Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, hususan-da, türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça Halk Maslahatynyň işiniň ähmiýetini belledi.
Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, resminamalaryň taslamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri nazara almak arkaly taýýarlanyldy. Geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynyň taslamasyna laýyklykda durmuş ulgamyny ösdürmäge ýeterlik möçberdäki serişdeler gönükdiriler. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, geljek ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldiler.
Düýpli maýa goýumlarynyň belli bir möçberini önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilýär. 2022-nji ýylda maýa goýumlaryny, esasan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, innowasion esasda önümçilikleri ýola goýmaga, ýokary goşmaça bahaly pudaklary ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet býujetiniň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depginini saklamaga, senagatlaşdyrmaga, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga gönükdirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülmeginiň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady. Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny mundan beýläk-de dowam etdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin maliýe serişdeleriniň ýeterlik möçberde göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyna aýratyn üns berildi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Onuň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini hem-de zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň wezipelerine hem-de talaplaryna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, döredijilik ulgamynyň wekilleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmäge ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz her ýyl geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň hem-de beýleki döredijilik gözden geçirilişleriň ähmiýetini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin işleriň barşy, energetika ulgamynda bar bolan kuwwatlyklardan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini onuň düzümini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşykly, beýleki möhüm meselelere hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
«Aşgabat».