Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýüregi saýylýan merjen şäherimiz Aşgabat barha özgerýär, gözelleşýär. Şu şanly ýylda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden bellenilen paýtagtymyz bu gün göreniň akylyny haýrana goýýar. «Orta Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabady jennet mekanyna öwürmek meselesi öňümizde goýan maksatlarymyzyň esasylarynyň biridir» diýip, belleýän Gahryman Arkadagymyzyň baş şäherimiziň has-da nuranalyga beslenmegi, binagärlik-gurluşyk keşbiniň özgermegi babatda amala aşyrýan işlerine tutuş halkymyz buýsanýar.
Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alan ak mermerli paýtagtymyzda tapgyrlaýyn gurlup ulanylmaga berilýän desgalar Aşgabadyň gerimini giňeltmek bilen, bütin Ýer ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň baş binagäri milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyzda sanlyja ýylyň içinde Aşgabady ösdürmegiň 13-nji, 14-nji, 15-nji, 16-njy tapgyrlaryndaky desgalaryň, «Parahat» ýaşaýyş toplumyndaky 9 gatly, «Köşi» ýaşaýyş toplumyndaky 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, «Çoganly» ýaşaýyş toplumyndaky 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy bellenilmäge mynasypdyr.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 140-synyň açylyp ulanylmaga berilmegi, şeýle-de paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy merjen şäherimiziň täze taryhyna altyn sahypa bolup girdi. «Şäher içindäki şäher» taslamasy, ýagny, «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumy gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da artdyrar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu ýerde guruljak ähli amatlyklary bolan desgalaryň hemmesi özboluşly bezeg aýratynlyklary, gurluşy, binagärlik çözgütleri bilen tapawutlanar. Şolaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde dünýäniň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylar. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabadyň dünýäde iň owadan we arassa, ýaşamak üçin has oňaýly şähere öwrülmegi ugrundaky taýsyz tagallalarynda mynasyp orun alar.
Bagtyýarlyga beslenen zamanamyzda Aşgabat diňe bir owadan ymaratlarydyr desgalary, seýilbaglary, suw çüwdürimleri, şaýollary bilen däl, eýsem ajaýyp köprüleri bilen hem göreni haýrana goýýar. Bu gün mermer paýtagtymyzyň binagärlik keşbine bezeg goşýan köpugurly köprüler şeýle diýmäge esas berýär. Şeýle täsin we gözel desgalary synlanyňda kalbyň heýjana gelýär, baş şäherimize, mähriban Diýarymyza, Arkadag Prezidentimize bolan söýgiň has-da goşalanýar. Aşgabady, tutuş ata Watanymyzy tanalmaz derejede özgerdýändigi, şan-şöhratyny arşa göterýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýok.
Daýanç ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.