Öz bilim-düşünjesini artdyrmak bilen, Berdimuhamet köp okaýardy. Çeper eserlerden, aýratyn hem türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi onuň ruhy başdan geçirmelerine saz gelýärdi. Şahyryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýärdi. Olary okuwçylara, obadaşlaryna okap, aýdyp bererdi.
* * *
Häzir bolsa — frontda ol özüne iň ýakyn bolan, ýöne şu pursat özünden gaty uzakda bolan dogan-garyndaşlaryny ýatlady. «Gadryň bilen ülpetiňden aýrylma» diýip, Magtymguly nähili rast aýdypdyr!..
* * *
Berdimuhamet mugallym beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma» diýen dana sözlerini ýatsa-tursa ýadyndan çykaranok. Şonuň üçin-de okuw prosesinde mugallymyň çekýän zähmetine şeýle uly ähmiýet berýär.
* * *
... Anna aganyň «Akyl-paýhas sandyklary» hazynasy, Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgy setirleri oňa diýseň täsirli, ynandyryjy çykyş etmäge mümkinçilik beripdi. Ol hemmelerde uly täsir galdyrdy.
* * *
...1948-nji ýylyň 5-nji oktýabry Berdimuhamet mugallym üçin adaty iş günüdi. Bu gün ol okuwçylara Magtymgulynyň döredijiliginde Watan, il-gün, mertlik, gahrymançylyk ýaly ynsanyň ahlak esaslarynyň beýan edilişi barada düzme ýazdyrdy.
* * *
Berdimuhamet Magtymguly Pyragynyň: «Älem içre adam galmaz, at gezer» diýen sözlerini hemişe ýatda saklardy.
«Götermese döwlet guşy,
Uçup bolmaz per biläni.»
Türkmen nähili çykgynsyz ýagdaý bolanda-da, «ölüm» sözüni agzamazlyga çalyşýar. Magtymguly atamyz bu pähimi has ýönekeýleşdiripdir: «Goç ýigide toýdur-baýram, her iş gelse il biläni». «Her iş» sözüniň nämeleri aňladýandygyny aňýansyňyz.
* * *
...Obanyň ähli adamlaryny çagyrarys. Adamlara palaw çekerin, çaý çekerin. Eger isleseler, Magtymgulynyň goşgularyndan okap bererin. Goý, adamlar şatlansynlar.
* * *
Mälikgula doganlarynyň syrly ýylgyryşmalary, Magtymgulynyň «Gözel sen» atly goşgusyny içerini ýaňlandyryp okamaklarynyň hikmeti düşnükli boldy.
* * *
...Sen Magtymguludan bir goşgy bilýän bolsaň, Mälikguly
Magtymguludan otuz-kyrk goşgyny ýatdan bilýär.
* * *
...Ýok-la, men şahyr däl. Kakam: «Magtymguludan soň türkmende men şahyr diýip öňe çykmak örän kyn düşer. Onuň üçin Hudaý tarapyn bir halatly bolmaly» diýdi.
* * *
Mälikguly Nikolaýyň raýondan çykyp gidendigine biçak gynandy. Hyýalynda ol Nikolaý bilen köp-köp söhbet edipdi. Oňa Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan okap bermekçidi. Ony gaýdyp görmejekdigine biçak gynandy.
* * *
Magtymgulynyň «Ýeldim tutuny», näme, unutdyňmy? Kakama ejizligiňi duýduryp bolmaz. Ejizlemek hem bolmaz.
* * *
Sen gaýrat edip, bulara Magtymguly atamyzyň «Ýeldim tutuny», gaýrat et-de, okap ber. Goý, bular nähili ýaşamalydygyny bilsinler.
Magtymguly PYRAGY
ZOR BOLAR
Ýagşylykda ile özün tanydan —
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.
Ýaman bolup, ýagşylygy unudan —
Öz yzzatyn gidir, itden hor bolar.
Melul bolar myradyna ýetmedik,
Müýnli bolar Hak emrini tutmadyk,
Öz ryzkyna hiç kanagat etmedik,
Gözün diker, kişi aşyna zar bolar.
Her kim ýamanlasa deňi-duşuny,
Özi müşgil eder asan işini,
Kim dargatsa akyl bilen huşuny,
Eder işin bilmez, şermisar bolar.
Zehini keç bolar bady ýaňylan,
Biygtyýar bolar goly daňylan,
Göreşde ýykylan, jeňde ýeňilen,
Içi doly namys bilen ar bolar.
Gaýraty kem bolar gahary azyň,
Depgini pes bolar matamda sazyň,
Öýüne barsaňyz bir binyýazyň,
Göwresi gysylar, köňli dar bolar.
Kim belany satyn alsa başyna,
Reşk edip, rakyplar geçer daşyna,
Tokuş etse kim başarmaz işine,
Söwdasyndan gelebilse, är bolar.
Soňun toba etmez ýaňylyp-ýazan,
Ot ýaksaň gaýnamaz bir gury gazan,
Pähm ediň, her ýerde bir päli azan,
Ýowuz musallata sezewar bolar.
Hazana dönüpdir ömrüm ter güli,
Nazaryn pes tutar ilden, bergili,
Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli,
Uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar.
Öňde, yzda görseň her kes gulamyn,
Ondan aýamagyn Taňry salamyn,
Kim okap unutsa Hakyň Kelamyn,
Kyýamat gün iki gözi kör bolar.
Haly müşgil bolar köýüp-ýananyň,
Imany şikest tapar haram iýeniň,
Kastdan roza, namazyny goýanyň,
Özi kapyr, biliň, jaýy dar bolar.
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32612
AŞGABAT, 24-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Onlaýn görnüşde geçirilen çärä Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Galli, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tanyşdyrylyş dabarasyna Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Wiçensa şäheriniň meri Françesko Rukko gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerini, taryhy we medeni gymmatlyklaryny, gadymy rowaýatlaryň mazmunyny açyp görkezýän, biziň günlerimize gelip ýeten nakyllardan we paýhasly jümlelerden ybarat meşhur filosofik-edebi eseriniň ähmiýetini bellediler.
Milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bilen, ol köp sanly daşary ýurtly okyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolýar. Azerbaýjan, gruzin, rus, türk, hytaý, ukrain, fransuz we ýapon dillerine terjime edilen neşirleriň üsti italýan diline terjime edilen neşir bilen ýetirildi. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň halkymyzyň baý taryhyna we medeniýetine uly gyzyklanma bildirýändigini alamatlandyrýar.
Kitabyň girişinde bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesiniň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eserinde türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak sütünleri baradaky gymmatly maglumatlaryň jemlenendigi, bu kitabyň milletimiziň medeni mirasynyň dowamatlygyny gorap saklamaga hem-de giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigi baradaky pikiri beýan etdiler. Islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan öçmejek umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda has aýdyň ýüze çykýar. Biziň halkymyza asyllylyk, edeplilik, myhmansöýerlik, dostluk, agzybirlik we jebislik ýaly häsiýetler mahsusdyr.
Bellenilişi ýaly, italýan okyjylary türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, durmuş filosofiýasy, däp-dessurlary, parasatly öwüt-ündewleri baradaky öz garaýyşlaryny giňeltmäge ýene bir ajaýyp mümkinçilige eýe boldular. Bu bolsa netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berer.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32522
Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidentine özüniň mähirli sözlerini aýdyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, köpasyrlyk dostluk däplerine, iki halky baglanyşdyrýan taryhy we medeni umumylyga esaslanýandygyny belledi. Birek-birege bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi, şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakynlygy iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýedigi, munuň bolsa möhüm pudaklardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz senagatyndaky gatnaşyklaryň geljegi we bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda deňiz käni bilen baglanyşykly meseleler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi. Häzirki döwürde şu resminamanyň çäklerinde degişli ikitaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar.
Bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazar deňzinde energetika babatda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek nukdaýnazaryndan ähmiýetli waka öwrüldi. Mundan başga-da bilelikdäki iş üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar hem-de bu sebite uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça şertler döredilýär.
Ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribeleri, ýokary tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine uly üns berýän ýurdumyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýokary depginlerde ösýändigini, bu ugurda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu bolsa iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikdäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin oňyn binýat bolup hyzmat edýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32526?type=feed
Ozal habar berlişi ýaly, 23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda Kerkiniň Halkara howa menziline dört harply UTAE kodunyň berlendigi baradaky ICAO-nyň resminamasy hem-de Mýunheniň Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülere laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy gowşuryldy.
ICAO-nyň indeksi howa gullugynyň ýerleşýän ýerini görkezýär, ol bellenilen çäkleriň arasyndaky aragatnaşygy düzgünleşdirýär hem-de aeronawigasiýanyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini hem-de tygşytlylygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.
Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan Halkara raýat awiasiýasy hakyndaky Konwensiýanyň (Çikago konwensiýasy, 1944) 14-nji goşundysy esasynda berlen laýyklyk güwänamasy meýilnamalaşdyrmak, taslamalaşdyrmak, olaryň fiziki häsiýetnamalaryna, howa menzilleriniň ulanylmagyna, oňa tehniki taýdan hyzmat etmäge bildirilýän talaplar, şeýle hem peýdalanylýan gonuş, nawigasiýa, meteorologiýa, yşyklandyryş-habar beriş ulgamlarynyň, beýleki zerur ulgamlaryň halkara kadalara we ülňülere laýyk gelýändigini tassyklaýar.
Bu desganyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy Garaşsyz Watanymyza ýokary sylag-hormatyň, milli Liderimiziň sebit we yklym derejesinde ulag geçelgelerini döretmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlarynyň goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Howa ulaglarynyň Halkara assosiasiýasynyň (IATA) Türkiýe, Merkezi Aziýa we Azerbaýjan boýunça sebit menejeri Funda Çalyşyr, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) Aeronawigasiýa býurosynyň monitoring we gözegçilik boýunça direktorynyň orunbasary Denis Gindon, Mýunheniň Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktory Ralf Gaffal bar. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Kerki şäherindäki Halkara howa menziliniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, täze howa menziliniň howa ulag ulgamynyň mundan beýläk hem howpsuz, ygtybarly we durnukly ösüşine uly goşant boljakdygyny bellediler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe awiasiýa pudagynda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk degişli halkara şertnamalaryň we konwensiýalaryň esasynda ösdürilýär.
Türkmenistan Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň, Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasy bolmak bilen, dünýäniň 50-den gowrak ýurdy bilen, şeýle hem Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy bilen ylalaşyklara goşulyp, Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça agentligi bilen (EASA) ýakyn gatnaşyklary saklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady ýyl-ýyldan içerki we halkara ugurlarda täze ýolagçy hem-de ýük uçarlary bilen berkidilýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda ulanylmaga berlen täze howa menzili döwrebap üstaşyr-ulag düzümini kemala getirmekde möhüm halka bolup, Ýewropa hem-de Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady, söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze, ýokary derejelere çykarmaga mümkinçilik döreder, sebit we halkara ulag gatnawlary üçin giň şertleri açar.
Häzirki döwürde Türkmenistanda döwrüň talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelýän ýerüsti düzüm döredilýär. Şolaryň hatarynda dürli görnüşli howa gämilerini kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolaklary, iň täze tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan howa menzilleriniň toplumlary bar. Uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň howa menzillerinde “Thales” fransuz kompaniýasynyň öňdebaryjy radionawigasiýa enjamlary ornaşdyryldy.
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen, sebitiň möhüm ulag halkasyna hem-de iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Möhüm başlangyçlary öňe sürýän hem-de olary amala aşyrmakda anyk işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasaty netijesinde bu wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Aşgabadyň döwrebap Halkara howa menzili bu ugurda alnyp barylýan ägirt uly işleriň aýdyň mysalydyr. Bu desga Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi” bolup, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkeze öwrüldi.
Bu ulgamyň düzümine Mary, Daşoguz, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki howa menzilleri girýär. Bularyň hemmesi hem degişli halkara laýyklyk güwänamalary bilen bellenendir, olar ähli görnüşdäki we ýük göterijilikdäki uçarlary kabul etmäge ukyplydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanda raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, howa menzillerinde öňdebaryjy usullary ulanmaga gönükdirilen anyk işler alnyp barylýar.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32521
Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Her bir adam gündelik durmuşda ykdysady meseleler bilen meşgullanmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetçiler tarapyndan ulanylýan adalgalary peýdalanýar hem-de ykdysady ulgama degişli bolan maddy gymmatlyklary döredýär we sarp edýär. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär.
Hormatly Prezidentimiz durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň wezipesini şeýle beýan edýär:
— döwlet raýatlaryň mynasyp we howpsuz ýaşaýşynyň kepili bolup durýar;
— döwlet durnuklylygy we ähli ýagdaýlaryň hukuga laýyklygyny üpjün etmek maksady bilen, bazar ykdysadyýetiniň dolandyrylyşyny öz eline alýar, olar öz nobatynda durmuş institutlaryna täsir edýärler.
Bu gün adamzat jemgyýeti özüniň ösüşiniň täze döwrüne sanly ykdysadyýete geçmek basgançagyna gadam goýdy. Sanly ulgama geçilýän döwürde kompýuter tehnikasynyň we telearagatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen ykdysady pudaga degişli maglumatlary ýygnamak, seljermek, ulanmak we ýaýratmak has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Maglumatlary awtomatik şekilde ýygnamak, bir ýerden başga bir ýere geçirmek, seljermek hem-de saklamak ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçiligiň ösmegine mümkinçilik berýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täsiri netijesinde täze-täze ykdysady gyzyklanmalar döreýär.
Sanly ykdysadyýet adamyň, ilatyň ýaşamagy üçin zerur bolan harytlary we hyzmatlary öndürýän toplum ýa-da ulgam bolup çykyş edýän haýsy-da bolsa bir kiberfiziki ulgamdyr. Başgaça aýdanyňda, sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary tarapyndan üpjün edilýän ykdysady işjeňligiň, söwda amallarynyň we hünär aragatnaşyklarynyň bütindünýä ulgamydyr. Gysgaça ol sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýet diýlip hem düşündirilýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 –– 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
«Innowasiýa» adalgasy «innovate» diýen iňlis sözünden gelip çykýar, ol «düýpli üýtgetmek, täzelemek, düýpgöter döwrebaplaşdyrmak» diýen manyny berýär. Şeýlelikde, innowasion işläp taýýarlamalaryň düýp manysy garalýan ugurda düýpli täzeçillikleri ornaşdyrmagy ýa-da düýpgöter täzelemegi aňladýar.
Käbir ylmy maglumatlara görä «Innowasiýa» adalgasy XIX asyrda döräp, ol ilki medeniýetdäki üýtgeşmeler üçin ulanylypdyr. Ykdysadyýet ylmyna «Innowasiýa» adalgasy XX asyrda giripdir. Innowasion ykdysadyýetiň nazaryýeti bolsa Ýozef Şumpeter tarapyndan XX asyryň başyna esaslandyrylýar. Ýozef Şumpeteriň 1911-nji ýylda neşir edilen «Ykdysady ösüşiň nazaryýeti» atly kitabynda innowasiýanyň täze önümi öndürmek; önümçilige täze usuly girizmek; täze bazary döretmek; çig malyň ýa-da ýarym fabrikatlaryň täze çeşmelerini özleşdirmek; önümçiligi dolandyrmagyň gurluşyny täzeden guramak ýaly ýüze çykmalar barada maglumat berilýär.
Innowasion ykdysadyýet innowasiýalaryň köplügine, yzygiderli tehnologik kämillige, önümçilikde we eksportda ösen tehnologiýalara esaslanýar. Oňa başgaça intellektual ykdysadyýet hem diýilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşinde girdeji alymlaryň akyl-paýhasy arkaly gazanylýar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan innowasiýalar syýasatynyň kuwwatly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek, bu ugurda ynamly üstünlik gazanmagyň ilkinji hem binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekildi. Kanun ýurdumyzda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Prezident Maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň we milli baýlyklarymyzyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetirilmegini gazanmakdan ybaratdyr.
Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, olaryň häzirkizaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak üçin ýurdumyzda yzygiderli döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylym-bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ylym-bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän, döwrüň ösen tehniki mümkinçiliklerinden baş çykarýan, täzeçe, döredijilikli pikirlenmegi başarýan hünärmenler ýetişdirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysadyýetimiziň ylmy esasda ösdürilmegi babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän düýpli ylmy-amaly barlaglar ýerine ýetirilýär, täze innowasion tehnologiýalar döredilýär.
Güýçmyrat SOLTANMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32393
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda beýik özgertmeler durmuşa geçirilip, ägirt uly netijeler gazanylýar. Geçirilýän taryhy ähmiýetli işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar.Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary, öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni hem geljegi baradaky düýpli aladalary durýar.
Täze taryhy döwürde ýangyç-energetika toplumy has-da uly ösüşlere eýe bolup, ýurdumyzyň öňdebaryjy pudaklarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap we talaba laýyk kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle hem milli Liderimiziň ählumumy energiýa howpsuzlygy üpjün etmek boýunça yzygiderli öňe sürýän netijeli başlangyçlary, olary üstünlikli amala aşyrmak ugrundaky tagallalary, ýangyç-energetika toplumynyň, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, ýurdumyzda maýa goýumlary boýunça oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi hem-de munuň halkara düzgünlerine laýyk gelýän milli kanunçylyk we anyk taslamalar arkaly berkidilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
«Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ylmy barlaglar we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna we meýilnamasyna laýyklykda işlenip düzüldi. Döwlet Maksatnamasynyň esasy wezipesi Türkmenistanyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin energetika pudagynyň mümkinçilikleriniň we tebigy energiýa serişdeleriniň ýokary derejede netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden, Türkmenistanyň ýangyç balansynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we adaty bolmadyk çeşmeleriniň, ýangyjyň saýlanyp alynýan görnüşleriniň we ikilenji energetiki serişdeleriň paýyny artdyrmakdan, energetiki serişdeleriň peýdalanyş ýagdaýlarynda ilatyň saglygyna we ýaşaýyş-durmuşyna hem-de daşky gurşawa howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň howa we geografiki şertleri ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini döwrebap peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu, ylaýta-da, oba ilatyny we medeni zolakdan uzakdaky ýerleriň energoüpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam edýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň bir görnüşi hem Gün energiýasy hasaplanýar. Türkmenistanyň howa we geografiki şertleri Gün energiýasyny almaga, ony elektrik we ýylylyk energiýasy üçin senagat çäklerinde işjeň peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýeliň, geotermal suwlaryň energiýalaryny, bioýangyç energiýasyny peýdalanmak hem göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi dünýä we sebit energetika ulgamynda ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu transmilli gaz geçirijisi Türkmenistanyň eksport kuwwatlylygyny has-da artdyrmaga, sebitde energohowpsuzlygyň üpjün edilmegine we ykdysady durnuklylygyň ýokarlanmagyna, söwdanyň, maýa goýumyň ösmegine, täze iş ýerleriniň döredilmegine, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda täze belent derejelere çykylmagyna uly itergi berer. Bu transmilli gaz geçirijisi döwletimiziň tebigy gazy daşary ýurtly sarp edijilere satmak mümkinçiligini her ýylda 33 milliard kub metr artdyrmak bilen bir hatarda, sebitdäki döwletleriň energiýa üpjünçilik derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň geografik taýdan Ýewropa bilen Aziýa yklymlarynyň arasyndaky ägirt uly ulag geçelgesiniň merkezinde ýerleşmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady we söwda hyzmatdaşlyklaryny işjeňleşdirmäge, hil taýdan has ýokary derejelere çykarmaga, geljegi möhüm ähmiýetli täze halkara we sebitleýin taslamalara badalga bermäge oňyn şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň esasy maksady Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmek arkaly diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä energetika ulgamynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyz sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekden ötri gaz geçirijileriň infrastrukturasyny yzygiderli ösdürýär, turba geçirijiler ulgamynyň köpugurly ösen toruny döretmek arkaly energogöterijileri dünýä bazarlaryna ibermegiň gerimini giňeldýär.
2017-nji ýylyň 28 — 29-njy noýabrynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat şäherinde geçirilen maslahatynyň 28-nji mejlisinde hem Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň möhüm ähmiýetli başlangyçlary netijesinde kemala gelen energetika diplomatiýasynyň dünýä işewürliginiň we bilermenler toparlarynyň arasynda uly gyzyklanma hem-de seslenme döredýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň ählumumy we üznüksiz energetika howpsuzlygynyň bütin dünýäde ýola goýulmagy babatdaky başlangyçlary, ylmy garaýyşlary biragyzdan makullanyldy. Türkmenistanyň dünýäde uly gyzyklanma döredýän energiýa serişdelerini tygşytlamak, onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak, energetika pudagynyň ekologiýa meselelerine aýawly hem-de uzak geljegi göz öňüne tutup çemeleşmek, tebigy gurşawy gorap saklamak, bu pudaga innowasion tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak baradaky başlangyçlary babatda pikir alşyldy.
Biz merdana halkymyzy asuda ýurdumyzda bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin gije-gündiz alada edýän mähriban Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
Gözel GUTLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32395
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy
Lebap welaýaty, 23-nji iýun (TDH). Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlanan konsert hem boldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze howa menziliniň ulanylmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.
Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Kerki şäheri Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň senagat hem ulag düzümleriniň işjeň kemala gelýän merkezleriniň biridir. Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistany Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň söwda hem-de medeni ýollaryny baglanyşdyran “ýedi ýoluň çatrygy” diýip atlandyrypdyrlar. Ýurdumyzyň çäklerinden adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly orun eýelän Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Şoňa görä-de, döwrebap transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzir ady rowaýata öwrülen bu ýoly täze görnüşde gaýtadan dikeldýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä jemgyýetçiliginiň ykraryna we goldawyna eýe bolýan netijeli başlangyçlary sebit we ählumumy derejede abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak ugrunda ýurdumyzyň örän uly ulag-üstaşyr kuwwatyny amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara ölçeglere laýyk gelýän, ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan ugurdaş multimodal düzümler döredilýär. Şeýle hem raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täzeleri gurulýar. 2010-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleri ulanylmaga berildi. 2016-njy ýylda bolsa Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ine, ýene-de bir döwrebap howa menzili guruldy. Bu bolsa howa arkaly ýük we ýolagçy gatnawlaryny has-da işjeňleşdirmäge ýardam berer.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça döwrebap ulag-logistika merkezleriniň gurulmagy örän baý tebigy serişdelere eýe bolan, geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Irden milli Liderimiziň dikuçary Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde gonýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagynda dabaralaryň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Täze howa menziliniň çäklerinde uly baýramçylyk we ýokary ruhy göteriliş dabaralanýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşylaýarlar.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Laçyn” döredijilik toparynyň hem-de ýaş artistleriň joşgunly ýerine ýetiren owadan aýdym-sazly tansly çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary mübärekläp, ýörite gurnalan münbere geçýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara we watandaşlarymyza ýüzlenip, şu gün gadymy Lebap topragyda welaýatyň zähmetsöýer hem-de bagtyýar ilaty bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde birnäçe desgalaryň açyljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz hemmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dabarasy uludan tutulýan Medeniýet hepdeliginiň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň çäklerinde guralýan çärelerde halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhunyň we döredijilik güýjüniň aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady.
Biziň medeni gymmatlyklarymyz her bir türkmen üçin mukaddesdir hem-de buýsanç çeşmesidir. Türkmen tebigaty halkymyzyň ruhy dünýäsiniň gönezligidir, medeniýetimiziň we sungatymyzyň kämillik gözbaşydyr. Örküni türkmen tebigatyndan, görküni halkymyzyň döredijilik ylhamyndan alýan milli medeniýetimiziň taryhy gadymydyr we şöhratlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, artistleriniň, kitaphanadyr muzeý, kinodyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we neşirýat işgärleriniň, aýdym-saz, folklor, tans toparlarynyň döredijilik mümkinçiligini, hünär ussatlygyny açyp görkezýän, bu ugurda ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýýan sungat baýramydyr.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi hem-de täze «Aşgabat-sitiniň», ençeme täze desgalaryň düýbi tutuldy. Şu gün bolsa Lebap welaýatynda köp sanly iri desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Garaşsyz ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça döwlet syýasatymyz barha rowaçlanýar. Biz gözel Diýarymyzyň gündogar sebitiniň hem ykdysady, senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, medeniýet we beýleki ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigine buýsanýarys.
Lebaply edermen gallaçylar şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny hem abraý bilen ýerine ýetirdiler. Galla biziň baýlygymyz we berekedimizdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ajaýyp üstünlik bilen welaýatyň daýhanlaryny we ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýäris. Şu gün Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy hem munuň ýene-de bir aýdyň şaýadydyr. Täze Halkara howa menzilini «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy bina etdi. Onuň ýolagçy terminaly iki gatdan ybarat bolup, bu ýerde ähli amatly şertler döredildi.
Sebitiň iri senagat merkezleriniň biri bolan Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňelder, howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy we ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün eder, sebitde syýahatçylygy ösdürmek, goňşy döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döreder.
Şu gün Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasy açylar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Garaşsyz Watanymyzyň sebitlerinde gurulýan binalaryň daşky hem-de içki bezegleriniň her welaýatyň aýratynlygyna laýyk gelmegine uly üns berilýändigini belledi.
Ak öý bolsa döwletlilik ojagydyr. Abadançylygyň, gülläp ösüşiň we türkmen myhmansöýerliginiň nyşanydyr. Türkmenabat şäheriniň görküne görk goşýan 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy, nesip bolsa, şanly seneleriňdir toý-dabaralaryň merkezine öwrüler. Bu bina dört gatdan ybarat bolup, beýikligi 40 metre ýetýär. Onuň gatlarynda edara otaglary, giň eýwanlar, konsert zallary we beýleki otaglar bar.
Bu ýerde döwletli maslahatlarydyr şowhunly çykyşlary, şol sanda meşhur at üstündäki oýunlary guramak üçin hem şertler döredildi. Şeýle hem üç müň orunlyk sadaka jaýy guruldy.
Äpet ak öýüň şekilindäki binada milli binagärlik däpleri bilen häzirki döwrüň ösen tejribesi utgaşdyryldy. Onuň içi hem milli aýratynlyklara görä bezeldi. Hususan-da, haly gölleri, türkmeniň ak öýlerine mahsus tärimler şekillendirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekanydyr. Biziň çagalarymyz ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr we şöhrat-şanymyzdyr. Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy durmuş ulgamyna gönükdirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Şu şanly toý günlerinde Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi hem açylyp, ulanmaga berler. Goý, bu medeni-dynç alyş merkezinde şadyýan çagalarymyzyň gülki sesleri belent ýaňlansyn! Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky aladadyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Binagärlik müňýyllyklaryň ýaňy hasaplanýar. Şu ajaýyp binalar hem döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadan durmuşynyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemledi.
— Geliň, indi bolsa, bilelikde Kerki şäherindäki Halkara howa menzilini açyp, ulanmaga bereliň — diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
— Nesip bolsa, bu ýerde ilkinji gezek iň ýokary derejeli uçarlar uçup-gonup başlar, täze desga halkymyza ýokary derejede hyzmat eder.
Bagtyýar türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Bu gün hem biz goşa toýa şaýat bolýarys — diýip, milli Liderimiz aýtdy. Öý tutmak, toý tutmak — döwletlilikden nyşan. Halkymyz gelnalyjyny ýagşy niýetler, ak arzuwlar bilen ýüze sylýar.
Ine, bu ýere gelnalyjy hem gelipdir. Az salymdan laçyn nyşanly uçarlaryň biri täze gelin bilen Kerkiden Türkmenabada tarap ýola düşer. Ene-mamalarymyz türkmeniň däp-dessury esasynda uçara ak un sepip, alaja dakarlar.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylmagy, täze ulanylmaga berilýän döwletli desgalar bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bereketli türkmen topragynda şeýle toý-dabaralaryň köp bolmagyny arzuw etdi.
Dabaraly pursat ýetip gelýär: çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynda dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär — Kerki Halkara howa menzili açyldy!
Milli Liderimiz ýolagçy terminalyna girýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy howa ulaglarynyň işgärleriniň lybasyndaky çagalar joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen mähirli görşüp, howa menziliniň ugradyş zalynyň hasaba alyş bekedine gelýär.
Şu ýerde döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda Kerki Halkara howa menziliniň ilkinji ýolagçy münüş petegi hem gowşuryldy.
Howa menzili toplumy ähli ugurlar boýunça halkara ölçeglerine hem-de bildirilýän talaplara kybap gelýän ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi.
Şäheriň ýerleşýän ýagdaýyny göz öňünde tutanyňda, aýratyn-da, sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysady ösüş meýilnamalaryny we ulag taýdan özara baglanyşygynyň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, Merkezi we Günorta Aziýada täze howa menziliniň geostrategik ähmiýeti artýar. Şeýlelikde, Kerkiniň howa menzili Ýer ýüzüniň şu böleginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip, dost-doganlygyň özboluşly howa köprüsine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy boýunça bu möhüm desganyň gurluşygyny “Gündogdy” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenen täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalar we öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.
Beýikligi 31,7 metr dolandyryş diňi bolan, umumy meýdany 2 müň 221 inedördül metr ýolagçy terminalynyň binasynyň keşbinde özboluşly bezeg we inžener-tehniki çözgütler beýanyny tapdy.
Terminalyň zallarynyň beýikligi 6 metrden 9 metre çenli bolup, aýnalary tutuşlygyna ultramelewşe goraglylygyna eýedir, olaryň bezeginde ýokary hilli durnukly serişdeler ulanyldy. Binada baş girelge göz öňünde tutulyp, onda ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ilkinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, gidýän ýolagçylaryň we ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir.
Gidiş zaly 120 orna niýetlenendir. Bu ýerde enäniň we çaganyň otagy, kafeteriý we namaz okalýan otag bar. Ol üpjün etmekde dolulygyna özbaşdakdyr. Şeýlelikde, terminalda fiziki mümkinçiligi çäkli bolan adamlar bilen birlikde, ähli ýolagçylar üçin has oňaýly ýagdaýlar döredilipdir. Mümkinçiligi çäkli adamlara oňaýly rampalar we panduslar, bosagasyz geçelgeler göz öňünde tutulypdyr.
Dabaranyň barşynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşýan halkara guramalaryň we düzümleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňledi.
Ilkinji çykyş eden Howa ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA) Türkiýe, Orta Aziýa we Azerbaýjan boýunça sebitleýin menejeri Funda Çalyşyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halky bilen bu wakanyň şatlygyny paýlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hanym Funda Çalyşyr Kerkiniň Halkara howa menzilini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, IATA-nyň Türkmenistanda dünýä üçin ýene-de bir howa derwezesiniň açylmagyny mübärekleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze howa menziliniň ulag ulgamynyň mundan beýläk-de howpsuz, ygtybarly we durnukly ösmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Nygtalyşy ýaly, şu günki waka Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhynda örän möhümdir. Kerkiniň Halkara howa menziliniň açylmagynyň geljekki onýyllyklar üçin bu pudagy ösdürmegiň milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.
IATA täze howa menziliniň işinde üstünlikler arzuw edýär we Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmekde goldaw bermäge hemişe taýýardyr diýip, hanym Funda Çalyşyr sözüniň ahyrynda aýtdy hem-de ýurdumyza ýene-de bir gezek gelip görmek we döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.
Soňra Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) Aeronawigasiýa býurosynyň monitoring we gözegçilik boýunça direktorynyň orunbasary Denis Gindon çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimizi täze howa menziliniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhyndaky bu möhüm waka göni aragatnaşyk arkaly gatnaşýandygyna örän şatdygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, biziň ýurdumyz raýat awiasiýasy babatda işleri düzgünleşdirýän Halkara Çikago Konwensiýasy boýunça öz üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýetirýär, howa menzilleriniň we howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, ekipažlary we ýerüsti düzümi döretmek boýunça halkara standartlaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.
ICAO-nyň wekili bu guramanyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini we bu ugurda, şol sanda howa menzilinde ulanyş boýunça tehniki hünärmenler hem bilermenler üçin okuw maksatnamalaryny amala aşyrmaga goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.
Kerki şäherinde täze üpjünçilik enjamlary bolan howa menzili toplumynyň ulanylmaga berilmegi bu myhmansöýer welaýatdan howa arkaly daşaýyşlary ösdürmäge güýçli itergi berer.
Halkara Raýat awiasiýasy guramasy türkmen hyzmatdaşlaryna howpsuz uçuşlary, Türkmenistanyň ulag pudagynyň ykdysady taýdan durnukly ösmegini arzuw edýär diýip, jenap Denis Gindon sözüniň ahyrynda aýtdy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady.
Soňra Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktory Ralf Gaffal çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşýanlary Kerki Halkara howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy we açylmagy bilen gutlady. Munuň özi sebitde ýolagçy gatnadylmagyny we ýük daşalyşyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Jenap Ralf Gaffal göni wideoaragatnaşyk arkaly şu möhüm waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Mýunhen Halkara howa menziliniň “Türkmenhowaýollary” agentligine howa menzillerini dolandyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak, awiakompaniýalaryň marketingi, degişli hünärmenleri taýýarlamak ýaly we beýleki ugurlar boýunça strategik başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.
Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktorynyň nygtaýşy ýaly, Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň 14-nji goşundysyna laýyklykda, Kerki howa menziliniň sertifikasiýalaşdyryş standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklamak özi üçin uly hormatdyr.
Sözüniň ahyrynda jenap Ralf Gaffal Kerki Halkara howa menziliniň işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu howa menziline degişli güwänama gowşuryldy.
Şunuň bilen baglylykda, Kerki Halkara howa menziline ýerleşýän ýeriniň dört harply UTAE koduny bermek hakyndaky resminamanyň hem-de Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan berlen halkara ülňülerine esaslanyp gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çykyşlary tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dabara gatnaşyjylar “Boeing 777-200LR” kysymly täze uçaryň hem-de harby-ulag uçarynyň Kerki howa menziline gonuşyna syn etdiler.
Soňky ýyllarda iň täze uçarlaryň we dikuçarlaryň hasabyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parky yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň harby-howa güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady hem pugtalandyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Harby doktrina yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Howa gämileriniň serkerdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýärler. Milli Liderimiz hasabatlary kabul edip hem-de olary täze howa menziliniň açylmagy bilen gutlap, uçarmanlara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Howa menziliniň emeli uçuş-gonuş zolagynyň (EUGZ) häzirki zaman duýduryş, ornitologiki, radiotehniki, nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek.
Aerodromyň meýdany 42 müň 282 inedördül metre barabardyr. Bir wagtyň özünde ol duralga uly uçarlaryň 2-sini hem-de dikuçarlaryň 4-sini kabul edip bilýär. Onuň düzümine, şeýle hem halas ediş we ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy, tehniki bölüm, geçiriş nokady, ýörite awtoulaglar üçin garaž, beýleki kömekçi desgalar girýär.
Howa menziline ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy. Toplumyň düzüminde, şeýle hem menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar hem-de howa menziliniň işgärleri üçin niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bar.
Bir söz bilen aýdylanda, Kerkiniň Halkara howa menzili häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara ülňülerine, ilkinji nobatda bolsa, uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek babatdaky talaplara laýyk gelýär.
Şeýlelikde, täze howa menziliniň işläp başlamagy bilen, milli awiasiýanyň ösüşine ýene-de bir kuwwatly itergi berildi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, köptaraply döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary üçin uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz CIP zalyna barýar we şu günki waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrýar.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň zähmet toparynyň adyndan döwlet Baştutanymyza elde dokalan ajaýyp haly sowgat berildi.
Kerkiniň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäherine ugramak üçin “Boeing 777-200LR” howa gämisine bardy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz täze uçarda Kerkiden Lebap welaýatynyň merkezine ugraýan ýaş çatynjalara ak pata berdi.
Kerki — Türkmenabat ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrýan uçarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalar hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy.
Ýaş juwanlaryň ene-atalary döwlet Baştutanymyza halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Milli Liderimiz olary we ýaş çatynjalary şanly waka bilen gutlap, ýaşlara maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Uçarda ýaş çatynjalaryň durmuş toýy mynasybetli guralýan dabara dowam etdi. Asylly däbe görä, hemmelere toý sowgatlary gowşuryldy we süýji nygmatlar hem-de pişme hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz bagtyýar ýaşlaryň toýuna çagyryldy.
Uçuş mahalynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkynyň üstüni ýetiren täze uçaryň tehniki häsiýetnamalary bilen gyzyklandy. Uçarda ýolagçylar üçin has oňaýly şertler üpjün edildi.
Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelenden soň, milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalar bilen hoşlaşyp, olara ýene-de bir gezek bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şu şatlykly günüň ýaş çatynjalar hem-de olaryň ýakynlary üçin aýratyn ýatdan çykmajak waka öwrülendigi şübhesizdir.
Şol wagtda gelnalyja mahsus bolan milli dessurlar berjaý edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan giň gerimli we asylly işleriniň netijesinde, Türkmenistanda ata-babalarymyzyň parasatly däplerini, halkymyzyň ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamaga hem dowam etdirmäge uly üns berilýär. Häzirki wagtda şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi, maşgala ojaklarynyň berk bolmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň esasy bolan maşgalany goldamak Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu syýasatyň çuňňur many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda jemlenendir.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, awtoulagda howa menzilinden Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna tarap ugrady.
Hassahananyň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri mähirli mübäreklediler.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän nesil baradaky, onuň saglygy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek bilen bagly çözgüdi barada habar berdi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ýörite ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan “Tiz kömek” awtoulaglarynyň üpjünçiligi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz lukmanlaryň biri bilen bolan söhbetdeşlikde halkymyzyň, aýratyn hem ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň mundan beýläk hem döwletiň üns merkezinde boljakdygyny nygtady we lukmanlara olaryň asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ýaş nesil baradaky alada we ýurdumyzyň lukmançylygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi.
Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.
Şu gün bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar we mübärekleýärler.
Hormatly Prezidentimiz binanyň ýanyna barýar. Onuň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň birleşen döredijilik toparlarynyň köpöwüşginli sahna çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şu ýyl welaýatda däp bolan Medeniýet hepdeligi geçirilýär.
Milli Liderimiz bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we täze ajaýyp binany açýar.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýüniň” içine girýär. Şol ýerde Lebap welaýatynyň milli saz gurallary topary milli Liderimizi joşgunly çykyşlary bilen garşylaýar.
Bu ýerde giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda milli amaly-haşam sungatynyň we döredijiliginiň, halk senetleriniň önümleri görkezildi. Bu sergi türkmen halkynyň köptaraply döredijilik zehininiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz binanyň bezeginiň aýratynlyklary hem-de umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
“Türkmeniň ak öýi” ähli görkezijiler babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bina döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Desganyň bezeginde haly gölleri, türkmen ak öýlerine mahsus bolan bezeg usullary ulanyldy.
Binada dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen uly tomaşalar jaýy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde giň eýwan, iş, edara we beýleki otaglar bar.
“Türkmeniň ak öýi” uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär.
Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde pürli hem-de bezeg agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, bina barýan ýol çekildi.
“Türkmeniň ak öýi” ýurdumyzyň şähergurluşygynyň häzirki talaplaryny hem-de milli binagärligiň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly guruldy. Bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen halkynyň özüniň taryhy-medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň, döwürleriň arabaglanyşygynyň hem-de gadymdan gelýän milli däpleriň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Täze desga bilen tanşanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomaşalar jaýyna bardy. Şol ýerde bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.
“Türkmeniň ak öýünde” emele gelen ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy türkmenistanlylaryň günsaýyn rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanyna hakyky buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Bu konsert žanrlaryň hem-de çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Olarda ýurdumyzyň medeniýetiniň baý kuwwaty öz beýanyny tapdy. Çykyşlarda eziz Watanymyz hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlan milli Liderimiziň beýik işleri, mähriban topragymyzyň gözelligi, müdimi adamzat gymmatlyklary wasp edildi.
Konsert “Arkadagly ýurduň milli sungaty” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Soňra meşhur we ýaş artistler, ýurdumyzyň döredijilik toparlary aýdymlary hem-de tanslary ýerine ýetirmekde, hor we folklor sungatynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Ýurdumyzda uly hormat-sarpa mynasyp bolan bu topar onuň çäginden daşarda-da giňden meşhurdyr. “Galkynyş” topary özüniň ajaýyp çykyşlary bilen dünýäde türkmen halkynyň täsin mirasyny giňden wagyz etmäge saldamly goşant goşýar. Ajaýyp ahalteke bedewleri bolsa halkymyzyň buýsanjydyr.
Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen atçylarynyň topary abraýly halkara bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşyp, köp sanly baýraklara mynasyp boldy. “Galkynyş” topary at çapmakda, dürli we täsin tilsimleri ýerine ýetirmekde ussatlyk görkezip, daşary ýurtlaryň tomaşaçylaryny haýran galdyrdy. Toparyň daşary ýurtlarda üstünlikli çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Biziň atçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri, olaryň tomaşaçylary haýran galdyrýan ajaýyp çykyşlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň atçylyk sungatynyň gadymdan gelýän däplerini aýawly saklamaga we dowam etdirmäge, atly sporty ösdürmäge hem-de meşhur behişdi bedewleriň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga hemişe uly üns we goldaw berýändiginiň aýdyň netijesidir.
Konsert maksatnamasyna gadymy “küştdepdi” tansy hem girizildi. Bu tans täze taryhy eýýamyň döredijilik kuwwaty bilen baýlaşdyryldy. Ol döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyny alamatlandyrdy.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Alkyş Size, Arkadag!” atly aýdym ýaňlandy. Bu aýdym türkmen halkynyň özüniň milli Lideri bilen bitewüdigini aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyz deňsiz-taýsyz üstünliklere we ösüşe eýe boldy.
Konsert tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Bu ýerde milli Liderimize “Türkmeniň ak öýi” binasynyň şekili sowgat berildi.
Şu günki waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda gurlan “Türkmeniň ak öýüne” täze awtoulag serişdesini sowgat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.
Sadaka tamamlanandan soň, milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Aşgabada gaýdyp geldi.
Şeýlelikde, şu gün Lebap welaýatynda geçirilen dabaralar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysyna täze ajaýyp wakalar bolup girdi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda nobatdaky möhüm desgalaryň açylmagy eziz Watanymyzyň seçip alan parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzy şu ýol bilen ynamly öňe alyp barýar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32391?type=feed