Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem tutumly işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap derejede enjamlaşdyrylan bu ulgama degişli edara binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi raýatlara ýokary derejeli bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge uly mümkinçilik döredýär. Netijede, ýurdumyzyň banklary bu gün öz müşderilerine amatly, tiz we ýokary hilli hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Karz edaralaryna we banklara sanly ulgamyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen, çalt depginli ykdysady ösüş peýda bolýar. Döwlet täjirçilik we paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan uzak aralykdan, ýagny menzilara bank hyzmatlaryny beriş ulgamlarynyň (MBHB) işe girizilmegi hem bu ugurda täze ädimdir. Elektron resminama dolanyşygynyň ösdürilmegi ildeşlerimize, galyberse-de, hususy telekeçilere banka gelmezden, menzilara bank hyzmatlaryny beriş ulgamy arkaly dürli hyzmatlardan ýeňillikli peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Şeýle banklaryň biri-de «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankydyr. Bu bank tarapyndan hödürlenýän «Halkbank terminal» atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam tehnologiýasy töleg terminalyny ulanmazdan, nagt däl hasaplaşygy geçirmek üçin ygtybarlydyr. Islendik haryt ýa-da hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri bu programma üpjünçiligini ykjam telefonlaryna ýükläp, diýseň tiz we amatly şertde töleg kabul edip bilýärler. Hyzmaty ykjam telefonlarda ornaşdyrylan «NFC» tehnologiýasynyň üsti bilen amala aşyryp bolýar. «Near Field Communication» iňlis dilinden terjime edilende, «galtaşyksyz aragatnaşyk» diýmegi aňladýar.
NFC — bu satyn alnan harytlar we edilen hyzmatlar üçin tiz, amatly we goragly hyzmatyň tehnologiýasydyr. Hyzmaty amala aşyrmak üçin ykjam telefona bank kartyny ýakynlaşdyrsaň bolany. Bank kartynyň 10 santimetr ýakynynda töleg amala aşyrylýar. Munuň üçin ykjam telefonda «NFC» tehnologiýasy gurnalan bolmaly. Tehnologiýanyň ösen döwründe bu programma ykjam telefonlaryň öndürijileri tarapyndan öz ýadynda hem ornaşdyrylan bolýar. Munuň üçin ykjam telefonda «Sazlamalar», «Galtaşyksyz tor» ýa-da «Birikdirilen enjamlar» «NFC» tehnologiýasyna birikdirilýär. Soňra bank kartyny degişli ykjam telefona ýakynlaşdyrmaly we programmanyň görkezmelerine laýyklykda, maglumatlary girizmeli. Haryt ýa-da hyzmat üçin edilen töleg müşderiniň bank karty birikdirilen telefon belgisine tölegiň kabul edilendigini tassyklaýan SMS habary arkaly ýerine ýetirilýär. Şunda bank karty ýörite belgi bilen kodlanýar. Mundan başga-da, müşderi tarapyndan barmak yzynyň ýa-da degişli kod belgisiniň girizilen ýagdaýynda töleg amala aşyrylýar.
«Halkbank terminal» hyzmatynda töleg terminallarynda ulanylýan ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, şeýle hyzmatyň önümçilige ornaşdyrylmagy karz edaralary, galyberse-de, hususyýetçiler, edara-kärhanalar tarapyndan söwda we hyzmat üçin töleg terminalyny ulanmazdan, nagt däl hasaplaşyk geçirmäge, degişli goşmaça çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu hyzmatyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy söwda we hyzmat ediş nokatlarynda müşderilere bökdençsiz, tiz we amatly hyzmat etmäge, şeýle-de geçirilen amallaryň taryhy bilen islendik wagt tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Aslynda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan netijeli pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy esasynda nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek arkaly raýatlara sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Şeýle hyzmatlaryň biri-de 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan durmuşymyza ornaşdyrylan «Cash back» hyzmatydyr. Bu hyzmat bank kartlaryny ulanýan müşderilere nagt däl hasaplaşyklary geçiren ýagdaýynda yzyna pul sylagy görnüşinde hasabyna gelip gowuşýar.
«Cash back» hyzmatynda pul sylagyny yzyna gaýtarmak 3 tapgyrda amala aşyrylýar. Bular dükany saýlamak, haryt ýa-da hyzmat satyn almak, pul sylagyny yzyna gaýtarmak ýaly böleklerden ybarat. Bu bank hyzmaty ýurdumyzyň döwlet we paýdarlar täjirçilik banklarynyň ähli müşderileriniň «Altyn asyr» kartlarynda, şeýle-de «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Maestro» bank kartynda hereket edýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň banklarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ulgamyň hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine ýakyndan ýardam berýär. Bu bolsa banklar tarapyndan adamlara has amatly, tiz we ýokary hilli hyzmatlary etmäge doly mümkinçilik döredýär.
Jumageldi SALAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33827
Intellektual eýeçiligiň obýektlerini hukuk taýdan goramak boýunça halkara ýörelgelere laýyk gelýän kanunçylyga esaslanýan bu ulgam senagat, ylym we awtorlyk hukugy çygrynda döwletiň üstünlikli ösüşiniň esaslarynyň biri bolup durýar. Intellektual eýeçiligi goramak çygryndaky kanunçylygyň esaslary, döwlet gullugy we hünärmenler intellektual mümkinçilikleri ösdürmäge, tehniki innowasiýalary ornaşdyrmaga, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge şert döredýär.
Milli ulgam 1993-nji ýyldan bäri hereket edýär. 2008-nji ýylda bu ugurda birnäçe täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň döredilmegi, şeýle hem 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugry ösdürmäge uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy intellektual eýeçiligiň obýektlerini döretmek, goramak we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Onda her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugynyň bardygy, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygy kesgitlenilýär.
Ykdysadyýetde we söwdada bazar gatnaşyklarynyň ösüşi, ýurduň senagat eýeçiliginiň goragy, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary ulgamynda halkara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine goşulmagy hereket edýän kanunçylygy düýpli kämilleşdirmegi talap etdi. Milli parlament tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlary intellektual eýeçilik boýunça hukuk giňişligini döretmäge mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda oýlap tapyşlary we beýleki ylmy-tehniki gazananlary peýdalanmagyň möhüm ähmiýeti, ylmyň önümçilik bilen ýakyndan arabaglanyşygyny ýola goýmagyň zerurlygy barada yzygiderli nygtalýar. Intellektual iş hem-de onuň netijelerini halk hojalygynda netijeli ornaşdyrmagyň şu we beýleki meselelerini çözmekde möhüm serişdeleriň biri-de intellektual eýeçilik hakynda kanunçylygyň kemala getirilmegi we yzygiderli kämilleşdirilmegi bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda», «Haryt nyşanlary hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Rasionalizatorçylyk işi hakynda», «Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda» we başga-da birnäçe Kanunlaryň kabul edilmegi ulgamyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge, ony halkara talaplara laýyk getirmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, ulgamyň obýektlerini goramak babatda hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek, şeýle hem bu ugry halkara kadalara laýyklykda has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň maý aýynyň 21-ine geçirilen nobatdaky mejlisinde intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekdi we onuň düzümini hem-de düzgünnamasyny tassyklady. Topar intellektual eýeçiligiň hukuklaryny goramakda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu ugurda halkara şertnamalardan gelip çykýan borçlar babatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, ynsapsyz bäsdeşligiň öňüni almak we intellektual eýeçiligiň obýektleriniň medeniýetli bazaryny döretmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirer.
Toparyň döredilmegi halkara tejribeleri göz öňünde tutmak bilen, intellektual eýeçilik ugrunda hukuk bozulmalaryň öňüniň alynmagynda hem-de hukuk eýeleriniň hukuklarynyň goralmagynda, ýurtda täze oýlap tapyşlaryň, senagat nusgalarynyň, haryt nyşanlarynyň we beýlekileriň döremegine milli haýyşnamaçylaryň höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Intellektual eýeçilik bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylygyň ähmiýeti milli ykdysadyýetde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we onuň ähli pudaklar boýunça durnukly ösüş depginleri bilen kesgitlenýär. Innowasion tehnologiýalaryň netijeli ornaşdyrylmagy oýlap tapyşlary, senagat nusgalaryny döretmekde we özleşdirmekde, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde eýeçiligiň ähli görnüşli kärhanalarynyň we guramalarynyň gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak arkaly gazanylýar. Şunda işgärleriň intellektual işini höweslendirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir.
Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredileli bäri halkara hyzmatdaşlyk babatda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi intellektual eýeçilik çygrynda halkara ulgama goşulyşmagymyza ýardam etdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz intellektual eýeçilik babatda halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň 15-siniň agzasydyr.
Halkara ylalaşyklar Garaşsyzlyk ýyllarynda milli bazara uly höwes bildirýän daşary ýurt kompaniýalary, kärhanalary ýa-da şahsy taraplar üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Daşary ýurtly haýyşnamaçylar milli ýa-da halkara hasaba alnyş arkaly, Türkmenistanyň çäginde senagat eýeçiliginiň obýektleriniň gorag hukugynyň eýeleri bolup bilerler. Halkara derejedäki hyzmatdaşlara Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy, Ýewraziýa Patent Guramasy hem-de bu ulgamda hereket edýän beýleki abraýly guramalar degişlidir. Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy we Ýewraziýa Patent Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklamak, gatnaşyklaryň örüsini giňeltmek, şeýle hem intellektual eýeçilige degişli hukuklary goramak ugrunda halkara we milli tejribe bilen tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan milli we sebitleýin okuw maslahatlary geçirilýär. Halkara guramalar we daşary ýurt döwletleriniň bilermenleri bilen guralýan maslahatlara we simpoziumlara işjeň gatnaşmak işgärleriň hünär taýýarlygyny artdyrmaga hem-de özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilik berýär.
Gysga döwrüň içinde intellektual eýeçilik çygrynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini özünde jemleýän häzirki zaman kanunçylyk esaslarynyň kemala getirilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen okgunly ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Nazarmuhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33828
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy
Aşgabat — Türkmenbaşy, 6-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Biraz salymdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Howa menzilinden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Garabogaz aýlagyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz aýlagyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsine geldi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz ulag desgasynyň ýagdaýy hem-de aýlagyň şahasy bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Bu ýol häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidir.
Garabogaz aýlagynyň himiýa senagatynda ulanylýan tebigy serişdelere baýdygyny bellemek gerek. Bu ýerde tebigy şertlerde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly duz minerallarynyň senagat möçberinde kristallaşmagy bolup geçýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele barada durup geçip, aýlagyň himiki gorlaryny we tebigy aýratynlyklaryny ylmy taýdan düýpli öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň bu ulgamda işleýän hünärmenler bilen bilelikde zerur işleri geçirmelidigini belledi we birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň we ýurdumyzyň beýleki künjekleriniň mineral hem-de çig mal serişdelerini senagat taýdan işjeň özleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, “Garabogazkarbamid” kärhanasynyň gurulmagynyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim, gazhimiýa pudagyny ösdürmekde wajyp tapgyr bolandygyny nygtady. Baý uglewodorod mineral serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde alnan gazhimiýa önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak geljek üçin esasy wezipelerdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Garabogaz aýlagynyň üstünden täze köpriniň hem-de oňa barýan ýoluň durkunyň täzelenmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini giňeltmäge hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Köprä barýan ýol ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna biriger. Bu köpri Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler.
Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tejribäniň hem-de innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň bu taslamany durmuşa geçirmekde möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulmagy, “Gündogar — Günbatar” hem-de “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça ýollaryň birleşdirilmegi, degişli düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine aýratyn üns bermek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen döwletara üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, Ýewraziýa ykdysady zolaklarynyň birleşdirilmegi Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykalgany üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli ulag birleşikleriniň umumy bähbitlerini utgaşdyrýan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa” ulag geçelgesini (TRASEKA) gurmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyny amala aşyrmagy, tutuş dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistik guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün eder. Munuň üçin ulagyň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Bu ulgamyň düzümi kämilleşdirilýär — halkara ülňülere laýyk gelýän ýokary tizlikli awtoulag ýollary çekilýär, demir ýollar, täze howa menzilleri, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Olar diňe ýurdumyzyň sebitlerini däl, eýsem, goňşy döwletleri hem baglanyşdyrýar. Ulag parkynyň üsti täze döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilýär.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit hem-de sebitara logistik ulgamlary döretmek, Merkezi Aziýa bilen Ýewropany, Hazar, Gara deňizleri, Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen bu taslamalar häzirki taryhy eýýamda döwletara söwda-ykdysady, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýolunyň gurulmagy goňşy döwletleriň tagallalarynyň üstünlikli birleşdirilmeginiň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. Bu ýol sebit we halkara ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň çägi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagynyň kadalaşdyrylmagyny üpjün edýän geografik giňişlik bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary ulag ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň ýalpaklygyndaky we kenarýaka zolagyndaky uglewodorod serişdeleriniň gorlarynda netijeli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde deňiz ýakasynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemek hem-de ondan dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri, ýagny mineral dökünleri, polimerleri, nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça zawodlar gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzini ekologik taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu sebitde gurulýan täze kärhanalaryň, senagat desgalarynyň tebigaty goramak babatdaky ölçeglere we talaplara doly laýyk gelmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Hazar sebitiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şol syýasy ugur bolsa oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.
Biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli ädimleri ätmek bilen, sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşandyny goşýar.
Türkmenistan deňizýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän anyk teklipleri yzygiderli öňe sürmek bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy serişdeler, üstaşyr ulag, energetika we senagat kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Biz mundan beýläk hem Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk deňzi hökmünde gojaman Hazaryň derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam bereris. Bu sebitiň halklaryny köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazaryň sebitleýin logistika merkezini döretmek pikirine ünsi çekdi. Bu merkez Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça (Lapis Lazuli) täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we netijeli ulanmak ulgamynda goňşy döwletleriň bilelikdäki işini utgaşdyrýan düzüm bolmalydyr.
Milli Liderimiz şeýle hem bu künjegiň tebigy baýlyklaryny, şol sanda melhemlik mineral çeşmelerini rejeli ulanmak meselelerini çözmäge hem-de sebitde syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmäge ylmy taýdan çemeleşmegi tabşyrdy. Munuň özi raýatlarymyzyň abadançylygyň bähbidine ýurdumyzyň senagat, üstaşyr ulag we syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýän Balkan welaýatynda üstaşyr ulag geçelgesiniň geçirijilik ukybynyň yzygiderli artdyrylýandygyny belläp, degişli ýolbaşçylara Jebel şäherçesiniň golaýyndaky Halkara howa menziliniň gurluşygynyň taslamasyny çalt işläp taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Milli binagärligiň däpleriniň hem-de dünýäniň bu ulgamda gazanan tejribesiniň utgaşdyrylmagy, işleriň ýokary hiliniň, bu ýerleriň ekologiýasynyň nazara alynmagy gurluşyk işlerine bildirilýän esasy talaplardyr diýip, milli Liderimiz nygtady we öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi we menziliň işi bilen tanyşdy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Halkara deňiz menzilinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz sebitiň esasy üstaşyr ulag merkezine öwrülen portuň işine dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de toplumyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly güýjünde işlemegini üpjün etmek meselelerine üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we öňde goýlan wezipeleri çözmegiň, işe hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektromobilde Halkara deňiz portunyň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady. Özüniň üstaşyr ýük geçirijiligi hem-de döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşy babatda birnäçe halkara güwänamalaryna mynasyp bolan bu toplum Türkmenistanyň yklymara ulag-logistik merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrdy. 2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ählisi üçin şanly waka öwrüldi. Onuň doly kuwwatynda işledilmegi sebitiň döwletleriniň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna okgunly goşulyşmagyna, yklymyň iri üstaşyr ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Häzirki döwürde Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini üpjün edýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzili Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagyny şertlendirýän wajyp logistik merkez bolup durýar. Menziliň umumy eýeleýän meýdany 1 million 358 müň inedördül metrden gowrakdyr. Onuň gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 500 metre deň bolup, bu ýerde birbada birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň gelmegi, gitmegi hem-de olara degişli hyzmatlaryň ýola goýulmagy üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.
Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny Ýewropa ýurtlarynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummanynyň sebitlerine çykmak üçin amatly şertleri üpjün edýär. Toplumyň düzüminde parom, ýolagçy we konteýner terminallary, şeýle hem gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary hereket edýär. Mundan başga-da bu ýerde kenar düzüminiň köp sanly desgalary guruldy.
Port düzümi ulgamynda iň gowy tejribäni özünde jemleýän Halkara deňiz menziliniň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtamalydyrys. Çünki ol möhüm ähmiýetli halkara ulag merkezi bolup durýar. Bu portuň kadaly işlemegi netijesinde, ýurdumyzyň önümleri dünýä bazarlaryna bökdençsiz iberilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ägirt uly ähmiýete eýedir.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dürli maksatly desgalarynyň gurluşygynyň depgini bilen tanyşdy.
Ýolugra milli Liderimiz häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, adamlaryň saglygyny berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi, ugurdaş desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap şypahana düzüminiň ösdürilmegine, häzirki zaman sagaldyş merkezleriniň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.
Hazaryň kenarynda gurulýan, ýedi gatdan ybarat bolan köpugurly hassahana bu ýerdäki lukmançylyk merkezleriniň üstüni ýetirer. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek işleri ýokary derejede ýola goýlar.
Täze gurulýan hassahananyň birinji gatynda kabul ediş, “Tiz kömek” bölümleri, fizioterapiýa, stomatologiýa, gemodializ, himioterapiýa otaglary bolup, olarda dürli lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar. Şeýle hem bu ýerde pediatriýa, ginekologiýa, neýrotrawmatologiýa, hirurgiýa, urologiýa, onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Hassahanada çaga dogruş bölümi, 200 orunlyk maslahatlar zaly hem ýerleşer. Täze lukmançylyk toplumy ýokary halkara ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylar.
Bu ýerde gurluşyk işleriniň tapgyrlaýyn alnyp barylmagy Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda kemala gelýän, halkara derejeli, döwrebap şypahana düzüminiň çäklerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde, bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda Hazaryň kenary tanalmaz derejede özgerdi. Häzir bu ýerde köp sanly kaşaň myhmanhanalar, çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej şäherjikleri peýda boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan täze kottejler toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanşyp, birleşmäniň ýolbaşçysyna bu desganyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler babatda nägilelik bildirdi.
Milli Liderimiz kottejlerde üpjün edilýän mümkinçilikleriň, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň, kottejleriň otaglarynyň reňkleriniň sazlaşygynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigini belläp, ýol berlen säwlikleri gysga wagtda düzetmek babatda anyk çäreleri görmegi berk talap etdi.
Adamlaryň deňziň kenarynda amatly dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine hem-de durmuş maksatly desgalaryň talabalaýyk gurulmagyna möhüm üns berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bu babatda aýdyp, gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň baş maksady ýurdumyzyň umumadamzat bähbitli tebigy aýratynlyklaryny, deňiz ýakasynyň ägirt uly dynç alyş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Munuň özi Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda dynç alyş üçin has ajaýyp şertleri döretmek meseleleriniň esasy ugur hökmünde kesgitlenendigini görkezýär.
Türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejesindäki şypahana, dynç alyş, syýahatçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edildi. Şunuň ýaly giň ugurlar deňziň kenarynda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalarda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bularyň ählisi Hazar deňziniň kenarynda dynç alýanlara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berer.
Şu gün Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägi boýunça welosipedli gezelenç etdi.
Milli Liderimiz Awazanyň syýahatçylyk we dynç alyş mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet bermelidigini belläp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmegine ünsi çekdi.
Halkara derejeli syýahatçylyk we dynç alyş zolagy hökmünde ykrar edilen Awazanyň çäklerinde amatly ekologik ýagdaýy saklamak maksady bilen, bu ýerlerde döredilýän seýilgäh zolaklarynyň çägi giňeldilmelidir. Hazaryň kenarynda oturdylan baglara we beýleki ösümliklere degişli ideg işleri yzygiderli ýola goýulmalydyr. Munuň özi adamyň saglygyna oňaýly täsir eder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen Awazanyň çägi boýunça gezelenjiniň dowamynda bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň adamlaryň amatly dynç alşynyň üpjün edilmegine, olaryň saglyklarynyň berkidilmegine gönükdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk zolagynyň täsinligini — ynsan eli bilen döredilen Awaza derýasyny synlady. Bu derýa jana şypaly deňiz howasy bilen birlikde, amatly howa ýagdaýyny we oňaýly ekologik ulgamy üpjün edip, dynç alýanlaryň sagdyn bolmagyny, özlerini oňat duýmaklaryny kepillendirýär.
Günüň ýaşýan pursatlarynda günbatarda emele gelen agşam şapagynyň öwüşgini, deňziň hem-de onuň kenar ýakalarynyň ajaýyplyklary, şeýle hem jana şypaly howasy adama oňaýly täsir edýär.
Adamlary beýik işlere, asylly başlangyçlara ruhlandyrýan bu gözellik milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladasynyň netijesinde döredildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz özüniň egindeşleri bilen çaý başynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri boýunça maslahat geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerini, hususan-da, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň abadan durmuşy baradaky aladanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33653
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
Aşgabat, 5-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglary hem-de mähirli sözleri üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik esasda guralýan hem-de dürli ugurlary gurşap alýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň okgunly depginini kanagatlanma bilen belledi.
Ýokary wezipeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty oňyn netije berýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu sebitde syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmakda, Owganystanda parahatçylygy we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde uly goşandynyň bardygyny aýtdy.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini (TOPH), Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça geçirilýän işler Türkmenistanyň Owganystany parahatçylykly ösdürmäge, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, goňşy döwletiň sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyna goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň geljegi, esasy ugurlary hem-de bar bolan mümkinçilikler barada pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak ýaly möhüm ugurlar bar. Bu ugurlarda hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, ol yzygiderli esasda amala aşyrylýar hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda türkmen tarapynyň esasy nukdaýnazaryny we garaýşyny beýan edip, jenap Wolkan Bozkyra Türkmenistana sapar bilen gelendigi, şeýle hem Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň Başlygy hökmünde bu ýeke-täk uniwersal guramanyň agza ýurtlaryna, hususan-da, biziň ýurdumyza berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisiniň Başlygynyň ileri tutýan ugurlaryny doly goldaýar.
Ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň binýadyny düzýän esasy kadalaryň amala aşyrylmagyna, hususan-da, hemme ýurtlara halkara gatnaşyklar ulgamynda deň mümkinçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär.
Bu dünýäde kömege mätäç adamlary, olaryň arasynda bosgunlary, migrantlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goldamak, halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek babatda hem şeýledir.
Durnukly ösüş maksatlarynyň öz wagtynda we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy tarapyndan gender deňligini üpjün etmek we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmagyny giňeltmek, hususan-da, halkara we sebit meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmek babatda başlangyçlar öňe sürülýär.
Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz jenap Wolkan Bozkyra BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryň goldanylýandygy üçin hem minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary esasynda Baş Assambleýanyň bu ýubileý mejlisiniň dowamynda kabul edilen Kararnamalary aýratyn belledi. Olar, hususan-da, “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” Kararnamalardyr.
Mundan başga-da, ýakyn wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän resminamalara, ýagny, adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy barada Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalaryna garamak meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda koronawirus pandemiýasy dünýä jemgyýetçiligi üçin esasy howplaryň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çagyryşlaryny hem-de Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň bu wehime garşy göreşmek we onuň ykdysady hem-de durmuş taýdan ýaramaz täsirlerini peseltmek boýunça halkara tagallalaryny birleşdirmek baradaky başlangyçlaryny doly goldaýar.
Türkmenistan pandemiýa garşy dünýä derejesinde kabul edilen göreş strategiýalaryna hem-de maksatnamalaryna esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň dürli düzüm birlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda degişli milli meýilnamalary kabul etdi.
Häzirki wagtda dünýäniň gün tertibinde möhüm orny eýeleýän howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Pariž ylalaşygy we Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa boýunça borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigini belledi.
Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (UNEP) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlykda bu resminamalara laýyklykda, milli hasabatlary taýýarlamak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan ählumumy «tegelek stoluň» dowamynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny aýratyn nygtady. Olar, hususan-da, pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Strategiýasyny işläp düzmek hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek üçin halkara «ýol kartasyny» Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda taýýarlamak boýunça başlangyçlardyr.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda milli hem-de sebit derejesinde jemgyýetçilik işjeňliginiň ähli görnüşlerinde zenanlaryň ornuny güýçlendirmek we gender deňligi ugrunda uzak möhletli maksatnamalaryň çäklerinde amaly taýdan edilmeli işlere aýratyn üns berilýändigini belledi.
Hususan-da, Türkmenistan gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ikinji bäşýyllyk hereketleriň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Bu resminamanyň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, esasan hem, «BMG — Zenanlar» düzümi, Ilat gaznasy, Ösüş Maksatnamasy, Çagalar gaznasy bilen bilelikde Pekin Jarnamasynda we Hereketler platformasynda beýan edilen birnäçe möhüm ugurlarda degişli işler alnyp barylýar.
Sebit derejesinde Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde 2020-nji ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýanyň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogyny ýola goýdy.
Sebitde Gender deňligine has hem ähmiýet bermek üçin, şu ýylyň 6-njy awgustynda, Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde şol Dialogyň nobatdaky duşuşygy geçiriler.
Şeýle hem biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda energiýa howpsuzlygy we durnukly ulag ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurlarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary kabul edildi. Şolaryň esasynda möhüm iri halkara forumlar geçirildi.
Olaryň hatarynda Durnukly ulag boýunça ilkinji bütindünýä maslahatyny hem-de energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly üstaşyr geçelgeleri boýunça geçirilen köptaraplaýyn halkara duşuşyklary görkezmek bolar.
Döwlet Baştutanymyz jenap Wolkan Bozkyra Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde biziň ýurdumyza berlen goldaw üçin ýene-de bir gezek sagbolsun aýdyp, bu abraýly guramanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldamagy dowam etdirmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýokary wezipeli myhman däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibine girizilen wezipeler bilen baglylykda bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunda türkmen Lideriniň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýratyn bellenildi. Şol başlangyçlaryň dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine hem-de goldawyna eýe bolmagy olaryň wajypdygy we zerurdygy bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesini iş ýüzünde amala aşyrmak bilen, öz döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar.
Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara hormat goýulýan deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanan daşary syýasy konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen, geljekde hem saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýermegi maksat edinýär.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany Merkezi Aziýadaky esasy strategik hyzmatdaşy hasaplaýar. Munuň şeýledigini Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy-da aýdyň tassyklaýar.
Biziň ýurdumyz goňşy Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrylmagyna, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary owgan tarapynyň gatnaşmagynda amala aşyrýar. Türkmenistan sebitdäki oňyn ýagdaýyň berkidilmegine uly goşant goşýar, bu bolsa halkara durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary Türkmenistanyň özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça meselelere öňdengörüjilikli we jogapkärçilikli çemeleşmesine ýokary baha berýärler hem-de geljekde-de biziň ýurdumyz bilen ýakyndan bilelikde işlemegi maksat edinýärler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu hyzmatdaşlyk ählumumy abadançylyga we ösüşe, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand hem gatnaşdy.
* * *
Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşyk geçirildi. Sebitiň we dünýäniň möhüm meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi saklamak işinde biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň özboluşlylygy we ähmiýeti barada bellenildi.
Sebitde köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem Türkmenistanyň netijeli orny eýeleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýetine üns çekildi. Türkmen tarapy onuň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär.
* * *
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşyk boldy. Duşuşykda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parlamentleriň goşandyny ýokarlandyrmak babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary wezipeli myhman ýurdumyzyň Mejlisiniň gurluş düzümi, onuň halkara we parlamentara gatnaşyklary, kanunçykaryjylyk işi, milli Liderimiziň baştutanlygynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa we beýleki ugurlarda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryny hukuk taýdan goldamak boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdyryldy.
Mejlis tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň 2021 — 2025-nji ýyllarda Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde BMG-niň Çagalar gaznasy bilen 2021-nji ýylda bilelikdäki iş Meýilnamasy esasynda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de dürli agentlikleri bilen bilelikde guralýan meýilnamalaýyn çärelere, okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar.
Şonuň bilen birlikde, Mejlisiň wekilleri Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň işine, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli hasabaty taýýarlamak boýunça işlere gatnaşýarlar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33592
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlygyna ählihalk tarapyndan saýlanan gününden ata Watanymyz, türkmen halky öz döredijilikli ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Prezidentlik wezipesine girişmek bilen, milli Liderimiz ähli ugurlarda täze özgertmeleriň amala aşyrylmagyna badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi esasynda halkymyzyň durmuş derejesi barha ýokarlanýar, eziz Diýarymyz gülläp ösýär, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkyň uly goldawyna mynasyp bolýan beýik başlangyçlary anyk işlerde durmuşa geçýär. Milli ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna we innowasion-senagat tehnologiýalaryna geçmek bilen, barha kuwwatlanýar, bilim we ylym dünýä derejesine çykýar, medeniýet we sungat täze belentliklere eýe bolýar, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy, orny we täsiri has ýokarlanýar. Milli Liderimiziň ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemeginiň, häzirki we geljekki nesilleriň durmuş abadançylygynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagynyň bähbidine gönükdirilen syýasatynyň belent ruhy we döredijilik güýji her bir raýatyň kalbynda orun tapýar.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meseleler boýunça dünýä bileleşigi bilen açyk we oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklamagy, bu ugurda täze başlangyçlara badalga bermegi netijesinde döwletimiz halkara giňişlikde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga netijeli goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ulag geçelgeleri, energetika serişdeleriniň ygtybarly üstaşyr geçirilmegi baradaky Kararnamalarynyň kabul edilmegi uly diplomatik üstünligimizdir. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmekde möhüm başlangyçlaryň biri boldy.
Gahryman Arkadagymyz 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda eden çykyşynda: «Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär» diýip belledi.
2019-njy ýylda ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň üçüsiniň — 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy halkara giňişliginde ählumumy ösüşiň wezipelerini amala aşyrmakda ýurdumyzyň uly ornunyň ykrar edilýändigini tassyklaýar.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly 2020-nji ýylda eziz Watanymyzyň BMG-niň ýene iki düzüminiň, ýagny Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar üçin, şeýle-de Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar üçin saýlanmagy ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşdygyny görkezýän nobatdaky üstünliklerdir.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän, täsin inženerçilik çözgütli desgalary gurmak we işe girizmek boýunça uly ösüşlere eýe boldy. Öz ykdysadyýetinde diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyz soňky ýyllarda hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Gündogar we Günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turba geçirijileriň taslamalaryny amala aşyrdy. Häzir ýene-de bir iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. 2015-nji ýylda biz öz emeli hemramyzy älem giňişligine çykaryp, kosmos ýurtlarynyň hataryna goşuldyk.
Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ykdysady özgertmeleriniň netijesinde senagatyň ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan täze pudaklary döredi. Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek işjeňleşýär, hususy telekeçiligi goldamak we ösdürmek güýçlenýär, iň gowy daşary ýurt tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek işleri alnyp barylýar. Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy sütünleriniň biri bolan dokma senagaty bu gün iň bir girdejili pudaga öwrüldi. Gurluşyk serişdeleriniň, himiýa senagatynyň, dokma we haly önümleri boýunça önümçilik kuwwatlyklary bilen birlikde, ýurdumyz üçin täze hasaplanylýan dag-magdan we metallurgiýa pudaklarynyň esasy goýuldy. Elektrik, aýna önümçiligi boýunça iri kärhanalar toplumy, dürli enjamlardyr gurallaryň önümçilik pudagy emele gelýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny özgerdip guramagyň takyk we esaslandyrylan maksatnamasyny öňe sürdi we bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Her bir ýaş raýat üçin 12 ýyllyk umumy orta bilim hökmany diýip kanuny taýdan kesgitlendi. Ylmy gözlegler bilen gyzyklanýan ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Döwrebap Tehnologiýalar merkezi döredilip, ol milli ylmy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek endiklerini terbiýelemek — munuň özi beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Adamlaryň saglygynyň berkidilmegi we olaryň ýokary hilli dynç almagy üçin iri dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezleri gurlup, halkyň hyzmatyna berildi. Ähli welaýatlarda dürli maksatly sport toplumlary guruldy. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek biziň Watanymyz 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanyp, onuň uly üstünlikler bilen geçirilmeginiň hötdesinden geldi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, medeniýet ulgamy hem pajarlap ösýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilip geçilýär. Medeniýet edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny ösdürmek boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze, döwrebap medeniýet öýleri, muzeýler, kitaphanalar, teatrlar guruldy, opera sungaty täzeden dikeldildi. Milli Liderimiziň döreden eserleri bolsa halkymyzyň milli mirasyny, taryhyny, medeniýetini we sungatyny öwrenmek, olary dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmak, şeýle hem ýaşlary watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek işinde bahasyz gollanma bolup hyzmat edýär.
Täze özgertmeler welaýatlaryň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna itergi berdi. Gazhimiýa, elektroenergetika, gurluşyk materiallary, aýna, himiýa, maşyngurluşyk we metal işläp bejeriş pudaklarynyň, ýeňil senagatyň ösdürilmegine ugur alyndy.
Ekerançylygyň azyk we çig mal pudaklary-da durnukly ösýär. Maldarçylyk önümleriniň, gök-bakja ekinleriniň, üzümiň, ir-iýmişleriň we miweleriň öndürilişi artýar. Döwrebap ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany barha artýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň köp sanlysy gurlup, ulanmaga berildi. Oba bilen şäheriň arasyndaky tapawudy azaltmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde nusgalyk, döwrebap, täze obalar we şäherçeler döredilýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitlerini özleşdirmek babatda Konsepsiýanyň işlenip taýýarlanylmagy ekologiýa çözgütleriniň täze, oňyn durmuş we ykdysady şertlerine mümkinçilikleri açýandygyny görkezýär.
Sebitlerde şeýle täze ilatly ýerleriň döredilmegi, täze obalaryň açylmagy ýurdumyzyň oba ýerlerinde amatlylyk we durmuş hyzmatlary babatda sazlaşykly ösýän, şäher görkezijileri bilen deň derejedäki şertleriň, mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ilatly ýerleriň abadanlaşdyrylmagy, zerur durmuş amatlyklarynyň üpjün edilmegi, çagalar baglarynyň we mekdepleriň gurulmagy bilen baglylykda, täze iş ýerleri hem döreýär. Ýurdumyzda ähli maksatnamalar halkyň, her bir adamyň durmuş taýdan goragly bolmagynyň, abadan durmuşda ýaşamagyny berkarar etmegiň hatyrasyna durmuşa geçirilýär.
2021-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli tutulan toý uly dabaralara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze iri, «Aşgabat-siti» şäher toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem-de täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylmagy, hakykatdan-da, döwletlilikden, derejeli döwrandan nyşandyr. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli Liderimiziň esaslandyran «Aşgabat-siti» taslamasy «Geljegiň akylly şäheri» bolup durmuşa geçiriler.
Barha özgerýän paýtagtymyzyň geljekki onýyllyklardaky ösüşini nazarlap meýilleşdirilen, şähergurluşygyň ösen, döwrebap talaplaryna laýyk gelýän bu iri taslama, milli Liderimiziň atlandyryşy ýaly, «şäher içinde şäher» bolup, Aşgabady hakyky megapolise öwrer.
Gün-günden özgerýän türkmen paýtagtynyň, oba-şäherleriniň keşbindäki kämillikde milli Liderimiziň badalga beren döredijilik ruhuny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapýan müdimi gymmatlyklar hem halkymyzyň milli özboluşlylygyndan, milli häsiýetinden kemal tapýar. Şeýle ajaýyp ösüşleriň, döredijilik pikirleriniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleri dowamat-dowam bolsun!
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33380