Gündogar sebiti — özgerişler mekany

Ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynda ösüşleriň uly tapgyry amala aşyryldy. Bu ösüşleriň dowamyny ýazyp ugran «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri welaýatyň ýaşaýjylary üçin örän ýakymly wakalara beslendi. Ýylyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna möhüm iş sapary bilen geldi.

Hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmaklarynda geçirilen dabaralar teleköpri arkaly birleşdirilip, bütin dünýä ýaň saldy. Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli bolup geçen dabaralar ýurdumyzyň halkara abraýyny has belende galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çägindäki «Malaý» gaz ýatagynda kuwwaty gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan gaz gysyjy desganyň işe girizilmegine hem ak pata berdi. Bu iri taslama hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çeken Kararyna laýyklykda, buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi. Iri desganyň işe girizilmegi «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Döwrebap desga Üçajy gaz käninden, Döwletabat we Galkynyş gaz känlerinden gelýän tebigy gazyň basyşyny güýçlendirýär. Malaýdaky kuwwatly gaz gysyjy desga 2021-nji ýylda açylýan desgalaryň kerwenbaşysy boldy.

Düýn Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň şanyna welaýatyň çäginde ösüşleriniň güwäsi bolan desgalary açylyp, ulanylmaga berildi. Olaryň biri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Kerki şäherinde gurulýan döwrebap howa menzilidir. Bu möhüm desganyň ulanylmaga berilmegi içerki hem-de sebitara gatnaşyklaryň has ýygjamlaşmagyna hyzmat eder. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde gurulýan medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3000 orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy welaýat merkeziniň binagärlik düzüminiň üstüni ýetirýär.

Welaýatyň oba-şäherleri bilen bir hatarda Türkmenabat şäheri hem gülleýär, döwür bilen deň gadam urýar. Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri, köprülere barýan ýoluň ugrunda, derýanyň çep kenarynda peýda bolan «Ýüpek ýoly» binasy, Türkmenabat şäherinden Kerkä we Mara ugraýan ýollaryň çatrygyndaky «Ak ýol» binasy, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen döwrebap Halkara howa menzili göwünlere şatlyk paýlaýar. Raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem güýçli depginlerde alnyp barylýar. Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda täze şäherçe döräp barýar. Ýene-de bu ýoluň ugrunda ulanylmaga beriljek kottež we köpgatly iri panelli jaýlaryň uly toplumy bu ýerdäki ýaşaýyş jaýlarynyň üstüni ýetirer.

Şäheriň häzirki keşbinde ýaşaýjylaryň bagtly ykbaly görünýär. Şolar bilen birlikde ilatyň ýaşaýyş derejesi hem ýokarlanýar. Welaýatyň çäginde Berkarar zaman döwrebap obasy döredildi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, welaýatyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda 3500 maşgala niýetlenilen döwrebap şäherçeler gurlar. Döwrebap şäherçeleriň gurluşygy 5 ýylyň dowamynda, degişli resminamalara laýyklykda, tapgyrma-tapgyr alnyp barlar. 2024-nji ýylda şäherçelerde toýlar tutular. Welaýatyň çäginde suw arassalaýjy desgalaryň onlarçasy guruldy. Halaç etrabynyň Surh geňeşliginiň çäginde «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetine degişli keramiki önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän döwrebap kuwwatly zawod işläp başlady.

Ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň gülledip ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynda öňe sürülýän esasy wezipe bolup durýar. Welaýatyň çäginde gurluşyk kärhanalarynyň ençemesi döredilip, gurluşyk önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip başlandy. Aýratyn-da welaýatyň Köýtendag sebitinde halk hojalygyny senagatlaşdyrmak üçin uly işler alnyp barylýar. Bu işleriň rowaçlanmagyny üpjün eden Kerki — Kerkiçi demir ýol we awtomobil köprüleri Jeýhun derýasynyň iki kenaryny birleşdirdi. Tarp ýerleriň onlarça müň gektary özleşdirildi. Amyderýanyň sag kenarynda özleşdirilen ýerleriň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, Ýylgynagyzda döwrebap suw toplumy guruldy.

Garlyk şäheriniň alkymynda dag magdanlaryny baýlaşdyryjy toplum işe girizildi. Sebit mineral dökünleriň, gurluşyk önümlerini öndürmek üçin çig malyň baý mekany hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz bu baýlyklaryň halk hojalygy üçin örän ähmiýetlidigini geçen ýylyň 12-nji martynda Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň çäginde ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynyň dowamynda hem aýdyp geçipdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde sement önümçiliginiň giňeldilmeginiň has ýerine düşjekdigini belläpdi. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Lebap» sement zawodynyň kuwwaty 1 million tonna önüm öndürmäge barabar bolan ikinji tapgyrynyň gurluşygyna geçen ýylyň iýul aýynda badalga berildi. Bu ýerde ilkinji sement önümçiligi baryp 2013-nji ýylyň başynda ýola goýuldy. Eýýäm şonda Garlyk şäheriniň golaýynda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap «Lebap» sement zawody gurlup, ilkinji önümlerini — ýokary hilli M400 we M500 görnüşli portland sementini hödürläp ugrady. Zawodyň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi sebitiň hem-de tutuş ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşlerine täsirini ýetirdi. Bu ýerde iri gurluşyklaryň ýene-de birnäçesi dowam edýär.

Magdanly şäherinde ýerleşýän «Türkmenmineral» önümçilik birleşiginiň binýadynda döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek işleri alnyp barylýar. Kalsiý karbidiniň, gipsoangdrit materialynyň, döwlen kaustik dolomitiň, dürli magdan däl gurluşyk serişdeleriniň, şeýle hem himiýa senagaty üçin hlorlanan hekiň we azyklyk duzuň önümçiligi onuň esasy ugurlary bolup durýar. Magdanly gurluşyk materiallary pudaklaýyn kärhananyň binýadynda «Milli önüm» hususy kärhanasy bilen bilelikde ýylda 100 müň tonna gips, gipsiň esasynda gury gurluşyk garyndylarynyň 250 müň tonnasyny we 12 million inedördül metr gipsokarton öndürmäge niýetlenen «Hilli gurluşyk önümleri» önümçilik desgasyny açmak meýilleşdirilýär.

Magdanly gurluşyk materiallary kärhanasynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öwezini dolýan önümleriň uly topary öndürilýär. Olaryň arasynda diwar boýaglary, reňkleri, gurluşyk gipsi, üwelen kaustik dolomit ýaly önümleriň önümçiligi has giňeýär. Bu ýerde lukmançylyk gipsi hem öndürilýär. Kärhanada dürli boýaglary öndürmek üçin zerur bolan, öň daşary ýurtlardan getirilýän himiki usulda çökdürilen meliň önümçiligi hem ýola goýuldy. Kenar berkidiş işlerinde we demir ýoluň gurluşygynda ulanylýan daşlaryň hem birnäçe görnüşi öndürilýär. Tebigy baýlyklarymyzy toplumlaýyn özleşdirmek milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan himiýa industriýasynyň möhüm wezipeleriniň birine öwrülýär. Bu ugurda Köýtendagyň baýlyklary aýratyn ähmiýetlidir. Türkmenistan himiýa senagaty üçin zerur bolan mineral serişdeleriň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär.

Çig mal känlerini işläp taýýarlamagyň we olaryň binýadynda ýokary hilli hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän mineral dökünleriň önümçilikleriniň ýola goýulmagy ýurdumyz üçin bähbitlidir. Welaýatyň Köýtendag sebitinde geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde ýerasty baýlyklaryň onlarça görnüşine eýe bolan ýataklaryň birnäçesiniň üsti açyldy. Olar kükürdiň, fosfatlaryň, gipsiň, daş duzunyň, selestiniň, hekiň, polimetal magdanynyň we beýleki peýdaly baýlyklaryň birnäçe görnüşini özlerinde jemleýär. Bu ýataklar köpugurly himiýa senagatyny ösdürmek üçin esasy çig mal binýady bolup hyzmat edýär.

Himiýa pudagyny ösdürmegiň çäklerinde mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň önümçilik binýatlary emele getirildi. Täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň durkunyň täzelenilmegi bilen, önümleriň görnüşleri köpelip, olaryň hili ýokarlandy. Zawodda kükürt kislotasyny öndürýän toplum işe girizildi. Ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge barabar bolan toplum bu önüme bolan zerurlygy doly kanagatlandyrýar.

Dökünleriň önümçiligi boýunça kuwwatlyklary artdyrmak häzirki wagtda esasy ugur bolup durýar. Dökünlere barha ösýän islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, senagat düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işler garaşylýan netijeleri berýär. Zawodda kükürt kislotasyny öndürýän toplumyň ýanynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda täze kärhanalaryň ýene-de birini gurmak meýilleşdirilýär. Ol bir ýylda fosfor dökünleriniň 300 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenilen döwrebap kärhanadyr.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, himiýa kärhanasynda kükürt öndürmek bilen baglanyşykly mesele-de içgin öwrenilýär. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrjak ýene-de bir çeşmäniň peýda bolýandygyny buşlaýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň çig mal ugradyjy ýurt bolandygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine eýe bolýandygyny Lebap welaýatynyň mysalynda hem görýäris. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly goýberilýän ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri içerki bazar bilen çäklenilmän, eýsem, dünýäniň çar ýanyna eksport edilýär. Welaýatda Türkmenabadyň pamyk egriji we pagta egriji, Halajyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji, Seýdiniň pagta egriji kärhanalarynda daşary ýurtlaryň iň kämil tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Olaryň güýji bilen öndürilen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümlere ABŞ, Germaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Russiýa, Polşa, Beýik Britaniýa, Gyrgyzystan ýaly döwletlerde isleg örän ýokarydyr.

Türkmenabatdaky «Buýan» obasenagat toplumy ýurdumyzda buýan köküni we buýan köküniň önümlerini öndürýän hem-de daşary döwletlere eksport edýän ýeke-täk kärhanadyr. Buýan köküniň gaýtadan işlenilmegi esasynda alynýan goýy we gury ekstraktlary dünýä döwletleriniň onlarçasyna eksport edilýär.

Welaýatyň ykdysadyýetiniň hususy bölegini ösdürmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Welaýatda hereket edýän hususy kärhanalaryň we işewürleriň ilaty azyklyk hem-de beýleki zerur bolan önümler bilen üpjün etmekde mümkinçiliklerini has giňeldýärler. Önümleriň bolçulygynyň döremegi bilen, eksport ugry hem çalt depginlerde ösüp başlady. Hususyýetçileriň innowasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmaklary öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirdi. Häzirki wagtda lebaply işewürler dünýä bazaryna ynamly we işjeň aralaşýarlar. Dürli önümleriň, şol sanda azyklyk önümleriň daşary ýurtlara eksporty yzygiderli artýar.

Eksport edilýän önümleriň arasynda pomidora aýratyn uly ornuň berilýändigini ýyladyşhanalar toplumynyň ösdürilmegine berilýän ünsüň artmagy bilen düşündirip bolar. Diňe geçen bir ýylda 4974 tonna pomidor daşary ýurtlara eksport edildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda pomidoryň şu günlere çenli eýýäm 4700 tonnadan gowragy Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara iberildi. Munuň özi telekeçileriň daşary ýurtly işewürler bilen ykdysady gatnaşyklary berkitmekde şowly ädimleri ädýändiklerini aýdyň görkezýär. Welaýatyň oba hojalygynda hususyýetçiligiň paýy ýokarlanýar. Bu pudakda telekeçiler tarapyndan ýyladyşhanalarda zerur bolan gök we bakja önümleri ýetişdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 8-nji iýunynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň hususyýetçileriniň birnäçesine ýyladyşhana toplumlaryny döretmek üçin ýer bölekleriniň berilmegi hususyýetçileriň iş gerimlerini ýene-de giňeltdi. Häzirki wagtda welaýatda baý iş tejribelerini toplan «Ahmet-Haýdar», «Altyn bürgüt», «Altyn gül» ýaly hususy kärhanalaryň, «Bäşnur» ýaly hojalyk jemgyýetleriniň onlarçasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumlarynda ýetişdiren önümleri daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar.

Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak ýaly ugurlaryň rowaçlanmagy welaýatyň zähmet adamlarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem yhlaslarynyň ýerine düşýändigini görkezýär.

Şakir TURAÝEW,

žurnalist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32328