Islendik döwletiň durnukly ösüşinde onuň maliýe-ykdysady ulgamyna uly orun degişlidir. Pul dolanyşygyny akylly-başly ýöredip, onuň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmak bolsa bu syýasatyň netijeliligine baglydyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy üstünlikli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar.
Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, milli bank ulgamy kemala getirildi. Onuň hereket etmeginiň binýadynda goýlan düýpli ýörelgeler durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda iki derejeli bank ulgamy döredildi. Häzir hem hereket edýän bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi bankyndan we dürli eýeçilik görnüşi bolan dokuz sany bankdan ybaratdyr. Bu ulgamyň durnukly hereket etmegi ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň banklary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm orny eýeledi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan daýhan hojalyklaryny ösdürmek we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, senagaty we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin karz serişdeleri berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda telekeçileriň önümçiliklerini döretmäge ýa-da giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna karz goldawyny bermek boýunça maksatnamanyň çäklerinde hususy haryt öndürijileri karzlaşdyrmak ýaly ugurlaryň hasabyna uzak möhletli karzlaşdyrmak güýçli depginde ösdürilýär. Hödürlenýän karz serişdeleriniň ýeňillikli şertlerde berilýändigini hem bellemelidiris. Munuň özi eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşi bolan karz alyjy kärhanalaryň sanynyň artmagyny şertlendirdi.
Häzirki wagtda berkeýän bazar gatnaşyklary we giň gerimli özgertmeler döwründe banklaryň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagy şol maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmeginiň esasy netijesidir. Geçen ýyl Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň hukuk görnüşiniň üýtgedilip, paýdarlar täjirçilik bankyna öwrülmegini, şu ýylyň 12-nji aprelinde bolsa paýtagtymyzda birbada iki bankyň Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegini bu ulgamdaky guwandyryjy üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar.
Soňky ýyllarda milli Liderimiziň tabşyryklary esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryny, şol sanda maliýe-bank ulgamynyň işini sanlylaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda «Altyn asyr» milli kartly töleg ulgamy işe girizildi. Bu ulgam tapgyrlaýyn kämilleşdirilip, ösüşiň ilkinji 10 ýylynda meýilleşdirilen sepgitlere üstünlikli ýetdi. Ilkinji tapgyrlarda bank kartlarynyň diňe bir görnüşi, ýagny aýlyk zähmet haky geçirilýän bank kartlary müşderilere hödürlenen bolsa, häzirki wagtda ilatyň ähli gatlagy, ýagny çagalar, talyplar, pensionerler, döwlet kömek pullaryny alýanlar, telekeçilik işini alyp barýan işewürler degişli bank kartlary, şol sanda «Maşgala», «Goýum bank karty», «Owerdraft» kartlary bilen üpjün edildi. Ilkinji tapgyrlarda kartlardaky serişdeleri bankomatlardan nagt görnüşine öwürmek mümkinçiligi döredilen bolsa, häzir hasaplaşygyň tas ähli ulgamlarynda nagt däl hasaplaşyga geçilip, hyzmatlar has döwrebaplaşdyryldy we amatly görnüşe getirildi. Ilata halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlary hem hödürlenilip, olaryň eýelerine hasabyndaky serişdelerden daşary ýurtlarda-da peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Halkara bank kartlary dünýäniň iri söwda kompaniýalarynyň internet dükanlaryndan onlaýn söwda etmäge hem mümkinçilik berýär. Ildeşlerimiz Türkmenistanyň çäginde «Altyn asyr» bank karty bilen onlaýn söwda etmäge, jemagat, Internet, IP teleýaýlymlary, öý telefony ýaly hyzmatlar üçin töleg geçirmäge, uçarlar we otlular üçin petekleri onlaýn görnüşde satyn almaga hem-de beýleki giň mümkinçiliklere eýe boldular.
Bularyň ählisi ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan we durmuşa ornaşdyrylýan işleriň döwrüň talabyna laýyklykda barha kämilleşdirilýändigini, milli ykdysadyýetimizi durnukly ýagdaýda saklamakda bu ulgamyň möhüm orun eýeleýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurdaky özgertmeleriň has-da rowaçlyklara beslenjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.
Mährijemal ABDYRAHMANOWA,
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň bölüm başlygy.