Abadançylygyň, netijeli hyzmatdaşlygyň, eşretli durmuşyň bähbidine

«Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyna berk eýerip, her bir işde öz halkyna daýanýan Arkadag Prezidentimiziň şu hepdede welaýatymyza iş sapary bilen gelip, sebitiň ulag-logistika düzüminiň ösüşi, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işi, Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dürli maksatly desgalarynyň gurluşygynyň depgini bilen tanyşmagy baky berkarar döwletimizde dostlukly halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi, adamlaryň abadan durmuşy, sagdyn ýaşaýşy baradaky aladanyň hemişe ileri tutulýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Geçitli iller ajaýyp

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýol-gurluşyk infrastrukturasynyň ösdürilmegine, özgerdilmegine, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyna hemişe möhüm üns berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew batly ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda awtoulag ýollarynyň durkunyň täzelenmeginiň, şaňlap ýatan, aýna ýaly, dünýä ülňülerine gabat gelýän giň, ikitaraplaýyn gara ýollaryň çekilmeginiň halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagynda, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary-nyň ösdürilmeginde iňňän uly ähmiýeti bardyr. Durky täzelenýän tämiz ýollar, olarda howpsuz hereket edýän dürli kysymly häzirki zaman awtoulaglary hal-kymyzyň şu günki ýaşaýyş-durmuş derejesinden habar berýär. Dürli kysymly, biri-birinden owadan hem tämiz awtoulaglar — ýollarymyzyň bezegi. Olar alysymyzy ýakyn edip, gündelik baryş-gelşimizi üpjün edýärler.

Halkymyzda sogap iş hasaplanýan köpri gurmak — geçit bermek hem häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamynda möhüm üns berilýän derwaýys gurluşyklaryň biridir. Arkadag Prezidentimiz özüniň dünýä nusgalyk başlangyçlary bilen uly ösüşdir özgerişlere beslenýän ata Watanymyzda demir ýoldur awtoulag köprülerini gurmak babatda hem uly işleri durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň welaýatymyza iş sapary mahalynda Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtoulag köprüsine gelmegi, ulag desgasynyň ýagdaýy hem-de aýlagyň şahasy bilen tanşyp, täze köprini gurmak we oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek barada aýdanlary hemmeleri begendirdi. Bellenilişi ýaly, Garabogaz aýlagynyň üstünden täze köpriniň çekilmegi hem-de oňa barýan ýoluň durkunyň täzelenmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini giňeltmäge hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Köprä barýan ýol ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna biriger. Bu köpri Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler.

Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini kämilleşdirmekde, olaryň halkara derejesini üpjün etmekde alyp barýan işleri öz miwelerini berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýol geçelgesiniň dünýäde dost-doganlygy, umumadamzat gatnaşyklarynda ylalaşygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuny hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz. Demirgazyk buzly ummanyndan Hindi ummanyna çenli aralykda halk hojalyk ýüklerini daşamaga giň mümkinçilikleri açan, Uzak Gündogary, Aziýa we Ýewropa yklymlaryny baglanyşdyrýan bu halkara polat ýolunyň köp döwletleriň ösmeginde, halklaryň arasyndaky özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagynda, ýurtlaryň ykdysadyýetiniň has-da ýokary derejelere göterilmeginde möhüm orny bardyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Garabogaz aýlagynyň üstünde täze köpriniň gurulmagy hem-de oňa barýan ýoluň durkunyň täzelenmegi hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen işleriň baky berkarar döwletimizde rowaçlyklara eýe bolýandygyny alamatlandyryp, döwletara söwda-ykdysady, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňlendirmekde giň mümkinçilikleri döreder.

Ýollary ýalkymly, şuglaly Hazar

Ata Watanymyzdan çar tarapa uzaýan ajaýyp ýollaryň halkymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyna biz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň Hazar deňziniň kenarynda gurduran ägirt uly Halkara deňiz portunyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Şeýlelikde, gojaman Hazar deňzi güneşli ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde aýratyn orny tutýar. Bu gün Hazar deňziniň giňişliklerinde depesi ýaşyl Baýdakly erkana ýüzýän uly göwrümli gämiler suw ýollary arkaly döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmekde netijeli peýdalanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurulmagy ýurdumyzyň suw ulaglary ulgamynyň taryhynda düýpli öwrülişik boldy. Dünýä ülňülerine laýyk gurlup, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk port ummasyz giň meýdany tutýar. Ol «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça üstaşyr ýükleri üstünden geçirmek bilen, halkara derejedäki ornuny has-da berkidýär, wajyp logistik merkez bolup durýar. Portda ýolagçylara hem-de awtoulaglara hyzmat edýän terminallar bolup, olaryň düzüminde gämi duralgalary bar. Birbada gämileriň ikisini, şeýle hem platformalaryň ikisini ýerleşdirip bilýän terminallar öz hyzmatlary bilen bu işleriň öňe ilerlemegine ýardam edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň 6-njy iýulda welaýatymyza iş sapary mahalynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelmegi we menziliň işi bilen tanyşmagy sebitiň esasy üstaşyr ulag merkezine öwrülen portuň işine döwlet tarapyndan aýratyn uly ähmiýet berilýändigini, Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy serişdeler, üstaşyr ulag, energetika we senagat kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň tarapdary bolup durýandygyny aýdyňlyk bilen açyp görkezdi. Bu gün portuň kadaly işlemeginiň netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler dünýä bazarlaryna bökdençsiz iberilýär. Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar hem-de milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzyň suw ulag ulgamy yklymyň iri üstaşyr ulag merkezi hökmündäki ornuny barha berkidýär.

Gahryman Prezidentimiziň welaýatymyza bolan iş saparynyň ikinji gününde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ygtyýaryna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan gelip gowşan ýokary tizlikli «Rahat» atly täze ýolagçy gämisiniň ýüzüşine ak pata berip, egindeşleri bilen ak guwa çalymdaş ak gämide ýollary ýalkymly, geljegi şuglaly gojaman Hazaryň mawy tolkunlarynda ilkinji ýüzüşi amala aşyrmagy unudylmajak şatlykly waka boldy. Umumy uzynlygy 33 metrden gowrak bolan bu ýolagçy gämisi deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin ajaýyp sowgatdyr. Ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan gämide rahat ýüzüşi amala aşyrmak, oňaýly dynç almak hem-de deňiz giňişligini synlamak üçin zerur şertleriň bardygyny hünärmenler belleýärler. Olar döwrebap bezegi, kenardan 100 mile çenli uzaklykda ýüzüşi amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan täze gäminiň tehniki görkezijileriniň we enjamlaşdyrylyşynyň häzirki zaman ýolagçy gämilerine bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýändigini buýsanç bilen nygtaýarlar.

... Hanha, gojaman Hazar deňziniň tolkunlarynyň arasyndan ýol külterleýän ak gar ýaly gämi kenardan daşlaşdygyça gözýetimde asman bilen birleşýän mawy deňiz giňişligine siňip gidýär. Ol özüniň gaýtalanmajak gözelligi, tämiz howasy bilen haýran galdyrýan Hazaryň tolkunlarynda erkana, şowly ýüzüşi amala aşyrýar. Onuň ýolagçylary bolsa mawy deňziň türkmen kenarynda behişdi künjege çalym edýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel keşbini, biri-birinden owadan ajaýyp ymaratlaryny buýsanç bilen synlaýarlar. Syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenen ak guw ýaly ak gämi ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyryp, erkana ýüzüş edýär.

Dost-doganlyk kenary — sagdynlygyň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde syýahatçylyk ýurdumyzyň geljegi uly pudaklarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, tebigatymyzyň gaýtalanmaýan täsin gözellikleri, dermanlyk ösümliklere we haýwanat dünýäsine, şonuň bilen birlikde, tebigy hem-de taryhy ýadygärliklere baý bolmagy bu pudagyň işiniň täze derejelere çykmagyna oňaýly täsir edýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy özboluşly binagärlik görnüşleri bilen sazlaşýan, biri-birinden täsin hem gözel, döwrebap myhmanhanalary, bedenterbiýe--sagaldyş toplumlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottejler toplumlary... bilen mawy Hazar deňziniň gündogar kenaryny bezeýär. Ekologiýa taýdan iň arassa kenarda Awazanyň çäkleri ýyl-ýyldan giňeýär. Bu bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şu gününiň şanly, geljeginiň uludygyny ýene bir ýola aýdyň görkezýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen uly ösüşlere eýe bolup, binagärlik keşbi we bezegi boýunça ajaýyp kenara gözellik çaýýan, milli öwüşginleriň özboluşly sazlaşygyny emele getirýän binalaryň ençemesini özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz olarda işleriň döwrüň talaplaryna laýyk guralmalydygyny, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmelidigini, adamlaryň işjeň dynç alşy, saglygyny berkitmekleri üçin amatly şertleriň döredilmelidigini hemişe nygtaýar. Bu gezegem şeýle boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenbaşy şäherinde ýedi gatdan ybarat köpugurly hassahananyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze kottejler toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanşyp, adamlaryň deňziň kenarynda amatly dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin zerur şertleriň döredilmelidigi bilen baglanyşykly tabşyryklary bermegi, egindeşleri bilen syýahatçylyk zolagynyň çägi boýunça welosipedli gezelenç etmegi, 7-nji iýulda hem ir säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklaryny ýerine ýetirmegi we welosipedde gezelenç etmegi unudylmajak ýakymly pursatlar bolup, hakydalarda hemişelik galdy. Awazanyň gözellikleri bu gün görenleri haýran galdyrýar. Ol gözellikler adamlary beýik işlere, asylly başlangyçlara ruhlandyrýar. Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy barada edýän taýsyz tagallalarynyň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmakda görkezýän nusgalyk şahsy göreldesiniň netijesinde, baky berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaç alýar. Ýurdumyzda milli Liderimiziň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany gitdigiçe artýar. Adamlaryň abadan durmuşy, oňat dynç alşy, saglygy baradaky alada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň maksatnamasynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Munuň üçin bolsa bagtyýar adamlaryň Gahryman Prezidentimize aýdýan alkyşlary asla egsilmeýär.

Toýmämmet REJEBOW,

«Balkan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/34035