Aşgabat, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Habar berlişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge ýardam edýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerilip, olara döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de milli we halkara tejribäni nazara almak bilen, degişli üýtgetmelerdir goşmaçalar girizilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak, halkara giňişlikde ýurdumyzyň başlangyçlaryny ilerletmek boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň alyp barýan işiniň möhümdigini belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew geçirilen işler barada maglumat berdi. Türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak, amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet maksatnamalaryny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny hukuk taýdan goldamak boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde hereket edýän kanunçylygy seljermek we ony kämilleşdirmek, täze kanun taslamalaryny taýýarlamak babatda işleri alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka bolup, ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanýandygyny nobatdaky gezek görkezdi hem-de döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyny ýüze çykardy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça Halk Maslahatynyň işiniň ähmiýetini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, resminamalaryň taslamasy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen gaýragoýulmasyz wezipeleri nazara almak arkaly taýýarlanyldy.
Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat berip, durmuş ulgamyny ösdürmäge ýeterlik möçberdäki serişdeleriň gönükdiriljekdigini habar berdi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, geljek ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldiler.
Düýpli maýa goýumlarynyň belli bir möçberini önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilýär. 2022-nji ýylda maýa goýumlaryny, esasan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, innowasion esasda önümçilikleri ýola goýmaga, ýokary goşmaça bahaly pudaklary ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depginini saklamaga, senagatlaşdyrmaga, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga gönükdirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülmeginiň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtady. Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny mundan beýläk-de dowam etdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň, eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin maliýe serişdeleriniň ýeterlik möçberde göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyna aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasyny, umuman, makullap, 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakyndaky resminama gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz resminamany sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna iberip, geljek ýyl üçin Döwlet býujetine hem-de 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine milli parlamentiň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde garamagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerlere ýüzlenip, 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň esasy maddalary boýunça içgin seljermeleri geçirmegi hem-de häzirki we deňeşdirme bahalarda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň çaklamalaryny kesgitlemegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň hem-de edaralarynyň ýerine ýetirýän işleri, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça görülýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, bu ulgamda iň täze tehnologiýalary ulanmagyň we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, agrotehniki çäreleri bellenen möhletinde geçirmek, geljek ýyl oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, zerur taýýarlyk işleriniň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hasabyndaky “John Deere” hem-de “Claas” kysymly sürüm we bejergi traktorlary, şeýle hem “John Deere” kombaýnlary üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny hem-de sarp ediş serişdelerini satyn almak baradaky Kararyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümini kämilleşdirmegiň hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň oba hojalyk pudagynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegidigini belledi. Häzir bu pudagyň degişli maddy-enjamlaýyn binýady döredildi, bu bolsa oba hojalygynda zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu pudagyň ösdürilmegine döwletimiziň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtap, hödürlenilen Karary makullady hem-de oňa gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bellenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini hem-de möwsümleýin işler geçirilende, tehnikalaryň we enjamlaryň netijeli ulanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň energetika ulgamynda bar bolan kuwwatlyklardan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanda energetika pudagy ýokary depginlerde ösüp, hususan-da, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin zerur kuwwatlyklar döredildi.
Sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmeginde, onuň artykmaç möçberiniň daşary ýurtlara iberilişine, elektrik energiýasyndan howpsuz we tygşytly peýdalanylyşyna, sarp edilen elektrik energiýasy üçin hasaplaşyklaryň sanly ulgam arkaly dünýä tejribesine laýyklykda amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek häzir Energetika ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Wise-premýer türkmen energiýa ulgamynda bar bolan kuwwatlyklardan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, ministrligiň hünärmenleriniň geçiren seljermelerine görä, geljekki ýyllarda elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artjakdygyny, munuň bolsa, öz nobatynda, goşmaça energetika kuwwatlyklaryny gurmagy hem-de energiýanyň netijeli sarp edilmegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi talap edýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belledi. Bu işler ýurdumyzyň içinde elektrik energiýasynyň ygtybarly we durnukly berilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmaga-da ýardam eder.
Şunuň bilen birlikde, içerki sarp edijilere berilýän elektrik energiýasynyň netijeli we tygşytly ulanylmagy üçin ähli çäreleriň görülmegine uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu maksatlar üçin iň gowy dünýä tejribesini, şol sanda elektrik energiýasy üçin hasaplaşyklar babatda dünýä tejribesini düýpli öwrenmek we işjeň ornaşdyrmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu möhüm ugurda işleri güýçlendirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini we düzümini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanda kiçi we orta işewürligiň wekilleriniň işlemegi üçin zerur şertler üpjün edilýär, döwlet derejesinde hususy ulgamy ösdürmek boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär, bu bolsa iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilikleri döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle kärhanalarda çykarylýan ýokary hilli önümler içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimizde döwlete degişli bolmadyk ulgamyň eýeleýän ornunyň ýokarlandyrylmagynyň Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilendigini nygtady.
Häzir ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi, hususyýetçilik başlangyçlaryny sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Telekeçiler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýarlar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrýarlar diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de öňde goýlan wezipeleriň çözülmegi bilen baglylykda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.
Onuň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň wezipelerine hem-de talaplaryna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, döredijilik ulgamynyň wekilleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmäge ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz her ýyl geçirilýän “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň hem-de beýleki döredijilik gözden geçirilişleriniň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna sanly ulgam arkaly iberdi hem-de şol resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty alyp barmagy netijesinde, häzir degişli ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap ýokary okuw mekdepleriň binalary gurulýar, işgärleri taýýarlaýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, iň gowy dünýä tejribesine laýyklykda, bilim bermegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar.
Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, has zerur ugurlar boýunça milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin hünärmenler tapgyrma-tapgyr, toplumlaýyn esasda taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hukukçylara bilim bermek üçin Adalat ministrliginiň teklibi esasynda, Bilim ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi bilen bilelikde halkara maýa goýum arbitražy boýunça ýörite okuwlaryň maksatnamasynyň we meýilnamasynyň taslamalary taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli ugurlarda, hususan-da, hukuk ulgamy boýunça ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga berilýän ähmiýetiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda işleri dowam etmegiň möhümdigini belläp, ýaş hukukçylary taýýarlamagyň ýokary derejesiniň, olara halkara hukuk biliminiň berilmeginiň daşary ýurtly maýadarlar bilen ýüze çykýan jedelli meseleleri döwletiň bähbidine çözmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň doly derejeli bilim almagy üçin şertleri hem-de mümkinçilikleri döretmek, döredijilik we ylmy kuwwaty amala aşyrmak, şahsyýeti kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri geljekde hem dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow milli Liderimiziň tabşyrygy esasynda, şu ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşine gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň altynjy maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherine amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek hem-de sebitiň gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
12-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşe gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň altynjy maslahatynyň işine ilkinji gezek synçy hökmünde gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu köptaraplaýyn Geňeşe synçy hökmünde 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda kabul edildi.
Geçirilen maslahatyň çäklerinde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur alýan, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de halkara başlangyçlary boýunça howpsuzlyk, ykdysadyýet we ekologiýa babatynda Türkmenistanyň milli nukdaýnazarlary beýan edildi hem-de halkara ähmiýetli teklipler öňe sürüldi.
Hususan-da, türkmen tarapy Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen bu Geňeşiň hyzmatdaşlygyny Baş Assambleýanyň ýörite Kararnamasy bilen berkitmek teklip edildi. Döwletimiziň şu ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegini nazara alyp, agzalan Geňeşiň YHG bilen gatnaşyklaryny giňeltmek mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu ugurda Aşgabat şäherinde geçiriljek YHG sammitiniň çäklerinde anyk teklipleri durmuşa geçirmek üçin türkmen tarapynyň taýýarlygy beýan edildi.
Nur-Sultan şäherine amala aşyrylan gulluk iş saparynyň dowamynda daşary döwletleriň resmi wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Pars aýlagyndaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň baş sekretary bilen iş duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýa ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Biziň ýurdumyz dünýäniň bu iri sebitinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebitiň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýär, munuň özi ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna kybap gelýär.
Biziň ýurdumyz sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini kemala getirmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär, çünki häzirki ýagdaýlarda bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň we ösüşiň esasy şertleri bolup durýar.
Türkmenistan diňe öz sebitinde däl-de, eýsem, dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzyň teklipleri dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýar, munuň şeýledigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasy hem şaýatlyk edýär.
Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşde synçy ýurduň derejesi berlen Bitarap Türkmenistan bu forumyň işiniň esasynda goýlan ýörelgeleri hem-de wezipeleri, has takygy, Aziýa yklymynda syýasy gepleşikler we hyzmatdaşlyk, umumy sebit hem-de halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak babatda ýörelgeleri hem-de wezipeleri goldaýar.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-gazak gatnaşyklary barada durup geçmek bilen, şol gatnaşyklaryň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurtlarymyz netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da giňeltmek mümkinçiligine eýedir. Şol mümkinçilikleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagy iki doganlyk halkyň, şeýle hem tutuş sebitiň bähbidine hyzmat eder.
Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda sebitleýin we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, umuman, Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ýangyn howpsuzlyk nokatlarynyň 8-sini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň edaralary we kärhanalary, şeýle hem raýatlary tarapyndan ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrliginiň degişli bölüminiň ýangynlaryň döremeginiň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli geçirmelidigini belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gury ýük daşaýjy gämini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda halkara ýük daşamalaryna işjeň gatnaşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Hazar logistik” hususy kärhanasynyň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýük göterijiligi 5300 — 8100 tonna aralygynda bolan gury ýük daşaýjy gämini gurmagy göz öňünde tutulýar.
Gämi gurlanda, täze iş orunlary dörär hem-de ýurdumyzyň hünärmenleriniň bu ulgamda daşary ýurtlaryň önümçilik tejribesini öwrenmegine mümkinçilik dörär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz üçin düýbünden täze bolan bu önümçiligiň Diýarymyzyň gämigurluşygyny ösdürmäge esas bolandygyny nygtady. Zawodyň tehnologik ulgamy häzirki zaman tehnologiýalarynyň hem-de awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň ulanylmagy bilen, deňiz gämilerine hyzmat etmek we olary abatlamak boýunça işleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz zawodyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň iň oňat tejribesini düýpli öwrenmek hem-de iş ýüzünde peýdalanmak boýunça zerur işleriň seljerilmelidigini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna dürli gämileriň çykarylmagyny ýola goýmak baradaky meseläni öwrenmegi, göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43479