Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň oba-şäherleri gün-günden gözelleşýär, täze keşbe girýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde zamanabap edara-kärhanalar, zawod-fabrikler, dynç alyş merkezleri, ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berilýär. Biz muny welaýat merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň mysalynda hem görýäris.
Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde welaýatymyzda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermegi bilen Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylmagy külli türkmen halkynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmeklige niýetlenilen 3000 orunlyk bu bina welaýat merkezimiziň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrdy.
Şäherimiziň görküne-görk goşýan «Türkmeniň ak öýi» binasy halkymyzyň myhmansöýerliginiň, agzybirliginiň özboluşly nyşanydyr. Ol halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň baý gymmatlygyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Ata-babalarymyz ak öýi durmuş zerurlyklarynyň ählisi üçin amatly şertlerde gurupdyrlar. Ene-mamalarymyz onuň içini-daşyny nepis haly we haly önümleri, gülli keçeler bilen bezäpdirler. Türkmen mukaddes öýüni alty, sekiz we on iki ganat ak öý görnüşinde gurupdyr. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň ählisi taryhyň gatlaryna siňip, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Ýakyn günlerde Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hem her biri 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binalary bilen birlikde 3 müň orunlyk sadaka jaýlarynyň açylyş dabaralary geçiriler. Bu dabaralaryň hersi özbaşyna bir toýdur.
Ýurdumyzyň pajarlap ösýän döwründe «Türkmeniň ak öý» binasynyň döwrebap görnüşde gurulmagy hormatly Prezidentimiziň köpöwüşginli milli medeniýetimize, gadymy mirasymyza goýýan çäksiz hormatynyň aýdyň subutnamasydyr. Hakdan halatly, köňli sahawatly Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen welaýat merkezinde bina edilen «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler, döwletli maslahatlar dowamly bolsun. Biz — ýaşlara okamaga, medeniýetli dynç almaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Gözel WELIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.