Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Garaşsyz Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.
Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan täze ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri durnukly derejede saklanýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,1 göterim möçberde saklanylmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde bellenilişi ýaly, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge, pudaklaryň işine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Hut şunuň özi hem Türkmenistanyň ähli görkezijiler boýunça ösüşiň täze derejesine çykmagyny üpjün edýär.
Mälim bolşy ýaly, giňişleýin mejlisde ähli ugurlar, Diýarymyzyň welaýatlarynyň ýeten sepgitleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşmalar boldy. Aýratyn-da, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda we gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijelerine ünsi çekip, bu pudaklaryň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi. Mejlisiň dowamynda: “Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp baryldy” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli gurluşygynyň tamamlanmagy meýilleşdirilýän hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan binalaryň we desgalaryň öz möhletinde ulanmaga berilmegi, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda möhüm hasaplanylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda gurluşyk serişdelerini, şol sanda sementi, demir gurnamalaryny, köp mukdarda timarlaýyş serişdelerini öndürýän kuwwatly senagaty döretmek häzirki zamanyň möhüm talaby bolup durýar. Milli Liderimiziň bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak barada beren tabşyryklary ykdysadyýetimiziň gurluşyk ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün eder.
Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletlerinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar zerarly, gurluşyk we önümçilik işleriniň depginleri pese düşdi. Iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi togtadyldy. Munuň özi gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň işine ýaramaz täsirini ýetirýär.
Biziň ýurdumyzda pandemiýa ýokanjyna garşy öz wagtynda we netijeli göreş çäreleriniň geçirilmegi bilen COVID-19-yň ýetirip biljek zyýanynyň öňi alnyp, ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işi dowam etdirilýär. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň alty aýynda ýurdumyzda 32 sany iri desganyň, meýdany 325 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berlendigini aýratyn bellemek gerek.
Milli gurluşyk ulgamynda senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, durmuş ulgamyna degişli beýleki desgalaryň bina edilmegine möhüm ähmiýet berilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň durmuş ulgamyny nazarlaýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýeri gelende aýtsak, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar.
Şeýle hem Arkadag Prezidentimiziň gönüden-göni tagallasy bilen oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda pagtanyň we bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileriniň yhlasly zähmeti netijesinde, 1 million 400 müň tonna däne hasylynyň ýygnalyp alynmagy döwletimizde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegini kepillendirdi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çig mal känleriniň ýeterlik bolmagy mineral dökünleri öndürýän täze zawodlary gurmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýerden goşmaça hasyl almagyň, oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dökünler bilen üpjün etmegiň gözbaşydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek, döwlet kärhanalaryny kem-kemden hususylaşdyrmak ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşini üýtgetmek döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda elektron senagatyny döretmek, munuň üçin bolsa degişli hünärmenleri taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyny nazarda tutup, hormatly Prezidentimiz bu ugurda zerur işleriň geçirilmelidigini, elektron senagatyny ösdürmegiň wezipeleriniň oňyn çözülmelidigini esasy ugur hökmünde kesgitledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakda, aýratyn-da, elektron senagatyny ösdürmekde ähmiýetlidir.
Mundan başga-da döwlet Baştutanymyz dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli, ulag kärhanalarynyň häzirki kynçylykly döwürde birnäçe çäklendirmelere sezewar bolandygyny aýdyp, ýurdumyzyň ulag ulgamyna degişli edaralaryna döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigini aýtdy. Munuň özi degişli pudaklaryň dolandyryş düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmekde has-da möhümdir. Şeýle hem milli Liderimiz degişli düzümlere häzirki zaman tehnologiýalaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk görkezmeleri berdi. Bu bolsa häzirki çylşyrymly döwürde degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine kömek eder.
Dünýäde pandemiýa sebäpli emele gelen ýaramaz ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şol sanda döwlete dahylly bolmadyk ulgamyň ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn kömek bermek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny kemala getirmek meseleleri ähmiýetli hasaplanylýar.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmäge, hususy taraplaryň önümçilikleriniň gerimini mundan beýläk hem giňeltmäge, ekologik taýdan arassa we ýokary hilli ýerli gök-bakja önümlerini, miweleri, ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilýän giň möçberli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Munuň özi degişli düzümleriň ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda halkara derejedäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giňişleýin mejlisde belleýşi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görülmegi hem-de sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň giňden görkezilmegi ähmiýetlidir. Munuň özi Bitarap Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň belende galmagynda wajypdyr.
Sanly ulgam arkaly ýerli hem-de daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň öňe ilerlemegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda öndürilýän önümleriň mahabatyny ýetirmek we bu ugurda alnyp barylýan işler bilen daşary ýurt sarp edijilerini tanyşdyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekýär. Munuň özi bir pursatlaýyn däl-de, uzak möhletleýin esasda alnyp barylýan işlere öwrülmelidir.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiziň ornuny berkitmek boýunça işler dowam etdirildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp baryldy.
Ulag üpjünçilik, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlyk dowam edýär.
Mahlasy, şu döwürde ylmyň täze gazananlarynyň, halkara tejribäniň we dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň işjeň ulanylmagy netijesinde ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edildi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň durmuş ulgamyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34257
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçen giňişleýin mejlisinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler we ýetilen sepgitler baradaky meselelere seredildi. Milli ykdysadyýetimizde daşary amatsyz şertleriň ýaramaz täsiriniň häzirki döwürde hem dowam edýändigine garamazdan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş derejesiniň 6,1 göterime deň bolmagy ýurdumyzda dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijeleri bolup durýar. Gurşap alýan durmuş meseleleriniň çuňlugy we möçberi bu özgertmeleri ösüşleriň iteriji güýji hökmünde häsiýetlendirmäge esas döredýär.
Aslynda, islendik özgertme bir zadyň başga bir görnüşe geçmegini, owalky bolşundan başga hala geçmegini, üýtgemegini aňladýar. Haçanda bu özgertmeler jemgyýetçilik bähbitlerinden, adamlaryň isleg-hajatlaryndan ugur alan ýagdaýynda olaryň has-da netijeli bolýandygyny durmuş hakykaty görkezýär. Häzirki döwürde milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagynda, raýatlaryň girdejileriniň artmagynda, ýaşaýyş jaý üpjünçiliginiň gowulanmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
Her döwür özüne mahsus bolan wajyp meseleleri orta çykarýar. Häzirki döwür dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän döwri, şeýle-de koronawirus ýiti ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly girizilýän mejbury çäklendirmeleriň döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Milli ykdysady ösüşe özüniň amatsyz täsirini ýetirýän şeýle şertlerde döwrüň bildirýän talaplaryndan ugur alyp, ösüşiň amatly nusgasyny gözlemek meselesi islendik döwlet üçin, şol sanda biziň ýurdumyz üçin hem wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän kynçylykly döwürde hem ösüşe ukyply bolmak döwlet syýasatynda strategik ugurlaryň dogry kesgitlenendiginiň aýdyň subutnamasydyr, Bu gün Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine ösüşiň “türkmen nusgasynyň” oňyn tejribesini äşgär edýär,
Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek meselesi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýädäki täze şertleriň göz öňünde tutulmagyny talap edýär. Durmuş-ykdysady şertleriň üýtgemegi netijesinde bolup geçýän özgertmeler tutuş ykdysady ýagdaýa, şol sanda ýurda getirilýän we ýurtdan iberilýän harytlaryň düzümine hem-de möçberlerine öz täsirini ýetirýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň söwda dolanyşygynda eksport-import amallaryny kämilleşdirmek meselesini döwrüň strategik ähmiýetli meseleleriniň birine öwürýär.
Öz ykdysady strategiýasynda eksporta gönükdirilen, şeýle-de importy çalyşýan önümçiligi ösdürmek ugruny ileri tutýan türkmen döwleti üçin häzirki döwürde eksporty höweslendirmegiň, oýlanyşykly import amallarynyň has netijeli görnüşlerini we usullaryny saýlamak zerurlygy ýüze çykýar. Asyl manysynda importy çalyşmak içki bazarda import edilýän önümleriň möçberiniň azaldylmagyny aňladýar, ýöne ol daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň doly çalşylmagyny göz öňünde tutmaýar. Çünki bu dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynda ýurduň ykdysady üzňeligine getirýän sebäpleriň biri hasaplanýar. Şol sebäpli importy çalyşýan syýasaty oýlanyşykly alyp barmak ykdysady taýdan bähbitli bolup durýar. Import önümleriniň ornuny çalyşmak ugrunda alnyp barylýan işler döwletiň ykdysady strategiýasynyň we senagat syýasatynyň bir görnüşi bolup, import edilýän senagat harytlaryny we tehnologiýalary milli önümçiligiň önümleri bilen çalyşmak arkaly ýurduň içindäki öndürijileri goramaga gönükdirilendir. Bu ugur bir tarapdan, önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyny höweslendirmegiň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, beýleki tarapdan, goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmegiň hasabyna milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagy maksat edinýär. Şunda täze tehnologiýalaryň ýokary derejede ösdürilmegi, şeýle-de ykdysady taýdan işjeň ilatyň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy öňde duran maksatlary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şertleri bolup durýar.
Importy çalyşmak meselelerini çözmegiň ýollarynyň we mehanizmleriniň dürli-dürlüdigine garamazdan, içki çig mal we zähmet gorlaryny ulanmagyň, önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň esasynda barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, importyň ornuny tutýan önümleriň durnukly önümçiligini gazanmak möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak barada beren tabşyrygy dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde importyň ornuny tutýan önümleri mümkin boldugyça öz hususy önümçiliginiň hasabyna üpjün etmek meselesiniň dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän şertlerinde netijeli ugurlaryň biri bolup durýandygyny görkezýär.
Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda diňe bir eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümleriň möçberiniň artdyryljakdygyny aňlatman, eýsem, täze iş orunlarynyň döremegine hem itergi berer. Bu mejlisde ýurt Baştutanymyzyň täze iş orunlaryny döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamak barada döwlet ýolbaşçylaryna beren tabşyryklary häzirki daşary amatsyz şertlerde hem ilatyň durmuş derejesiniň peselmeginiň öňüni almak ugrunda uly tagallalaryň edilýändigini aňladýar. Döwlet derejesinde kabul edilýän şeýle çözgütler adam bähbitli işleriň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, ýokary ykdysady netijeleri gazanmak üçin diňe bir önümçiligi döwrebap derejede ösdürmek, ýagny önümi öndürmek ýeterlik bolman, eýsem, olary içeri we daşary bazarlarda ýerlemek meselesi hem häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Bu ýagdaý önümleri ýerlemekde täze, netijeli usullaryň gözlenilmegini talap edýär. Sarp edijileriň täze bazaryny gözlemekde, az wagt içinde olaryň çalt özgerýän isleglerini kanagatlandyrmakda ýurtda, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletlerinde guralýan sergi-ýarmarkalara gatnaşmak, söwda öýlerini açmak ýaly çäreler öz netijeliligi bilen tapawutlanýar. Mejlisiň dowamynda Arkadag Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini giňden görkezmek barada beren tabşyrygy “Türkmenistanda öndürildi” diýen haryt nyşanynyň “tanalmak indeksiniň” ýokarlanmagyna itergi berýän şertleriň ýene-de biri bolup durýar. Mundan başga-da sanly ulgamyň döredýän artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek ugrunda alnyp baryljak işler hem türkmen öndürijileriniň eksport amallarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyna ýardam berer.
Milli ykdysadyýetimiziň gurujylyk kuwwaty bu gün köplerde gyzyklanma döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam maýasynyň ösmegini şertlendirýän durmuş pudaklarynyň, ýagny ylym-bilim, saglyk, medeni we sport maksatly desgalaryň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda amala aşyrylýan iri özgertmeleriň tiz we ýokary hilli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Häzirki döwürde senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam etdirilip, ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylmagy Türkmenistanda maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny ýagdaýyna görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9 göterimine barabar boldy. Bu gazanylan we gazanylýan üstünlikler her birimiziň eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl her birimiz üçin wajyp ýyllaryň biri. Bu gün mähriban Diýarymyz türkmen döwletliliginiň goşa ganatynyň biri bolan şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny uly üstünlikler bilen garşylaýar. Ýubileý ýylynda açylmagy meýilleşdirilýän önümçilik we durmuş maksatly binalaryň giň sanawy gurmakda we döretmekde ýurdumyzyň gadamlarynyň batlydygyny tutuş dünýä äşgär etmek bilen bir hatarda, ol sebit syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem alamatlandyrýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň düýpli özgerdilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen. Bu ýagdaý bitewi ykdysady ulgamyň aýratyn düzümleri hökmünde sebitleriň her biriniň ykdysady deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Her bir sebit öz geografik ýerleşişi, ýer-suw we mineral-çig mal serişdeleriniň paýlanylyşy, demografik ösüşiň aýratynlyklary bilen şertlendirilen zähmet gorlarynyň ýagdaýy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Hut şu sebäpler olaryň durmuş-ykdysady ösüşinde tapawutlaryň ýüze çykmagyna şert döredýär, ahyrky netijede, ýurdumyzyň sebitleriniň gyradeň ösüşini gazanmak, hem-de olary çaltlandyrmak meselesiniň wajyplygyny artdyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda sebitleri ösdürmek, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak babatynda uly möçberli taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagy bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi.
Giňişleýin Hökümet mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň belleniljek ýylynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalar we desgalar barada durup geçmegi halkara giňişliginde gurujy döwlet hökmündäki ornumyzyň has-da pugtalanýandygynyň ýene-de bir tassyknamasy boldy.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dokma toplumynyň, Babadaýhan etrabynda tikinçilik önümlerini öndürýän toplumyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň, Änew şäherinde, Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan etraplarynda umumybilim berýän mekdepleriň ulanylmaga berilmegi bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine tizlik berjek şertler bolup durýar. Mundan başga-da Balkanabat şäherinde 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýüniň” hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň binalarynyň, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň, 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň günbatar sebitinde diňe bir medeni kuwwatynyň pugtalanmagyna ýardam bermän, eýsem, ilata hödürlenýän ýokary hilli saglyk hyzmatlarynyň paýynyň artmagyna hem getirer.
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasyny hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýyny, Daşoguz şäherinde birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, Gubadag etrabynda bolsa haly önümleri kärhanasyny, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýasyny, Saýat etrabynyň çäklerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-sini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Ýokarda agzalan iri desgalar we binalar bu sebitleriň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň girdejileriniň artmagyna, netijede, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigine şaýatlyk edýär.
Döwlet býujeti milli ykdysadyýetimiziň häzirki ösüşine baha bermegiň maliýe guraly bolup durýar. 2021-nji ýyl üçin tassyklanan bu maliýe resminamasynyň durmuş ugurly bolmagy ýurdumyzyň durmuş derejeli döwlet hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrýar. 2022-nji ýylyň Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulmagy geljek ýylda hem ýurdumyzda adam bähbitlerine gönükdirilen ýoluň dowam etdiriljekdigine, adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galjakdygyna güwä geçýär. Şunuň bilen birlikde, täze ýylyň Döwlet býujetinde her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hem bellemek barada ýurt Baştutanymyz tarapyndan degişli ýolbaşçylara berlen tabşyryklar hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň gyşarnyksyz berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Maýagözel BABAÝEWA.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34113
Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän strategiýasynyň esasy ugurlary bolan özara bähbitli daşary syýasy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, tebigy baýlyklarymyzy netijeli ulanmak, halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak, bazar ykdysadyýetine geçmek, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri geçen hepdäniň wakalarynyň esasylaryny düzdi.
5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň geljegi, onuň esasy ugurlary hem-de bar bolan mümkinçilikler barada pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda türkmen tarapynyň esasy garaýşyny beýan edip, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň bosgunlary, migrantlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goldamak, halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlaryny doly goldaýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu mejlisinde Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Wolkan Bozkyra minnetdarlyk bildirdi. Ýakyn wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän resminamalara, ýagny adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmegiň hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy barada Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalaryna garamagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan ählumumy «tegelek stoluň» dowamynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny aýratyn nygtady. Olar, hususan-da, pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategiýasyny işläp düzmek hem-de alternatiw energiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek üçin halkara «Ýol kartasyny» Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda taýýarlamak boýunça başlangyçlardyr.
Taraplar gender deňligi, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmak, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Milli Liderimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýan we ykrar edilýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu babatda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Şol gün Daşary işler ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşyklar boldy.
6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak üçin, Balkan welaýatynda iş saparynda boldy.
Döwlet Baştutanymyz tebigy gorlara baý Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsiniň ýagdaýy bilen tanşyp, täze köprini gurmak we oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.
Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag ugrunyň möhüm desgasynyň Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen birikmegi goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz Garabogaz aýlagynyň tebigy serişdeleriniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu künjegiň tebigy baýlyklaryny, şol sanda melhemlik mineral çeşmelerini netijeli ulanmak meselelerine ylmy taýdan çemeleşmegi hem-de sebitde syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýän Balkan welaýatynda üstaşyr ulag geçelgesiniň geçirijilik ukybynyň yzygiderli artdyrylýandygyny belläp, degişli ýolbaşçylara Jebel şäherçesiniň golaýyndaky Halkara howa menziliniň gurluşygynyň taslamasyny milli binagärlik däplerine hem-de bu ugurda dünýä tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryna laýyklykda we bu ýeriň ekologiýasyny hasaba almak bilen çalt işläp taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň işi bilen tanyş boldy hem-de deňiz portuna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we toplumyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze kottejler toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Täze, giň gerimli taslamalar türkmen topragynyň iň gözel künjekleriniň biriniň ägirt uly dynç alyş kuwwatyny netijeli peýdalanmaga, Hazar deňziniň kenarynda dynç alýanlara ýokary derejeli hyzmat etmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda eden gezelenjiniň dowamynda Awazanyň çäklerinde amatly ekologiýa ýagdaýy saklamak maksady bilen, bu ýerlerde döredilýän seýilgäh zolaklarynyň çäginiň giňeldilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz egindeşleri bilen çaý başynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri boýunça geçiren maslahatynda adamlaryň abadan durmuşy baradaky aladanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitleýär hem-de sport bilen meşgullanmagyň her bir adam üçin durmuş kadasy bolmagy ugrunda çykyş edýär.
7-nji iýulda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda irki maşklary ýerine ýetirdi we watandaşlarymyza görelde bolup, welosipedli gezelenji amala aşyrdy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa şertleri we baý tebigy aýratynlyklary türkmen topragynyň jenneti mekana öwrülmegini hem-de sagaldyş-dynç alyş we sport merkezi hökmünde ykrar edilmegini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenji tamamlap, Hazar deňziniň kenaryndaky gämi duralgasyna bardy hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ygtyýaryna täze gelen ýokary tizlikli “Rahat” ýolagçy gämisiniň ýüzüşine ak pata berdi.
Milli Liderimiz egindeşleri bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan häzirki zaman gämisiniň ilkinji ýolagçylary boldy we onuň tehniki ölçegleri, enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýüzüşiň dowamynda Hazaryň kenarynda işjeň dynç alşyň häzirki zaman ugurlaryny ösdürmek, myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek meselelerine ünsi çekdi. Şeýle hem bu künjegiň ekologiýa taýdan ýokary derejesiniň, gadymy Hazaryň biodürlüliginiň saklanmagynyň we onuň çäklerindäki ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň ylmy esasda öwrenilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halk hojalygy toplumynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ikinji ýarym ýyl üçin wezipeler kesgitlenildi.
1-nji iýul ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdejileriniň meýilnamasy 119,1 göterim, çykdajylarynyň meýilnamasy bolsa 97,3 göterim ýerine ýetirildi. Ykdysadyýetimizi ösdürmäge, hususan-da, önümçilik toplumlaryny hem-de durmuş-medeni ähmiýetli desgalary gurmaga gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9 göterimine barabar boldy.
Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim ýokarlandy.
Milli Liderimiz ýakyn aýlarda möhüm wakanyň — berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly senä bagyşlanan esasy mejlis 25-nji sentýabrda geçirilse, 26-njy sentýabrda bolsa zähmetde gazanan üstünlikleri üçin sylaglara mynasyp bolan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirilse, 27-nji sentýabrda hem ata Watanymyzyň baş baýramyny — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini uly dabaralara besläp geçsek, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Ýurdumyzda ykdysady we maliýe durnuklylygy üpjün etmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Milli ykdysadyýetimizde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň güýçlendirilmeginiň möhümdigine üns berildi.
Mejlisiň dowamynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen resminamalar kabul edildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýanynda ministrligiň hukuklarynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek hakyndaky Permana, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşyny tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, giriş synaglaryny geçirmegiň tertibi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň we ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwçylary kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi, 2021-nji ýylda ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiziň ornuny berkitmek boýunça işleriň dowam etdirilendigini belledi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri ýokary depginde alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak üçin alnan karz serişdeleri boýunça hem öz wagtynda Hytaý bilen hasaplaşygyň geçirilendigini aýtdy. Häzirki wagtda tebigy gazy satmakdan alynýan girdeji döwletiň gaznasyna gönükdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň mukdaryny artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem netijeli amala aşyrylýar.
Geçen hepdede Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Owganystan meselesi boýunça ministrleriň wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.
Mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Talgat Kaliýew we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynda (UNAMA) BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça syýasy meseleler babatda ýörite wekiliniň orunbasary Mette Knudsen gatnaşdylar.
Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek ugrundaky gepleşikleriň oňyn ösüşini gazanmakda dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy we durmuş-ykdysady goldawynyň ähmiýetini hem-de şol gepleşikleriň oňyn netijesiniň sebitdäki we onuň daşyndaky syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy bilen gönüden-göni bagly bolup durýandygyny nygtady.
Sanly ulgam arkaly italýan kompaniýalary üçin “Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly ýurt boýunça tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi.
Maýa goýumlar, sanly tehnologiýalar, obasenagat toplumy, ýeňil senagat, ulag we logistika, saglygy goraýyş pudagy, maliýe-bank ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.
Tanyşdyrylyşyň çäklerinde taraplar maliýe, ykdysady we tehniki gurallar bilen jikme-jik tanyşdylar. Olara Italiýanyň “SAСE” döwlet eksport-karz agentligi Türkmenistanda işewürligi maliýeleşdirmek üçin teklipleri hödürläp biler.
8-nji iýulda paýtagtymyzda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň daşary aragatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar söwda, sanly tehnologiýa, innowasion ykdysadyýet we iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda özara gatnaşyklar babatda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.
Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Marokko Patyşalygynyň daşary işler ministri Naser Buritiň gatnaşmagynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Nebitgaz hem-de himiýa pudaklary, dokma senagaty, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklary, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamy boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.
Bir söz bilen aýdylanda, geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň okgunly ösüşiniň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler Watanymyzyň täzeçillik ýoly bilen ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň berkidilmegine gönükdirildi.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34115
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysy derejesine eýe bolmagy milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşine, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkemegine, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňemegine, şeýle-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegine oňyn täsir edýär. Geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda-da, üstünlikli durmuşa geçirmekde-de bu derejäniň uly ähmiýetiniň boljakdygy aýdyňdyr.
Ýurdumyzda kabul edilen köp sanly maksatnamalara we konsepsiýalara laýyklykda, strategik wezipeler meýilleşdirilýär, umumy ykdysady meýilnamalar taýýarlanylýar. Bazarda bäsdeşlikli gurşawy goldamak we ýekemenligiň (monopoliýa) öňüni almak, daşary söwda bahalary bilen içerki bahalaryň amatly gatnaşygyny üpjün etmek, hümmetsizlenme ýagdaýlaryny öwrenmegiň esasynda durnukly bahalary üpjün etmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nyrh syýasaty boýunça öňde goýulýan wezipeler bolup durýar. Bu wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bahalary düzgünleşdirmek, onuň bazara we bahalara, önümçiligiň ösüşine we önümiň hiliniň ýokarlanmagyna, girdejileriň ykdysadyýetiň pudaklarynyň we bölekleriniň, sebitleriň, kärhanalaryň we raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň arasynda adalatly paýlanmagyna edýän täsirini amatly etmäge mümkinçilik berer.
Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde söwda ulgamynda ilata hödürlenýän harytlaryň görnüşleri düýpli artdyrylyp, bazar bolçulygy döredildi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatyna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberiniň esli azaldylyp, hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw-hemaýat berilmegi bilen, milli önümlerimiziň barha köp görnüşleri bu gün ak bazarlarymyzy bezeýär. Özi-de, olar amatly bahadan halka ýetirilýär.
Ylmyň gazananlaryndan ugur alnanda, Türkmenistanyň býujet, maliýe, salgyt, pul-karz, nyrh we daşary ýurt puly syýasaty özara ylalaşylyp düzgünleşdirilýän we utgaşykly alnyp barylýan, ähli gatnaşyjylaryň bilelikde hereket etmegini talap edýän gatnaşyklaryň özara baglanyşykly toplumyndan ybaratdyr. Bu toplumda geljekki döwür üçin maliýe meýilnamasy görnüşinde işlenip taýýarlanýan we tassyklanýan döwlet býujeti esasy orun eýeleýär. Býujet ulgamyna girýän pul serişdeleri gaznalarynyň jemi döwletiň maliýe özygtyýarlylygynyň kepili bolup çykyş edýär.
Ýurduň we çäkleriň üpjünçilik derejesi, biziň pikirimizçe, meýilnamalaşdyrmagyň bitewi ulgamyny emele getirmeli. Munda daşary ýurt tejribesine salgylansak, strategik meýilnamalaşdyrmak hakynda kanunlar kabul edilip, şolarda meýilnamalaşdyrmak ulgamy kesgitlenýär. Meýilleşdirmegiň her bir zynjyrynyň — kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji döwlet edaralarynyň jogapkärçiligi jikme-jik bellenilip, meýilnama görkezijilerini emele getirmegiň usullary anyklanýar.
Ýurdumyzda önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak, täze tehnologiýalary özünde jemleýän önümçilikleri döretmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, durmuş ulgamlaryny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyny ösdürmäge uly üns bermek, döwlet bilen hususy eýeçiligiň arasynda jebis hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda düýpli işler alnyp barylýar. Döredilýän önümçilikleri bazar ykdysadyýetiniň şertlerine mümkingadar çalt uýgunlaşdyrmak, täze we öňki hereket edýän önümçilikleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ösen tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan dürli eýeçilik görnüşlerine daýanyp ösýän önümçilikleri döretmek, dolandyryşyň has kämil, bazar şertlerine doly uýgunlaşan usullaryny ulanmak aýratyn ähmiýete eýedir.
Dünýä ykdysadyýetini ösdürmek, söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek boýunça işlerde Bütindünýä Söwda Guramasynyň barha artýan ähmiýeti hem bellärliklidir. Türkmenistan bu guramanyň synçy derejesine eýe bolandan soň, dünýä ykdysadyýetindäki ählumumy çökgünlik ýagdaýlaryny çalt ýeňip geçmek, ony oňyn depginli ösüşe geçirmek boýunça anyk çäreleri öňe ilerletmek babatda täze mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaga çalyşýar.
Aslynda-da, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de toplumlaýyn ösüşini üpjün edýär. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, geosyýasy we geoykdysady şertlerimize, ägirt uly serişde hem-de adam mümkinçiliklerimize daýanmak arkaly Garaşsyz ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwrülýär.
Gurbanjahan SUHANOWA,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň nyrh syýasaty bölüminiň baş hünärmeni.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34112
Aşgabat, 9-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy.
Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de amala aşyrylan işlere baha berildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe söz berdi. Ol 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň alty aýynda hojalyk düzümlerine berlen karz serişdeleriniň möçberi artdy. Kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek üçin berilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň möçberi 2,6 göterim, hususy önüm öndürijilere berlen karz serişdeleriniň möçberi bolsa 1,4 esse ýokarlandy.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda “Internet-bank” töleg ulgamy arkaly şahsy taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan geçirilen hasaplaşyklaryň möçberi köpeldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, M.Annadurdyýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin, Merkezi bankyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewe käýinç yglan etdi.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. 1-nji iýul ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdejileriniň meýilnamasy 119,1 göterim, çykdajylarynyň meýilnamasy bolsa 97,3 göterim ýerine ýetirildi.
2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerli býujetler boýunça girdejileriň meýilnamasy 102,4 göterim, çykdajylaryň meýilnamasy bolsa 97,8 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe balans toparlarynyň 107, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 93 mejlisi geçirildi.
Alty aýyň dowamynda döwlet emlägine degişli desgalaryň 70-si hususylaşdyryldy.
2021-nji ýylyň 1-nji iýuny ýagdaýyna görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9 göterimine barabar boldy.
2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 28 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlary önümçilik hem-de durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.
Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işine nägilelik bildirdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu edaralaryň hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň möçberi azaldy diýip, milli Liderimiz aýtdy we wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowa, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa duýduryş yglan etdi.
Döwlet Baştutanymyz haýsydyr bir edara walýuta boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmese, onuň gelip gowuşýan möçberiniň azalmagyna ýol berse, onda ýylyň jemleri boýunça eýeleýän wezipesinden boşatmaga çenli berk çäre görüljekdigini duýdurdy. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda maliýe we ykdysadyýet ministrine anyk tabşyryklar berdi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruklara gol çekdi.
Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2021-nji ýylyň birinji ýarymyndaky ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Senagat, ulag-aragatnaşyk we obasenagat toplumlarynda hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda oňyn netijeler gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, statistika ulgamynyň öňünde goýlan gaýragoýulmasyz wezipelerden ugur alyp, degişli tabşyryklar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 2021-nji ýylyň alty aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim ýokarlandy.
Ýanwar — iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 3,5 göterim ýokarlandy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim köpeldi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berildi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk gurluşyny üýtgetmek barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi we milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek we “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk gurluşyny üýtgetmek hakyndaky teklipleri makullady we degişli resminamalara gol çekdi.
Giňişleýin mejlisiň dowamynda milli Liderimiz G.Müşşikowy Merkezi bankyň başlygy wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedow şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýagdaýy boýunça geçirilen seljerme işleri, şeýle hem Daşoguz welaýatyna amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Şeýle hem wise-premýer Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Aşgabat şäherinde Söwda we dynç-alyş, işewürlik merkezleri hem-de ýaşaýyş jaýlary, “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhana, A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerasty geçelgeler, paýtagtymyzyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we beýleki desgalar şu ýylyň dowamynda ulanylmaga berler.
Ýubileý ýylynda açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dokma toplumy, Babadaýhan etrabynda tikinçilik önümlerini öndürýän toplum, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi, Änew şäherinde, Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan etraplarynda umumybilim berýän mekdepleriň, Balkanabat şäherinde 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň binalary, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana, 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy bar.
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasy hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýy, Daşoguz şäherinde birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlary, Gubadag etrabynda bolsa haly önümleri kärhanasy, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýasy, Saýat etrabynyň çäklerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-si ulanmaga berler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden dabaralandyrylýan şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklar berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz S.Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmak hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminden çykarmak barada karara gelendigini aýtdy we oňa işinde üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýylyň ahyryna çenli bellenen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz S.Berdimuhamedowa, ilkinji nobatda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen ýygnanyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kabul eden maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça maslahat geçirmegi, 2022-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyna düýpli seredip, ony taýýarlamagy hem-de tassyklamagy tabşyrdy.
Indiki ýylyň býujeti barada aýdylanda bolsa, bu işi tamamlap, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Milli Geňeşiň garamagyna ibermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmaly, täze ýylyň Döwlet býujetinde her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hem bellemeli.
Şeýlelikde, bu ugurda ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny ösdürmek hem-de maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin olaryň ýolbaşçylary bilen zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz täze iş ýerlerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň doly möçberde ýerine ýetirilmändigini belläp, şu ýyl tamamlanansoň, bu meselelere aýratynlykda serediljekdigini ähli ýolbaşçylara duýdurdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Berdimuhamedowa dünýädäki häzirki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini düýpli seljerip, pudaklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem pudagara algy-bergileri yzygiderli seljerip durmak, özara bergileriň köpelmeginiň öňüni almak, hasaplaşyklary wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleri görmek möhümdir.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns bermek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum taslamalary üçin halkara maliýe institutlaryndan, hyzmatdaş banklardan amatly şertlerde karzlary we göni maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri dowam etmek möhümdir.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy meýilleşdirilýän, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurulýan binalaryň we desgalaryň öz möhletinde ulanmaga berilmegi üçin wagtynda maliýeleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamak wajypdyr.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmagy we Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine D.Täşliýewi belläp, ony şu edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe söz berildi. Ol öz çykyşynda paýtagtymyzyň hojalyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň jemlerine hem-de “Türkmendemirýollary” agentliginiň edaralarynyň işlerine geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bu düzümleriň işlerine geçirilen seljermeleriň dowamynda şu edaralarda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdiginiň hem-de birnäçe kemçiliklere ýol berilýändiginiň üsti açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, beýleki düzümlerde degişli seljeriş işlerini geçirmek dowam edýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 115,2 göterime barabar bolandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, Ş.Durdylyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Gurluşyk boýunça baý tejribe toplandygy göz öňünde tutulyp, Ş.Durdylyýew “Aşgabat-siti” şäheriniň gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasyna işe iberildi.
Ý.Gylyjow başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Milli Liderimiz bu wezipä R.Gandymowy belläp, ony gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatdy.
Milli Liderimiz gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine G.Orunowy belläp, ony şu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olara işde üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra energetika ministri Ç.Purçekow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, senagat we energetika toplumyna, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine hem-de paýtagtymyzyň häkimligine gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ç.Purçekowy belläp, ony energetika ministri wezipesinden boşatdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýyny gysga wagtyň içinde seljermegi tabşyrdy. Ýubileý ýylynda meýilleşdirilen ähli desgalar öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, ulanylmaga berilmelidir. 2022-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyny kesgitlemek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Biz täze şäherleriň we şäherçeleriň gurluşygyna giň gerim bilen başladyk we bu işi hiç bir ýagdaýa garamazdan, depginli dowam ederis. Şunuň bilen baglylykda, bize gurluşyk serişdelerini, şol sanda sementi, demir gurnamalaryny, köp mukdarda timarlaýyş serişdelerini öndürýän kuwwatly senagat gerek. Biz bu ugurda işlere başladyk, ýöne ony çaltlandyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Çig mal känleriniň ýeterlik bardygy bilen baglylykda, mineral dökünleri öndürýän täze zawodlary gurmagyň üstünde hem işlemek wajypdyr. Bu bolsa ýerden goşmaça hasyl almaga, oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dökünler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Wise-premýere elektrik energiýasyny öndürmek we eksport etmek, awtoulag ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça taslamalar bilen bagly işleri dowam etmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ç.Gylyjow bilen bilelikde şol meseleleri çalt seljermek, bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini hem işjeň çekmek barada tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz Permana gol çekip, wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw edip, ýakyn wagtda energetika ministri wezipesine bellemek üçin mynasyp adamy hem hödürlemegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe şu toplum boýunça önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça önümçilik meýilnamasy 118,3 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň ykdysadyýetde strategik ugrumyz, Konstitusiýamyzda bellenişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek bolup durýar diýip nygtady. Şoňa görä-de, ähli döwlet kärhanalary ýuwaş-ýuwaşdan hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär.
Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň garamagyndaky ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar agentliklere öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini ýapmak barada karara gelendigini aýtdy we B.Öwezowa eden işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ýapylýan düzümdäki Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goragy bölümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň garamagyna berildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýanynda ministrligiň hukuklarynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek barada karara gelendigini hem-de bu agentligiň baş direktory wezipesine M.Çakyýewi belleýändigini habar berdi.
Milli Liderimiz täze düzümiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurdumyzda elektron senagaty döretmek işiniň başlanandygyny, ýöne, ilkinji nobatda, degişli hünärmenleriň ýokdugy sebäpli, onuň ýeterlik depginde alnyp barylmaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Geldinyýazow bilen bilelikde elektron senagatyň geljekki wezipelerini çözmäge ukyply işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny döretmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ulag kärhanalarynyň işini gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi. Sebäbi bu kärhanalar, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli, häzirki kynçylykly döwürde mejbury çäklendirmeleri başdan geçirýär. Şoňa görä-de, COVID-19 bilen bagly ýagdaý tamamlanýança, häzirki döwürde olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin maliýe taýdan durnukly ýagdaýyny saklamak esasy wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Zähmet haklaryny tölemekleri we maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin serişdeleri bolar ýaly, ulag kompaniýalaryny goldap durmaly. Ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini hem dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiziň M.Çakyýewe işinde üstünlikleri arzuw edip, oňa ýakyn wagtda agentligiň merkezi edarasyny ýerleşdirmek we onuň işgärleri baradaky teklipleri bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak ulgamynda hem-de nebiti gaýtadan işlemekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,8 göterim, polipropilen öndürmek boýunça meýilnama 130,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnama 114,9 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 115 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüşi 123,4 göterime, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň ösüşi bolsa 137,2 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, şu ýylyň alty aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça polietileniň we polipropileniň, «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça bolsa nebitiň çykarylyşynyň azalandygyny belledi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda käbir nebit önümleriniň öndürilişi peseldi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasynyň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy hem-de çig nebitiň, gaz kondensatynyň çykarylýan möçberlerini häzirki zaman tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly artdyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit guýularyny abatlamak işlerini öz wagtynda geçirip, harytlyk nebitiň gaýtadan işleýän kärhanalara bökdençsiz ugradylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň bu önüm bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhanalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmek zerurdyr.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz innowasion tehnologiýalar arkaly Hazar deňziniň geljegi uly bolan kenarýaka sebitlerinde alnyp barylýan geologik gözlegleri işjeňleşdirip, täze ýataklary açmak we özleşdirmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu işe öňdebaryjy iri nebitgaz kompaniýalaryny we maýadarlary çekmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, iki aý möhletde degişli teklipleri hödürlemek barada görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gyýanlydaky polimer zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň işini gowulandyrmak hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernini özüne mahsus bolmadyk wezipelerden boşatmak üçin, bu zawodlary «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyna bermek barada karara gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ýokarda agzalan konsernleriň ýolbaşçylaryna bu kärhanalary hasapdan-hasaba bermek hakyndaky ähli namalary gysga möhletde resmileşdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüşi bolsa 111,8 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 112,4 göterime, nah matalaryň öndürilişi 102,3 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 123,4 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 103,6 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — iýun aýlarynda birža söwdalarynyň 148-si geçirilip, 16 müň 143 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 108,9 göterime barabar boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136,3 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 119 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sarp ediş harytlarynyň, aýratyn-da, olaryň oba hojalyk pudagynda öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň heniz haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe, maddy-tehniki kömegi bermek hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny döretmek meselelerine ünsi çekdi.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek möhümdir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ähli ugurlarda telekeçileri giňden goldamak syýasatynyň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we beýleki ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Bar bolan önümçilikleri netijeli ulanyp, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmak zerurdyr.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususy taraplaryň önümçilikleriniň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek, ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli ýerli gök-bakja önümlerini, miweleri, ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekde, ýer böleklerini resmileşdirmekde we azyk harytlaryny öndürmekde olara ýardam bermek babatda degişli görkezmeler berildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyryp, dünýä bazarlarynda we hyzmatdaş ýurtlarda harytlaryň birža bahalarynyň üýtgemegine yzygiderli syn edip durmagy wise-premýerden talap etdi. Şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýokary bäsleşik esasynda amatly bahalardan eksport edilmegini gazanmak wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmegi hem-de sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini giňden görkezmegi tabşyrdy.
Şeýle hem sanly ulgam arkaly ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylyň başyndan bäri dürli medeni çäreler, şol sanda baýramçylyk senelerine bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri, duşuşyklar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.
Daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşynda sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölümleri döredildi. Şeýle hem medeniýet ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ugurlary açmak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, sanly ulgamy kämilleşdirmek boýunça hem işler ýerine ýetirildi.
Şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi.
Döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugry hökmünde medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna görä guramagyň zerurdygyny nygtady.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýän döwlet we medeni-köpçülik çärelerini, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralary döwrebap guramaga taýýarlyk görmek babatda hem tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiz soňky ýyllarda döredilen pudak düzüminden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň hem-de elektron petekleri we hasaba alyş kartlaryny girizmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda bilimini artdyrmak boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barmak möhümdir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ýaşlary ylmy-döredijilik işine giňden çekmek maksady bilen, sanly bilimiň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi.
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi edaralarynyň gurluşlary kämilleşdirildi.
Saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasy kabul edildi. Tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp baryldy.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamalaryny hem-de diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibini tassyklamak hakyndaky Buýrugyň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Buýrugyň hem-de 2021-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýrugyň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlaryň kämilleşdirilmegine üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Ilatyň bagtyýarlygy we abadançylygy, diýmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleriniň üstünligi hem şol ulgamlaryň ösüşine gös-göni baglydyr.
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryndan başga-da, täze okuw ýylyna hem gowy taýýarlyk görüp başlamaly. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmeli. Sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramaly.
Hökümetiň bilim işgärleri bilen geçiriljek maslahatyna gowy taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi. Bu maslahatda bilim ulgamyny özgertmek boýunça nobatdaky çärelere serediler.
Wise-premýere ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek, şeýle hem ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary geçirmäge taýýarlanmak tabşyryldy. Bu işde esasy orun Ylymlar akademiýasyna degişli bolmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz çagalaryň tebigy zehinini hem-de başarnygyny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna görä guramagy we kämilleşdirmegi, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri ýetişdirmek üçin bilim edaralarynda okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary gaýtadan seljerip, ösen halkara tejribä laýyklykda taýýarlamak üçin gyssagly çäreleri geçirmegi tabşyrdy.
Ykdysadyýetiň pudaklaryny zerur bolan taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek üçin ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek tabşyryldy.
Mümkinçilikleri çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Olary saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, şeýle hem kadalara laýyklykda iýmit, okuw enjamlarydyr esbaplary, serişdeler bilen öz wagtynda we yzygiderli üpjün edip durmaly.
Wise-premýere ilata goýberilýän derman serişdeleriniň hem-de çagalar üçin ene süýdüniň ornuny tutýan goşmaça iýmit serişdeleriniň elýeterli we bahasynyň amatly bolmagyny üpjün etmekde ähli zerur çäreleri geçirmek we bu işleri gözegçilikde saklamak, şeýle hem sanly lukmançylyk we bilim ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirip, telelukmançylygy has-da ösdürmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda degişli resminamalara gol çekip, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek kadalaryna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna ünsi çekdi.
Biziň ýurdumyz döwletara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, köptaraply görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz eýerýändigini görkezip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mejlise gatnaşýan daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewe ýüzlenip, şu ýylyň ikinji ýarymynda birnäçe halkara çäreleriň we maslahatlaryň hem-de beýleki döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlarynyň meýilleşdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hususan-da, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň — “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda edilýän ideg işleri barada hasabat berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berildi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Oba hojalyk toplumy boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüşi 105,2 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 101,3 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 125,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen möhletinde talabalaýyk ýerine ýetirmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygyny ösdürmek, aýratyn-da, pagtanyň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzir galla oragy tamamlandy diýen ýaly. Ýygnalyp alnan dänäniň möçberi 1 million 400 müň tonnadan hem geçdi. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar. Gallanyň özümizden artýan bölegini, gerek bolsa, daşary ýurtlara-da eksport edip bolar.
Meýdanlarda gowaçanyň hem bol hasyly ýetişdirilýär. Pagtanyň örän möhümdigini göz öňünde tutup, onuň bol hasylyny almak üçin zerur bolan ähli agrotehniki işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmeli. Oba hojalyk tehnikalaryny hem ýygyma gowy taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýerler M.Geldinyýazowa we E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, olaryň ünsüni pandemiýa bilen bagly meselelere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ylmy edaralaryň häzirki döwürde oba hojalyk, aýratyn-da, suw meselesiniň, şeýle hem ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmagyň, täze ýerleri özleşdirmegiň üstünde has köp işlemelidigi bellenildi.
Biz suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmalydyrys. Bu işde beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini giňden peýdalanmalydyrys. Garagum sähramyzyň ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça bellän maksatnamamyzy durmuşa geçirmegi çaltlandyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şu ýylyň alty aýynda käbir azyk harytlarynyň öndürilýän möçberiniň azalmagy bilen bagly, içerki bazary doly möçberde ýerli gök-bakja, miwe önümleri, ýeralma, mal we guş eti, ýumurtga, ösümlik ýagy hem-de beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmekde zerur işleri tapgyrlaýyn we maksatnamalaýyn durmuşa geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk maksatly ekin we öri meýdanlarynyň maksadalaýyk hem-de netijeli ulanylmagyny gazanmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Oňyn halkara tejribeden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak we tohumçylygyny gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmaly hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin usuly-gollanma kitapçalaryny taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz her welaýatda ýer bölekleriniň gaznasyny döretmek hem-de önümçilik maksatly taslamalara maýa goýmaga isleg bildiren taraplara bökdençsiz ýer böleklerini bölüp bermegi we bu işleri çaltlandyrylan tertipde resmileşdirmegi ýola goýmagy tabşyrdy.
Bellenilişi ýaly, içerki bazaryň ýagdaýyndan ugur alyp, döwlet tabşyrygy esasynda gowaça we bugdaý meýdanlarynyň möçberlerine gaýtadan seljermeleri geçirmeli. Ekin meýdanlarynyň hasylyny ýokarlandyryp, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini hem artdyrmaly.
Halkara tejribeden ugur alyp, iri suw geçirijilerini, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlaryny ornaşdyrmaly. Suw tygşytlaýjy usullary giňden ulanyp, sarp edilýän suw serişdeleriniň doly hasaba alynmagyny we bu işe sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny üpjün etmeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan maýa goýumlarynyň özleşdirilmegini Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça birinji ýarym ýyllykda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Geçen alty aýyň dowamynda Mejlisiň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, Türkmenistanyň kanunlarynyň 40-sy hem-de Mejlisiň kararlarynyň 41-si kabul edildi.
Ýylyň başyndan bäri kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça degişli seljerme işleri yzygiderli alnyp baryldy. Iş toparlarynda birnäçe ugurlar boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.
Halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we kanunçykaryjylyk babatda dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň wekilhanalary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada habar berildi.
Ýylyň birinji ýarymynyň dowamynda Mejlisde kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri iri halkara düzümler bilen bilelikde guralan çärelere gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk hukuk binýadyny döretmekde deputatlaryň işiniň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik gymmatlyklaryny hem-de kanunçykaryjylyk babatda halkara tejribäni nazara almak bilen, döwletiň hukuk we ykdysady esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýän täze Kanunlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde Mejlis tarapyndan kabul edilen täze Kanunlara hem-de hereket edýän käbir resminamalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky resminamalara garaldy hem-de makullanyldy.
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hem-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, olardan gelip çykýan wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça teklipler öwrenilýär.
Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisde kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilen iş toparynyň mejlislerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda milli kanunçylygyň esaslary boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak barada meýilnama esasynda guralan okuwlara gatnaşdylar.
Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýerlerde döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy, raýatlaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmek, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini, tebigaty goramak barada wagyz-nesihat etmek çärelerini geçirdiler.
Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik ýörelgeleri berkarar etmek boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň örän wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, Kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde yglan edendigini nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň alty aýynda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemledi. Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri kesgitledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nesip bolsa, sentýabrda möhüm waka — berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden belleniler. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly senä bagyşlanan esasy mejlis 25-nji sentýabrda geçirilse, 26-njy sentýabrda bolsa zähmetde gazanan üstünlikleri üçin sylaglara mynasyp bolan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirilse, 27-nji sentýabrda hem ata Watanymyzyň baş baýramyny — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini uly dabaralara besläp belläp geçsek, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Koronawirus pandemiýasynyň ýurdumyzyň içerki ykdysady işjeňligine ýetirýän ýaramaz täsiri dowam edýär. Muňa garamazdan, statistik maglumatlar dünýä ykdysadyýetindäki meseleler bilen bagly Hökümetiň netijeli çäreleri görýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiziň ornuny berkitmek boýunça işler dowam etdirildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp baryldy.
Daşary syýasatymyz hem üýtgewsiz dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda hem, ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de beýleki halkara guramalar bilen energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar.
Ulag üpjünçilik, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlyk dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyz içeri syýasatyň esasy ugurlary barada aýdyp, birnäçe anyk mysallary getirdi. Ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasaty goldanylýar, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi barha artýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,1 göterim möçberinde saklanylýar.
Senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam etdirilýär. Häzirki döwürde umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.
Oba milli Maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlary-da özleşdirildi diýip, milli Liderimiz geçen ýarym ýylda 32 sany iri desganyň, meýdany 325 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda umumy bahasy 640 million manatdan hem geçýän, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berlendigini kanagatlanma bilen belledi.
Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdeplerdir dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde işe girizildi. Bir million 400 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalyp alyndy. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýär.
Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasat hem bellenilen meýilnamalara laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak üçin alnan karz serişdeleri boýunça hem öz wagtynda Hytaý bilen hasaplaşygyň geçirilendigini aýtdy. Häzirki wagtda tebigy gazy satmakdan alynýan girdeji döwletiň gaznasyna gönükdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem netijeli amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz möhüm wezipelere ünsi çekip, heniz çözülmegi köp zähmeti talap edýän meseleleriň hem bardygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň ykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu meseleler we ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak, walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün etmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak häzirki döwürde ähli ýolbaşçylar üçin ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Esasy zat bolsa bilim ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişde goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýokary girdejili döwletleriň hataryna üstünlikli geçen ýurtlaryň öz bilim ulgamyny ösdürmek üçin ep-esli serişde goýberendigini halkara tejribe görkezýär. Hökümetiň bilim babatda strategik işleri çaltlandyrmagy we amala aşyrmagy Garaşsyz döwletimiziň dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyply ykdysadyýete goşulmagy üçin esas döreder diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Dürli derejedäki bilim ulgamy bilen zähmetiň arasynda ylalaşylan okuw maksatnamalaryna döwlet serişdeleriniň netijeli çekilmegi adam maýasyny we ilatyň hünär endiklerini ýokarlandyrar.
Bu çäreler ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, dünýä ykdysadyýetine mundan beýläk-de goşulmagy üçin esaslary üpjün eder. Şeýle hem zähmet bazarynyň talaplaryny hasaba almak bilen, gowy taýýarlanan raýatlaryň girdejileriniň artmagynyň hasabyna durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döreder.
Ykdysadyýetde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň hem güýçlendirilmegine aýratyn üns berildi.
Hususylaşdyrmagyň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki desgalary goşmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýnamalaryň ýerleşdirilmegini, gazna bazarynyň we açyk bäsleşikli söwdalaryň guralmagyny hususylaşdyrmagyň esasy usullary hökmünde kesgitledi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ikinji ýarymynda birnäçe möhüm halkara we içerki döwlet çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileýini, şeýle hem berkarar döwletimiziň Bitaraplyk baýramyny giňden belläp geçeris diýip, döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryndan bu çäreleriň örän ýokary derejede geçirilmegini talap edýändigini belledi.
Milli Liderimiz çykyşyny tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara bolsa 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli «Awazada», «Arçmanda» we «Ýylysuwda» ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç almaga rugsat berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, gözegçilik edýän toplumynyň pagta ýygymy bilen bagly ýolbaşçylary bilen maslahatlaşmagy we degişli çözgüt kabul etmegi tabşyrdy.
Şu günki mejlisiň dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garamagynda wezipä täze bellenen ýolbaşçylar bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna gözegçilik edýän ulgamlarynda ýygnaklary geçirmegi hem-de olary işgärler bilen tanyşdyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda we Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem olary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Ç.Gylyjowy Ahal welaýaty, S.Berdimuhamedowy Balkan welaýaty, M.Geldinyýazowy Daşoguz welaýaty, Ş.Abdrahmanowy Lebap welaýaty, E.Orazgeldiýewi Mary welaýaty, Ç.Purçekowy Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edip bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34077