Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa kärhanasy öz işini döwrüň talabyna görä guramak bilen, iň bir öndürijilikli işleýän önümçilik kärhanalarynyň birine öwrüldi. Kärhananyň hünärmenleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, döredijilik gözleglerini yzygiderli alyp barýarlar. Netijede, kärhanada önümçiligiň täze görnüşleri ýola goýuldy. Kärhananyň öňdebaryjy tejribä daýanyp, täzeçillige ýykgyn etmegi bilen, bu ýerde ýurdumyz üçin zerur önümleriň 10-a golaýy öndürilýär.
Himiýa kärhanasy indi iki ýyl bäri «Çelek» hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Ylmy gözlegler esasynda möhüm önümçiligi ýola goýmaga çalyşýan «Çelek» hususy kärhanasy, ilki bilen, Himiýa kärhanasyndan önümçilik üçin zerur bolan desgany kärendesine aldy. Soňra bu ýerde Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan önümçilik enjamlaryny gurnady. Awtomatik ulgam boýunça işleýän önümçilik enjamlary gurnalanda, «Çelek» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Geldimyrat Gurbanow kärhananyň öz düzen tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagyny gazandy. Sebäbi hytaý tehnologiýasy çylşyrymly bolup, biziň şertlerimize laýyk gelmeýärdi. Hut şoňa görä-de, göz öňünde tutulýan önümi almak üçin, ýerli tehniki şertlere laýyk gelýän usul saýlanyp alyndy. Senagat garyndy suwuklygy almak üçin oňa goşulýan goşundylaryň käbiri daşary ýurtlardan satyn alynsa, öz ýurdumyzda bar bolan önümleriň birnäçe görnüşini, suw we elektrik togunyň bökdençsiz bolmagyny Himiýa kärhanasy üpjün edýär.
Täze önümi synagdan geçirmek üçin Hytaý döwleti saýlanyp alyndy. Hytaýly hünärmenlere onuň 200 tonnasy ugradyldy. Olar bu önümi birnäçe usullar arkaly barlagdan geçirip, onuň ýokary netije berjekdigini habar berdiler.
Şu ýerde bir zady bellemek gerek, Hytaýda dag jynslary burawlananda, gytaklaýyn, gapdallaýyn burawlanýar we bu usul çylşyrymly hasaplanýar. Şeýle usul bilen burawlananda, buraw enjamlarynyň ujundaky almaz aşa gyzýar we ony öz wagtynda sowatmak, ýaglamak gerek bolýar. Senagat garyndyly suwuklyk bolsa bu wezipäni ýerine ýetirýär. Ol hem-ä burawyň gyzan guralyny sowadýar, ýaglaýar hem-de gaty dag, daş gatlagynyň çalt pytramagyna ýardam berýär. Şeýlelikde, bu täze önüm ähli talaplary ödäp, synagdan şowly geçýär. Hytaý tarapy indi bu önüme — senagat garyndyly suwuklyga yzygiderli isleg bildirýär. Malaýziýa hem bu önüme isleg bildirýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Geljekde isleg bildirýän döwletleriň sanynyň ýene-de artmagyna garaşylýar.
Eýsem, şeýle uly islege eýe bolan täze önümiň peýdasy nämelerden ybarat? «Senagat garyndyly suwuklyk» diýlip atlandyrylýan bu önüm senagatda çalgy we burawlamak şertlerinde ulanylýar. Dagda köp magdanlar, minerallar we elementler bar. Olary tapmak, özleşdirmek we senagatda peýdalanmak şu günüň derwaýys wezipesi bolup durýar. Ýöne dagyň gaty gatlagyny burawlamak örän kyn düşýär. Diňe senagat garyndyly suwuklygy ulanmak arkaly şol gaty gatlagy burawlap bolýar. Senagatda iň zerur hasaplanylýan tantal önümi bolsa şol gaty gatlagyň düzüminde bar. Şol gaty gatlakda kremniý elementiniň-de 97 göterim arassa görnüşi bolup, olary diňe burawlamak arkaly ýüze çykaryp bolýar. Tantal önüminden kompýuterleriň we telewizorlaryň integral shemalaryny, prosessorlary ýasap bolýar. Bu enjamlar kompýuteriň beýnisi hasaplanýar. Kremniý elementi bolsa Gün batareýalaryny we elektronika senagatynyň birnäçe önümlerini ýasamakda ulanylýar. Şonuň üçin-de dünýä bazarynda bu önümleriň bahasy mydama ýokary.
Senagat garyndyly suwuklygy almak üçin, «Çelek» hususy kärhanasynyň tehnology Soltan Ýagmurow, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa kärhanasynyň direktory Rahmet Çaryýew, kükürt kislotasy önümçiliginiň başlygy Begenç Hudaýberdiýew we beýleki birnäçe hünärmenler tagalla baryny etdiler. Bir maksada gönükdirilen tagallalar öz netijesini hem berdi. Tehniki ylymlaryň kandidaty Geldimyrat Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän «Çelek» hususy kärhanasynyň öndüren bu täze önümini hemmetaraplaýyn öwrenmek bilen «Türkmenhimiýa» döwlet konserni onuň önümçiligini ýola goýmaga ygtyýarnama berdi. «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň beren «Tehniki şerti» we bu gullugyň Lebap welaýat bölüminiň beren «Laýyklyk sertifikaty» täze önümi uly möçberde öndürmäge ýol açdy. Indi «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen, ýurdumyzyň daşarky bazara çykarjak önümleriniň sany ýene-de artýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, olaryň düzümini kämilleşdirmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlary kesgitlemek, ýurdumyzyň tölege ukyplylygyny berkitmek, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň pul girdejilerini ýokarlandyrmak we ykdysadyýetiň hususy böleginiň paýyny yzygiderli artdyrmak maksady bilen gol çeken Kararyna hakyky iş bilen jogap berildigi bolar. Sebäbi hut şu möhüm Karar esasynda, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Onuň esasy maksatlary bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekden, gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerini innowasion esasda ýola goýmakdan, tebigy we mineral-çig mal serişdelerini toplumlaýyn ulanmak arkaly, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmakdan, eksportyň düzümini kämilleşdirmek bilen, hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyny ýokarlandyrmakdan, şeýle-de daşary ýurtlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43476