Habarlar
Ykdysadyýetiň ösüşinde kiçi telekeçiligiň orny

Geçen 30 ýylyň dowamynda döwletimiz Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly gadam urup, hemmetaraplaýyn berkäp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda öňe sürlen ykdysady strategiýanyň çäklerinde milli we halkara ähmiýetli iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan kuwwatly zawodlaryň, fabrikleriň gurulmagy, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde, etraplarda, obalarda halkymyzyň parahat, bagtyýar, abadan durmuşy üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly itergi berdi we berýär.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda ýurdumyzy köpugurly ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, Diýarymyzda dürli görnüşli önümleriň öndürilişi barha artýar. Welaýatlarda gurlan senagat kärhanalary we toplumlary, oba hojalygynyň önümçilik desgalary ykdysady ösüşiň uly geljeginiň bardygyndan habar berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan esasy oba hojalyk we senagat önümleri babatda özüni doly üpjün edýän hem-de taýýar önümleri dünýä bazarlaryna çykaryp bilýän döwlete öwrüldi.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýyly berkarar Watanymyz milli Liderimize bolan buýsanjymyzy artdyrýan taryhy ähmiýetli wakalar bilen gurşalýar. Ýurdumyzda bina edilýän we ulanylmaga berilýän önümçilik kärhanalarynda ýaşlarymyzyň müňlerçesiniň täze iş orunlary bilen üpjün edilýändigini, zerur önümleriň ençeme görnüşleriniň öz ýurdumyzda öndürilýändigini, oba hojalygy we beýleki pudaklar üçin zerur dökünleri, himiýa önümlerini öz bazarlarymyzdan tapyp bolýandygyny indi biz buýsanç bilen aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gysga döwürde gözümiziň alnynda uly meýilnamalar durmuşa geçirildi we bu iş dowam etdirilýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan işleriniň esasy maksady halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi bolup durýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesiniň miweleridir.

Döwlet baştutanymyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryndan ugur almak bilen kesgitlenilýär. Önümçilige maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi diňe bir halk hojalygynyň esasy pudaklaryny we ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususy önüm öndürijileri goldamaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem kömek edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän bölegi bolan hususy telekeçilige hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Telekeçilik ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli önümçilik ulgamlarynda aýgytlaýjy orunlary ynamly eýeleýär we döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine saldamly goşandyny goşýar. Döwlet hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek bilen telekeçilik ulgamynyň ýurduň jemi içerki önüminde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde nyrhlar önümçiligiň möçberini we düzümini, maddy akymlaryň hereketini, harytlaryň öndürilýän we ýerlenilýän möçberini, bularyň hemmesiniň netijesinde hem ilatyň hal-ýagdaýynyň derejesini kesgitlemekde möhüm orny eýeleýär.

Kiçi we orta telekeçiligi, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ösdürmek häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy maksatlary täze iş orunlaryny döretmek arkaly haryt bazaryny ýerli önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de telekeçilik birlikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Oba hojalygy ulgamynda hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak uly ähmiýete eýedir. Bank ulgamy bu işe mynasyp goşant goşýar.

Oba hojalygynda kiçi kärhanalary döretmekde we ösdürmekde maliýe kömegi aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky oba ilatyna we ýer böleklerine eýeçilik edýän şäher ilatyna ýurduň çäginde oba hojalygyny ösdürmek hem-de önümçiligi goldamak maksady bilen, kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.

Telekeçiler tarapyndan häzirki döwürde täze iri önümçilik desgalarynyň gurluşygyna buýurmalary hem aldylar. Mysal hökmünde, “Beýik bina” hususy kärhanasy we «Türkmen enjam» hojalyk birleşigi Bäherdendäki, şeýle-de Lebap welaýatyndaky sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça halkara bäsleşikleriň ýeňijileri boldular. Gurluşyk desgalaryny 2022-nji ýylyň dekabrynda doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Zawodlaryň her biriniň meýilleşdirilýän kuwwaty ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk birleşigi «Smart TV» platformaly we özünde oturdylan «IP-tuneriň», «4K Ultra HD» telewizorlarynyň önümçiligini özleşdirdi, ol önümler eýýäm ýerli bazarlara çykaryldy.

Türkmen telekeçileri ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri barha köp mukdarda öndürýärler. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Altyn bürgüt» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän süýji tagamly pomidorlar daşarky bazarlara hem eksport edilýär. Bu ýyladyşhana etrabyň Talhanbazar geňeşliginde ýerleşýär. «Altyn bürgüt» ýyladyşhanasy alty bölekden ybarat bolup, 8,5 gektar meýdanda ýerleşýär. Biziň güneşe baý tebigatymyzda ýyladyşhana şertlerinde gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler bar. Bu hususy kärhana üç ýyl bäri pomidor öndürmek bilen meşgul bolýar. Kärhana her möwsümde iki müň tonna golaý hasyl alýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýan hususy kärhana içerki bazarlara her aýda 25 — 35 tonna pomidor iberýär. Geçen ýylyň dekabr aýynda bu kärhananyň hasylyň 260 tonnasyny Russiýa Federasiýasyna eksport etmäge-de mümkinçiligi boldy. Şeýle-de, bu hususy kärhana pomidor önümlerini Gyrgyz, Gazagystan Respublikalaryna hem ugradýar.

Telekeçiler diňe bir halkymyza ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri hödürlemän, ýüzlerçe täze iş orunlaryny döredip, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine hem goşant goşýarlar. Türkmen telekeçileriniň ösdürip ýetişdiren ekologiýa taýdan arassa, tagamly pomidorlary diňe halkymyzyň däl, eýsem, doganlyk halklaryň hem ak bazarlaryna, mukaddes saçaklaryna bereket bolup dolýar. Bu pursatda daşary döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýup, adamzat bähbitli beýik işleri alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň kömek-goldawlary netijesinde, türkmen telekeçileriniň dünýä bazaryndaky mynasyp ornunyň barha artjakdygyna berk ynanýarys.

Annasoltan BERDIÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31027

10.06.2021
Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habar bilen başlady.

Hormatly Prezidentimiziň bu pudagy goldamak boýunça geçirýän toplumlaýyn çäreleri netijesinde ata-babalarymyzyň mirasy bolan ýüpekçiligi ösdürmek hem-de gymmatly çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredildi.

Giň gerimli döwlet goldawy netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Munuň özi ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek üçin döredilen şertleriň netijesidir.

Wise-premýer oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza oba zähmetkeşleriniň netijeli zähmeti üçin döredilýän şertlere çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri, şol sanda welaýat häkimlerini hem-de oba hojalyk toplumynyň ähli işgärlerini ýurdumyzda pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, ýokary hilli piläniň tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen piläniň bol hasyly bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, ata-babalarymyzyň gadymy senetçiliginiň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň pile öndürijilerinden kabul edilip alnan piläniň talabalaýyk şertlerde saklanylmagyny hem-de ony gaýtadan işleýän degişli kärhanalarda ýokary hilli ýüpek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz tabşyrylan pile üçin pile öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýüpekçiligi has-da ösdürmek üçin welaýatlarda tut nahallaryny ekmek işleriniň alnyp barlyşyna aýratyn üns bermek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine orak döwründe işiň üstünde bolup, işleriň talabalaýyk we guramaçylykly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerine bolsa anna güni — 11-nji iýunda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamak barada görkezme berdi.

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň, Ahal welaýatynyň hem-de bu sebitiň etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynyň barşy bilen gyzyklandy. Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitiň gallaçylarynyň gyzgalaňly möwsüminiň başlanandygyny, oragyň depgininiň günsaýyn ýokarlanýandygyny habar berdi. Welaýatyň ekerançylary bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny abraý bilen ýerine ýetirmegi, şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň amala aşyrylmagyna goşant goşmagy maksat edinýärler.

Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar ýere bugdaý ekildi. Şonça gektardan Watan harmanyna 400 müň tonna guşgursak bugdaý hasylyny tabşyrmak maksat edinilýär. Häzire çenli galla meýdanlaryndan 100 müň tonna çenli hasyl ýygnalyp, bellenilen meýilnama 25 göterime golaý ýerine ýetirildi.

Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Orak möwsüminde hasyly bildirilýän talaplara laýyklykda ýygnap almak we saklamak, şonuň ýaly-da, oraga gatnaşýanlaryň mynasyp zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin hemme zerur şertler döredilýär.

Soňra iş maslahatynda Bäherden etrabynyň häkimi D.Hojaýew hasabat bilen çykyş etdi. Etrap boýunça şu ýyl 21 müň 100 gektar meýdana bugdaý ekildi. Orak möwsüminde galla orujy kombaýnlaryň 63-si, bugdaýy daşaýjy awtoulaglaryň 315-si ulanylýar. Etrapda dänäni kabul ediş bölümleriň 4-si işleýär. Şolarda gallany degişli derejede saklamak üçin zerur işler geçirildi.

Şu ýyl 44 müň tonna möçberde taýýarlanylmaly bugdaýyň häzire çenli 11 müň tonna golaýy ýygnalyp, meýilnama 24,5 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň galla önümçiligini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin döreden şertleri netijesinde möwsümiň depginini güýçlendirmek ugrunda ähli çäreler görülýär.

Häkim etrapda önüm öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçiriljekdigine, hasylyň iň soňky dänesine çenli doly ýygnalyp alnyp, harmana tabşyryljakdygyna ynandyryp, etrabyň zähmetkeşleriniň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli zähmet çekmek üçin döredilýän şertler babatynda tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň depginini gowşatman, bu ugurda işleri güýçlendirmek üçin goşmaça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew hasabat bilen çykyş etdi. Häkim Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ösdürmek ugrundaky tagallalary netijesinde oba hojalygyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek boýunça tutumly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Etrap häkimi milli Liderimize şu ýyl ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny guramaçylykly ýygnap almak hem-de ony saklamak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine hoşallyk bildirdi.

Gökdepe etrabynyň häkimi şu ýyl jemi 21 müň 500 tonna guşgursak ak bugdaýy ýygnamagyň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi. Möwsümde kombaýnlaryň 35-siniň, ulaglaryň 175-siniň hyzmatyndan peýdalanylýar. Gündelik gazanylýan ösüş 7 göterimden gowrak bolup, häzire çenli önümçilik meýilnamasy 26,6 göterim berjaý edildi. Meýdanlardan ýygnalyp alynýan galla hasylyny etrapda kabul ediş bölümleriniň 2-si bökdençsiz kabul edýär.

Ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli doly ýygnap, harmana tabşyrmak hem-de kada laýyk saklamak, şeýle-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Häkim Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden we dabaraly bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi üçin milli Liderimiziň öňde goýan anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Öz nobatynda, Ak bugdaý etrabynyň häkimi H.Aşyrmyradow bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 28 müň 100 gektar meýdandan şu ýyl 62 müň 550 tonna hasyl almagyň maksat edinilýändigi barada hasabat berdi. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi hem-de bu ugurda döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilmegi bereketli hasyly ýetişdirmegiň möhüm şertlerini üpjün etdi.

Galla oragynda bugdaý orujy kombaýnlaryň 105-si, däne daşaýjy awtoulaglaryň 525-si ulanylýar. Etrapda galla kabul ediş bölümleriniň 10-sy hereket edýär. Häzire çenli ýygnalyp alnan bugdaý hasylynyň mukdary 16 müň 683 tonna barabar bolup, bellenilen meýilnama 26,67 göterim ýerine ýetirildi. Gündelik gazanylýan ösüş bolsa 7 göterime deňdir.

Häkim ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli doly ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak we ony degişli derejede saklamak ugrunda ähli zerur çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegine döredip berýän hemme mümkinçilikleri we yzygiderli hemaýat-goldawlary üçin etrabyň agzybir ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, azyklyk bugdaýyň şu ýyl üçin taýýarlanylýan mukdaryny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini bellemek bilen, bu ugurda möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini hemmetaraplaýyn ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Kaka etrabynyň häkimi P.Orazow bugdaý oragynyň barşy barada hasabat berdi. Etrap boýunça 41 müň gektara bugdaý tohumy sepilip, öz wagtynda geçirilen agrotehniki we beýleki zerur işleriň netijesinde bereketli hasyl ösdürilip ýetişdirildi. Döwlete tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamada bellenen wezipe 80 müň 500 tonna guşgursak dänäni taýýarlamakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň döredip beren ähli şertlerinden we mümkinçiliklerinden peýdalanyp, etrabyň daýhanlary häzire çenli 20 müň 251 tonna hasyl ýygnamagyň hötdesinden gelip, meýilnamany 25,16 göterim berjaý etdiler. Etrapda gazanylýan gündelik ösüş 6 göterime deňdir. Möwsümde kombaýnlaryň 104-siniň we däne daşaýjy ulaglaryň 520-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Bereketli hasyl galla kabul ediş bölümleriniň 8-sine daşalýar.

Häkim ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak hem-de ony bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak ugrunda ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy hem-de netijeli zähmet çekmek üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we yzygiderli hemaýat-goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, zerur işleri geçirmek üçin hem, oba zähmetkeşleriniň medeniýetli dynç almagy üçin hem ähli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Tejen etrabynyň häkimi G.Baýgeldiýew gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsüminde oňa gatnaşyjylaryň yhlasly zähmet çekýändigini bellemek bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda görülýän tagallalar barada hasabat berdi.

Şu ýyl etrap boýunça 42 müň 900 gektar meýdanda bugdaý ösdürilip ýetişdirildi. Taýýarlanylmaly bugdaýyň mukdary bolsa 86 müň tonna barabardyr. Häzire çenli 18 müň 658 tonna däne taýýarlanyp, meýilnama 21,7 göterim ýerine ýetirildi, gündelik gazanylýan ösüş bolsa 4,47 göterime barabardyr. Etrapda däne orujy kombaýnlaryň 119-sy, galla daşaýjy ulaglaryň 595-si netijeli işledilýär, ýygnalyp alnan hasyl galla kabul ediş bölümleriniň 9-syna daşalýar hem-de olaryň talabalaýyk derejede saklanylmagy üpjün edilýär, daýhanlaryň tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi ýola goýuldy.

Häkim ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli doly ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak hem-de saklamak barada ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy we hormatly Prezidentimiziň daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we yzygiderli goldawlary üçin tejenli ekerançylaryň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime gallaçy daýhanlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolmak bilen, galla oragy möwsüminiň depginini has-da güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Babadaýhan etrabynyň häkimi P.Işangulyýew hasabat bilen çykyş edip, jogapkärli möwsümiň depgini barada maglumat bermek bilen, işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýandygyny aýtdy.

Geçen güýzde etrap boýunça bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin 28 müň 700 gektar meýdana bugdaý ekildi. Şonça meýdandan 58 müň tonna ak bugdaý taýýarlamak maksat edinilýär. Daýhanlaryň guramaçylykly zähmeti galla oragynyň ýokary depginlerini üpjün edýär, oba hojalyk tehnikasynyň netijeli peýdalanylmagy bolsa orak möwsüminiň üstünlikli geçirilmegine ýardam berýär. Galla oragynda bugdaý orujy kombaýnlaryň 82-si, däne daşaýjy ulaglaryň 416-sy hem-de kabul ediş bölümleriniň 6-sy hereket edýär. Şu güne çenli 13 müň 529 tonna bugdaý taýýarlanyp, şertnamalaýyn borçnama 23,33 göterim ýerine ýetirildi. Gündelik ösüş bolsa 4,77 göterime barabardyr.

Häkim alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli doly ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak we ony talabalaýyk derejede saklamak barada ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy hem-de etrabyň daýhanlary üçin döredip berýän oňaýly mümkinçilikleri we yzygiderli hemaýat-goldawlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ekin meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Sarahs etrabynyň häkimi G.Ýazgulyýew şu ýyl bereketli bugdaý hasylynyň ýetişdirilendigini, hormatly Prezidentimiziň berýän yzygiderli goldawlary esasynda, hasyly ýygnap almak, daşamak we saklamak üçin hemme zerur şertleriň döredilendigi barada hasabat berip, hormatly Prezidentimize etrabyň ekerançylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl bu etrapda 22 müň 400 gektardan jemi 47 müň 450 tonna ak bugdaý ýygnamak meýilleşdirilýär. Möwsümde kombaýnlaryň 65-siniň, awtoulaglaryň 325-siniň hyzmatyndan peýdalanylýar. Işleriň guramaçylykly we sazlaşykly guralmagy netijesinde gündelik gazanylýan ösüş 8 göterimden gowrak bolup, häzire çenli 13 müň 715 tonna bugdaý taýýarlanyldy. Munuň özi meýilnamanyň 28,9 göterim berjaý edilendigini habar berýär. Meýdanlardan ýygnalyp alynýan galla hasylyny etrapda kabul ediş bölümleriniň 5-si bökdençsiz kabul edýär.

Häkim ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnaljakdygyny hem-de Watan harmanyna tabşyryljakdygyna ynandyryp, etrabynyň agzybir zähmetkeşleriniň adyndan olaryň netijeli zähmeti üçin döredilýän şertler babatynda hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaýy gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almagy dowam etdirmegi, galla oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, galla kabul ediş nokatlarynda bugdaý hasylynyň önüm öndürijilerden bökdençsiz kabul edilmegini guramagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy hem-de bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek we aralyk oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara galla oragyny geçirmekde hem-de ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi we edermen ekerançylarymyzyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirjekdiklerine hem-de döwlet harmanyna bereketli bugdaý hasylyny tabşyrjakdyklaryna ynam bildirdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31080?type=feed

10.06.2021
Ählumumy abadançylygyň hatyrasyna

Umumadamzat bähbitli ýörelgelerden ugur alyp, özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy ösüş maksatlaryna gönükdirýän Garaşsyz Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde daşky gurşawy goramakda, ekologiýa abadançylygyny berkitmekde möhüm ädimleri ädýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda kesgitlän wezipeleri hem-de BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda öňe süren başlangyçlary bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz halkara energetika bazarlarynda ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýetli ýörelgelerden ugur alynýar.

Milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen ykdysady syýasatyna laýyklykda, soňky ýyllarda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat desgalary ulanylmaga berildi. Şol desgalaryň hatarynda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod aýratyn orna eýedir. Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň ýurdumyzda gurulmagy hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzüniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle taslamalar amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, ekologiýa taýdan arassa, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar, daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz berjaý etmäge uly ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda Ahal welaýatyndaky innowasion toplumda öndürilýän, ekologiýa taýdan arassa ECO-93 markaly benzin goňşy ýurtlara we Ýewropa döwletlerine eksport edilýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, ECO-93 markaly benzinden peýdalanylanda kükürt oksidiniň howa uçýan zyýanly maddalarynyň möçberi 50 esse, azot oksidiniň zyýanly maddalarynyňky 5 esse, uglerod oksidiniň zyýanly maddalarynyňky bolsa 2 esse azalýar. Şunuň bilen birlikde, bu benzini ulanýan awtoulagyň hereketlendiriji ulgamynda gurumlaşma hadysasy peselip, onuň ömrüni tehniki nukdaýnazardan iki esse artdyrýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde ECO-93 markaly benzini awtoulagda ulanylan mahalynda onuň tüsse gazlarynyň düzüminde uglerod oksidiniň 0.03 göterime deňdigi kesgitlenildi. Bu görkezijiniň kadaly ýagdaýy bolsa 0.5 göterime barabardyr. Şeýlelikde, ECO-93 benzini ulanýan awtoulagyň tüsse gazlaryndaky uglewodorodlaryň möçberi örän ujypsyzdyr.

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan daşky gurşawa senagat galyndylarynyň zyňylmagy bilen emele gelýän ýaramaz ýagdaýlar sebäpli alada edýär hem-de bar bolan töwekgelçilikleri, wehimleri azaltmaga gönükdirilen halkara tagallalaryň ýygjam utgaşdyrylmagyna we ylalaşykly hereket edilmegine ygrarlydyr. Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna gyşarnyksyz we ählumumy ygrarlylyk bu ugruň möhüm şerti bolup durýar.

Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy 2015-nji ýylda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen klimat boýunça maslahatyň barşynda kabul edilip, oňa 2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde gol çekildi. Bu resminama asyrymyzyň ählumumy ekologiýa we tebigaty goraýyş gün tertibini kesgitlemäge, ony ýerine ýetirmek ugrunda halkara hukuk gurallarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Öz gezeginde Türkmenistan döwletimiz daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda düýpli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmagyň usullaryny gowulandyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. «Gök guşak» umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde suwaryşyň tygşytly usullaryny ulanmak arkaly, şäherlerdir obalaryň töwereginde uly meýdanlary eýeleýän tokaý zolaklary döredilýär. Her ýyl ýurdumyz boýunça millionlarça düýp agaç nahallary oturdylyp, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň uglerod göterimi yzygiderli peselýär. 2019-njy ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşi ekologiýa wezipelerini ýerine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli forumynda Türkmenistanyň häzirki döwrüň çynlakaý ekologiýa wehimlerine garşy durmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine we berkidilmegine üýtgewsiz ygrarlylygyny tassyklap, birnäçe anyk hem-de gaýragoýulmasyz başlangyçlary teklip etdi. Milli Liderimiz, hususan-da, BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi hem-de bu abraýly halkara guramasynyň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» döretmek baradaky teklipleri öňe sürdi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekdäki başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we adamzadyň «umumy öýüniň» abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan düýpli işler şu günki hem-de geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny nazarlaýan ählumumy bähbitli tagallalardyr.

Eziz ATAÝEW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýasy barlaghanasynyň aspiranty.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31032

10.06.2021
Ýolumyza şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda maşgalanyň çaga terbiýelemäge siňdirýän zähmetiniň ähmiýeti hakynda pähimli garaýyşlar beýan edilýär. Kitapda: «Käte maşgalada ene-atalaryň çagalaryna dözmezçilikden, ýüregi ýukalykdan öýüň bar aladasyny özleri edýän halatlary bolýar. «Ýaşlar ýaşlygyň hözirini görsünler, öz başlaryna düşende ederler» diýýärler. Ýöne şeýle ýagdaýda ýyllaryň dowamynda toplanýan tejribe hem-de ýagşy endikler gözden düşürilýär» diýlip bellenilýär.

Ýaş nesilde çagalykdan halal zähmete söýgi döretmek ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebidir, şeýle ruhy-ahlak ýörelgeleri umumadamzat gymmatlyklarydyr. Bular bolsa Gahryman Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ussatlyk bilen beýan edilýär. Adam halal zähmeti bilen belent mertebä eýe bolýar we jemgyýete özüni aldyrýar.

Durmuşda zähmet baradaky tymsallaryň, öwüt-ündewleriň, nakyllaryň mynasyp orny bar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde üç dostuň hünärleri bilen başlaryny beladan gutaryşlary barada gyzykly rowaýat gürrüň berilýär. Halal zähmetiň adamyň ömrüni uzaldýandygy, ýagşy ýigit bolmagyň esasy şertiniň zähmetsöýerlikdigi barada täsirli söhbet edilýär.

Gahryman Prezidentimiziň bu ajaýyp eserinde beýan edilen, özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň agzybirlik, halallyk, zähmetsöýerlik, ynsaplylyk, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik ýaly ruhy-ahlak gymmatlyklary ýaşlarymyza hemişelik ýörelgelerdir.

Patma GULÇYNOWA,

Türkmenbaşy etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31065

10.06.2021
Ulag we aragatnaşyk toplumy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary ýurdumyzda yzygiderli dabaralanýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumy özüne «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentliklerini birleşdirýär. Toplumda onuň düzümleriniň her biriniň ähmiýetli orny bar. Hut şonuň üçin milli Liderimiz olaryň her biriniň işine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar hem-de olaryň sazlaşykly ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, işleri sazlaşykly guramaga degişli meseleleriň her birine möhüm ähmiýet berýär, iş maslahatlarynda olara yzygiderli garaýar. Şonuň netijesinde ulag we aragatnaşyk toplumynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ilata edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar, şeýle hem bu düzümlere täze tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Toplumyň işini kämilleşdirmek hem-de ösdürmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär.

Anyk mysallara salgylanyp beýan etsek, geçen ýyl «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleriniň birleşigini, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini we «Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýan Awtoulag kärhanalar toplumynyň hem-de Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň ulanylmaga berlendigini bellemek gerek.

Hawa, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugrudyr. Toplumyň düzüminde işleriň kämilleşdirilmegi hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagy milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda uly ähmiýete eýedir.

Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek barada uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Şirin GURBANSÄHEDOWA,

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31029

10.06.2021
Sanly ulgam durmuşa ornaşdyrylýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar we bu ugurda oňat netijeler gazanylýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýetimizi kemala getirmekde sanly bilim ulgamy hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegi, innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň barha artmagy aň-bilim maýasyny, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagyny talap edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi bermek bilen, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar.

Bilim ulgamynyň her bir basgançagyna sanly bilim tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny ösdürmek häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň milli tejribä, halkara ülňülerine laýyk amala aşyrylmagy has-da guwandyryjydyr.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna, kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmegine, tehnologiýalaryň internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär. Diýmek, sanly ulgama geçmek döwrüň ösen mümkinçiligidir, ösüşiň tizligidir.

Milli işewürlik birleşikleriniň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ugrunda düýpli işler amala aşyrylýar. Ählumumy sanly ekoulgamyň emele getirilýän şertlerinde milli ykdysady serişdeleri dolandyrmagyň ulgamyny hem-de onuň düzümini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Eziz Diýarymyzy bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Rahat KERIMGELDIÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30894

09.06.2021
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi.

Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyna salam aýdyp, ýurdumyzyň köp ugurlary öz içine alýan däp bolan gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz jenap Jon MakGregory jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň ÝHHG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilendigi we geçirilýändigi şol hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar. Sebit we dünýä ösüşiniň bar bolan kuwwatyndan, ileri tutulýan wezipelerinden ugur almak bilen, sanly ykdysadyýet, durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy, ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini rejeli ulanmak, Aral bilen baglanyşykly meseleler özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn demokratik özgertmeleri, häzirki ýagdaýlaryň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmagyň esasynda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen ÝHHG-niň ugurdaş düzümleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň, parlamentara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle hem sebitleýin we halkara derejede häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde, şol sanda serhetýaka jenaýatçylyga, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmakda we kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen şu ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmak, energetika, ulag diplomatiýasy, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek boýunça başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. Şu babatda owgan tarapyny çekmek arkaly energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol taslamalaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň, demir ýoluň, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bar. Şolar tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etmelidir.

Jenap Jon MakGregor hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine berýän ünsi üçin hoşallyk bildirip hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde ýurdumyzda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, öz tarapyndan birek-birege hormat goýmak we uzak möhletleýin ýörelgeler esasynda guralýan köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynandyrdy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30933?type=feed

09.06.2021
Milli ykdysadyýetiň ösüşi

Häzirki döwürde ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Önümçilige döwrüň ösen öňdebaryjy tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu ugurdaky tagallalar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmagyň we internet ulgamyny ösdürmegiň hasabyna ekologiýa taýdan arassa önümçiligi guramak ýaly geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçiliklere ýol açýar.

Sanly ykdysadyýetiň ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işine giňden aralaşmagy bilen, işçileriň täzeçe usullar, ugurlar boýunça mümkinçilikleri, hukuklary giňeldilýär. Şoňa görä-de, ähli ýerde işgärleri okatmak we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy ýola goýmak işleri netijeli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, zähmet goruny häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biri bolan hünär bilimi esasy çeşme hasaplanyp, ýurdumyzda bu ulgamyň netijeli hereket etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe barýan, durmuş-ykdysady taýdan özgerýän we sazlaşykly ösýän ýurdumyzda kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri giňişleýin durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli pudaklarynda hünärlere degişli täze tehnologiýalaryň, usullaryň üsti bilen dürli ugurlardaky hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Her bir kärhanada bu çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär, zähmeti goramagyň talaplarynyň talabalaýyk üpjün edilmegine, işgärleriň saglygyny goramaga ýardam edýär.

Kärhanalaryň sanlylaşdyrylmagy bilen täze bazar ykdysady mümkinçiliklerine ýol açylýar. Sanly ulgama geçmek bilen önümçilik awtomatlaşdyrylan usulda hereket edýär. Şeýlelikde, kärhana amala aşyrýan işini, amallaryny tiz ýerine ýetirýär. Ýeňilleşdirilen we tizleşdirilen şeýle amallaryň kömegi bilen çykdajylaryň azalmagy we işgärleriň hünär taýýarlygynyň ýokarlanmagy gazanylýar. Şol bir wagtda edara-kärhanalaryň sanly tehnologiýalara geçmegi bilen, onuň ähli işine gözegçiligi saklamak ýola goýulýar hem-de zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda sanly ulgamyň dürli görnüşdäki ugurlaryna birikme usuly, elektron gory bolup hyzmat edýär.

Sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ykdysadyýetiň, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň esasynda ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegini üpjün edýär. Ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde täze wezipeleri açýar.

Milli Liderimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri bu gün ähli halkymyz we umumadamzat üçin bähbitlidir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri, parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen parasatly başlangyçlary rowaç bolsun!

Oguldurdy DERÝAGULYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30892

09.06.2021
Sanly resminama ulgamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň we internet web-saýtlarynyň döredilmegi hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar toplumy kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» hem tassyklandy. Şol Resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ösüşiň täze mümkinçilikleri döredilýär.

Häzirki döwürde sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Sanly elektron resminama dolanyşygy ýurdumyzyň ministrliklerinde, bank ulgamynda, pudak edaralarynda we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarynda maglumat alyş-çalşygyny döwrebap guramagyň esasynda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Sanly elektron resminama dolanyşygy gurnalanda ulanylýan programma, tehniki üpjünçiliklere we beýleki tehniki serişdelere, enjamlara aýratyn ünsüň berilmegi wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Sebäbi gurnaljak tehniki serişdeleriň, enjamlaryň we olarda ulanyljak programma üpjünçilikleriniň kiberhowpsuzlygyň talaplaryny berk berjaý etmegi döwrüň öňe çykaran zerurlygydyr we munda ulanylýan programma üpjünçilikleriniň ählitaraplaýyn goragly bolmagy wajyp hasaplanylýar.

Sanly elektron resminamanyň düzülişini anyklamaga mümkinçilik berýän usulda we görnüşde döredilmegi, peýdalanylmagy hem-de kabul edilmegi üçin düşnükli görnüşde bolmagy hökmany ýagdaýdyr.

Milli ykdysadyýetimiziň edara-kärhanalarynda we guramalarynda döwrebap sanly elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy bilen, sanly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Sanly ulgam arkaly işleriň alnyp barylmagy we durmuşa ornaşdyrylmagy hem-de bu ugurlarda dünýä tejribesinde gazanylan oňyn netijeleriň peýdalanylmagy geljekki strategik ugurlaryň biridir.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Jennet GULAJOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30917

09.06.2021
Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ajaýyp wakanyň hormatyna geçirilen maslahat

2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynda maliýe, ykdysady we bank toplumynyň guramagynda — Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet muzeýine gowşurylmagyna bagyşlanan “El hünäri ýörelge, ulus ile görelde” atly maslahat geçirildi.
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan bu çärä maliýe, ykdysadyýet bank toplumynda zähmet çekýän zenanlar we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly şu ýylyň 18-nji maýynda «Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we döwlet baýdagynyň bellenilýän güni» hormatly Prezidentimiziň käbesiniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň

Prezidentiniň muzeýine gowşuryldy.
1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte “gyýak”, “okgözi”, “içýan agyz”, “tazy guýruk” nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda “1971 ýyl” diýen iňňe bilen ýerine ýetirilen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp tikipdir hem-de kürtäni 20 günüň içinde taýýarlapdyr.
Mundan başga-da, Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe gowşuryldy. Bu jorap ussatlyk bilen örülipdir, oňa hem öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr. Şeýle nepis el işleriniň bu ajaýyp zenan tarapyndan ýerine ýetirilmegi onuň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden habar berýär.
Ýarym asyr mundan ozal ýerine ýetirilen bu ajaýyp el işlerini muzeýe gowşurmak dabarasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabat gelmegi halkymyzyň durmuşynyň onuň milli mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyň görkezmek bilen birlikde, Watanymyzyň döwletlilik binýadyny hem özünde jemleýändigini subut edýär.


Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynda geçirilen maslahatda çykyş edenler Ogulabat ejäniň bejeren bu kürtesiniň üstünden ýarym asyr geçse-de, onuň özüniň asyl nusgasyny saklap galandygyny belläp, reňkleriniň ýitiligini, nagyşlarynyň nepisligini, özüniň ajaýyplygyny ýitirmändigi bilen biziň günlerimize çenli saklanyp galmagynyň bu kürtä Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdirendigini, el işlerinden ussatlyk bilen baş çykarýandygyny, millilige aňryýany bilen düşünýändigini görkezýändigini, munuň bolsa ähli türkmen gelin-gyzlaryna nusga alarlykdygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynda geçirilen bu günki ajaýyp waka mynasybetli görnükli estrada aýdymçylary, bagşylar, belli aýdym-saz we tans döredijilik toparlary joşgunly çykyşlaryny tomaşaçylara ýetirdiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän joşgunly çykyşlara giň orun berildi. Aýdym-sazlaryň owazy ajaýyp maslahat mynasybetli guralan dabara utgaşyp, oňa baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Milli däp-dessurlarymyzy, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärini, asylly edep-ekramyny wasp edýän aýdymlar çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Maslahatyň ahyrynda milli mirasymyzy gorap saklamakda nesillere nusgalyk görelde mekdebi bolýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe
 we ykdysadyýet ministrligi 


08.06.2021
Energiýa ulgamynyň kuwwatlyklary artdyrylýar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy aprelinde Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilmegini gazanmak hem-de öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady. Elektrik energetikasy pudagynyň düzümini giňeltmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi babatda göz öňünde tutulan meýilnamalaryňdyr maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň berk gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletimizde gaz turbinaly elektrik beketleriniň gurulmagy ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatyny artdyrmaga, sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini düýpgöter gowulandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny we ugurlaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak hem-de elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, güýjenmesi 500 kW «Kerki» podstansiýasy gurlup işe girizildi, güýjenmeleri 220 kW bolan «Watan» we «Farap» elektrik beketleriniň durky täzelendi, Mary DES-niň güýjenmesi 500 kW açyk paýlaýjy gurluşyndan «Kerki» podstansiýasyna çenli 500 kW, «Kerki» podstansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli 500 kW ýokary woltly howa elektrik geçirijileri guruldy, Mary DES-de güýjenmesi 500 kW bolan açyk paýlaýjy gurluşyň durky täzelendi. Ýokary woltly elektrik geçirijileriň we elektrik beketleriniň gurlup işe girizilmegi elektrik energiýasy iberilende ýitgileri ep-esli azaldýar. Bu bolsa ýurdumyzyň energoulgamynyň ähli böleklerini özara ätiýaçlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan parahatçylykly durmuşy pugtalandyrmakda doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn, şol sanda energetika babatda ýardam berip gelýär. Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçirijileriniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ulgamlar goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. 2018-nji ýylyň tomsunda kuwwaty sagatda 100 MWt-a barabar bolan Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Netijede, türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy. Şonuň çäklerinde, türkmen hünärmenleri elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda elektrik bekedini hem-de umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamy gurdular.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň Teswirnamasyna laýyklykda, 2018 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistandan elektrik energiýasyny ibermek we şol döwürde eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi we täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana iberiljek elektrik energiýasynyň mukdary kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda, Hyradyň we Kandagaryň her birine 300 MWt (jemi 600 MWt) elektrik energiýasy iberiler.

2018-nji ýylda Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz turbinaly täze elektrik bekedi gurlup ulanylmaga berildi. Utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz turbinaly elektrik bekedinde «General Electric» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan dört sany gaz we iki sany bug turbinalary arkaly elektrik energiýasy öndürilýär. Öndürilen elektrik energiýasy 220 kW hem-de 500 kW güýjenmeli açyk paýlaýjy gurluşlar arkaly Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna berilýär.

Bu stansiýa döwrebap inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň hataryna girýär. Desganyň döwrebaplygy, ykdysady taýdan netijelidigi hem-de ekologiýa taýdan howpsuzdygy Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň, «Max Plank» energiýa institutynyň, Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň güwänamalary bilen tassyklandy.

Elektrik stansiýasynyň peýdaly täsir koeffisienti 57 göterim bolup, ol ýönekeý dolanyşykda işleýän desgalaryňka garanyňda, 22 göterim artykdyr. Bu döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen, her ýylda 1 milliard 100 million kub metr tebigy gaz tygşytlanýar. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanylyşy ep-esli azalýar, atmosfera gidýän zyýanly zyňyndylaryň möçberi 2-3 esse peselýär.

Hormatly Prezidentimiziň energetika pudagyny ösdürmek boýunça kabul eden konsepsiýalaryna laýyklykda, Lebap welaýatynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasy, ýagny Çärjew etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek, kuwwaty 432 MWt boljak gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasy «Sumitomo Corporation» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Elektrik stansiýasynyň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 MWt-a barabar bolan gaz turbinaly desgalaryň üçüsini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu enjamlar dünýäde meşhur «Mitsubishi Hitachi Power Systems» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanandyr.

Bu düzüm üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, 2015-2016-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy hünäri, şeýle-de energetika pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň täze tehnologiýalary öwrenmekleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti açyldy. Bu ugurlar boýunça döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikler döredildi. Ýeri gelende bellesek, institutyň elektrik stansiýalary kafedrasynda «Mark 6 E simulýator» enjamynyň kömegi bilen tejribe geçmek arkaly ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän gaz turbinaly desgalary iş wagtynda dolandyrmagyň mümkinçilikleri düýpli öwrenilýär.

Ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak babatda uly tagallary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Şanazar ALLAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň elektrik stansiýalary kafedrasynyň müdiri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30872

08.06.2021