.05.2021
Bäsdeşlige ukyply önümler bazardaky ornuny pugtalandyrýar

Öňňin Gökdepe etrap merkezinde etrapdaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmegi hem-de bu binada täze «Gala» dükanynyň açylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle-de dokma senagaty pudagynyň işgärleri gatnaşdy.

Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly taýýar önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda, ilaty ýokary hilli dokma önümleri bilen üpjün etmekde Gökdepäniň Dokma toplumynda işleýän işçileriň saldamly goşandynyň bardygyny guwanç bilen bellediler. Gürrüňi edilýän toplumyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmeginiň, ol ýerde «Gala» dükanynyň açylmagynyň ähmiýeti dogrusynda aýdylanlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bellenilişi ýaly, bularyň ählisi öndürilýän önümiň möçberini artdyrmakda, hilini has-da ýokarlandyryp, bäsdeşligini ýokarlandyrmakda ähmiýetlidir.


Mälim bolşy ýaly, «Gala» söwda nyşanly taýýar dokma önümleri bu gün ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň dükanlarynyň iň geçginli önümleridir. Türkmen pagtasynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde taýýarlanýan ýokary hilli matalardan dokalýan dürli biçüwdäki lybaslaryň hyrydary barha artýar. Daşary bazarda-da ornuny barha pugtalandyrýan bu önümleriň bellibir möçberi indi durky döwrebaplaşdyrylan tikinçilik bölüminiň binasynda tikiler. Munuň üçin ol ýerde ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr.


Bu ýerde etrabyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, iki gatdan ybarat bolan binanyň tikinçilik bölümine aýlanyp gördüler. Tikinçileriň 160-synyň zähmet çekmegi üçin mümkinçiligi bolan bu bölümde tikinçilik işini ýokary talaplara laýyklykda alyp barmaga giň şertler döredilipdir.


Dabara gatnaşyjylar täze, «Gala» dükanyna aýlanyp görmek bilen ondaky dokma önümleriniň dürli görnüşini synlap, olara ýokary baha berdiler. «Gala» brend nyşanly köýnekler olarda aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda şeýle ajaýyp wakalaryň bolmagy ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň döwrebap ösüşleriniň dabaralanmasy bolup kalplara doldy.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29940

28.05.2021
Kanun çykaryjy ulgam kämillik ýolunda

26-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyz düzümiň işini döwrüň talaplaryndan ugur alyp guramak bilen bagly möhüm meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, Halk Maslahatynyň agzalaryny täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak, şeýle-de wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik-hukuk özgertmeleriniň nobatdaky tapgyrynyň, ýagny iki palataly parlament ulgamynyň döredilmeginiň möhüm çäresi bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary täze syýasy-demokratik ulgamy kemala getirdi. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi halk häkimiýetliliginiň mizemez ýörelgelere esaslanýandygyny görkezdi.

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynda häkimiýet edaralarynyň ulgamynyň hatarynda Milli Geňeşiň düzümi, onuň palatalarynyň işiniň esaslary kesgitlendi. Has takygy, Esasy Kanunymyzda ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy özgerdildi. Esasy Kanunyň 66-njy maddasynda Milli Geňeş hem hasaba alynmak bilen, şeýle bellenýär: «Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar».

Ýokary konstitusion hukuga eýe Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ähmiýeti şu iki nukdaýnazardan möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, bu saýlawlaryň netijesinde, döwletiň konstitusion gurluşynda täze düzüm emele geldi. Galyberse-de, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky orny has-da ýokarlandy.

Ýeri gelende, Milli Geňeşiň konstitusion kadalar bilen berkidilen hukuk ýagdaýy barada durup geçmek ýerlikli bolsa gerek. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 77-nji maddasynda Milli Geňeşiň (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradygy we onuň iki palatadan, ýagny Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdygy bellenýär. Esasy Kanunyň 802-nji maddasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary hem degişli konstitusion kadalar esasynda düzgünleşdirilýär. Olar Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, Konstitusion kanunlary we beýleki hukuk resminamalaryny makullamakdan ýa-da ret etmekden, Mejlis tarapyndan kabul edilen Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Kanunyna garamakdan, ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakyndaky meseleleri çözmekden, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, içeri işler, adalat ministrlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere garamakdan, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamakdan, oňa harby we gaýry döwlet atlaryny dakmakdan, Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözmekden, parahatçylykdyr howpsuzlyk meselelerine garamakdan, Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde duran esasy wezipeleriň üstünde durup geçdi. Olaryň hatarynda raýatlaryň hukuklarynydyr azatlyklaryny goramak, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek bilen, ony strategik taýdan özgertmek, ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, milli baýlyklarymyzy goramaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini alyp barmak ýaly wezipeler bar.

Ýakynda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», şeýle hem «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda», «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi), «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararlarynyň ençemesiniň taslamalaryna garaldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň 22-nji maýda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Arkadag Prezidentimize Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, onuň halkara abraýyny artdyrmakda bitiren aýratyn uly hyzmatlary hem-de şahsy goşandy we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen at dakyldy. Ähli üstünliklerimiziň sakasynda duran döwlet Baştutanymyza şeýle belent adyň dakylmagy raýatlarymyzyň kalbyny ruhy joşguna besledi.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29960

28.05.2021
Watanyň wepaly Ogly

Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar hakydalarda ebedilik galar

Ömrüni we ykbalyny Watana bagyşlan ynsanlary taryham, halkam hakydasyndan çykarmaýar. Olaryň durmuş ýoly nesilleri watansöýüjilik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde ähli döwürler üçin nusgadyr. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşy hem tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebidir.

Şu ýylyň 18-nji aprelinde, mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda 89 ýaşynyň içinde aradan çykan Mälikguly aga özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi.

Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly dürdäne kitaplarynda mähriban kyblasynyň zähmet ýolunyň durmuşa, Watana, il-ulsumyza çäksiz söýgi, mertlik, tutanýerlilik, gaýratlylyk, ruhubelentlik, ynsanperwerlik mekdebi bolup, üstünliklerden-üstünliklere atarandygyny, bagta eltýän çelgi bolup, her hili çykgynsyz pursatlarda, her bir ädimde hemaýat-goldaw berendigini ýazýar.

Jemgyýetçilik tertibini goramak, howpsuzlygy üpjün etmek, jenaýatlaryň öňüni almak we olaryň üstüni açmak içeri işler edaralarynyň esasy wezipeleridir. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýerine ýetiriji döwlet häkimiýetiniň möhüm bölegi bolan milli hukuk goraýyş ulgamynyň kemala gelmeginde Mälikguly aga aýratyn orun degişlidir. Özüniň ömrüni we ykbalyny halkymyza gulluk etmäge, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň bähbitleriniň goragyna bagyşlan bu beýik ynsanyň bitiren hyzmatlary nazarda tutulyp, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medal döredildi, Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölümine, şeýle-de ministrligiň 2020-nji ýylda paýtagtymyzda açylan täze ýaşaýyş jaý toplumyna içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Bagtyýar halkymyzyň isleg-arzuwlarydyr tekliplerinden gözbaş alan bu çözgütler ýurdumyzyň asudalygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin jan aýaman zähmet çeken, gujur-gaýraty bilen il-halkymyza hyzmat eden ilhalar ynsana jemgyýetçilik söýgüsiniň örän uludygyny görkezýär. Halk gahrymanlarymyzyň atlaryny ebedileşdirmek bilen, biz halallyga, asudalyga, parahatçylyga, agzybirlige, ynsaply ýaşaýşa dowamat berýäris. Sebäbi biz jemgyýetimize halallyk, ynsaplylyk ýörelgelerini öz şahsy göreldesi bilen ündeýän raýatlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýarys.

Watanyň wepaly Ogly Mälikguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz, tutanýerli zähmet çekip, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly hyzmatlary bitirdi. Belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe boldy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlary üçin il-halka wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Mähriban ynsanyň ýarym asyrdan-da gowrak wagt mundan ozal döreden hem-de häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmeýän goşgulary, olara döredilen aýdymlar Watana, ene topraga, bagtyýar durmuşa bolan söýginiň senasyna öwrülip, halkyň kalbynda müdimilik orun aldy.

Mälikguly aga — Watana bolan söýgini ömrüniň manysyna deňän beýik ynsan. Onuň ömür terjimehaly, ýazan goşgulary bilen tanşanyňda, bu hakykatyň magadyna ýetmek bolýar. Mälikguly aganyň «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly çuňňur watançylyga ýugrulan goşgusyndaky şu bent hem aýdylanlara mysaldyr:


Aslymy yzlasam, mertdir pederim,
Şu toprak hakdadyr beýik eserim,
Şu Watany söýüp-söýüp öterin,
Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar.


Manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden, ömür salyny tutuş yslam dünýäsi üçin mukaddes saýylýan mübärek Oraza aýynda tamamlan beýik ynsan Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky röwşen ýatlamalar türkmenistanlylaryň kalbynda ebedi ýaşar. Mälikguly aganyň bitiren hyzmatlary, nusgalyk ömür ýoly ýaşlary watanperwerlik ruhunda terbiýelemekde mizemez binýada öwrüler.

«TÜRKMENISTAN»


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29964

28.05.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mäkäm binýadynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köptaraply döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebit boýunça goňşulary bilen doganlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, şol ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetiniň köp babatda Merkezi Aziýada amatly syýasy we ykdysady ýagdaýyň emele gelmegini şertlendirýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem umumy, möhüm meseleleri bilelikde çözmekde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýärler, şol meseleleriň hatarynda sebitde suw serişdelerini dolandyrmak hem-de rejeli peýdalanmak wezipesi-de bar.

A.Kamilow biziň döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasata hem-de türkmen Lideriniň ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, Özbegistanyň geljekde hem ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem beýleki halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini hemmetaraplaýyn goldajakdygyny nygtady.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň iň gowy ýörelgelerini dowam etmäge hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryň giňeldilmegine özara taýýardyklaryny tassyklap, möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Iki goňşy döwlet hem kuwwatly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, ynanyşmak hem-de özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi ugur edinýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigine üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *

Şu gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi, onuň jemleri boýunça iki möhüm resminama: Ýerden muzdly peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga goşmaça Ylalaşyga hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29870?type=feed

27.05.2021