Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösýär we sanlylaşdyrylýar. Degişli ugurda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, hususan-da, maliýe-karz ulgamynyň işi has-da kämilleşdirilýär. Muňa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde ýetilýän belent sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli durmuşa geçirilýär. Bu resminamany amala aşyrmaklygyň çäklerinde maliýe ulgamynda ilata hödürlenýän hyzmatlary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak işi ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, elektron hyzmatlary ösdürmek, hyzmatlaryň islendik görnüşi üçin tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen tölemek we olaryň bir bitewi ulgamyny kemala getirmek wezipesi üstünlikli çözülýär.
Maliýe ulgamynda amala aşyrylýan innowasion özgertmeler degişli ulgamda hödürlenýän elektron hyzmatlaryň ösdürilmegine we köpugurlaşmagyna ýardam edýär. Häzirki döwürde elektron hyzmatlar ykdysadyýetiň ähli ulgamynda hem giňden ulanylýar. Maliýe ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly täze hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy bolsa amatly şertleri döredýär. Munuň özi bank ulgamynda ýerine ýetirilýän hasaplaşyk işlerini ýeňilleşdirýär we bu babatda hukuk bozulmalaryň öňüni almaga ýardam edýär.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde durmuş-ykdysady ösüşe täsir edýän möhüm gurallaryň biri-de maliýe bazarlarynyň ösüş derejesidir. Milli ykdysadyýetiň maliýe bazarynyň mümkinçiligini artdyrmakda we onuň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda ilatyň maliýe işjeňliginiň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä, maýa goýum işine ilatyň dürli gatlaklarynyň gatnaşmagyny üpjün edýän maksatnamalaryň taýýarlanylmagy zerurdyr. Bu bolsa ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna we jemgyýetiň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgama geçmek we milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Diýarymyzda ykdysady ulgamda özgertmeler giň gerimde durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle uly möçberli işleriň netijesinde bolsa, halk hojalygynyň ähli pudaklary döwrebap derejede sanlylaşdyrylýar.
Sanly ulgamy ösdürmeklik 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibinde görkezilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berýär. Ykdysady ulgamyň doly sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagat pudagynyň ösmegine, döwletimiziň önümçilik kuwwatynyň artmagyna hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna we ony mundan beýläk-de gowulandyrmaga uly itergi berýär. Munuň özi häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda adamzat ösüşini gazanmaklygyň esasy şertidir.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwletimiziň senagat kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet öňde duran anyk ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriniň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisi halkymyzyň ýagty geljeginiň hatyrasyna hem-de ata Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna we mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilýär.
Diýarymyzda sanly ykdysadyýetiň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysady we maliýe meseleleri boýunça oýlanyşykly çözgütleri kabul etmäge ýardam edýär. Munuň özi maliýe ulgamynda kämil hukuk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we ykdysadyýetimiziň nobatdaky belent ösüşlerini kepillendirýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürýän we türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bazargeldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň uly mugallymy.